Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w17 Aprel sah. 18—22
  • «Bütin ýer ýüzüniň Kazysy» hemişe adalatly hereket edýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Bütin ýer ýüzüniň Kazysy» hemişe adalatly hereket edýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝYGNAGYŇ IÇINDE
  • ÝUSUP ADALATSYZLYGA UÇRAÝAR
  • IŇ GYMMATLY GATNAŞYGYŇYZY GORAŇ
  • «BÜTIN ÝER ÝÜZÜNIŇ KAZYSYNA» BIL BAGLAŇ
  • Adalatsyzlyk etseler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Adalatsyzlyk edenlerinde «Hudaýa tabşyryň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Ýehowanyň goldawyny görüň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Ol göreldeli maşgalabaşydy
    Olaryň imanyndan görelde alyň
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
w17 Aprel sah. 18—22
Ybraýym Ýehowanyň Sodom bilen Gomorra şäherlerini adalatsyz höküm etmejekdigine ynanýandygyny aýdýar

«Bütin ýer ýüzüniň Kazysy» hemişe adalatly hereket edýär

«Ol Gaýadyr, işleri kämildir. Bütin ýollary hakdyr». KAN. TAG. 32:4

AÝDYMLAR: 12, 11

ADALATSYZLYGA UÇRANYMYZDA, ŞU AÝATLAR NÄDIP KÖMEK EDER?

  • Mika 7:7

  • Süleýmanyň tymsallary 19:3

  • Matta 18:15

1. Ybraýym pygamber Ýehowanyň adalatly Hudaýdygyna ynanýandygyny nädip görkezdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

«BÜTIN ýer ýüzüniň Kazysy — Sen adalatly hereket etmeli dälmisiň ahyryn!» (Gel. çyk. 18:25). Bu sözleri Ybraýym pygamber aýdypdy. Ol Ýehowanyň Sodom bilen Gomorra şäherlerini adalatsyz höküm etmejekdigine ynanýardy. Sebäbi onuň «bigünäni günäliler bilen bile öldürmejekdigini» bilýärdi. Ybraýym pygamber beýle zady asla göz öňüne-de getirip bilmeýärdi. Şondan takmynan 400 ýyl geçende, Ýehowa özi hakda şeýle diýdi: «Ol Gaýadyr, işleri kämildir. Bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr» (Kan. tag. 31:19; 32:4).

2. Ýehowa näme üçin hemişe adalatly hereket edýär diýse bolar?

2 Ybraýym pygamber Ýehowanyň hemişe adalatly höküm çykarýandygyna näme üçin berk ynanýardy? Sebäbi Ýehowa adalatyň we dogrulygyň gözbaşy. «Adalatlylyk» we «dogrulyk» diýip terjime edilen ýewreý sözleri Ýazgylarda köplenç bile ulanylýar. Aslynda, bu sözleriň arasynda kän bir tapawudam ýok. Ýehowa dogry kadalaryny kämil derejede görkezýändigi üçin, ol islendik meseläni hemişe adalatly çözýär. Şol sebäpli Ýazgylarda: «Ol dogrulygy hem adalaty söýýändir» diýilýär (Zeb. 33:5).

3. Dünýädäki adalatsyzlyklar hakda gürrüň beriň.

3 Ýehowanyň adalatly Hudaýdygy akýürekli adamlara göwünlik berýär. Sebäbi dünýäde adalatsyzlyk höküm sürýär. Şoňa görä-de köplenç adamlar erbet işleriň pidasy bolýarlar. Meselem, käbirleri adalatsyz höküm edilip, türmä basyldy. Adamlar DNK-nyň nämedigine düşünenlerinde, etmedik işi üçin onlarça ýyl türmede oturan tussaglaryň bigünädigi aýan boldy, käbirini bolsa boşatdylar. Şeýle adalatsyzlyga uçran adamlar bar zatdan göwni geçip, hatda gaharjaň bolýarlar. Emma mesihçileriň uçraýan adalatsyzlygy has-da agyr degmegi mümkin.

ÝYGNAGYŇ IÇINDE

4. Mesihçiniň imany nädip synalyp biler?

4 Mesihçiler bu dünýäde adalatsyzlyga uçrajakdygyny bilýärler. Emma ýygnakda adalatsyzlyk edilýän ýaly bolup görünse, imanymyz synalmagy mümkin. Meselem, siz dogan-uýalaryň biriniň nädogry hereket edendigini görseňiz ýa-da adalatsyzlyga uçrasaňyz özüňizi nähili alyp bararsyňyz? Şeýle ýagdaý sebäpli büdrärsiňizmi?

5. Mesihçiler ýygnakda adalatsyzlyga uçranda näme üçin geň galmaly däl?

5 Biz bikämil we günäli bolandygymyz üçin köp ýalňyşýarys. Şol sebäpli iru-giç ýygnakda adalatsyzlyga uçramagymyz ýa-da özümiz adalatsyz hereket etmegimiz mümkin (1 Ýah. 1:8). Elbetde, şeýle ýagdaý seýrek bolýar. Ýöne wepaly mesihçiler adalatsyzlyga uçranlarynda geň galmaýarlar ýa-da büdremeýärler. Sebäbi Ýehowa öz Sözi arkaly peýdaly maslahatlary berýär. Olar bize hatda imandaşlarymyz tarapyndan adalatsyzlyga uçranymyzda hem aýypsyz galmaga kömek edýär (Zeb. 55:12—14).

6, 7. Bir dogan ýygnakda nähili adalatsyzlyga uçrady we oňa ýagdaýa dogry garamaga näme kömek etdi?

6 Geliň, doganymyz Willi Deýl bilen bolan waka seredeliň. 1931-nji ýylyň başlarynda ol Şweýsariýanyň Bern şäherindäki Beýtelde gulluk edýärdi. Ol 1946-njy ýylda Gilead mekdebiniň (ABŞ, Nýu-Ýork) 8-nji klasynda okamaga çagyrylýar. Mekdebi tamamlandan soň, ony Şweýsariýa etrap gözegçisi edip ugradýarlar. Ol terjimehalynda özi bilen bolan bir wakany gürrüň berýär: «Men 1949-njy ýylyň maý aýynda Berndäki filialyň komitetine öýlenjekdigimi habar berdim. Olar maňa pioner gullugyndan başga jogapkärli ýumuş berilmejekdigini aýtdylar». Deýl doganymyz şeýle dowam edýär: «Indi men ýygnakda nutuk bilen çykyş edip bilmeýärdim... Hatda dogan-uýalaryň köpüsi bize salam hem bermeýärdiler, edil gatnaşykdan kesilen adam ýaly garaýardylar».

7 Şeýle kyn ýagdaýda Deýl dogan özüni nähili alyp bardy? Ol şeýle diýýär: «Biz maşgala gurmagyň Mukaddes Ýazgylara garşy gelmeýändigini bilýärdik. Şol sebäpli biz diňe Ýehowa doga edip, ähli zady onuň eline tabşyrdyk». Wagtyň geçmegi bilen, doganlar maşgala gurmak meselesine nädogry garandyklaryna düşündiler we Deýl doganymyz ýene-de öňküsi ýaly jogapkärli borçlary ýerine ýetirip başlady. Onuň Ýehowa bolan wepalylygy sylaglandya. Bizem özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Eger men şunuň ýaly adalatsyzlyga uçrasam, özümi Deýl dogan ýaly alyp bararmydym? Ýehowa sabyrly garaşyp bilermidim ýa-da ýagdaýy özümçe çözjek bolardym?» (Sül. tym. 11:2; Mika 7:7-ni okaňb).

8. Biz näme üçin ýygnakda özümize ýa-da başga birine adalatsyzlyk edilen ýaly duýmagymyz mümkin?

8 Belki, sizem ýygnakda özüňize ýa-da dogan-uýalaryň birine adalatsyzlyk edilen ýaly duýýansyňyz. Biz bikämildigimiz ýa-da ähli jikme-jiklikleri bilmeýändigimiz üçin köplenç şeýle nädogry netijä gelýäris. Mümkin, biz hakykatdan-da adalatsyzlyga uçrandyrys. Ýöne her näme bolaýanda-da, doga edip Ýehowa bil baglasak we oňa wepaly bolsak, «Rebbe gazaplanmakdan» özümizi saklarys (Süleýmanyň tymsallary 19:3-i okaň).

9. Biz şu we indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

9 Geliň, gadymy döwürde Ýehowanyň halkynyň arasynda adalatsyzlyk bilen bagly üç wakany ýada salalyň. Şu makalada Ybraýymyň çowlugy Ýusup we onuň doganlary barada gürrüň ederis. Indiki makalada bolsa Ysraýylyň patyşasy Ahap we Siriýanyň Antiohiýa şäherinde Petrus resul bilen bolan waka serederis. Olar bize özümizi adalatsyzlyga uçran ýaly duýanymyzda, dogry garaýşy saklamaga we Ýehowa bilen dostlugymyzy goramaga kömek eder.

ÝUSUP ADALATSYZLYGA UÇRAÝAR

10, 11. a) Ýusup nähili adalatsyzlyga uçraýar? b) Ol türmede otyrka nähili mümkinçilik döreýär?

10 Ýehowanyň wepaly gullukçysy Ýusup diňe bir başgalar tarapyndan däl-de, öz doganlarynyň elinden adalatsyzlyga uçraýar. Ol ýetginjekkä, doganlary ony «ogurlap», gulçulyga satýarlar. Şeýdip, ony Müsüre äkidýärler (Gel. çyk. 37:23—28; 42:21). Ýat ýurtda Ýusuba töhmet atýarlar we onuň arzyny-da diňlemän türmä basýarlar (Gel. çyk. 39:17—20). Ýusubyň gulçulykda we türmede çeken jebri 13 ýyl dowam edýär. Imandaşymyzyň eden adalatsyzlygy sebäpli ejir çeksek, Ýusupdan nädip görelde alyp bileris?

11 Ýusup türmedekä, bir tussaga düşen ýagdaýy barada gürrüň berýär. Ol faraonyň baş şerapçysydy. Bir gezek ol düýş görýär. Ýusup Ýehowanyň kömegi bilen onuň düýşüni ýorup, öňküsi ýaly ýene-de baş şerapçy boljakdygyny aýdýar. Şonda Ýusup mümkinçilikden peýdalanyp, oňa türmä nädip düşendigini gürrüň berýär. Biz Ýusubyň özi barada gürrüň berşinden wajyp sapak edinip bileris (Gel. çyk. 40:5—13).

12, 13. a) Ýusup adalatsyzlyga uçrandygy sebäpli göwnüçökgünlige düşdümi? Düşündiriň. b) Ýusup baş şerapça nämäni aýtmady?

12 Gelip çykyş 40:14, 15-nji aýatlary okaňc. Üns beren bolsaňyz, Ýusup özüniň «ogurlanyp getirilendigini» aýdýar. Hawa, onuň adalatsyzlyga uçrandygy mese-mälimdi. Şeýle-de ol türmä bigünä düşendigini aýdyp, baş şerapçydan: «Faraonyň meni-de zyndandan çykarary ýaly, men hakda oňa gürrüň ber» diýip, haýyş edýär.

13 Bu sözler Ýusubyň göwnüçökgünlige düşendigini görkezýärmi? Elbetde, ýok. Ol baş şerapça özüne ençeme gezek adalatsyzlyk edilendigini aýdýar. Baş şerapçy özüne kömek edip biler ýaly, Ýusup oňa ýagdaýyny aýdyň düşündirýär. Emma Ýusup özüni kimiň «ogurlandygy» hakda hiç kime, hatda faraona-da aýtmaýar. Doganlary Müsüre gelip, Ýusup bilen ýaraşanlarynda, faraon olary gowy garşylaýar, hatda ýurduň iň gowy ýerlerinden saýlamagy teklip edýär (Gel. çyk. 45:16—20).

Gybat edýän adam ýagdaýy has-da kynlaşdyrýar

Gybat etmeklik ýagdaýy has-da kynlaşdyrýar (14-nji abzasa serediň)

14. Ýygnakda adalatsyzlyga uçrasak gybat etmekden bizi näme saklar?

14 Eger mesihçi özüne adalatsyzlyk edilen ýaly duýsa, bu hakda başgalara ýaýratmakdan ägä bolmaly. Elbetde, dogan-uýalaryň biri agyr günä etse, ýaşulular kömek eder ýaly, biz hökman olara ýüz tutmaly (Lew. 5:1). Emma düşünişmezlik dörände, biz hiç kime, hatda ýaşululara-da aýtman öz aramyzda çözüp bileris (Matta 5:23, 24; 18:15-nji aýatlary okaň). Belki-de, biz adalatsyzlyga uçranam däldiris. Şonuň üçin, geliň, şeýle ýagdaýda Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýereliň! Şonda imandaşymyza töhmet atyp, ýagdaýy has-da kynlaşdyrmakdan gaça durarys. Aslynda, hakly bolsak-da, bolmasak-da, ýüze çykan meseläni gybat bilen çözüp bolmaýandygyny unutmalyň. Ýehowa we dogan-uýalara bolan wepalylygymyz bizi nädogry hereket etmekden gorar. Mezmurçy «göni gezýän» adam hakda şeýle diýdi: «Ol dili bilen myjabat ýapýan däldir, dostuna ýamanlyk edýän däldir we goňşusynyň üstüne sögünç sowurýan däldir» (Zeb. 15:2, 3; Ýak. 3:5).

IŇ GYMMATLY GATNAŞYGYŇYZY GORAŇ

15. Ýusup Ýehowa wepaly galandygy üçin nähili bereketleri aldy?

15 Biz Ýusubyň Ýehowa bilen dostlugyndan wajyp sapak edinýäris. 13 ýyllap görgi baryny görse-de, ol ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly garaýardy (Gel. çyk. 45:5—8). Ol düşen ýagdaýy üçin hiç haçan Ýehowany günäkärlemedi. Ýusup ejir çeken günlerini ýatdan çykarmasa-da, ýüreginiň gatamagyna ýol bermedi. Esasan-da, adamlaryň bikämilligine we eden erbet işlerine Ýehowa bilen gymmatly gatnaşygyna täsir etdirmedi. Gaýtam, ol Ýehowa wepaly galyp, meseläni onuň eline tabşyrdy we adalatsyzlygy nädip çözendigini gördi. Netijede, Ýehowa Ýusuby-da, onuň maşgalasyny-da patalady.

16. Ýygnakda adalatsyzlyga uçrasak näme üçin Ýehowa ýakynlaşmak has-da wajyp?

16 Bizem Ýehowa bilen dostlugymyzy gymmat saýmaly we goramaly. Dogan-uýalaryň bikämilligi sebäpli özümizi Ýehowanyň söýgüsinden we oňa edýän gullugymyzdan mahrum etmäliň! (Rim. 8:38, 39). Eger imandaşymyz zerarly adalatsyzlyga uçran bolsak, geliň, Ýusubyň göreldesine eýerip, Ýehowa has-da ýakynlaşalyň we dörän kynçylygy onuň eline tabşyralyň. Biz kynçylygy Ýazgylar esasynda çözmek üçin elimizde baryny edenimizden soň, bar zady Ýehowa tabşyrmaly we onuň ähli zady öz wagtynda adalatly çözjekdigine ynanmaly.

«BÜTIN ÝER ÝÜZÜNIŇ KAZYSYNA» BIL BAGLAŇ

17. «Bütin ýer ýüzüniň Kazysy» Ýehowa bil baglaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

17 Bu dünýä ýok edilýänçä, biz häli-şindi adalatsyzlyga uçrarys. Käte ýygnagyň içinde hem şeýle bolmagy mümkin. Şunuň ýaly ýagdaýda büdräp, Ýehowadan daşlaşmalyň (Zeb. 119:165). Gaýtam, Ýehowa wepaly bolalyň we doga edip, bil baglalyň. Şeýle-de ähli jikme-jiklikleri bilmeýändigimizi unutmalyň. Belki-de, bikämildigimiz üçin ýagdaýa nädogry düşünendiris. Ýusubyň göreldesine eýerip, bu hakda başgalara ýaýratmakdan seresap bolalyň, ýogsam ýagdaýy öňküden beter kynlaşdyrarys. Galyberse-de, kynçylygy özümiz çözjek bolmalyň, gaýtam, sabyrly we wepaly bolup, ähli zady Ýehowanyň eline tabşyralyň. Şonda Ýehowanyň razylygyny gazanarys we ol bizi-de Ýusup ýaly patalar. Hawa, biz «bütin ýer ýüzüniň Kazysy» Ýehowanyň ähli zady adalatly çözjekdigine ynamly bolup bileris, çünki onuň «bütin ýollary hakdyr» (Gel. çyk. 18:25; Kan. tag. 32:4).

18. Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

18 Indiki makalada gadymy döwürde Ýehowanyň halkynyň adalatsyzlyga uçrandygy baradaky iki waka serederis. Biz olardan pesgöwünliligiň we ýürekden bagyşlamagyň Ýehowanyň adalatlylygy bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny bileris.

a Willi Deýl dogan barada 1991-nji ýylyň 1-nji noýabrynda çykan «Garawul diňindäki» (rus.) «Ýehowa meniň Hudaýym, men oňa bil baglaryn» diýen makaladan okap bilersiňiz.

b Mika 7:7 Emma men gözlerimi Rebbe dikerin, Halasgär Hudaýyma bil baglaryn. Maňa gulak asar Hudaýym.

c Gelip çykyş 40:14 Ýöne günüň gowulaşanda, meni hem ýatla; maňa ýagşylyk edäý. Faraonyň meni-de zyndandan çykarary ýaly, men hakda oňa gürrüň ber. 15 Çünki men ýewreýleriň ýurdundan ogurlanyp getirildim, hatda şu ýerde-de, Müsürde zyndana taşlanar ýaly, men hiç hili günä etmedim.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş