«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
Iýul 6—12
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 6, 7
«Indi faraony edişime seret»
it «Musa»
Musa
Ysraýyllaryň garaýşy birden üýtgedi. Ysraýyllar ilkibaşda Musanyň aýdanlaryna ynandylar, ýöne faraon olaryň işini hasam kynlaşdyranda, Musa hüňürdäp başladylar; şonda Musa alaçsyzlykdan ýaňa Ýehowa ýalbardy (2Ms 4:29—31; 5:19—23). Gudratygüýçli Ýehowa Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba beren wadasyny hökman ýerine ýetirjekdigini aýdyp, Musany güýçlendirdi. Alla ysraýyllary azatlyga çykaryp, wada edilen ýurtda beýik millet edip, adynyň manysyny doly açmak isleýändigini aýtdy (2Ms 6:1—8). Ýöne ysraýyllar Musany diňlemediler. Emma dokuzynjy jezadan soň, olar Musa ynanyp, tarapyna geçdiler. Şonuň üçinem onunjy jezadan soň, Musa ysraýyllary Müsürden «topar-topar» edip alyp çykdy (2Ms 13:18).
it «Musa»
Musa
Müsür şasynyň öňünde. Musa bilen Harun «hudaýlaryň urşunda» esasy orunda boldular. Faraon Müsüriň jadygöýleri Ýannys we Ýambrysyň üsti bilen hemme hudaýlaryny çagyryp, olaryň Ýehowadan güýçlüdigini subut etjek boldy (2Tm 3:8). Ýöne Musanyň buýurmagy bilen, Harunyň ilkinji görkezen gudraty Ýehowanyň Müsüriň ähli hudaýlaryndan gudratygüýçlüdigini görkezdi; faraon şonda-da kesirlik etdi (2Ms 7:8—13). Soňrak bolsa, üçünji jezadan soň, hatda jadygöýlerem «munda Hudaýyň eli bar!» diýmek bilen, taňrylarynyň güýçsüzdigini boýun almaly boldular. Şeýle-de olaryň endam-jany çybandan dolandygy sebäpli Musa garşy çykmak üçin faraonyň ýanyna gelip bilmediler (2Ms 8:16—19; 9:10—12).
Jezalar käbirleriniň ýüregini ýumşatsa, başgalaryňkyny bolsa gatatdy. Musa bilen Harun her jezany yglan etmek üçin, faraonyň ýanyna gelýärdiler. Musanyň jezany yglan etmegi Ýehowanyň wekili hökmünde gelendigini subut edýärdi. Ýehowanyň ady beýgelip, tutuş Müsüre ýaýrady. Hudaýyň ady sebäpli käbirleriň, ýagny ysraýyllar bilen olara goşulan müsürlileriň ýüregi ýumşady, emma faraon we onuň tarapdarlarynyň ýüregi gatady (2Ms 9:16; 11:10; 12:29—39). Müsürliler Musa bilen Harun hudaýlarymyzy kemsidýär diýmediler-de, Ýehowanyň taňrylarynyň üstünden höküm çykarýandygyna düşündiler. Dokuzynjy jezadan soň, Musa «Müsürde faraonyň emeldarlarynyň we halkyň arasynda at-abraýa eýe boldy» (2Ms 11:3).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Gudratygüýçli»
Gudratygüýçli
Ýehowa Ybraýyma Yshagyň doguljakdygyny aýdanda, «Gudratygüýçli Hudaý» (El Şaddaý) diýen titulyny ulandy. Şu wadany ýerine ýetirmek üçin, Hudaýyň güýçlüdigine ynanmaga Ybraýyma berk iman gerekdi. Hudaý Ybraýym pygamber bilen baglaşan ähtinde Yshak bilen Ýakubyň mirasdüşer boljakdygyny aýdanda, şu titulyny ulanypdy (1Ms 17:1; 28:3; 35:11; 48:3).
