-
25-nji martdan başlanýan hepdäniň tertibiHudaýa gullugymyz — 2013 | mart
-
-
25-nji martdan başlanýan hepdäniň tertibi
25-NJI MARTDAN BAŞLANÝAN HEPDE
21-nji aýdym we doga
□ Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy
wt bap 8, abz. 10—15 (30 min.)
□ Teokratik gulluk mekdebi
Mukaddes Ýazgylary okamak: Luka 4—6 (10 min.)
No. 1: Luka 4:22—39 (4 min. ýa-da ondan az)
No. 2: Häkimiýete hormat goýmak näme üçin kyn? (lv sah. 41—43, abz. 1—5) (5 min.)
No. 3: Isa Mesihiň direlendigi barada nähili subutnamalar bar? (1 Kor. 15:3—7) (5 min.)
□ Gulluk duşuşygy
2-nji aýdym
5 min. Ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak. 8-nji sahypadaky hödür arkaly aprel aýynyň ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyny nädip başlap bolýandygyny sahnalaşdyr. Hemmeleri Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga höweslendir.
25 min. «Hudaýyň hoş habary» (rus.) diýen broşýurany nädip geçmeli?» Sorag-jogap. 6-njy abzasa seredeniňizde, iki sany hödüri sahnalaşdyr.
4-nji aýdym we doga
-
-
«Hudaýyň hoş habary» diýen broşýurany nädip geçmeli?Hudaýa gullugymyz — 2013 | mart
-
-
3. Bu broşýuranyň beýleki edebiýatlardan näme tapawudy bar?
3 Broşýuranyň mazmuny. Okuw geçilýän edebiýatlarymyzyň köpüsi adamlar özbaşdak okap, düşüner ýaly ýazylýar. Bu broşýura bolsa beýleki edebiýatlardan tapawutlanýar. Ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny mugallym bilen geçmek üçin ýazyldy. Şol sebäpli ony birine hödür edende, bir ýa iki abzasa seredilse gowy bolar. Abzaslar şeýle kiçi bolandygy üçin, olary gapynyň agzynda ýa-da işlenilýän ýerde hem seretse bolýar. Broşýurany birinji sapakdan ýa-da islendik ýerinden hem geçip başlasa bolýar.
4. Broşýura göni Mukaddes Ýazgylardan öwretmäge nädip kömek edýär?
4 Edebiýatlarymyzyň köpüsinde berilýän soraglaryň jogabyny abzaslardan tapsa bolýar. Emma bu broşýurada jogaplary, esasanam, Mukaddes Ýazgylardaky aýatlardan tapyp bolýar. Adamlaryň köpüsi edebiýatlarymyzy däl-de, Mukaddes Ýazgylary öwrenmek isleýär. Şol sebäpli hiç bir aýatdan sitata getirilmeýär. Olary göni Mukaddes Ýazgylardan okaň. Bu okuw geçýän adama Hudaýyň Sözüni öwrenýändigine düşünmäge kömek edýär (Iş. 54:13).
5. Näme üçin okuw geçirýän dogan ýa uýa her bir sapaga öňünden gowy taýýarlyk görmeli?
5 Broşýurada ähli aýatlar düşündirilmeýär. Näme üçin? Bu okuw geçýän adama sorag bermäge höweslendirýär, okuw geçirýäne bolsa mugallymçylyk ukybyny ulanmaga mümkinçilik berýär. Şol sebäpli her sapaga öňünden taýýarlyk görmek örän wajyp. Ýöne kän gürlemekden seresap boluň. Biz aýatlary özümiz düşündirmegi gowy görýäris. Emma aýadyň manysyna nähili düşünendigini köplenç okuw geçýän adamdan soramaly. Biz sypaýyçylyk bilen soraglar berip, oňa her bir aýadyň manysyna düşünmäge kömek edýäris (Res. iş. 17:2).
-