«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
SENTÝABR 3—9
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝAHÝA 1, 2
«Isa ilkinji gudratyny görkezýär»
Hudaýyň güýji — Mesih
3 Isa Jeliläniň Kana şäherinde bolan toýda ilkinji sapar gudrat görkezdi. Toýa köp myhmanyň gelendigi sebäpli şerap gutardy. Isanyň ejesi Merýemem toýa gelipdi. Ol Isa degişli pygamberlikler we onuň «hemmelerden beýik Hudaýyň Ogludygy» hakynda köp oýlanandyr (Luka 1:30—32; 2:52). Merýem Isada uly güýjüň bardygyna ynanýarmydy? Isa bilen ejesi ýaş çatynjalara çykalgasyz ýagdaýda kömek etmek islediler. Isa myhmansöýer bolmagyň wajypdygyny bilýärdi. Şol sebäpli ol 380 litr suwy «gowy şeraba» öwürýär (Ýahýa 2:3, 6—11-nji aýatlary okaň). Isa muny etmäge borçlumydy? Ýok. Emma ol adamlaryň ýürekden aladasyny edip, gökdäki jomart Atasynyň göreldesine eýerdi.
Isanyň görkezen ilkinji gudraty
Bu Isanyň görkezen ilkinji gudratydy. Şägirtler muny görüp, Isa bolan imany berkeýär. Soňra Isa ejesi we doganlary bolup, Jelile deňziniň demirgazyk-günbatar kenarynda ýerleşýän Kapernaum şäherine ýola düşýär.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
nwtsty Ýah 1:1-e degişli maglumatlar
Söz: Ýa-da «logos», grekçe «hologos». Aýatdaky ulanylan titul Ýah 1:14-de we Ylh 19:13-de duş gelýär. Ýahýa bu titulyň diňe Isa degişlidigini aýtdy. Bu titul Isa ýere gelmezinden öň perişde wagty-da, ýerde kämil ynsan bolup gulluk edende-de, göge galansoňam oňa degişlidi. Isa Hudaýyň habaryny ýetirýän Wekili bolup, onuň habaryny hem-de görkezmelerini perişdelere we adamlara ýetirýärdi. Diýmek, Isa ýere gelmänkä-de, Ýehowanyň adamzat bilen öz Sözi, ýagny perişde hökmündäki wekili arkaly gepleşendigine ynamly bolup bileris (Gelç 16:7—11; 22:11; 31:11; Müsç 3:2—5; Sr 2:1—4; 6:11, 12; 13:3).
Ýanyndady: Göni manyda «öňünde». Bu aýatdaky «pros» diýen grek kömekçi sözi ýakyn gatnaşygy we dostlugy aňladýar. Şeýle-de bu söz aýratyn şahsyýetleri ýagny, Sözi we Hak Hudaýy görkezýär.
Juda güýçli hem akyldardy: «Söz» diýlende, Isa göz öňünde tutulýar («Söz» diýen çykgyda seret). Ýahýa «Söz» diýende Gudratygüýçli Hudaýy göz öňünde tutmady. «Söz» we «Hudaý bilen» diýen sözler şol bir şahsyýeti aňlatmaýar. Hudaý ýaly diýilmegi, Isanyň Hudaýyň ogly hökmünde ýokary orny eýeleýändigini görkezýär. Hudaý ol arkaly ähli zatlary ýaratdy. Mukaddes Ýazgylaryň iňlis, fransuz we nemes dilindäki köp terjimelerinde «Täze dünýä terjimesindäki» ýaly «Söz» «Hudaý ýaly» diýlip ulanylan. Şu aýat bilen baglanyşykly Kl 2:9-da şeýle diýilýär: «Hudaýyň häsiýetleri Mesihde jemlenendir». Grekçe «Hudaý ýaly» diýen söz Septuagintada (Ýewreý ýazgylarynyň Grek dilindäki gadymy terjimesi) «Hudaý» ýa-da «Hudaý ýaly» diýip ulanylan ýewreý sözi «Gudratly» ýa-da «Kuwwatly» diýen manyny berýär. Sözüň «Hudaý ýaly» ýa-da «Kuwwatly» diýlip atlandyrylmagy Iş 9:6-daky pygamberlikde Mesihe «Gudratly Hudaý» («Gudratygüýçli Hudaý däl») diýilmegine gabat gelýär.
nwtsty Ýah 1:29-a degişli maglumat
Hudaýyň Guzusy: Isa suwa çümdürilip, Iblis synansoň, suwa çümdürýän Ýahýa oňa «Hudaýyň Guzusy» diýdi. Bu jümle Ýah 1:36-a gabat gelýär (sgd sah. 20, 21). Isanyň guza meňzedilmegi ýerlikli. Mukaddes Ýazgylara görä, günäňi boýun alyp Hudaýy razy etmek üçin, goýun gurban bermelidi. Bu Isanyň kämil ynsan janyny adamzat üçin gurban berjekdigini görkezýärdi. Mukaddes Ýazgylaryň başga ýerlerinde-de, «Hudaýyň Guzusy» diýen jümle duş gelýär. Suwa çümdürýän Ýahýanyň Ýewreý ýazgylaryny bilýändigini göz öňünde tutsak, ol bir ýa-da birnäçe aýatlara salgylanýar. Meselem, Ybraýym pygamber ogly Yshagyň deregine goç gurban berdi (Gelç 22:13); Müsürdäki ysraýyllylar gulçulykdan halas bolmak üçin, Pashalyk guzusyny soýdular (Müsç 12:1—13); Iýerusalimdäki Hudaýyň gurbanlyk sypasynda ertirine hem agşamyna tokly gurban berilmelidi (Müsç 29:38—42). Şeýle-de Ýahýa Işaýanyň pygamberligindäki Ýehowanyň «Gulum... soýulmaga äkidilip barýan guzy dek» diýen sözlerini göz öňünde tutan bolmaly (Iş 52:13; 53:5, 7, 11). Pawlus resul hem korinflilere ýazan birinji hatynda, Isa «biziň Pashalyk guzymyz» diýdi (1Kr 5:7). Petrus resul hem «ýazyksyz we şikessiz guzynyň, ýagny Mesihiň gymmatly gany bilen» diýdi (1Pt 1:19). Ylham kitabynda 25 gezekden gowrak Isa şöhratlandyrylyp, göçme manyda «Guzy» bilen deňeşdirilýär. Mysal üçin: Ylh 5:8; 6:1; 7:9; 12:11; 13:8; 14:1; 15:3; 17:14; 19:7; 21:9; 22:1.
SENTÝABR 10—16
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝAHÝA 3, 4
«Isa samariýaly aýala wagyz edýär»
nwtsty Ýah 4:6-a degişli maglumat
Ýadaw gelip: Mukaddes Ýazgylaryň diňe şu aýadynda Isanyň ýadandygy hakda aýdylýar. Şol wagt günortan sagat 12 töweregidi. Isa Ýahudanyň Iordan jülgesinden ýola düşüp, Samariýanyň Sihar şäherine barmak üçin, ýokarlygyna 900 m ýa-da ondanam köp ýörän bolmaly (Ýah 4:3—5; sgd sah. 20, 21).
cf sah. 77, abz. 3
Isa gündelik durmuşda ulanylýan zatdan, ýagny samariýaly aýalyň şol wagt edip duran işinden mysal getirdi. Isa ruhy teşneligiňi gandyrýan ýaşaýyş berýän suw barada aýdýar. Aýal gürrüňdeşligiň dowamynda birnäçe gezek şol wagtky jedelli mesele barada agzaýar. Ýöne Isa sypaýyçylyk bilen bu meseläni gozgaman, başlan gürrüňini dowam edýär. Isa ruhy zatlara—arassa seždä we Ýehowa Hudaýa üns berýär. Isanyň sözleri güýçli täsir edendigi üçin, aýal şähere gidip, Isa barada adamlara gürrüň berýär, olar hem ony diňlemek isleýärler (Ýahýa 4:3—42).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
nwtsty Ýah 3:29-a degişli maglumat
Öýlenýän ýigidiň dosty: Gadymy döwürde öýlenýän ýigidiň ýakyn dosty onuň wekili hökmünde toýy gurnamakda wajyp orny eýeleýärdi. Ol öýlenýän ýigit bilen gelniň nikadan geçmeginiň aladasyny edýärdi. Adatça, toý öýlenýän ýigidiň ýa-da onuň kakasynyň öýünde bolýardy. Toýda öýlenýän ýigit gelni bilen gürleşip durka, dosty ýigidiň sesini eşidip begenýär. Şonda dosty öz etmeli işini birkemsiz edendigine düşünýär. Suwa çümdürýän Ýahýa-da özüni «öýlenýän ýigidiň dosty» bilen deňeşdirdi. Diýmek, öýlenýän ýigit Isany, göçme manydaky gelin bolsa, bir topardan ybarat bolan şägirtlerini aňladýar. Mesihe ýol taýýarlan suwa çümdürýän Ýahýa gelniň ilkinji agzalaryna Isa Mesihi tanatdy (Ýah 1:29, 35; 2Kr 11:2; Ef 5:22—27; Ylh 21:2, 9). Ol öýlenýän ýigidi gowy tanadyp, özüne berlen ýumşy ýerine ýetirdi; indi ol esasy orny eýelemeýärdi. Şol sebäpli Ýahýa özüniň Isa bolan garaýşy hakda şeýle diýdi: «Hawa, Mesih beýgelmelidir, men bolsa peselmelidirin» (Ýah 3:30).
nwtsty Ýah 4:10-a degişli maglumat
Ýaşaýyş berýän suw: Bu grek jümlesi göni manyda akar suwy, çeşmäniň suwyny ýa-da gözbaşyny çeşmeden alýan suwy aňladýar. Bu guýudaky suwdan tapawutlanýar. Lw 14:5-däki «çeşme suwy» diýen ýewreý jümlesi göni manydaky «suwy» aňladýar. Ýer 2:13; 17:13-nji aýatlarda Ýehowa «akar suwlaryň gözbaşy», ýagny göçme manyda ýaşaýyş berýän suw hökmünde suratlandyrylýar. Isa samariýaly aýal bilen gepleşende, göçme manydaky suw hakda aýtsa-da, aýal başda muňa göni manyda düşünen bolmaly (Ýah 4:11; Ýah 4:14-e degişli maglumata serediň).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
wp16.2 sah. 9, abz. 1—4
Isa: «Muňa garamazdan, hakyky sežde edýänleriň Atamyza ruhda we hakykatda sežde etjek wagty ýetip gelýär we eýýäm gelendir. Sebäbi Atamyz Özüne şeýle sežde etmek isleýän adamlary agtarýar» diýdi (Ýahýa 4:23). Asyrlar boýy, ýehudylar Iýerusalimdäki beýik ybadathanany sežde edýän ýeriniň merkezi hasaplaýardylar. Olar öz Hudaýy Ýehowa gurban bermek üçin, ýylda üç gezek şol ýere gidýärdiler (Müsürden çykyş 23:14—17). Ýöne Isa ähli zadyň üýtgejekdigini, ýagny «hakyky sežde edýänleriň... ruhda we hakykatda sežde etjekdiklerini» aýtdy.
Ýehudylaryň göni manyda ybadathanasy bolup, belli bir ýerde ýerleşýärdi. Ýöne ruhda we hakykatda sežde etmek diýlende, belli bir ýer göz öňünde tutulmaýar. Şol sebäpli Isa hakyky mesihçileriň seždesiniň belli bir binada ýa-da ýerde ýagny, Gerizim dagynda, Iýerusalimdäki ybadathanada ýa başga bir mukaddes ýerde edilmegine bagly däldigini düşündirdi.
Isa samariýaly aýal bilen gürrüňdeş bolanda, Hudaýa sežde etmek bilen bagly özgerişikligiň «wagtynyň ýetip gelýändigini» aýtdy. Bu haçan bolmalydy? Isa töleg gurbanyny berip, Musanyň kanunyna esaslanýan ýehudylaryň seždesiniň soňy gelende bolmalydy (Rimliler 10:4). Ýöne Isa: «Wagt... eýýäm gelendir» diýdi. Ol näme üçin şeýle diýdikä? Sebäbi Mesih «Hudaý ruhy Şahsyýetdir, oňa sežde edýänler hem ruhda we hakykatda sežde etmelidir» diýen tabşyryga gulak asýan şägirtlerini ýygnap başlapdy (Ýahýa 4:24). Ruhda we hakykatda sežde etmek nämäni aňladýarka?
Isa ruhda we hakykatda sežde etmek hakda aýdanda, seždäniň aýratyn bir täsirli, hyjuwly görnüşini göz öňünde tutmady. Gaýtam, ol şägirtleriniň mukaddes ruhuň görkezmesine eýermelidigi hakda aýtdy. Bu bize Mukaddes Ýazgylardaky hakykatlara düşünmäge kömek edýär (1 Korinfliler 2:9—12). Şeýle-de Isa hakykat diýende, Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary baradaky dogry bilimi göz özüňde tutdy. Diýmek, nirede sežde etsek-de, esasy zat, Hudaý seždämizi kabul eder ýaly, ol Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryna we mukaddes ruhuň görkezmesine gabat gelmeli.
SENTÝABR 17—23
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝAHÝA 5, 6
«Isanyň yzyna dogry niýet bilen eýeriň»
nwtsty Ýah 6:10-a degişli maglumat
Adamlar hem onuň üstünde oturdylar, olaryň sany 5 müňe golaýdy: Bu gudrat barada aýdylanda, diňe Mattanyň kitabynda «aýallaryň we çagalaryň» bolandygy agzalýar (Mt 14:21). Gudrat bilen berlen çörekden jemi 15 müňden gowrak adam iýen bolmaly.
nwtsty Ýah 6:14-e degişli maglumat
Pygamberdir: B. e. I asyrynda ýehudylaryň köpüsi Musa ýaly bir pygamberiň gelmegine garaşdylar. Kant 18:15, 18-nji aýatlardan görnüşi ýaly, ol Mesih bolmalydy. Şu aýatdaky «dünýä gelmeli» diýen jümle Mesihiň gelmegine garaşylýandygyny aňladýan bolmaly. Bu waka hakda diňe Ýahýa ýazýar.
nwtsty Ýah 6:27, 54-nji aýatlara degişli maglumatlar
Zaýalanýan iýmit däl-de, zaýalanmaýan, ýagny ebedi ýaşaýyş berýän iýmit: Isa käbir adamlaryň diňe zat üçin özüniň hem-de şägirtleriniň yzyna eýerýändigini bilýärdi. Çöregiň adamy gün-günden güýçlendirişi ýaly, Hudaýyň Sözündäki «iýmit» hem ebedi ýaşamaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin Isa märekäni höweslendirip: «Ebedi ýaşaýyş berýän iýmiti almak üçin jan ediň» diýdi. Munuň üçin olar Hudaý barada bilim alar ýaly tagalla etmelidiler we öwrenen zatlaryna iman etmelidiler (Mt 4:4; 5:3; Ýah 6:28—39).
Meniň bedenimi iýip, ganymy içýän: Aýadyň kontekstinden Mesihe iman edýän adamlaryň göçme manyda Isanyň bedenini iýip, ganyny içýändigi görünýär (Ýah 6:35, 40). Isa bu sözleri b. e. 32-nji ýylynda aýdypdy. Diýmek, Isa Ýatlama agşamy barada aýtmandy, sebäbi ol muny bir ýyldan soň girizen bolmaly. Ol bu sözleri «ýehudylaryň Pasha baýramynyň» öň ýanynda aýdypdy (Ýah 6:4). Isanyň aýdan sözleri adamlara şol baýramçylygyň golaýlandygyny we ysraýyllylaryň Müsürden çykan gijesi halas bolmak üçin guzynyň ganynyň ähmiýetlidigini ýatladandyr (Müsç 12:24—27). Isa şägirtleriniň ebedi ýaşaýşa gowuşmagy üçin, öz ganynyň dökülmeginiň ähmiýetlidigini nygtady.