Şonuň üçinem Ýehowa Musa görnende: «Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba görnüp, olara özümi Gudratygüýçli Hudaý (El Şaddaý) hökmünde tanatsam-da, Ýehowa adymyň manysyny açmadym» diýdi (2Ms 6:3). Ýöne bu Musadan öň ýaşan Hudaýa wepaly adamlaryň Allanyň adyny bilmändigini aňlatmaýardy, sebäbi olar Ýehowanyň adyny köp tutýardylar (1Ms 4:1, 26; 14:22; 27:27; 28:16). 1 Musa kitabynda gadymda ýaşan şol wepaly gullukçylaryň durmuşy hakda ýazylan; «Ýehowa» ady gadymy ýewreý ýazgylarynda 172 gezek duş gelýän bolsa, Musa pygamberiň birinji kitabynda «Gudratygüýçli» diýen söz bary-ýogy 6 gezek duş gelýär. Şol wepaly adamlar Ýehowa bilen gepleşendikleri üçin, onuň «Gudratygüýçli» titulyny götermäge doly hakynyň bardygyna düşünýärdiler, emma Ýehowa adynyň manysyna doly düşünmäge mümkinçiligi ýokdy. Bir sözlükde şu barada şeýle diýilýär: «Wepaly adamlara öňki açylan hakykatlar uzak gelejekde ýerine ýetjek wadalar bilen berk baglanyşyklydy. Bu bolsa Ýahweniň ýa-da Hudaýyň (El) ähli zada hak-hukugy bolan (Şaddaý) Ýehowanyň wadalaryny ýerine ýetirmän goýmajakdygyny görkezýär. Musa pygambere ýanyp duran ýandakdan aýdylan sözler hasam täsirlidi. Hudaýyň güýji we şu wagt hem-de hemişe hereket etmegi Ýahwe adynyň ähli manysyny öz içine alýar».
it «Musa»
Musa
Özüne ynamsyzlygy üçin, Musa dereksiz saýylmady. Musa dile çeper däldigi üçin özüne ynamsyzdy. Häzirki Musa 40 ýyl mundan öň ysraýyllary öz güýji bilen halas etjek bolan Musadan düýbünden tapawutlanýardy. Ol Hudaýa şol işi ýerine ýetirip bilmejekdigini gaýta-gaýta aýtdy. Muňa Ýehowanyň gahary geldi. Emma Alla şonda-da Musany dereksiz saýmady, gaýtam, dogany Haruny oňa kömekçi edip belledi. Şunlukda, Musa Hudaýyň wekili, dogany Harun üçin bolsa «hudaý» ýaly boldy. Ýagny Harun Musanyň adyndan gepleýärdi. Olar Ysraýylyň ýaşululary, faraon bilen gepleşenlerinde, Ýehowa Musa näme etmelidigini aýdyp durdy, Musa bolsa şol tabşyryklary Haruna aýdyp durdy. Harunam faraonyň (Musanyň 40 ýyl mundan öň gaçan faraonynyň mirasdüşeri) huzurynda gürleýärdi (2Ms 2:23; 4:10—17). Soňra Ýehowa Haruna Musa ýaly «pygamber» diýdi, sebäbi Musa Hudaýyň pygamberidi, Harun bolsa, Musanyň pygamberidi. Mundan başga-da, Allanyň Musany «faraonyň üstünden Hudaý ýaly edip goýandygy» üçin, faraon onuň elindedi; şol sebäpli Müsür şasyndan gorkmaga Musada hiç hili sebäp ýokdy (2Ms 7:1, 2).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Ýehowa her güni şükür ediň
Biz Pawlus resulyň göreldesine eýerip, nädip Ýehowa şükür edip bileris? Pawlus resul ýaly Ýehowanyň biziň üçin edýän zatlary barada oýlanmaly (Zeb. 116:12). Siz Ýehowanyň haýsy bereketlerine şükür edip bilersiňiz? Mysal üçin, siz Ýehowa bilen dostlugyň gadyryny bilýärsiňizmi? Isanyň töleg gurbany arkaly günäňiz geçilýärmi? Dogan-uýalardan kimler size kynçylyklarda goldaw berdi? Elbetde, siz eziz ýanýoldaşyňyzy we eý görýän çagalaryňyzy hem ünsden salmarsyňyz. Alýan bereketleriňiziň san-sajagy ýokdur. Söýgüden doly Ýehowanyň berýän ajaýyp bereketleri barada oýlanmak üçin wagt tapsaňyz, Hudaýa ýürekden minnetdar bolarsyňyz we her gün oňa alkyş aýdarsyňyz (Zebur 92:1, 2-nji aýatlary okaň).
Biz alýan bereketlerimiz barada oýlanyp, ýürekden minnetdar bolsak, Ýehowa doga edenimizde, oňa şükür ederis (Zeb. 95:2; 100:4, 5). Adamlaryň köpüsi Hudaýa diňe bir zat gerek bolanda doga edýärler. Emma biz Ýehowanyň şükür edilýän dogalary halaýandygyny bilýäris. Mukaddes Ýazgylarda Hanna we Hizkiýa patyşa ýaly Hudaýyň gadymy gullukçylarynyň Hudaýa ýürekden şükür eden dogalary ýazylgy (1 Şam. 2:1—10; Iş. 38:9—20) Biz hem olaryň göreldesine eýerip, Ýehowanyň berýän bereketlerine şükür edip, minnetdarlygymyzy bildirip bileris (1 Sel. 5:17, 18). Munuň bize köp peýdasy bar: ruhlanýarys, Ýehowa bolan söýgimiz artýar we oňa has-da ýakynlaşýarys (Ýakup 4:8).
Iýul 13—19
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 8, 9
«Tekepbir faraon özi bilmezden Hudaýyň niýetiniň amala aşmagyna goşant goşdy»
it «Boýnuýogynlyk»
Boýnuýogynlyk
Ýehowa Hudaý ölüme mynasyp adamlara ýa-da tutuş halka sabyrly çydap, olaryň ýaşamagyna ýol berýär (1Ms 15:16; 2Pe 3:9). Netijede, käbir adamlar Hudaýyň rehimdarlygyna minnetdar bolup, muny iş ýüzünde görkezdiler (Ýuş 2:8—14; 6:22, 23; 9:3—15), başgalar bolsa, ýüregini gatadyp, öňküdenem beter Ýehowa we onuň halkyna garşy çykdylar (5Ms 2:30—33; Ýuş 11:19, 20). Alla olaryň boýnuýogyn bolmagynyň öňüni almaýar, başgaça aýdanyňda, «doňýürek» bolmagyna ýa-da «ýürekleriniň gatamagyna» ýol berýär. Emma Hudaý iň soňunda özdiýenli adamlara jeza berýär. Şeýdip, ol öz gudratly güýjüni görkezip, beýik adyny şöhratlandyrýar (2Ms 4:21; Ýah 12:40; Rim 9:14—18-nji aýatlary deňeşdiriň).
it «Erbetlik»
Erbetlik
Üstesine-de, Ýehowa öz niýetini amala aşyrmak üçin erbet adamlary hem ulanýar. Erbetler Hudaýa garşy çyksalar-da, gullukçylarynyň wepaly galmaklary üçin Ýehowa olaryň mümkinçiliklerini çäklendirip biler we şol zalym adamlar Hudaýyň dogruçyllygynyň yglan edilmegine goşant goşýarlar (Rim 3:3—5, 23—26; 8:35—39; Zb 76:10). Nakyllar 16:4-däki sözler munuň dogrudygyny subut edýär: «Ýehowa ähli zady niýetini amala aşyrmak üçin ulanýar, hatda erbet adamy hem höküm güni ýok edýär».
Ýehowa Musa bilen Harun arkaly halkyny gulçulykdan çykarmak üçin faraony hem ulandy. Ýehowa Müsür şasyny zalym etmedi-de, onuň ýaşamagyna ýol berdi; ýöne Hudaý faraonyň zalymlaşyp, ölüme höküm edilmegi üçin käbir ýagdaýlaryň bolmagyna ýol açdy. Hudaýyň näme üçin şeýle hereket edendigini 2 Musa 9:16-dan bilýäris: «Saňa güýjümi görkezmek we adymy bütin dünýä tanatmak üçin, seni diri galdyrdym».
Müsür ýurduna inen 10 jeza faraonyň we goşunynyň Gyzyl deňzinde heläk bolup, Ýehowanyň güýjüniň subut edilmegi bilen tamamlandy (2Ms 7:14—12:30; Zb 78:43—51; 136:15). Şondan ençeme ýyl geçenden soňam goňşy ýurtlar şol wakany ýatlaýardy. Şeýdibem, Ýehowanyň ady bütin ýer ýüzüne ýaýrady (Ýuş 2:10, 11; 1Şm 4:8). Hudaý faraony şol bada öldüren bolsa, ysraýyllaryň gudrat bilen halas bolşy, Allatagalanyň şöhratlandyrylmagy üçin edilen işler ýer ýüzüne ýaň salmazdy.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Siňek»
Siňek
Müsüre inen dördünji jezadaky mör-möjegi suratlandyrmak üçin ýewreýçe asyl nusgada haýsy sözüň ulanylandygy belli däl. Şol jeza ysraýyllaryň ýaşan ýeri Goşene inmedik ilkinji jezady (2Ms 8:21, 22, 24, 29, 31; Zb 78:45; 105:31). Şol mör-möjegi aňladýan «arow» sözi siňek, tomzak, çirkeý, çybyn we it peşesi diýlip terjime edilýär.
Iňlis dilindäki «siňek» sözi haýwanlary çakýan bökelek we gögeýin ýaly mör-möjekleriň ähli görnüşini öz içine alýar. Urkaçy bökelek haýwanlaryň, hatda adamlaryňam endamyna ýapyşyp, ganyny sorýar. Gögeýinler bolsa, tohum taşlaýan döwri haýwanlaryň we adamlaryň bedenine ýapyşyp, kesel döredip bilýär; şeýle kesele tropiki ýurtlarda ýaşaýan adamlar köp uçraýar. Siňekleriň çozmagy müsürlilere we mal-garalaryna köp azap çekdirip, käbir ýagdaýlarda ölüme hem getirdi.
w04 15/3 sah. 25, abz. 9
2 Musa kitabyndan peýdaly pikirler
8:26, 27. Musa näme üçin ysraýyllaryň gurbanlyklaryna müsürlileriň «halamaýan zady» diýdi? Müsürde her dürli haýwanlara çokunýardylar. Musa faraondan ysraýyllary Ýehowa gurbanlyk bermegi üçin goýbermegini sorady. Musanyň gurbanlyk sözüni agzamagy onuň talabyny haýbatly hem-de ynandyryjy edip görkezdi.
Iýul 20—26
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 10, 11
«Musa bilen Harun batyrgaýdylar»
Isanyň göreldesine eýerip, mertlik bilen wagyz ediň
Siz Musanyň faraon bilen gepleşende görkezen batyrlygy barada oýlanyp görüň. Faraon diňe bir ýalan taňrynyň wekili hasaplanman, eýsem, Ra Gün taňrysynyň ogly hasaplanýardy. Ol hem beýleki faraonlar ýaly, öz şekiline sežde eden bolmaly. Onuň her bir aýdan sözi kanundy we hökmürowanlygy çäklendirilmedikdi. Güýçli, tekepbir we keçjal faraon özüne görkezme berilse, halamaýardy. Şeýle adamyň ýanyna pesgöwünli çopan Musa birnäçe sapar bardy. Ony hiç kim çagyrmandy we onuň köşge gelenine-de hiç kim begenmedi. Musa faraona näme aýtdyka? Ol berilmeli jezalar barada aýdypdy. Musa näme talap etdi? Ol faraondan millionlarça gullary goýbermegini haýyş etdi! Şeýle ýagdaýlarda, Musa batyrgaýlyk gerek dälmidi näme?! (San. 12:3; Ýew. 11:27).
it «Musa»
Musa
Faraonyň huzuryna barmak üçin batyrgaýlyk we iman gerekdi. Musa bilen Harun diňe Ýehowanyň güýji we mukaddes ruhunyň kömegi bilen tabşyrylan işi ýerine ýetirip bildiler. Şol döwrüň iň güýçli hökümdary bolan Müsüriň faraonynyň köşgüni göz öňüne getireliň. Tagtda özüni hudaý hasaplaýan tekepbir faraon otyr. Töwereginde bolsa, wezirleri, serkerdebaşylary, janpenalary we hyzmatkärleri dur. Şeýle-de Musanyň esasy duşmanlary dini ýolbaşçylar we jadygöýlerem bardy. Olar Müsürde faraondan soň abraýly adamlardy. Şu zatlaryň bary faraonyň Müsüriň taňrylarynyň biridigini subut edýän ýalydy. Faraonyň gün-günden zalymlaşýandygyna seretmezden, Musa bilen Harun ysraýyllary ýurtdan çykarmagyny sorap, onuň huzuryna köp gezek bardylar. Emma faraon işeňňir gullaryny goýbermek islemeýärdi. Musa bilen Harun sekizinji jezany yglan edende, köşkden kowulýarlar; dokuzynjy jezadan soň bolsa, faraon Musa bilen Haruny ýene huzuryna geläýse, olary öldürjekdigini aýdýar (2Ms 10:11, 28).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
w95 1/9 sah. 11, abz. 11
Ýalan taňrylara garşy şaýatlyk
Ysraýyllar entek Müsürden çykmankalar, Ýehowa Musa: «Faraonyň ýanyna git. Men faraony we hyzmatkärlerini doňýürek etdim, sebäbi olara gudratymy görkezmek isleýärin. Senem Müsüriň başyndan inderen bela-beterlerimi, olara görkezen gudratlarymy ogullaryňa we agtyklaryňa gürrüň berersiň. Hemmäňiz meniň Ýehowadygyma göz ýetirersiňiz» diýdi (2 Musa 10:1, 2). Hudaýa wepaly ysraýyllar çagalaryna Ýehowanyň görkezen gudratlaryny aýdyp beren bolmaly. Olaryň çagalary bolsa, öz perzentlerine aýdyp berdiler. Şeýdip, Ýehowanyň eden gudratly işleri nesilden-nesle geçip, her bir ysraýyllynyň ýadynda galdy. Edil şonuň ýaly, şu günlerem her bir ene-ata çagalaryna şeýle şaýatlyk etmeli (5 Musa 6:4—7; Nakyllar 22:6).
it «Ysraýyllaryň Müsürden çykyşy»
Ysraýyllaryň Müsürden çykyşy
Ýehowa gudratly güýji bilen adyny şöhratlandyryp, ysraýyllary azatlyga çykardy. Ysraýyllar Gyzyl deňziniň gündogar tarapyna geçenden soň, Musa we hemme erkek adamlar aýdym aýdyp başladylar. Musanyň aýal dogany pygamber Merýem we beýleki gelin-gyzlar ellerine deprek alyp, tans edip başladylar. Merýem erkek adamlaryň aýdymyna jogap berip, aýdym aýtdy (2Ms 15:1, 20, 21). Indi ysraýyllar duşmanlaryndan bütinleý azat boldy. Ysraýyllar Müsürden çykanda, ne adamlar, ne-de wagşy haýwanlar olara zyýan ýetirdi, hatda olara it hem üýrmedi we hiç kim hiç zat diýip bilmedi (2Ms 11:7). 2 Musa kitabynda faraonyň goşunyny alyp, öz aýagy bilen Gyzyl deňzine baryp girendigi hakda hiç zat aýdylmasa-da, Zebur 136:15-de Ýehowa «faraony goşuny bilen Gyzyl deňizde gark etdi» diýilýär.
Iýul 27—awgust 2
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 12
«Pasha baýramy mesihçiler üçin nämäni aňladýar?»
«Sen diňe şatlanarsyň»
B. e. 33-nji ýylynyň 14-nji nisanynda Isa öldürildi. 14-nji nisan ysraýyllylar üçin şatlykly gündi, sebäbi olar şol güni Pasha baýramyny belleýärdiler. Olar her ýyl Pasha güni maşgalasy bilen şikessiz guzynyň etini iýýärdiler. Şeýlelikde, bu baýramçylyk b. e. öň 1513-nji ýylyň 14-nji nisanynda ysraýylly nowbaharlarynyň halas edilmeginde, müsürli nowbaharlarynyň perişde arkaly öldürilmeginde guzynyň ganynyň ähmiýetlidigini Ysraýyl halkynyň ýadyna salýardy (Çykyş 12:1—14). Pasha guzusy Isanyň nusgasydy, ol barada Pawlus resul: «Pashalyk guzymyz Mesih-de gurban edilendir» diýdi (1 Korintoslylar 5:7). Pasha guzusynyň gany ýaly Isanyň gany-da köp adamlary halas eder (Ýahýa 3:16, 36).
it «Pasha»
Pasha
Pashanyň bellenmeginiň köp aýratynlyklary Isada ýerine ýeten pygamberlikler bilen baglanyşyklydy. Mysal üçin, Müsürde gapyň söýelerine çalnan ganyň üsti bilen, ysraýyllar nowbaharlaryny Hudaýyň perişdesiniň elinden halas etdiler. Pawlus hem saýlanan mesihçileriň ýygnagyň nowbaharlary bolandygyny (Ýew 12:23), Mesihiň bolsa, öz ganyny döküp, olary halas edendigini aýtdy (1Sl 1:10; Efs 1:7). Pashalyk guzynyň hiç bir süňki döwülmeli däldi. Isanyňam hiç biri süňki döwülmez diýlen pygamberlik ol ölende ýerine ýetdi (Zb 34:20; Ýah 19:36). Şeýlelikde, ýewreýler asyrlarboýy Pasha baýramyny belläp gelýärler. Şu zatlar Musa pygambere berlen Kanunda ýazylyp, gelejekki zatlaryň kölegesini, ýagny Mesihiň «Hudaýyň Guzusydygyny» aňladýardy (Ýew 10:1; Ýah 1:29).
w13 15/12 sah. 20, abz. 13, 14
«Bu gün siziň üçin ýatlama güni bolar»
Ysraýyllylar çagalarynyň Pashadan wajyp sapak edinmekleri üçin, ol barada gürrüň bermelidiler. Bu nesilden-nesle dowam etmelidi. Meselem, olar Ýehowanyň öz halkyny goraýşy hakda aýdyp bilýärdiler. Bu barada eşiden çagalar Ýehowanyň hakyky we diri Hudaýdygyna hem-de Onuň öz halkynyň aladasyny edýändigine göz ýetirerdiler. Ýehowa muny ysraýyl halkyny halas edip, «müsürlileri öldürende» subut etdi.
Mesihçi ata-eneler, sizden her ýyl çagalaryňyza Pasha barada gürrüň bermek talap edilmeýär. Emma siz olara Pashada bolup geçen wakadan Hudaýyň Öz halkyny goraýandygyny öwredip bilersiňiz. Siz çagalaryňyzyň imanyny berkitmek üçin, Ýehowanyň şu günlerem Öz halkynyň Goraýjysydygyny düşündirýärmisiňiz? (Zeb. 27:11; Iş. 12:2). Muny takal okaýan ýaly däl-de, ýakymly gürrüňdeşlik edip geçirýärmisiňiz? Bu babatda tagalla etseňiz, maşgala agzalaryňyzyň ruhy taýdan ösmegine kömek edersiňiz.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Pasha»
Pasha
Müsür ýurduna inen 10 jeza, esasanam, nowbaharlaryň öldürilmegi Ýehowanyň Müsür taňrylarynyň üstünden höküm çykarandygyny aýdyň görkezdi (2Ms 12:12). Meselem, goýun Ra taňrysy üçin mukaddes hasaplanýardy. Şol sebäpli gapylaryň söýelerine Pashalyk guzusynyň ganynyň çalynmagyny müsürliler hudaýa dil ýetiren ýaly görýärdiler. Mundan başga-da, öküz hem mukaddes hasaplanýardy; öküzleriňem nowbaharlarynyň öldürilmegi Osiris taňrysy üçin agyr urgy boldy. Faraon hem özüni Ra hudaýynyň ogly hasaplaýardy. Onuň ilkinji oglunyň öldürilmegi Ra taňrysynyňam, faraonyňam güýçsüzdigini subut etdi.
it «Mukaddes ýygnak»
Mukaddes ýygnak
Ähli «mukaddes ýygnaklaryň», ýagny baýramçylyk günleriniň bir aýratynlygy adamlar agyr zähmet çekmeýärdiler. Mysal üçin, mukaddes ýygnaklaryň biri bolan Petir baýramynyň birinji we ýedinji güni barada Ýehowa şeýle diýdi: «Şol günler hiç hili iş etmäň, diňe iýjek naharyňyzy bişirip bilersiňiz» (2Ms 12:15, 16). Emma şol döwür diňe ruhanylar Ýehowa gurbanlyklary bermek bilen başagaý bolýardy (3Ms 23:37, 38). Olaryň bu hereketi her günki işleri etmezlik baradaky tabşyrygy bozdugy bolmaýardy. Şeýle baýramçylyklar ýaltalyk etmegiň däl-de, ruhy taýdan köp peýda almagyň günleridi. Her Sabat güni halk bilelikde sežde edip, görkezme alýardylar. Bir ýere ýygnanyşyp, olara Hudaýyň Sözüni okap, düşündirip, tälim berlerdi. Soňra şol ýygnanyşýan ýere sinagoga diýlip at goýuldy (Res 15:21). Sabat günleri ýa-da beýleki mukaddes ýygnaklar döwri halk agyr zähmet çekmän, doga edip, Ýaradyjysy we onuň niýetleri hakda oýlanmalydylar (serediň: ÝYGNANYŞYK).