Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/9 sah. 16—20
  • Pellehana tarap sabyrly ylgalyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Pellehana tarap sabyrly ylgalyň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýeňmek üçin sabyrlylyk gerek
  • «Güwäler buludy»
  • Olara pellehana ýetmäge näme kömek etdi?
  • Biziň üçin sapak
  • «Baýrak alar ýaly ylgaň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Pellehana çenli ylgaň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Ýehowany söýýänlere «bökdençlik bolmaz»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Pellehana çenli ylgamak üçin näme etmeli?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/9 sah. 16—20

Pellehana tarap sabyrly ylgalyň

«Öňümizde goýlan ýaryşda sabyrly ylgalyň». (ÝEW. 12:1)

1, 2. Mukaddes Ýazgylarda mesihçiniň ýaşaýşy nämä meňzedilýär?

HER ýyl köp adamlar uzak aralyga ylgamak ýaryşyna gatnaşýarlar. Çalt ylgap bilýän türgenler ýeňmek isleýär. Emma olaryň köpüsi ýeňiş gazanmajagyny bilýärler. Şol sebäpli olaryň esasy maksady pellehana ýetmek.

2 Mukaddes Ýazgylarda mesihçiniň ýaşaýşy ylgaw ýoly bilen deňeşdirilýär. Pawlus resul bu babatda Korintosda ýaşan mesihçilere ýazan birinji hatynda şeýle diýipdi: «Siz ylgaw meýdanynda ylgaýanlaryň hemmesiniň ylgap, ýöne baýragy biriniň alýanyny bilmeýärmisiňiz? Baýrak alar ýaly ylgaň» (1 Kor. 9:24).

3. Pawlus baýragy bir adamyň alýandygy barada ýazanda nämäni göz öňünde tutdy?

3 Pawlusyň aýtmagyna görä, ýaryşda baýragy bir adam alýar. Onda ýaşaýyş baýragy-da bir mesihçä berlermi? Ýok. Türgenleriň ählisi gowy taýýarlyk görüp, ýeňiş gazanmak üçin köp tagalla edýärler. Pawlus hem imandaşlarynyň ebedi ýaşaýyş sylagyny almak üçin jan etmeklerini isleýärdi. Şeýdip, olar ýaşaýşa gowşup bilerdiler. Hawa, bu sylagy pellehana ýeten mesihçileriň ählisi alar.

4. Biz mesihçileriň ylgaw ýoly barada nämäni bilmeli?

4 Bu sözler bizi ruhlandyrýar hem-de nädip ýaşamalydygymyz barada çynlakaý oýlanmaga höweslendirýär. Eger biz Ýehowa ýaraýan durmuşy alyp barsak, onda gökde ýa-da ýerde Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edip bileris. Emma mesihçi ýaşaýşyny howply we uzak aralyga ylgamaly ýola meňzetse bolar. Hawa, Ýehowa gulluk etmekde yhlasymyzy gowşatjak, hatda bes etdirjek ençeme zatlar bar (Mat. 7:13, 14). Ýehowanyň käbir gullukçylary şeýle ýagdaýa düşdüler. Ýaşaýşa eltýän ýolda nähili duzaklar we howplar bar? Biz olardan nädip gaça durmaly? Biz pellehana ýetip, baýrak almak üçin näme edip bileris?

Ýeňmek üçin sabyrlylyk gerek

5. Ýewreýler 12:1-de Pawlus nämäni düşündirdi?

5 Pawlus Iýerusalimdäki we Ýahudadaky mesihçilere ýazan hatynda-da, uzak aralyga ylgaýan türgenler barada aýdýar (Ýewreýler 12:1-i okaň). Ol hatynda mesihçileriň ylgamagyny dowam edip, pellehana ýetmek üçin näme etmelidigini düşündirýär. Ilki bilen, biz Pawlusyň ýewreýlere näme üçin hat ýazandygyny we olaryň näme etmelidigini bileris. Soňra onuň ýazan hatyndan näme öwrenip biljekdigimize serederis.

6. Dini ýolbaşçylar mesihçilere näme üçin azar berýärdiler?

6 I asyrdaky mesihçiler kyn ýagdaýda ýaşaýardylar. Emma Iýerusalimdäki we Ýahudadaky ýewreý mesihçileri üçin has-da kyndy, sebäbi ýehudy dini ýolbaşçylary adamlary mejbury ýagdaýda özüne tabyn etdirýärdiler. Olar hatda Isa Mesihi hökümete garşy gidýän we ölüm jezasyna mynasyp jenaýatçy hökmünde halka ynandyryp bildiler. Dini ýolbaşçylar Isa Mesihi öldürenden soňra, wagyz işini togtatmak islediler. Resullaryň işleri kitabynda b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden soň bolan wakalar gürrüň berilýär. Şonda dini ýolbaşçylar wagyz işini bes etdirmek üçin ençeme wagtlap hüjüm etdiler. Şol sebäpli-de, wepaly mesihçileriň durmuşy kyndy (Res. iş. 4:1—3; 5:17, 18; 6:8—12; 7:59; 8:1, 3).

7. Näme üçin mesihçileriň ýaşan döwri kyndy?

7 Bu kynçylygyň ýene-de bir sebäbi Iýerusalim tizden ýykylmalydy. Isa Hudaýyň Iýerusalimi derbi-dagyn etjekdigini öňünden aýdypdy. Şeýle-de Isa şäheriň weýran edilmezinden öň nähili wakalaryň boljakdygyny we diri galmak üçin näme etmelidigini duýdurdy (Luka 21:20—22-nji aýatlary okaň). Isa olara: «Habardar boluň! Horanlyk, serhoşluk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ýük bolup, ol gün duýdansyzlykda üstüňize abanaýmasyn» diýdi (Luka 21:34).

8. Näme üçin käbir mesihçileriň Ýehowa gulluk etmek yhlasy gowşady?

8 Isanyň bu aýdan sözlerine takmynan 30 ýyl geçensoň, Pawlus ýewreý mesihçilerine hat ýazýar. Bu 30 ýylyň içinde mesihçilere näme boldy? Olaryň käbiri kynçylyklary ýa-da gündelik zerurlyklary barada alada edip, Ýehowa barada bilim almagyny we Onuň bilen dostlukly gatnaşygyny berkitmegini goýdular (Ýew. 5:11—14). Käbir mesihçiler bolsa başga ýewreýler ýaly ýaşamak aňsat öýdendir. Sebäbi olar ýewreýleriň Hudaýa iman edip, Musanyň kanunyna tabyn bolýandygyny görýärdiler. Şeýle-de ýygnakdakylaryň käbiri Musanyň kanunyna gulak asyp, ýehudylaryň däp-dessurlaryna tabyn etdirjek bolýardylar. Käbir mesihçiler olara ynanyp, käbiri bolsa olardan gorkup gulak asýardylar. Pawlus imandaşlaryny mesihçi ýaşaýşyny dowam etmäge we Ýehowa wepaly galmaga nädip höweslendirdi?

9, 10. a) Ýewreýlere ýazylan hatyň 10-njy babynyň ahyrynda Pawlus nämäniň wajypdygyny aýdýar? b) Näme üçin Pawlus geçmişde ýaşan Ýehowanyň gullukçylarynyň iman arkaly eden işlerini ýazýar?

9 Pawlus Ýehowanyň ylhamy bilen ýewreý mesihçilerine ruhlandyryjy hat ýazdy. Ol hatyň 10-njy babynyň başynda Musanyň kanunynyň «geljekki oňat zatlaryň asly däl-de, kölegesidigini» we diňe Isanyň gurbany arkaly günäleriň bagyşlanýandygyny düşündirdi. Babyň ahyrynda bolsa, ol töleg gurbanynyň peýdasyny görmek üçin sabyrlygyň gerekdigini belläp geçdi. Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň islegini berjaý edeniňizden soň wada gowşar ýaly, sabyr size gereklidir. Çünki az salymdan soň: “Geljek geler, gijä galmaz“» (Ýew. 10:1, 36, 37).

10 Pawlus resul ýewreýlere ýazan hatynyň 11-nji babynda Hudaýa hakyky imanly adamlaryň eden işleri barada ýazmak bilen, hakyky imanyň näme aňladýandygyny düşündirýär. Pawlus sabyrlylyk barada aýtmazdan öň, näme üçin iman barada ýazýar? Sebäbi ol Ýehowa bolan hakyky imanyňy görkezmek üçin sabyrlylygyň we batyrgaýlygyň gerekdigini mesihçileriň bilmegini isledi. Ol gadymy döwürde ýaşan erkekdir aýallaryň örän agyr ýagdaýlarda-da Ýehowa wepaly galandygyny agzap geçýär. Olaryň göreldesi ýewreý mesihçilerine sabyrly bolmaga kömek edip bilerdi. Pawlus olara şeýle diýdi: «Bizi gurşap alan şeýle uly güwäler buludynyň barlygyna görä, her hili ýüki, bizi aňsatlyk bilen bürän günäleri taşlap, öňümizde goýlan ýaryşda sabyrly ylgalyň» (Ýew. 12:1).

«Güwäler buludy»

11. «Uly güwäler buludynyň» galdyran göreldesi bize nähili täsir edip biler?

11 «Uly güwäler buludyny» ýaryşa gatnaşýan söýgüli türgenine ýa-da toparyna tomaşa edýän adamlara däl-de, uzak aralyga ylgaýan türgenlere meňzetse bolar. Olar soňuna çenli ylgap, pellehana ýetdiler. Olaryň göreldesi täze türgenleri ylgamagyny dowam etdirmäge höweslendirýär. Aýdaly, ýaryşy tamamlan türgenler biziň ylgaýşymyza syn edip, pellehana ýetmäge höweslendirýär. Şonda biz bar güýjümiz bilen ylgamarysmy? Geçmişde ýaşan Güwäçiler ýoluň agyrdygyna garamazdan, pellehana ýetip bolýandygyny görkezdiler. Şol sebäpli I asyrdaky ýewreý mesihçileri «Güwäler buludynyň» galdyran göreldesi barada oýlansalar, «sabyrly ylgap» pellehana ýetip bilerdiler. Bu bize-de başardar!

12. Pawlusyň agzap geçen wepaly gullukçylaryndan näme öwrenip bileris?

12 Pawlusyň agzap geçen wepaly adamlarynyň köpüsi biziňki ýaly ýagdaýlarda ýaşapdyrlar, şol sebäpli olar bize-de kömek edip biler. Meselem, Nuh Tupanyň öň ýanynda ýaşapdyr. Biz-de Şeýtanyň dünýäsiniň ýok edilmeziniň öň ýanynda ýaşaýarys. Ýehowa Ybraýym bilen Sara öýünden çykyp gitmegi tabşyrdy. Hudaý olaryň neslinden Özüne gulluk etjek halk döretjekdigini wada berdi. Olar bu wadanyň berjaý bolmagyna garaşyp ýaşadylar. Biz-de özümiz üçin däl-de, Ýehowa üçin ýaşamaly. Eger biz Oňa gulak assak, Ol biziň dostumyz boljakdygyny we sylaglajakdygyny wada berýär. Musa Wada edilen diýara girmek üçin ençeme ýyllap howply we jöwzaly çölden ýöredi. Biz bolsa zalym dünýäde ýaşaýarys we Ýehowanyň wada eden täze dünýäsine garaşýarys. Şol sebäpli geçmişde ýaşan wepaly gullukçylaryň gazanan üstünlikleri we şowsuzlyklary, ýagşy taraplary hem goýberen kemçilikleri barada oýlanmak peýdaly (Rim. 15:4; 1 Kor. 10:11).

Olara pellehana ýetmäge näme kömek etdi?

13. Näme üçin Nuhuň ýagdaýy aňsat däldi we oňa Ýehowanyň ähli tabşyryklaryny berjaý etmäge näme kömek etdi?

13 Ýehowanyň wepaly gullukçylaryna sabyrlylyk bilen pellehana ýetmäge näme kömek etdi? Pawlusyň Nuh barada aýdanlaryna üns bereliň (Ýewreýler 11:7-i okaň). Nuh adamlaryň we haýwanlaryň ählisini ýok eden tupany hiç haçan görmändi (Gel. çyk. 6:17). Muňa garamazdan, ol Tupanyň bolmagy mümkin däl öýtmändir. Näme üçin? Sebäbi ol Ýehowanyň sözünde durjakdygyna ynanýardy. Şol sebäpli ol Ýehowa gulak asmak kyn diýip pikir hem etmändir. Ol Ýehowanyň tabşyrygyny doly berjaý etdi. Töwratda: «Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi» diýilýär (Gel. çyk. 6:22). Nuh köp zatlary etmelidi: gämi gurmalydy, haýwanlary gämä girizmelidi, maşgalasy hem haýwanlar üçin azyk ýygnamalydy, Tupan barada adamlara duýdurmalydy we maşgala agzalaryna Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyny berkitmäge kömek etmelidi. Elbetde, bulary etmek aňsat däldi. Emma onuň Ýehowa bolan imany sabyrlylyk bilen ähli ýumşy ýerine ýetirmäge kömek etdi. Ýehowa bolsa olary halas edip, bol bereketler eçdi.