w05 1/9 sah. 21, abz. 13, 14
Biz Ýehowa Hudaýymyzyň ady bilen ýöräris
13 Märeke Isanyň yzyna eýermegi ýüregine düwüp, Ýahýanyň aýdyşy ýaly, ony tapmak üçin «deňziň beýleki tarapyna» geçdiler. Isa patyşa bolmakdan ýüz öwürse-de, olar näme üçin onuň yzyna eýermek islediler? Köpleriň ynsan garaýşy bolandygy üçin, olar Musa pygamberiň günlerinde Ýehowanyň çölde beren iýmiti hakda oýlanypdyrlar. Olar Isanyň hemişe iýmit bermegini isleýärdiler. Isa olaryň niýetiniň nädogrudygyny bilip, garaýyşlaryny üýtgetmek üçin, ruhy hakykatlary öwredip başlady (Ýahýa 6:17, 24, 25, 30, 31, 35—40). Şonda käbirleri Isa nägilelik bildirdiler. Sebäbi ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan oglunyň bedenini iýmeseňiz we ganyny içmeseňiz, ýaşaýşa gowşup bilmersiňiz. Meniň bedenimi iýip, ganymy içýän adam ebedi ýaşaýşa gowşar, men hem ony gelejekde direlderin» diýdi (Ýahýa 6:53, 54).
14 Isanyň mysallary köplenç adamlaryň niýetini, ýagny Hudaýyň ýolunda ýöremek isleýändigini bilmäge kömek edýärdi. Bu mysal hem adamlarda nädogry pikir döretdi. Biz şeýle okaýarys: «Muny eşiden şägirtleriň köpüsi: „Bu sözler kabul ederden agyr; ony diňlär ýaly däl-ä“ diýdiler». Isa aýdýan sözleriniň ruhy manysyna şägirtleri göz ýetirer ýaly, düşündirmegini dowam edýär. Ol şeýle diýdi: «Ruh ýaşaýyş berýändir; beden bolsa hiç zat edip bilmeýär. Size aýdan zatlarymy mukaddes ruh arkaly aýdandyryn we olar ýaşaýyş berýändir. Şu zatlar sebäpli şägirtleriň köpüsi öňki işlerine dolanyp, Isanyň yzyna eýermegini bes etdiler» (Ýah 6:60, 63, 66).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
nwtsty Ýah 6:44-e degişli maglumat
Atam çekmese: «Çekmek» diýen grek işligi balykly tory çekmegi aňladýar (Ýah 21:6, 11). Ýöne bu Hudaýyň adamlary mejburlyk bilen özüne çekýändigini görkezmeýär. Isanyň şu sözleri Ýehowanyň öz halkyna: «Wepaly söýgim bilen seni özüme ýakynlaşdyrdym» diýen sözlerine esaslanan bolmaly (Ýer 31:3, TD) (Septuagintada hem şol grek işligi ulanylýar). Ýah 12:32-de hem Isanyň her dürli adamlary özüne tarap çekýändigi aýdylýar. Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, Ýehowa adamlara erkinlik berdi. Her bir adam Hudaýa gulluk etmelidigini ýa-da däldigini özi çözýär (Kant 30:19, 20). Hudaý hakykaty kabul etmek isleýän adamlaryň ählisini mähir bilen özüne çekýär (Zb 11:5; Sült 21:2; Res 13:48). Ýehowa muny Mukaddes Ýazgylardaky hoş habar we mukaddes ruhy arkaly edýär. Ýah 6:45-däki pygamberlik Iş 54:13-däki sözlere esaslanyp, Atanyň özüne çeken adamlaryna degişli edip ulanylýar (Ýah 6:65-i deňeşdiriň).
nwtsty Ýah 6:64-e degişli maglumatlar
Isa... özüne kimiň dönüklik etjekdigini... bilýärdi: Isa bu sözleri aýdanda Iuda Iskariody göz öňünde tutupdy. Isa 12 resulyny saýlamazdan öň, Atasyna bütin gije doga etdi (Lk 6:12—16). Iuda başda Hudaýa wepalydy. Ýöne Isa Ýewreý ýazgylaryndaky pygamberliklerden özüne ýakyn dostunyň dönüklik etjekdigini bilýärdi (Zb 41:9; 109:8; Ýah 13:18, 19). Isa ýürekleri hem pikirleri bilýändigi üçin, Iudanyň erbetlige tarapa üýtgändigini aňdy (Mt 9:4). Hudaý öňden görmek ukyby arkaly Isanyň ynamdar dostunyň dönüklik etjekdigini bildi. Ýöne Iudanyň dönük bolmalydygy öňünden kesgitlendi diýmek, Hudaýyň häsiýetlerine we edýän işlerine gabat gelmeýär.
Ilkibaşdan: Bu söz Iudanyň doglan gününi ýa-da Isanyň bütin gije Hudaýa doga edensoň, ony resul edip bellän wagtyny aňlatmaýar (Lk 6:12—16). Gaýtam, bu Iudanyň dönüklik etmegi ýüregine düwen badyna, Isanyň muny bilendigini görkezýär (Ýah 2:24, 25, Ylh 1:1; 2:23; Ýah 6:70, 13:11-nji aýatlara degişli maglumatlara serediň). Şeýle-de bu Iudanyň ýüreginiň birden üýtgändigini däl-de, öňünden oýlanyp, hereket edendigini görkezýär. Ilkibaşdan diýen söz grekçe «arhe» diýlip, Grek ýazgylarynda kontekste görä ulanylýar. Mysal üçin, 2Pt 3:4-de «dünýä ýaradylany bäri» diýilýär. Köp ýerlerde bu söz has giňişleýin aýdylmaýar. Meselem, Petrus mukaddes ruhuň «ilkibaşda bize inişi ýaly», özge milletden bolan adamlara-da inendigini aýdýar (Res 11:15). Bu ýerde Petrus doglan wagtyny ýa-da resul bolup bellenen wagtyny göz öňünde tutmady. Ol b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni ýagny, «ilkibaşda» mukaddes ruhuň aýratyn maksat üçin inendigini aýtdy (Res 2:1—4). Kontekstiň «ilkibaşda» diýen söziň manysyna täsir edýändigini başga aýatlardan hem görse bolýar (Lk 1:2; Ýah 15:27; 1Ýah 2:7).
SENTÝABR 24—30
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝAHÝA 7, 8
«Isa Atasyny şöhratlandyrdy»
cf sah. 100, 101, abz. 5, 6
«Ýazylgydyr»
5 Isa kimiň habaryny aýdýandygyny adamlaryň bilmegini isleýärdi. Ol: «Öwredýän zatlarym özümiňki däl-de, meni iberen Hudaýyňkydyr» diýdi (Ýahýa 7:16). Başga bir gezek: «Öz-özümden hiç zat etmeýändigime göz ýetirersiňiz; ýöne men Atamdan öwrenen zatlarymy aýdýaryn» diýdi (Ýahýa 8:28). Şeýle-de Isa: «Meniň size aýdýanlarym özümiňki däldir. Ýöne meniň bilen bolan Atam men arkaly işlerini amala aşyrýandyr» diýdi (Ýahýa 14:10). Isa hemişe Hudaýyň sözüne salgylanyp, hakykaty aýdýandygyny subut etdi.
6 Mukaddes Ýazgylardaky Isanyň sözlerini çuňňur öwrensek, onuň Ýewreý ýazgylaryndaky kitaplaryň ýarysyna salgylanandygyna doly göz ýetireris. Göräýmäge, bu üýtgeşik däl ýaly bolup görünmegi mümkin. Belki, sen: «Munuň nämesi üýtgeşik? Isa üç ýarym ýyl gullugynda şol döwürde bolan Hudaý tarapyn ylhamlanan ähli kitaplara salgylanyp bilerdi» diýip pikir edýänsiň. Elbetde, ol muny has gowy edip bilerdi. Bu Isanyň sözleriniň we eden işleriniň diňe käbiri (Ýahýa 21:25). Isanyň aýdan sözlerini sesli okasaň, birnäçe sagatda okap bilersiň. Göz öňüne getir, sen birnäçe sagadyň dowamynda Hudaý we onuň Patyşalygy barada gürrüň berýärsiň hem-de Ýewreý ýazgylaryndaky kitaplaryň ýarysyndan köpüsine salgylanýarsyň! Köplenç Isanyň ýanynda golýazmalary hem bolmaýardy. Ol Dagdaky wagzynda Ýewreý ýazgylaryndaky ençeme aýatlara ýa-da jümlelere salgylanyp, olaryň baryny ýatdan aýdýardy!
Biz dünýäniň ruhuny däl-de, Hudaýyň ruhuny aldyk
19 Ýehowa doly gulak asmak. Isa hemişe Atasyna ýaraýan zatlary edýärdi. Bir sapar Isanyň islegi Atasynyň islegine deň gelmände, ol näme etdi? Isa Atasyna bil baglap: «Meniň islegim däl, Seniň islegiň bolsun» diýdi (Luka 22:42). Özüňize şeýle sorag beriň: «Maňa kyn bolsa-da, Hudaýa gulak asýarynmy?» Hudaýa gulak asmak durmuşda iň esasy zat. Biz Hudaýa doly gulak asmaly, çünki ol bizi ýaratdy, ýaşaýşymyzyň Gözbaşy we ähli tarapdan goldaýar (Zeb. 95:6, 7). Hudaýa gulak asmaklygy hiç zada çalşyp bolmaýar. Biz Hudaýa gulak asmasak, onuň merhemetini gazanyp bilmeris.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
w07 1/2 sah. 6, abz. 4
Näme üçin dogruçyl bolmaly?
Bu babatda Isa Mesih nähili görelde galdyrdy? Bir gezek Isa özüniň nirä gitmekçidigini bilmek isleýän käbir imän etmeýän adamlar bilen gürleşýär. Olar oňa: «Ýahuda git» diýip maslahat berdiler. Isa olara näme diýdikä? Ol: «Siz baýramçylyga gidiberiň, ýöne men entek gitjek däl. Sebäbi meniň wagtym heniz gelip ýetmedi» diýdi. Şondan biraz wagt geçensoň, Isa Iýerusalime baýramçylyga gidýär. Onda ol näme üçin beýle jogap berdikä? Olara Isanyň nirededigini bilmek hökman däldi. Şonuň üçin Isa özüne hem-de şägirtlerine zyýan ýetmez ýaly, doganlaryna ýalan hem sözlemedi, doly jogap hem bermedi. Isa ýalan sözlemedi, sebäbi Petrus resul Mesih hakda şeýle ýazdy: «Ol hiç hili günä etmedi, ýekeje ýalan söz hem aýtmady» (Ýahýa 7:1—13; 1 Petrus 2:22).
nwtsty Ýah 8:58-e degişli maglumat
Men bardym: Isa «Ybraýymy görendigini» aýdanda, garşy çykýan ýehudylar Isanyň heniz «50-de ýaşamandygyny» aýdyp, ony daşlajak boldular (Ýah 8:57). Isa olara Ybraýym dogulmanka, özüniň gökde güýçli perişde bolup ýaşandygyny aýtdy. Käbirleri bu aýatda Isanyň Hudaý bilen deňeşdirilýändigini aýdýarlar. Olar şu ýerde «egoeými» (Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinde «Men» diýlip ulanylan) diýen grek sözi ulanylyp, Septuagintada Müsç 3:14-e esaslanyp, iki aýatda hem şol bir manyny berýän bolmaly diýýärler (Ýah 4:26-a degişli maglumata serediň). Bu aýatdaky «eými» diýen grek işligi dowamlylygy aňladyp, «Ybraýym heniz dogulmanka» hereketiň başlandygyny we dowam edýändigini görkezýär. Şol sebäpli käbir gadymy we häzirki zaman terjimelerde «Men» diýen söze derek «Men bardym» diýen jümlä meňzeş sözler ulanylýar. Şeýle-de Ýah 8:54, 55-nji aýatlardaky sözler Isanyň özüni Atasyna deňemändigini görkezýär.