«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
Iýun 1—7
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 44, 45
«Ýusup doganlaryny bagyşlady»
«Men näme, Hudaýmy?»
Ýusup doganlaryny duzaga düşürdi. Ýusup doganlarynyň yzyndan adam ugradyp, olary pal atýan käsesini ogurlamakda aýyplady. Käsäni Benýaminiň horjunyndan tapanlarynda, doganlarynyň ählisini Ýusubyň ýanyna getirdiler. Aslynda, ol doganlarynyň gowy tarapa üýtgändigine göz ýetirmek isledi. Şonda Ýahuda hemmesiniň adyndan gürledi. Ol Ýusubyň bagyşlamagyny diläp, 11 dogany bilen Müsürde gul bolup galjakdygyny aýtdy. Ýusup diňe Benýamini alyp galjakdygyny, beýleki doganlarynyň bolsa, gitmelidigini aýtdy (1 Musa 44:2—17).
Şonda Ýahuda janygyp Benýamin hakda şeýle diýdi: «Ol ejesinden galan ýalňyz perzent. Kakam körpämizi gowy görýär». Şu sözler Ýusuba hasam täsir eden bolmaly, sebäbi ol Ýakubyň söýgüli aýaly Raheliň uly ogludy. Rahel Benýamini dogranda aradan çykypdy; şol sebäpli kakasy ýaly Ýusubyň hem ejesi bilen bagly ähli ýakymly ýatlamalar ýadynda galandyr. Şonuň üçinem Ýusup Benýamine hasam mähirli garandyr (1 Musa 35:18—20; 44:20).
Ýahuda Benýamini gul etmezlik üçin Ýusuba ýalbardy. Ol hatda Benýaminiň ornuna gul bolmaga-da taýyndygyny aýtdy. Soňra ol ahy-nala bilen: «Körpäni bärde goýup gitsem, kakamyň ýüzüne nädip seredeýin? Hasrat çekişini görmäge neneň çydaýyn?!» diýdi (1 Musa 44:18—34). Ine, şu sözlerden Ýahudanyň hasam gowy adam bolandygy görünýär. Ol diňe bir ökünmän, eýsem, duýgudaşlygyny, janaýamazlygyny we mähirliligini görkezdi.
Ýusup mundan artyk çydamady; ol duýgusyny saklap bilmedi. Ýusup hyzmatkärlerine daşary çykmagy buýrup, şeýle bir ses edip aglady welin, hatda onuň agysy faraonyň köşgüne-de baryp ýetdi. Ahyrsoňy, ol özüni doganlaryna tanadyp: «Men... iniňiz Ýusup» diýdi. Ýusup aňk-taňk bolup duran doganlarynyň hemmesini gujaklap, olary bagyşlandygyny aýtdy (1 Musa 45:1—15). Şeýdip, ol hemişe bagyşlamaga taýyn Ýehowa Hudaýdan görelde aldy (Zebur 86:5). Bizem Ýusup ýaly bagyşlaýarysmy?
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Ýakany ýyrtmak»
Ýakany ýyrtmak
Ysraýyllar we beýleki Gündogar halklary dogan-garyndaşlarynyň ölüm habaryny eşidenlerinde, eşiginiň ýakasyny ýyrtýardylar; bu olaryň gaýgy-hasrat çekýändigini aňladýardy. Köplenç eşigi ýakasynyň açylýan ýerinden ýyrtýardylar, ony soňam geýip bolar ýaly, ýakasyndan aşaklygyna biraz ýyrtýardylar.
Mukaddes Kitapda ilkinji gezek Ýusubyň iň uly dogany Rubeniň ýakasyny ýyrtandygy aýdylýar. Ol Ýusubyň guýuda ýokdugyny bilip, ýakasyny ýyrtdy-da: «Inimiz ýok! Işim gaýtdy, indi nätsemkäm?!» diýip gygyrdy. Nowbahar ogul hökmünde Ruben inisi Ýusup üçin özüni jogapkär hasaplaýardy. Ýusubyň ölendigini aýdanlarynda, kakalary Ýakup-da dady-perýat edip ýakasyny ýyrtyp, biline jul orap ýas tutdy (1Ms 37:29, 30, 34); şeýle-de Müsürde inisi Benýamine ogry diýip töhmet atanlarynda, doganlary gaýga batyp ýakalaryny ýyrtdylar (1Ms 44:13).
w04 15/8 sah. 15, abz. 15
Sebäpsiz ýere ýigrenýärler
15 Bizi sebäpsiz ýere ýigrenýän adamlara erbet garaýyşda bolmazlyga näme kömek edip biler? Biziň esasy duşmanymyzyň Şeýtan we onuň jynlarydygyny ýatdan çykarmalyň (Efesliler 6:12). Hawa, bizi bilgeşleýin yzarlasalar-da, köp adamlar ähli zadyň anygyna ýetmän ýa-da başgalaryň gepine gidip, Hudaýyň halkyny yzarlaýarlar (Danyýar 6:4—16; 1 Timoteos 1:12, 13). Ýehowa «ähli adamlaryň halas bolmagyny we hakykat barada dogry bilim almagyny isleýär» (1 Timoteos 2:4). Şonuň üçinem öňki garşy çykan adamlar häzir biziň dogan-uýalarymyz boldy, sebäbi olar biziň aslynda nähili adamdygymyza göz ýetirdiler (1 Petrus 2:12). Şeýle-de Ýakubyň ogly Ýusubyň mysaly hem bize gowy görelde. Doganlary Ýusuba garşy zalymlyk etse-de, ol ar aljak bolmady. Ýusup näme üçin ar almadyka? Sebäbi Ýusup durmuşyndaky ähli ýagdaýlara Ýehowanyň gatnaşandygyna we şol kynçylyklaryň üsti bilen öz niýetini amala aşyrandygyna düşünýärdi (1 Musa 45:4—8). Biziňem adalatsyz yzarlanmagymyz Ýehowanyň adynyň şöhratlandyrylmagyna goşant goşup biler (1 Petrus 4:16).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
1 Musa 44:5, 15-nji aýatlardan görnüşi ýaly, Ýusup pal atmak üçin ýörite kümüş käse ulanýardymy?
Ýusubyň pal atandygy hakda hiç hili subutnama ýok.
Mukaddes Kitapdan bilşimiz ýaly, Ýusup gelejegi bilmek ukybynyň kimdendigine gowy düşünýärdi. Faraonyň düýşlerini ýorup bermegini soranlarynda, ol birnäçe gezek gelejegi diňe Hudaýyň açyp berýändigini aýtdy. Şeýlelikde, faraon pygamberlik manysy bolan düýşüni Ýusubyň jadygöýlik ýa-da täleý ýyldyzlarynyň kömegi bilen däl-de, sežde edýän hak Hudaýynyň kömegi bilen ýorup bilendigine ynandy (1 Musa 41:16, 25, 28, 32, 39). Musa pygamberiň üsti bilen berlen Kanunda hem Ýehowa jadygöýligi we pal atmaklygy gadagan edipdi. Şeýtmek bilen, Hudaý gelejegi diňe özüniň görüp bilýändigini nygtady (5 Musa 18:10—12).
Onda Ýusup näme üçin hyzmatkärine pal atýan kümüş käsesi hakda aýtdy? (1 Musa 44:5). Munuň jogabyny bilmek üçin, käbir ýagdaýlary bilmeli.
Ýusubyň doganlarynyň ýaşaýan ýurdunda güýçli açlyk başlansoň, olar galla satyn almak üçin, Müsüre gaýtdylar. Birnäçe ýyl şondan öň olar Ýusuby gul edip satypdylar. Indi bolsa, Müsürde galla paýlamaga gözegçilik edýän Ýusuba ýalbaryp bardylar. Emma ony tanamadylar; Ýusubam özüniň kimdigini aýtmady. Ol agalaryny barlap gördi. Olaryň çyndanam eden işine ökünýändigini bilmek isledi. Ondan başga-da, Ýusup agalarynyň iň kiçi inisi Benýamini we kakalaryny gowy görýändigine ýa görmeýändigine göz ýetirmek isledi. Munuň üçin ol mekirlik etdi (1 Musa 41:55—44:3).
Ýusup doganlarynyň haltalaryny galladan doldurmagy, olaryň beren kümüş teňňelerini-de haltalaryň içine salmagy, Benýaminiňkä bolsa, öz kümüş käsesini salmagy tabşyrdy. Ýusup özüni müsürli iş dolandyryjy hökmünde tanatdy. Şol sebäpli doganlary aňmaz ýaly, ol özüni şoňa görä alyp bardy.
Ýusup doganlarynyň yzyndan ýetip, ýene-de mekirlik bilen: «Meniň ýaly adamyň pal atyp, ähli zadyň anygyna ýetjegini bilmediňizmi?» diýdi (1 Musa 44:15). Şunlukda, käse Ýusubyň ýüregine düwen niýetini amala aşyrmakda ýöne bir bahanady. Benýaminiň käsäni ogurlamaýşy ýaly, Ýusubyňam onda pal atandygy ýalan bolupdyr.
Iýun 8—14
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 46, 47
«Açlykdan halas bolmak»
w87 1/5 sah. 15, abz. 2
Açlyk döwri halas bolmak
2 Ýedi ýyl bolçulykdan soň, Ýehowanyň pygamberlik eden açlyk döwri diňe bir Müsürde däl-de, «bütin dünýäde... gitdigiçe güýjeýärdi». Açlykdan ýaňa ejir çekýän müsürliler faraonyň ýanyna çörek sorap baranlarynda, ol: «Ýusubyň ýanyna baryň, ol näme diýse, şonuň bilen boluň» diýdi. Ýusup müsürlilere gallany ilki pula satyp başlady. Pullary gutaransoň bolsa, gallany mallaryna derek çalyşdy. Ahyrynda bolsa, müsürliler Ýusubyň ýanyna gelip: «Jenabym, mellegimizi-de, özümizi-de satyn alyp, bize iýere zat ber. Faraona gul bolaly» diýdiler. Şeýlelikde, Ýusup müsürlileriň ähli ýerlerini satyn alyp, faraonyň adyna geçirdi (1 Musa 41:53—57; 47:13—20).
Patyşalyk ýer ýüzünde Hudaýyň islegini amala aşyrýar
11 Bolçulyk. Bütin dünýä ruhy açlykdan ejir çekýär. Mukaddes Ýazgylarda şeýle pygamberlik edilipdi: «Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär: „Şeýle günler geler, Men ýurda açlyk ibererin. Emma bu çörek bilen suwuň gytlygy däl-de, Rebbiň sözlerini eşitmek küýsegi bolar“» (Amos 8:11). Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary hem açlykdan ejir çekýärmi? Ýehowa öz halkynyň ýagdaýynyň duşmanlarynyňkydan düýpgöter tapawutlanjakdygyny aýdyp: «Bendelerim iýerler, siz bolsa aç bolarsyňyz; bendelerim içerler, siz bolsa suwsarsyňyz; bendelerim şatlanarlar, siz bolsa utanja goýlarsyňyz» diýdi (Iş. 65:13). Siz bu sözleriň, hakykatdanam, ýerine ýetýändigini görýärmisiňiz?
12 Bize bolluk bilen berilýän ruhy iýmiti barha çuňlaşyp, dolup-daşýan derýa meňzetse bolýar. Bu dünýädäki adamlar ruhy açlykdan ýaňa halys ysgyndan gaçsa-da, biz Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlarymyz, audio-wideoýazgylarymyz, ýygnak duşuşyklarymyz, kongreslerimiz we web-saýtymyzdaky maglumatlar arkaly ruhy iýmiti artygy bilen alýarys (Ezek. 47:1—12; Ýowel 3:18). Eýsem, Ýehowanyň bolçulyk babatda beren wadalarynyň her gün gözümiziň alnynda ýerine ýetmegi, bizi begendirmeýärmi näme?! Sizem Ýehowanyň saçagyndan yzygiderli naharlanýarmysyňyz?
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Adamyň hereketleri»
Adamyň hereketleri
Öliniň gözüne eliňi goýmak. Ýehowa Ýakuba: «Ýusup gözleriňe elini goýar» diýipdi (1Ms 46:4, çykgyt); Hudaýyň bu sözleri Ýakup ölenden soň, Ýusubyň onuň gözlerini ýapjakdygyny aňladýardy. Öliniň gözüne eliňi goýmak adatça nowbahar ogullaryň hormatly borjudy. Şeýle etmek bilen, Ýehowa nowbaharlyk hakynyň Ýusuba geçýändigini aýtjak boldy (1Tr 5:2).
nwtsty Res 7:14-e degişli maglumat
Olar 75 adamdy: Stefanus Ýakubyň Müsüre göçüp baran maşgala agzalarynyň jemi 75-e ýetýändigini aýdanda, Ýewreý ýazgylaryndan belli bir aýada salgylanmandy. Bu san Ýewreý ýazgylarynyň Masoret golýazmasynda ýokdy. 1Ms 46:26-da: «Gelinlerini hasaplamanyňda, Ýakup bilen Müsüre gelenler we ondan döränler jemi 66 başdy» diýilýär. 27-nji aýatda bolsa: «Ýakubyň Müsüre göçen hojalygy jemi 70 adam boldy» diýilýär. Şu aýatlarda adamlaryň sany tapawutlanýar. Birinji san Ýakubyň öz nesliniň sanydy, ikinji bolsa, onuň bilen Müsüre göçüp gelenleriň umumy sanydy. 2Ms 1:5 we 5Ms 10:22-nji aýatlarda Ýakubyň nesli 70 adamdan ybarat diýlip ýazylan. Stefanus hem Ýakubyň tutuş maşgalasyna degişli üçünji sany, ýagny 75-i aýdýar. 1Ms 46:20-nji aýadyň grek Septuagintasynda Ýakubyň öz ogullaryndan başga Ýusubyň ogullary Manaşa bilen Efraýymyň hem ady goşulyp ýazylan. 1Ms 46:26-njy aýatda Ýakubyň gelinleriniň sany aýrylan bolsa, käbir salgylarda goşulypdyr. Şeýlelikde, Ýakubyň maşgalasyndakylaryň umumy sany «75» bolan bolmaly. B. e. I asyrynda-da grek Septuagintasyny ýazan adamlar Ýewreý ýazgylaryndaky şol «75» sany ulanypdyrlar. Ýyllar boýy alymlar 1Ms 46:27-nji aýadyň we 2Ms 1:5-nji aýadyň grek Septuagintasynda şol «75» san getirilen diýýärdiler. Şeýle-de XX asyrda Öli deňzinden tapylan iki sany gadymy golýazmada 2Ms 1:5-nji aýatda «75» san getirilipdir. Stefanusam şol sany aýdanda, gadymy golýazmalara salgylanan bolmaly. Biz haýsy hasabyň dogrudygyny anyk bilmesegem, Stefanus Ýakubyň nesliniň umumy sanyny aýdypdy.
Iýun 15—21
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 48—50
«Gartaşanlardan köp gowy zatlary öwrenip bolýar»
it «Ýakup»
Ýakup
Ýakup ölmeziniň öňüsyrasy Ýusubyň ogullary Manaşa we Efraýyma ak pata berdi; şonda ol Hudaý tarapyn Efraýymy agasy Manaşadan ýokarda goýdy. Soňra Ýakup nowbahar ogla berilýän mirasyň iki paýyny alan Ýusuba: «Saňa beýleki ogullarymdan artyk mülk berýärin. Ony gylyjym hem ýaýym bilen amorlardan basyp aldym» diýdi (1Ms 48:1—22; 1Tr 5:1). Ýakup Şekemiň golaýyndaky ýeri Hamor ogullaryndan satyn alypdy (1Ms 33:19, 20); Ýusup babatda aýdan pygamberligi Ýakubyň imanynyň berkdigini subut edýärdi. Şol sebäpli ol gelejekde Ýusubyň nesliniň Kengany basyp aljakdygyny aýdanda, şol ýeri eýýäm basyp alan ýaly pygamberlik etdi (serediň: AMORLAR). Ýusubyň mirasdan iki paý aljak ýeri Efraýym we Manaşa tireleriniň miras almaly ýerleridi.
it «Soňky günler»
Soňky günler
Ýakubyň soňky pygamberligi. Ýakup ogullaryna: «Hemmäňiz ýygnanyň, size gelejekde nämeleriň garaşýanyny aýdaýyn» ýa-da «soňky günlerde» (başga terjimelerde) diýmek bilen, aýdan sözleriniň haçan ýerine ýetjekdigini göz öňünde tutupdy (1Ms 49:1). Şondan iki asyr öň Ýehowa Ýakubyň atasy Ybrama (Ybraýyma) nesliniň 400 ýyl gulçulykda ejir çekjekdigini aýdypdy (1Ms 15:13). Şeýlelikde, Ýakubyň aýdan «soňky günleri» nesliniň sütem çekjek 400 ýyl gutarandan soň başlan döwri öz içine alýar (1 Musa 49-njy baba degişli maglumaty giňişleýin bilmek üçin, Ýakubyň ogullary hakdaky makalalara serediň). Şeýle-de Ýakubyň şol pygamberligi geljekki Hudaýyň ruhy Ysraýylynda-da ýerine ýetmelidi (Gal 6:16; Rim 9:6).
Garrylar — ýaşlar üçin bereket
10 Şeýle-de garry dogan-uýalar imandaşlaryna gowy täsir edip biler. Garrylyk çagynda Ýakubyň ogly Ýusubyň eden bir iman işi özünden soňky ýaşan hakyky sežde edijileriň millionlarçasyna güýçli täsir edýär. Ýusup «öz süňkleri hakda buýruk berende», ýagny ysraýyllylar ahyrsoňy Müsüri terk edip gidenlerinde, ýanlary bilen süňklerini alyp çykmagy tabşyranda, 110 ýaşyndady (Ýewreýler 11:22; Barlyk 50:25). Bu tabşyryk Ýusubyň ölüminden soňra başlan agyr gulçulyk ýyllarynda ysraýyllylar üçin umyt şöhlesi bolýar we olary gutulyşyň hökman geljekdigine ynandyrýar.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
w04 1/6 sah. 15, abz. 4, 5
Hudaýy şöhratlandyrýanlar bereket aldylar
4 Tutuş ysraýyl halky wada berlen ýurda girmezden öň, gad taýpasy Iordanyň gündogarynda mal-gara bakmak üçin amatly ýerde mesgen tutmaga rugsat sorady (4 Musa 32:1—5). Ýöne olar bärde ýaşamak üçin köp kynçylyklara döz gelmelidi. Günbatarda ýaşaýan taýpalara duşmanlardan goranar ýaly, Iordan derýasynyň özi bir gorag bolup durýardy (Ýuşa 3:13—17). Jorj Smitiň «Mukaddes topragyň taryhy geografiýasy» atly kitabynda Iordanyň gündogaryndaky ýurtlar barada şeýle diýilýär: «(Olar) Arabystanyň tekiz belentliginde hiç hili goragsyz uzalyp gidýärdi. Şol sebäpli hemme döwürde-de göçüp-gonup ýörän açgöz çarwa halklar olaryň üstüne çozup, her ýyl diýen ýaly öri meýdanlary elinden alýardylar».
5 Gad taýpasy hemişe dowam edip durýan garşylyklara nädip döz gelip bilerkä? Birnäçe asyr mundan ozal olaryň nesilbaşysy Ýakup ölmezinden öň: «Gadyň üstüne talaňçylar çozar, ol bolsa gaýtawul berip, yzlaryndan kowalar» diýip pygamberlik edipdi (1 Musa 49:19). Ilkibaşda bu pygamberlik gorkunç bolup görünse-de, gadlaryň gaýtawul berjegi hem aýdylýar. Gadlaryň duşmanlaryna gaýtawul berip, olaryň yzlaryndan kowalap masgaralajakdyklaryny Ýakup ynamly aýdypdy.
it «Benýamin»
Benýamin
Ýakup ölüm ýassygynda ýatyrka, Benýaminiň nesliniň ökde söweşiji boljakdygyny pygamberlik edipdi. Ol söýgüli ogly hakda şeýle diýdi: «Benýamin awuny parçalaýan möjek ýaly bolar. Irden awuny ýalmap-ýuwudyp, agşam oljasyny paýlaşar» (1Ms 49:27). Benýaminleriň söweşijileri mergenligi bilen tapawutlanýardylar. Olaryň sag elinde ýa-da çep elinde zyňan ýylmanak daşlary «saçyň taryna degmän» geçmezdi (Ser 20:16; 1Tr 12:2). Eglon patyşany çep eli bilen öldüren Ehut kazy hem benýaminlerdendi (Ser 3:15—21). Şeýle-de «irdenki» ilkinji ysraýyl patyşasy «iň kiçi» taýpa bolan benýamin taýpasyndandy. Ol patyşa Benýaminiň neslinden bolan Kişiň ogly Şawuldy we ol piliştlileri derbi-dagyn edipdi (1Şm 9:15—17, 21). Edil şonuň ýaly, «agşam» bolsa, benýaminlerden bolan şa aýaly Ester bilen baş wezir Mordekaý Pars imperiýasynyň golastyndaka ysraýyllary ölümden halas etdiler (Est 2:5—7).
Iýun 22—28
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 1—3
«Men Kim bolaýyn diýsem, Bolýandyryn»
Ýehowanyň beýik adyny şöhratlandyryň!
4 Musa 80 ýaşyndaka Hudaý oňa şeýle wajyp tabşyryk berdi: «Sen... ysraýyllary Müsürden alyp gaýtmaly» (Müs. çyk. 3:10—12). Musa Hudaýa hormat bilen ýüzlenip, Oňa wajyp sorag berdi: «Eger men ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni siziň ýanyňyza ata-babalaryňyzyň Hudaýy iberdi“ diýsem, olar hem: „Onuň ady näme?“ diýip sorasalar, men olara näme jogap bereýin?» (Müs. çyk. 3:13). Hawa, aslynda, Musa Hudaýdan: «Seniň adyň näme?» diýip sorady. Hudaýyň ady öňden bäri bellidi, onda Musanyň soragyna nähili düşünmeli? Elbetde, ol bu ady göterýän şahsyýet barada köpräk bilmek isledi, ýagny Hudaýyň hökman azat etjekdigine ynandyrar ýaly, halka deliller gerekdi. Musanyň biynjalygyna düşünse bolýar, çünki ysraýyllylar ençeme ýyldan bäri gulçulykdadylar. Olar ata-babalarynyň Hudaýynyň azat edip biljekdigine geň galan bolmaly (Müs. çyk. 3:14, 15). Galyberse-de, ysraýyllylaryň käbiri Müsür taňrylaryna sežde edýärdiler (Ezek. 20:7, 8).
kr sah. 43, çarçuwa
HUDAÝYŇ ADYNYŇ MANYSY
ÝEHOWANYŇ ady «bolmak» diýmegi aňladýan ýewreý işliginden gelip çykýar. Alymlaryň käbiri Hudaýyň adyny şol ýewreý işliginiň ýükletme derejesi hasaplaýarlar. Şol sebäpli köp adamlar Hudaýyň adynyň «Boldurýar» diýmegi aňladýandygyna göz ýetirdiler. Bu söz Ýehowany Ýaradyjy hökmünde gowy suratlandyrýar. Hawa, ähli zady boldurýan Hudaý Älem-jahany, perişdelerdir ynsanlary ýaratdy. Şeýle-de ol islegini we niýetini amala aşyrmagyny dowam edýär.
Onda Müsürden çykyş 3:13, 14-nji aýatlardaky Musa pygamberiň soragyna Ýehowanyň beren jogabyna nähili düşünmeli? Musa: «Eger men ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni siziň ýanyňyza ata-babalaryňyzyň Hudaýy iberdi“ diýsem, olar hem: „Onuň ady näme?“ diýip sorasalar, men olara näme jogap bereýin?» diýdi. Ýehowa oňa: «Men kim bolmak islesem bolaryn» diýip jogap berdi.
Üns beren bolsaňyz, Musa pygamber Ýehowanyň adyny soramady. Musa pygamber bilen ysraýyllylar eýýäm Hudaýyň adyny bilýärdi. Musa Ýehowanyň nähili Hudaýdygyna gowy düşünmek üçin, olaryň imanyny berkitjek nämedir bir zady görkezmegini we adynyň manysyny aýan etmegini isledi. Ýehowa oňa: «Men kim bolmak islesem bolaryn» diýip jogap bermek bilen, öz şahsyýetiniň wajyp aýratynlygyny aýan etdi: Hudaý niýetini amala aşyrmak üçin islendik ýagdaýda kim bolaýyn diýse, bolup bilýär. Mysal üçin, Ýehowa Musa pygamberiň hem-de ysraýyllylaryň Halasgäri, Kanun çykaryjysy we Ekleýjisi boldy, emma bu hemmesi däl. Ýehowa adamlara beren wadalaryny ýerine ýetirmek üçin kim bolmalydygyny özi çözýär. Emma Hudaýyň adynyň manysy munuň bilen çäklenmeýär. Onuň has giňişleýin manysy bar. Hudaýyň ady Ýehowanyň öz niýetini amala aşyrmak üçin ýaradan zatlaryny kim ýa-da näme bolduraýyn diýse «boldurýandygyny» hem aňladýar.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
g04 8/4 sah. 6, abz. 5
Musa pygamber hakykatdanam ýaşap geçenmi ýa-da toslama?
Müsüriň şa gyzynyň çaga almagy toslama ýaly bolup görünýär. Müsürlileriň dininde ölensoň göge gitmek üçin ýagşylyk etmelidigi hakda öwredilýärdi. Arheolog Joýz Tiltsliniň aýtmagyna görä, Müsürde aýallar erkekler bilen deň hukukly bolmak üçin göreşýärdiler. Şeýle-de olar ähli hukuklardan deň peýdalanyp... çagany gyzlyga ýa ogullyga alyp bilýärdiler. Çagany ogullyga ýa gyzlyga almak baradaky bir gadymy golýazmada müsürli aýallaryň öz gul-gyrnaklaryny çagasy edip bilýändigi aýdylýar. Bir sözlükde aýdylmagyna görä, Musanyň ejesiniň hakyna eneke edilip tutulmagy... Mesopotamiýada ogullyga ýa gyzlyga alnanda şertnama baglaşylandygyny görkezýär.
w04 15/3 sah. 24, abz. 4
2 Musa kitabyndan peýdaly pikirler
3:1. Şugaýyp nähili ruhany bolupdyr? Gadymy döwürlerde maşgalabaşy öz maşgalasy üçin ruhany bolýardy. Şugaýyp hem midýanlaryň ýolbaşçysydy. Midýanlar bolsa, Ybraýymyň Keturadan bolan neslidi; olar hem Ýehowa sežde eden bolmaly (1 Musa 25:1, 2).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
w02 15/6 sah. 11, abz. 1—4
Müsüriň bütin baýlygyndan-da gymmatly bir zat
Musa 40 ýaşlaryndaka, eýýäm müsürliler ýalydy. Şonda «ol ýewreý doganlarynyň ýanyna baryp, olaryň agyr işden kösenýänini gördi». Musa işsiz bolandygy üçin däl-de, çyndanam olara kömek etmek isleýärdi. Ol bir müsürliniň ýewreýi urup duranyny görende, ara goşulyp, ýaňky müsürlini öldürdi. Şeýtmek bilen, ol doganlarynyň aladasyny edýändigini görkezjek boldy. Özüne buýrulan işi ýerine ýetirýärkä, öldürilen müsürli ýokary wezipeli bolan bolmaly. Musa her bir ýagdaýda faraona wepaly bolmalydy. Emma Musa adalatlylygy isleýärdi; şol wakanyň ertesi güni iki ýewreýiň urşup duranyny görende, urulýanyň tarapyny tutup adalatlylygyny görkezdi. Ol ýewreý doganlaryny agyr gulçulykdan çykarmak isleýärdi. Faraon Musanyň dönükligi hakda eşidip, öldürjek boldy. Şonuň üçinem Musa Midýan ýurduna gaçyp gitdi (2 Musa 2:11—15; Resullar 7:23—29)a.
Şol wagtlar Musa Hudaýyň halkyny gulçulykdan azat etmek islese-de, munuň üçin Ýehowanyň öz bellän wagty bardy. Musa şonda-da iman bilen hereket etdi. Ýewreýler 11:24—26-njy aýatlarda şeýle diýilýär: «Musa iman edendigi üçin ulalanda, faraonyň agtygy hökmünde tanalmak islemedi. Ol günäniň wagtlaýyn lezzetini alanyndan Hudaýyň halky bilen görgi görenini gowy gördi». Näme üçin? «Musa Hudaýyň Belläni hökmünde horluk çekmegi Müsüriň bütin baýlygyndan-da gymmat saýdy. Sebäbi ol aljak sylagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy». «Hudaýyň Belläni» diýen jümle «saýlanan mesihçiniň görgi görmegini» aňladyp, Musa pygambere degişli ulanyldy; sebäbi biraz wagtdan soň, Ýehowa oňa aýratyn bir iş tabşyrdy.
Oýlanyp görüň, Musa diňe baý müsürlilere berilýän bilimi alypdy. Onuň Müsürde tutýan orny at-abraýly wezipede oturmaga hem-de aýşy-eşretde ýaşamaga ýol açdy. Ýöne ol şol zatlaryň baryndan geçdi. Musa halkyny zalymlyk bilen ezýän faraonyň köşgünde ýaşap, şol bir wagtda Ýehowa bolan söýgüsine wepaly galyp, adalatly bolup bilmeýärdi. Ol ata-babalary Ybraýyma, Yshaga hem-de Ýakuba Hudaýyň beren wadalaryny bilýärdi we şolar hakda oýlanandygy üçin, Ýehowany razy etmegi saýlady. Şeýlelikde, Ýehowa öz niýetini amala aşyrmak üçin, Musa hormatly işleri tabşyrdy.
Biz hem durmuşda nämäniň wajypdygyny saýlamaly bolýarys. Musa pygamber ýaly, sizem wajyp kararlara gelmeli bolýansyňyz. Belki, käbir işlerden ýa-da peýda getirýän zatlardan geçmeli bolarsyňyz we muny etmek aňsat bolmaz. Durmuş ýolunda belli bir karara gelmeli bolsa, Musany ýadyňyza salyň. Ol Müsüriň baýlygyndan geçip, Hudaý bilen dost bolmagy saýlady we gelen kararyna hiç haçan ökünmedi.
Iýun 29—iýul 5
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 4, 5
«Geplän wagtyň özüm kömek ederin»
Ýehowa özüni aklaýanlara nähili garaýar?
«Meniň ukybym ýok». Belki, sen, hoş habary wagyz etmegi başarmaryn diýýänsiň. Gadymy döwürde Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň käbiri hem Ýehowanyň beren ýumşuny ýerine ýetirip bilmerin öýdýärdi. Geliň, Musa pygamberiň mysalyna seredeliň. Ýehowa oňa aýratyn ýumuş berende, ol: «Eý, Taňrym, Öz guluň bolan maňa geplemeziňden öňem, soňam hiç haçan men dilewar adam bolmadyk. Men gepe çeper däl, dilim tutuk ýaly» diýdi. Ýehowa oňa göwünlik berse-de, Musa: «Eý, Taňrym, ýalbarýaryn, şol ýere maňa derek başga birini iberäýsene» diýdi (Müs. çyk. 4:10—13). Ýehowa muňa nähili garady?
Siz «görünmez» Hudaýy görýärmisiňiz?
5 Musa Müsüre dolanmanka, Hudaý oňa bir wajyp prinsipi öwretdi. Musa bu babatda Eýýup kitabynda: «Rebden gorkmak — bu paýhasdyr» diýip ýazdy (Eýýup 28:28). Ýehowa Musanyň şeýle gorkyny ösdürip, paýhasly hereket etmegini isleýärdi. Şol sebäpli Ýehowa adamlardan tapawutlanýandygyny görkezmek üçin, oňa şeýle soraglary berdi: «Adamyň agzyny kim ýaratdy? Ony lal ýa-da ker edýän kim? Kim oňa göreç berýär ýa-da kim ony kör edýär? Bu Men Reb dälmi näme?» (Müs. çyk. 4:11).
6 Bu sözler nämäni görkezýär? Musada gorkara sebäp ýokdy, çünki ony Ýehowa iberýärdi. Musa berlen tabşyrygy berjaý edip biler ýaly, Ýehowa oňa gerekli güýç bererdi. Ol gullukçylaryny fyrownyň elinden öňem birnäçe gezek halas edipdi. Belki-de, Musa Ýehowanyň Ybraýymy, Ýusuby we onuň özüni-de fyrownlaryň elinden gutarandygy barada oýlanandyr. Hawa, Gudratygüýçli Ýehowa fyrowndan has beýikdir (Gel. çyk. 12:17—19; 41:14, 39—41; Müs. çyk. 1:22—2:10). Musa «Görünmez» Hudaýa iman edip, batyrgaýlyk bilen fyrownyň öňünde Ýehowanyň her bir sözüni yglan edýär.
Ýehowa özüni aklaýanlara nähili garaýar?
Ýehowa bu ýumşy başga birine bermedi. Musa bu ýumşy ýerine ýetirip biler ýaly, Ýehowa Haruny kömekçi edip belledi (Müs. çyk. 4:14—17). Hudaýyň beren ýumşuny Musa gowy berjaý eder ýaly, Ýehowa birnäçe ýylyň dowamynda ony goldap, kömek etdi. Şu günler Ýehowa tejribeli mesihçiler arkaly saňa-da gulluk etmäge kömek etjekdigine ynanyp bilersiň. Hudaýyň Sözünde Ýehowa tabşyrygyny berjaý etmäge ukyp berýändigi hakynda ýokarda aýdylypdy (2 Kor. 3:5) («Durmuşymyň iň bagtly günleri» diýen çarçuwa serediň).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
w04 15/3 sah. 28, abz. 4
Okyjylaryň sowallary
Sefuranyň Ýehowa sen meniň bilen «gan bilen adaglandyň» diýen sözleri adaty däldi. Şol sözler Sefura hakda nämäni görkezýär? Sünnetlemek baradaky tabşyryga eýermek bilen, Sefura Ýehowa tabyndygyny görkezdi. Hudaý ysraýyllar bilen Kanun ähtini baglaşdy. Şonda Ýehowa göçme manyda är, ysraýyllar bolsa aýal hasaplandy (Ýermeýa 31:32). Şonuň üçinem Sefura Hudaýa «perişdesi arkaly» «gan bilen adaglandyň» diýmek bilen, ähtiň şertine doly boýun bolýandygyny görkezdi. Başgaça aýtsak, sünnetlenmek baradaky tabşyrykda Sefura aýal, Ýehowa bolsa är hökmünde hereket etdi. Şeýlelikde, Sefura dogumly hereket edip, Ýehowa gulak asýandygyny görkezdi we oglunyň janyny halas etdi.
it «Ýehowa»
Ýehowa
«Bilmek» diýen söz kimdir birini ýa-da nämedir bir zady tanap, onuň bardygyny bilmekden köp zady aňladýar. Akmak Nabal Dawudy tanasa-da: «Kimmiş ol Dawut?» diýip soramak bilen, «Ol özüne kimdirin öýdýär?» diýjek boldy (1Şm 25:9—11; deňeşdiriň: 2Şm 8:13). Edil şonuň ýaly, faraon hem Musa: «Aýdanyny edip, ysraýyllary goýberer ýaly, Ýehowa kimmişin? Men Ýehowany tanamok, ysraýyllary hem goýberjek däl!» diýip aýtdy (2Ms 5:1, 2). Şeýle diýmek bilen, faraon Ýehowany hak Hudaý hasaplamaýandygyny, onuň Müsüriň şasynyň üstünden hiç hili ygtyýarynyň ýokdugyny hem-de Musa bilen Harunyň yglan eden tabşyrygyny ýerine ýetirmäge mejbur edip bilmeýändigini aýtjak boldy. Emma faraon, müsürliler hem-de ysraýyllar Ýehowa adyny göterýän Hudaýyň kimdigini tanamalydylar. Ýehowanyň Musa pygambere aýdyşy ýaly, ysraýyllary azatlyga çykaryp, olara wada eden ýurduny berende, halky bilen bagly niýetini amala aşyrdy. Şeýdip, ol ysraýyllaryň ata-babalary bilen baglaşan ähtini berjaý etdi. Şol sebäpli Hudaý halkyna özi barada şeýle diýdi: «Ýehowa Hudaýyňyzdygyna... düşünersiňiz» (2Ms 6:4—8; serediň: «GUDRATYGÜÝÇLI»).
[Çykgyt]
a Musa pygamber Midýan ýurduna gaçgak bolup baranda, ejiz çopan gyzlaryny beýleki çopanlardan gorap, adalatlydygyny görkezdi (2 Musa 2:16, 17).