MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Siz hem wagyzçy, hem mugallym bolup bilersiňiz!
Ilkibaşda Musa pygamber Ýehowany tabşyran işini ýerine ýetirip bilmerin diýip gorkdy (2Ms 4:10, 13). Sizde-de şeýle bolupdymy? Siz Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçýärsiňizmi? Öýden-öýe wagyz edip bilermikäm diýip alada galýarsyňyzmy? Ýaş bolsaňyz, mekdepde wagyz edip bilmerin diýip gorkýarsyňyzmy? Ýa-da wagzyň beýleki görnüşlerine gatnaşmaga çekinýärsiňizmi? Onda Ýehowadan mukaddes ruhy arkaly güýç hem batyrgaýlyk bermegini diläň (1Pe 4:11). Ýehowa size ýumuş tabşyransoň, kömek etjekdigine hem ynamly boluň (2Ms 4:11, 12).
«„BATYRGAÝ BOLUŇ!“ — WAGYZÇYLAR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Haruka Aoýama uýamyzyň nähili kynçylygy bardy?
Ol gorkman batyrgaý bolar ýaly näme etdi? (Ýer 20:7—9).
Uýamyz Ýehowa has köp gulluk etmek bilen nämä göz ýetirdi?
Ýehowa size-de wagyz gullugy bilen bagly haýsy kynçylyklardan geçmäge kömek edip biler?