14. Ybraýym bilen Sara nähili ýagdaýlarda imanyny görkezdiler we olardan näme öwrenip bileris?

14 Pawlus «gurşap alan... uly güwäler buludynyň» arasynda Ybraýym bilen Sarany-da agzaýar. Olar Hudaýa gulak asyp, ýurduny taşlap gidende, olaryň durmuşy düýbünden özgerdi. Olar näme boljagyny bilmeseler-de, Ýehowa berk iman edip, agyr ýagdaýlarda-da Oňa gulak asdylar. Injiliň aýtmagyna görä, Ybraýym «iman edýänleriň barysynyň atasydyr», çünki ol Ýehowa üçin köp zadyndan geçdi (Rim. 4:11). Ýewreý mesihçileri Ybraýym we onuň maşgalasynyň ýagdaýy barada bilýärdiler, şol sebäpli Pawlus olaryň iman arkaly eden işleriniň diňe käbirini agzady. Emma bu ýeterlikdi. Pawlus olar barada şeýle diýdi: «Bu adamlaryň bary ölýänçä imandan dänmedi. Wada edilenlere gowuşman, olary uzakdan görüp, hoş garşylap, özleriniň ýer ýüzünde ýat hem mysapyrdyklaryny boýun aldylar» (Ýew. 11:13). Olaryň Hudaýa bolan imany we dostlukly gatnaşygy sabyrlylyk bilen pellehana ýetmäge kömek etdi.

15. Näme üçin Musa kyn ýaşaýşy saýlady?

15 «Güwäler buludyna» Musa-da degişli. Ol hem Ybraýym ýaly öýüni taşlady. Şeýle-de ol köşgüň şöhratyny hem baýlygyny terk etdi. Ol «Hudaýyň halky bilen bile horluk görmegi gowy gördi». Näme üçin? Injilde: «Ol öz aljak sylagyna garaýardy» diýilýär. Pawlus Musa barada: «Görünmezi göreni üçin berk durdy» diýdi (Ýewreýler 11:24—27-nji aýatlary okaň). Musa muny «az salym günäniň sapasyny sürmekden» wajyp saýdy. Ol Hudaýa berk iman edýärdi we Onuň ähli wadalarynyň berjaý boljakdygyna ynanýardy. Bu oňa agyr ýagdaýlarda-da, batyrgaý we sabyrly bolmaga kömek etdi. Şeýle-de oňa ysraýyllylara ýolbaşçylyk etmäge we olary Müsürden Wada edilen diýara alyp barmaga ýardam etdi.

16. Musanyň ruhdan düşmändigini biz nireden bilýäris?

16 Ybraýym bilen Musa Hudaýyň wadasynyň ýerine ýetişini görmediler, çünki olar aradan çykypdylar. Ysraýyl Wada edilen diýara girmänkä, Hudaý Musa: «Ol ýeri sen diňe uzakdan görersiň, emma Meniň ysraýyllara berjek ýerime girmersiň» diýdi. Musa bilen Harun Meriba suwunda Hudaýa gulak asmandyklary üçin Wada edilen diýara girmediler. Olar pitne turzan halka juda gahar edip, Hudaýy şöhratlandyrmadylar (Kan. tag. 32:51, 52). Musa Wada edilen diýara girmändigi üçin öýkeläp, ruhdan düşdümi? Ýok. Ol Ýehowadan ysraýyl halkyna ak pata bermegi diledi we şeýle sözleri aýtdy: «Sen nähili bagtly, eý Ysraýyl! Seniň ýaly barmy başga? Sen Rebbiň halas eden halkysyň! Reb seni goraýan galkandyr, şanly gylyçdyr!» (Kan. tag. 33:29).

Biziň üçin sapak

17, 18. a) Biz «güwäler buludyndan» näme öwrenip bileris? b) Indiki makalada näme barada gürrüň ederis?

17 «Bizi gurşap alan... güwäler buludy» pellehana ýetdi. Biz olardan görelde alyp, Hudaýa we Onuň wadalaryna berk iman etmeli (Ýew. 11:6). Bu iman biziň ýaşaýşymyza täsir etmeli. Hudaýa ynanmaýan adamlardan tapawutlykda, biz Hudaýyň beren wadasyna ynanýarys. Biz «Görünmezi görýäris» we sabyrlylyk bilen ylgap, pellehana ýeteris (2 Kor. 5:7).

18 Hawa, mesihçilere ylgamak aňsat däl, emma olar pellehana ýetip bilerler. Munuň üçin ýene näme zatlaryň kömek etjekdigi barada indiki makalada gürrüň ederis.

Siz nähili düşündirersiňiz?

• Näme üçin Pawlus gadymy döwürde ýaşan Güwäçiler barada ýazdy?

• «Uly güwäler buludy» bize sabyrly ylgamaga nädip kömek edýär?

• Biz Nuhuň, Ybraýymyň, Saranyň we Musanyň göreldesinden näme öwrenip bileris?

[19-nji sahypadaky surat]

Ybraýym bilen Sara baý şäher bolan Urdan çykyp gitmäge taýyndylar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş