Siz Ýehowanyň adalatlylygyndan görelde alýarsyňyzmy?
«Rebbiň adyny jar ederin... (Ol) wadasynda durýan Hudaýdyr». KAN. TAG. 32:3, 4
1, 2. a) Nabot we onuň ogullary nähili adalatsyzlyga uçraýar? b) Biz şu makalada haýsy iki häsiýet hakda gürrüň ederis?
BIR adama töhmet atyp, ölüme höküm edýärler. Dogan-garyndaşlary we dost-ýarlary oňa gara ýöňkelýändigini bilenlerinde, ör gökden gelýärler. Adalaty söýýänler bolsa bigünä adama we onuň ogullaryna nähak höküm çykarylandygyny eşidip, öz gulagyna ynanmaýarlar. Bu waka toslama däl. Ol Ysraýylyň patyşasy Ahabyň döwründe ýaşan Ýehowanyň wepaly gullukçysy Nabot bilen bolupdy (1 Pat. 21:11—13; 2 Pat. 9:26).
2 Biz bu makalada diňe Nabot hakda däl, eýsem, I asyrda ýaşan we mesihçiler ýygnagynyň wepaly ýaşulusynyň goýberen ýalňyşlygy barada-da gürrüň ederis. Bu wakalar bize Ýehowanyň adalatlylygyndan görelde almak üçin kiçigöwünli bolmagyň we ýürekden bagyşlamagyň wajypdygyna düşünmäge kömek eder.
ADALATYŇ ÝOÝULMAGY
3, 4. Nabot nähili adamdy we ol näme üçin Ahap patyşa üzümçiligini satmady?
3 Ysraýyllaryň köpüsi Ahap patyşanyň we onuň zalym aýaly Izebeliň erbet işlerine eýerseler-de, Nabot Ýehowa wepaly gulluk edýärdi. Halk Bagal taňrysyna sežde edýärdi, Ýehowany we onuň kadalaryny bolsa asla äsgermeýärdi. Emma Nabot Ýehowa bilen dostlugyny öz janyndan hem gymmat saýýardy.
4 1 Patyşalar 21:1—3-nji aýatlary okaňa. Bir gezek Ahap patyşa Nabotdan üzümçiligini satmagy ýa-da deregine ondanam gowy üzümçilik almagy teklip edýär. Emma Nabot razylaşmaýar. Näme üçin? Nabot Ýehowanyň ysraýyllylara beren kanunyna görä nesilden-nesle geçmeli ýeri satmagyň gadagandygyny bilýärdi. Şol sebäpli ol patyşa hormat bilen: «Ata-babalarymdan galan mirasy saňa bermekden Hudaý saklasyn!» diýýär (Lew. 25:23; San. 36:7). Görşümiz ýaly, Nabot Ýehowanyň göwnünden turmak isleýärdi.
5. Izebel Naboty öldürmek üçin näme edýär?
5 Şondan soň Ahap patyşa we onuň aýaly Nabota ýamanlyk etmegiň küýüne düşýär. Izebel Nabotyň üzümçiligini almak üçin, oňa töhmet atýar. Netijede, Nabotyň özünem, ogullarynam ölüme höküm edýärler. Ýehowa bu adalatsyzlyga nähili garar?
HUDAÝYŇ ADYL HÖKÜMI
6, 7. Ýehowa adalaty söýýändigini nädip görkezdi? Bu Nabotyň dogan-garyndaşlaryna we dost-ýarlaryna nähili täsir eden bolmaly?
6 Ýehowa şol bada Ahap patyşanyň ýanyna Ylýas pygamberi ugradýar. Ol Ahaba ganhor we ogry adamdygyny gönümel aýdýar. Ýehowa oňa nähili höküm çykarar? Ahap, onuň aýaly we ogullary Nabot hem-de onuň ogullarynyň gününe düşmelidi (1 Pat. 21:17—25).
7 Nabotyň dogan-garyndaşlary we dost-ýarlary Ahabyň eden ýamanlygy zerarly görgi baryny gördüler. Emma Ýehowanyň bu adalatsyzlygy bilýändigi we ganhorlara şol bada höküm çykarandygy olara göwünlik berýärdi. Ýöne olaryň pesgöwünliligi we Ýehowa bolan ynamy ýene-de synalýar.
8. Ýehowanyň çykaran hökümi Ahaba nähili täsir edýär we netijede näme bolýar?
8 Ahap patyşa Ýehowanyň çykaran hökümini eşidende, «ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, agyz bekläp, julda ýatyp, uly gama batýar». Hawa, Ahap özüni kiçeldýär. Ýehowa onuň ýanyna ýene-de Ylýas pygamberi iberýär. Ahap özüni Hudaýyň öňünde kiçeldendigi üçin, Ýehowa çykaran hökümini onuň günlerinde amala aşyrmajakdygyny aýdýar (1 Pat. 21:27—29). «Ýürekleri barlaýan» Ýehowa Ahaba çäksiz rehimdarlyk bildirýär (Sül. tym. 17:3).
KIÇIGÖWÜNLILIGIŇ BERÝÄN GORAGY
9. Nabotyň dogan-garyndaşlaryna we dost-ýarlaryna näme üçin kiçigöwünlilik gerekdi?
9 Ahaba çykarylan hökümiň ýatyrylmagy onuň eden jenaýaty barada bilýän adamlara nähili täsir etdikä? Bu ýagdaý sebäpli Nabotyň dogan-garyndaşlarynyň we dost-ýarlarynyň imany synalan bolmaly. Olara Ýehowanyň adalatsyzlyk etmeýändigine doly ynanyp, Oňa wepaly gullugyny dowam etmek üçin kiçigöwünlilik gerekdi (Kanun taglymaty 32:3, 4-nji aýatlary okaň)b. Nabot, onuň ogullary we dogan-garyndaşlary gelejekde dogry adamlar bilen bile direlende, Ýehowanyň adalatyny kämil derejede bildirýändigini görerler (Eýp. 14:14, 15; Ýah. 5:28, 29). Galyberse-de, kiçigöwünli adam hak Hudaýyň «her bir işi, gizlin bolan her işi — isle ýagşy bolsun, isle ýaman» höküm etjekdigine düşünýär (Wag. 12:14). Hawa, Ýehowa höküm çykaranda, biziň bilmeýän zatlarymyzy hem göz öňünde tutýar. Görşümiz ýaly, kiçigöwünli bolmak örän wajyp, sebäbi bu häsiýet adamy ruhy heläkçilikden goraýar.
10, 11. a) Haýsy ýagdaýlarda biziň imanymyz synalmagy mümkin? b) Kiçigöwünlilik bizi nädip gorar?
10 Eger siz ýaşulularyň gelen kararyna düşünmeseňiz ýa-da onuň bilen razylaşmasaňyz näme edersiňiz? Aýdaly, siz ýa-da ýakyn adamlaryňyzyň biri ýygnakda hormatly borjuny ýitirýär. Ýa-da ýanýoldaşyňyz, ogul-gyzyňyz, ýa ýakyn dostuňyz gatnaşykdan kesilýär, sizem munuň bilen razylaşmaýarsyňyz. Mümkin, siz bir günäkäre bildirilen rehimdarlygy nädogry hasaplaýansyňyz. Şeýle ýagdaýlarda biziň Ýehowa bolan imanymyz we onuň guramasyndaky tertip-düzgüne bolan garaýşymyz synalyp biler. Eýsem, kiçigöwünlilik bizi nädip gorar? Geliň, iki ýagdaýa seredeliň.
Eger ýaşulularyň gelen karary bilen razylaşmasyňyz näme edersiňiz? (10, 11-nji abzaslara serediň)
11 Birinjiden, kiçigöwünli bolsak, biz ähli jikme-jiklikleri bilmeýändigimizi boýun alarys. Aslynda, bu mesele bilen bagly näçe köp bilýänem bolsak, adamyň ýüregini diňe Ýehowa görýändir (1 Şam. 16:7). Bu bizi pesgöwünli bolmaga, mümkinçiligimiziň çäklidigini boýun almaga we garaýşymyzy özgertmäge höweslendirer. Ikinjiden, kiçigöwünlilik bize Ýehowa tabyn bolup, adalatsyzlygy öz wagtynda düzedýänçä, oňa sabyrly garaşmaga ýardam eder. Bir akyldar adam: «Hudaýdan gorkýanlaryň gowulyk görjekdigini bilýärin... Emma pis adam gowulyk görmez... onuň ömri uzalmaz» diýip ýazdy (Wag. 8:12, 13). Dogrudan-da, kiçigöwünlilik ähli ýagdaýlarda ruhy garaýşy saklamaga kömek edýär (1 Petrus 5:5-i okaň).
IKIÝÜZLI BOLMAŇ
12. Biz haýsy waka serederis we näme üçin?
12 Geliň, indi I asyrda Siriýanyň Antiohiýa şäherinde mesihçiler bilen bolan waka seredeliň. Bu bize diňe bir kiçigöwünli bolman, eýsem, başgalary ýürekden bagyşlamagyň wajypdygyna düşünmäge kömek eder. Şeýle-de bagyşlamak babatda özümizi barlamaga we munuň Ýehowanyň adalatlylygy bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny bilmäge ýardam eder.
13, 14. Petrus resula nähili hormatly ýumuşlar ynanyldy we ol nädip batyrgaý hereket etdi?
13 Petrus resul mesihçiler ýygnagynyň abraýly ýaşulularynyň biridi. Ol hut Isanyň ýanynda bolupdy we oňa köp jogapkärli ýumuşlar ynanylypdy (Mat. 16:19). Meselem, b. e. 36-njy ýylynda Petrus Korneliýe we onuň öý-içerisine hoş habary wagyz etmek hormatyna eýe bolýar. Bu örän ähmiýetli wakady, sebäbi Korneliý özge milletli we sünnetlenmedik adamlaryň arasyndan ilkinji bolup mesihçiler dinini kabul edipdi. Oňa we öý-içerisine mukaddes ruh inende, Petrus: «Bu adamlar hem biziň ýaly mukaddes ruhy aldylar. Eýsem, kim olara suwa çümdürilmäge päsgel berip biler?» diýdi (Res. iş. 10:47).
14 B. e. 49-njy ýylynda resullar we ýaşulular sünnetlenmek barada ýüze çykan meseläni çözmek üçin Iýerusalimde ýygnanyşýarlar. Duşuşykda Petrus şondan birnäçe ýyl öň özge milletden bolan adamlara mukaddes ruhuň inendigini batyrgaýlyk bilen gürrüň berýär. Petrus muny öz gözleri bilen görüpdi. Şol sebäpli onuň getiren subutnamasy I asyrdaky ýolbaşçylyk maslahatyna dogry karara gelmäge kömek etdi (Res. iş. 15:6—11, 13, 14, 28, 29). Ýehudylaram, özge milletli mesihçilerem Petrusyň aýdanlary bilen ylalaşýarlar. Ruhy taýdan ýetişen şeýle mesihçiniň bardygy uly bereketdi! (Ýew. 13:7).
15. Petrus Siriýanyň Antiohiýa şäherindekä nähili waka boldy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
15 Şondan biraz wagt geçensoň, Petrus resul Siriýanyň Antiohiýa şäherine baryp, ol ýerdäki özge milletden bolan mesihçiler bilen gürrüňdeşlik edýär. Olar Petrus resuldan köp zatlary öwrenendirler. Birdenkä, Petrus olar bilen iýip-içmegini bes edýär. Bu ýagdaý olary geň galdyrýar we lapykeç edýär. Beýleki ýehudylar, hatda Barnabas hem onuň täsirine düşýär. Ýygnagyň tejribeli ýaşulusyny ikiýüzlülik etmäge näme iterdikä? Onuň özüni alyp barşy ýygnakda bölünişigiň döremegine eltip bilerdi. Eger ýaşuly sözi ýa-da özüni alyp barşy bilen biziň göwnümize degen bolsa, Petrus bilen bolan wakadan näme öwrenip bileris?
16. Petrusa nähili düzediş berildi we nähili soraglar ýüze çykýar?
16 Galatýalylar 2:11—14-nji aýatlary okaň. Petrus resul adamdan gorka ýol berýär (Sül. tym. 29:25). Ol başda Ýehowanyň islegine laýyk hereket etse-de, Iýerusalimdäki ýygnakdan sünnetlenen ýehudylar gelende, gorkup, özüni başgaça alyp barýar. B. e. 49-njy ýylynda Iýerusalimde geçirilen duşuşykda Pawlus resul hem bardy. Pawlus resul Antiohiýada Petrusyň ikiýüzlilik edýändigini görüp, oňa düzediş berýär (Res. iş. 15:12; Gal. 2:13). Eýsem, Petrusyň ikiýüzlüligi özge milletli mesihçilere nähili täsir etdikä? Olar büdredilermi? Petrus goýberen ýalňyşy üçin hormatly borçlaryny ýitirermi?
ÝÜREKDEN BAGYŞLAŇ
17. Ýehowanyň geçirimliligi Petrusa nähili bereket getirdi?
17 Petrus Pawlus resulyň beren düzedişini kabul eden bolmaly. Sebäbi Ýazgylarda onuň hormatly borçlaryny ýitirendigi aýdylmaýar. Gaýtam, şol wakadan soň, ol Hudaýyň ylhamy bilen ýygnaklara öz adyny göterýän iki sany hat ýazýar. Ol ikinji hatynda Pawlusa «söýgüli doganymyz» diýýär (2 Pet. 3:15). Petrusyň ikiýüzlüligi özge milletli mesihçilere agyr degenem bolsa, ýygnagyň başy Isa ol arkaly köp işleri edýärdi (Efes. 1:22). Şeýlelikde, ýygnagyň agzalarynyň ýürekden bagyşlamak babatda Isanyň we onuň Atasy Ýehowanyň göreldesine eýermäge mümkinçiligi boldy. Hawa, bikämil adamyň goýberen ýalňyşlygy sebäpli hiç kim büdremedik bolsa gerek!
18. Biz haýsy ýagdaýlarda Ýehowanyň adalatlylygyndan görelde alyp bileris?
18 I asyrdaky ýaly şu günlerem mesihçiler ýygnagynyň ýaşululary bikämil. Aslynda, «biziň ählimiz köp ýalňyşýarys» (Ýak. 3:2). Munuň şeýledigine garamazdan, dogan-uýalar bikämillik zerarly göwnümize degende, agyr degmegi mümkin. Şeýle ýagdaýda siz Ýehowanyň adalatlylygyndan görelde alarsyňyzmy? Eger ýaşuly biraz tarapgöýlük etse näme? Ýa-da bir zadyň anygyna ýetmän maslahat berse, göwnüňize alarsyňyzmy? Ol ýaşuly bolmaga mynasyp däl diýmegiň deregine, ýygnagyň başy Isa sabyrly garaşarmysyňyz? Siz ähli zady, meselem, doganyň ençeme ýyldan bäri Ýehowa wepaly gulluk edýändigini göz öňünde tutarmysyňyz? Eger göwnüňize degen dogan ýaşuly bolup gulluk etmegini dowam etse ýa-da oňa goşmaça borçlar berilse, onuň şatlygyny paýlaşarmysyňyz? Eger biz başgalary ýürekden bagyşlasak, Ýehowanyň adalatlylygyndan görelde alyp bileris (Matta 6:14, 15-nji aýatlary okaň).
19. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?
19 Adalaty söýýän adamlar Şeýtanyň we zalym dünýäniň täsiri bilen ýaýran ähli adalatsyzlygy Ýehowanyň doly aýyrjak wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar (Işaýa 65:17). Şol döwür gelýänçä, geliň, mümkinçiligimiziň çäklidigini kiçigöwünlilik boýun alalyň we özümize garşy günä eden adamlary bagyşlap, Ýehowanyň adalatlylygyndan görelde almagy berk ýüregimize düweliň!
a 1 Patyşalar 21:1 Biraz wagtdan soň başga wakalar bolup geçdi. Ýizregel galasynda Samariýa patyşasy Ahabyň köşgüniň ýanynda ýizregelli Nabotyň üzümçiligi bardy. 2 Bir gün Ahap Nabota: «Maňa gök önüm ekmäge ýer bolar ýaly üzümçiligiňi maňa ber, çünki seniň üzümçiligiň meniň köşgüme ýakyndyr. Men onuň deregine saňa ondan has oňat bag bereýin. Eger isleseň, men saňa onuň bahasyny kümüş bilen töläýin» diýdi. 3 Emma Nabot Ahaba: «Ata-babalarymdan galan mirasy saňa bermekden Hudaý saklasyn!» diýdi.
b Kanun taglymaty 32:3 Çünki Rebbiň adyny jar ederin. Beýikdigi üçin Hudaýymyzy öwüň! 4 Ol Gaýadyr, işleri kämildir. Bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.