«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
Awgust 3—9
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 13, 14
«Berk duruň-da, Ýehowanyň sizi halas edişini görüň»
Musa — berk imanly pygamber
Ysraýyllary halas etmek üçin, Ýehowa Gyzyl deňzini ikä böler diýip, Musa azda-kände oýlanandyr. Musa Allanyň öz halkyny halas etmegiň bir ýoluny tapjakdygyna şübhelenmeýärdi. Şeýle-de Musa pygamber ysraýyllaryňam muňa ynanmaklaryny isleýärdi. Mukaddes Kitapda: «Gorkmaň! Berk duruň-da, Ýehowanyň sizi halas edişini görüň» diýilýär (2 Musa 14:13). Musa ysraýyllaryň imanyny berkidip bildimi? Elbetde, Mukaddes Kitapda diňe bir Musanyň däl-de, ysraýyllaryň hem imany hakda şeýle diýilýär: «Ysraýyllar iman edendigi üçin, hamala gury ýerden ýörän ýaly, Gyzyl deňziniň içinden ýöräp geçdiler» (Ýewreýler 11:29). Musanyň imany diňe bir özüni däl-de, eýsem onuň göreldesine eýeren tutuş ysraýyl halkyny halas etdi.
Gudratygüýçli, ýöne aladaçyl
13 Müsürden çykyş 14:19—22-nji aýatlary okaň. Göz öňüne getiriň, siz Gyzyl deňzine tarap ýöräp barýarsyňyz. Yzyňyzdan bolsa, faraonyň goşuny ýetip gelýär. Siz özüňizi gapana düşen ýaly duýýarsyňyz. Birdenem, Hudaýyň sizi goramak üçin edýän zatlaryny görýärsiňiz. Müsürlileriň öňüni gara bulut gurşap alýar. Emma siziň çadyryňyzyň duran ýerini Ýehowa gudrat bilen ýagty edýär. Soňra siz Musa pygamberiň elini deňze tarap uzadandygyny görýärsiňiz. Şonda gündogardan güýçli şemal öwsüp, deňziň suwy ikä bölünýär. Siz maşgalaňyz, mal-garalaryňyz we beýleki adamlar bilen deňziň düýbüne aýagyňyzy basanyňyzda, bir üýtgeşik zady duýýarsyňyz. Deňziň içi eýmenç ýa-da gorkunç däl; ol gury hem gaty. Siz onuň içinden aňsatlyk bilen ýöräp başlaýarsyňyz. Netijede, hatda haýaljakdan ýöreýän adamlaram arkaýyn deňziň beýleki tarapyna geçýär.
Ýehowa Hudaýyňyzy unutmaň
Müsürliler söweş arabalaryny zordan sürüp barýançalar, ysraýyllar deňziň gündogar kenaryna ýetipdiler. Musa Gyzyl deňzine elini uzadanda, Ýehowa deňzi ýene öňki durkuna getirdi. Deňziň millionlarça tonna suwy faraonyň we goşunynyň üstüne indi. Olaryň ýekejesi-de diri galmady. Ysraýyllaram azat boldy! (2 Mus. 14:26—28; Zeb. 136:13—15).
Bolan waka goňşy halklary köp wagtlap gorka saldy (2 Mus. 15:14—16). Kyrk ýyldan soň, ýerihonly Rahaw iki ysraýylla: «Halkymyz sizden öler ýaly gorkýar... Müsürden gelýärkäňiz, Ýehowanyň öňüňizde Gyzyl deňzi guradandygyny... eşitdik» diýdi (Ýuşa 2:9, 10). Hatda başga dine uýýan halklaram Ýehowanyň öz halkyny azat etmek üçin eden işlerini ýatdan çykarmadylar. Şol sebäpli ysraýyllar öz Hudaýyny asla unutmaly däldiler. Munuň üçin olarda köp sebäpler bardy.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Ýol»
Ýol
Gadymy döwürde uly ýa-da şaýollary, şol sanda birnäçe esasy söwda ýollary şäherleriň hem-de Palestina şalygynyň içinden geçýärdi (4Ms 20:17—19; 21:21, 22; 22:5, 21—23; Ýuş 2:22; Ser 21:19; 1Şm 6:9, 12; 13:17, 18; serediň: ŞAÝOLY). Esasy ýol Müsürden piliştlileriň şäherleri bolan Gaza we Aşkelona tarap uzalýardy. Şeýle-de demirgazyk-gündogardan Megiddo tarap öwrülýärdi; ol ýerdenem Jelile deňziniň demirgazygynda ýerleşýän Hasora, soňra Damaska uzalyp gidýärdi. Şol Piliştden gaýdýan ýol Müsürden wada edilen ýurda barýan iň gysga ýol bolupdyr. Ýöne aladaçyl Ýehowa piliştliler üstüne çozanda, ysraýyllar gorkmaz ýaly, olary başga ýoldan äkidipdi (2Ms 13:17).
it «Ysraýyllaryň Müsürden çykyşy»
Ysraýyllaryň Müsürden çykyşy
Ysraýyl halky geçer ýaly, Ýehowa Gyzyl deňzini nirede ikä bölen bolmaly?
Ysraýyllar ikinji gezek «çölüň çetindäki Etamda» düşläninde, Ýehowa Musa ysraýyllaryň «yzlaryna öwrülip, Migdol bilen deňziň aralygyndaky Pihahirotyň» garşysynda düşlemelidigini aýtdy. Muny eşidip, faraon ysraýyllar «çölde azaşypdyr» diýip pikir edipdi (2Ms 13:20; 14:1—3). Alymlar ysraýyllar el Haj ýolundan ýörän bolmaly diýip çaklaýarlar. Şol ýoluň ady ýewreý işliginden gelip çykyp, «yza öwrülmegi» aňladýar; emma olar şol işligiň diňe bir «ugruňy üýtgetmek» ýa «sowulmak» diýmegi däl-de, eýsem, dolanmagy ýa-da aýlaw etmegi aňladýandygyny düşündirýärler. Şol alymlar ysraýyllar Sues aýlagynyň demirgazygyndan Jebel Atagyň gündogar tarapyna, aýlagyň günbatarynda uzalyp gidýän daga tarap dolanypdyrlar diýip çaklaýarlar. Dimek, duşman demirgazykdan kowalan bolsa, daş-töweregi deňiz bilen gurşalandygy üçin, ysraýyllar we olara goşulan birgiden adamlar duzaga düşerdiler.
I asyrda şu wakanyň şeýle bolandygy hakda ýewreý taryhynda hem aýdylýar (serediň: PIHAHIROT). Iň wajyby bolsa, şol waka Mukaddes Kitapda beýan edilişine gabat gelýär, emma köp alymlar şu wakanyň bolup geçendigine şübhelenýärler (2Ms 14:9—16). Mümkin, Gyzyl deňiz Sues aýlagynyň (Gyzyl deňziniň günbatar şahasy) demirgazygynda gutaran ýerinden has uzagrakda ikä bölünen bolmaly. Eger deňiz aýlagyň gutaran ýerine golaýrak bölünen bolsa, faraon bilen goşuny beýleki kenara aýlanyp baryp, ysraýyllaryň yzyndan ýetip bilerdi (2Ms 14:22, 23).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
w07 15/12 sah. 18—20, abz. 13—16
Ýehowanyň ysraýyllary Gyzyl deňzinde halas edişinden näme öwrenýäris?
13 Bu gudratly halas ediş azat bolan halka nähili täsir etdi? Musa we Ysraýyl ogullary Ýehowany şöhratlandyryp, ak ýürekden aýdym aýtdylar: «Ýehowa aýdym aýdaryn, çünki ol özüni şöhratlandyrdy... Ýehowa ebedi we mydamalyk höküm sürer!» (Çykyş 15:1, 18). Görşümiz ýaly, olar ilki bilen Hudaýy şöhratlandyrmak isleýärdiler. Şol güni Ýehowa özüniň ýokary häkimiýetini görkezdi.
14 Şunuň ýaly tolgundyryjy wakalar köp zatlary öwredýär hem-de bize teselli we umyt berýär. Meselem, biz Ýehowanyň gullukçylary nähili synaglara düşse-de, onuň kömege gelmäge taýýardygyny görýäris. Biziň islendik kynçylygymyzy çözmäge onuň güýji ýetýär. Ysraýyl üçin Gyzyl deňiz böwet bolmady, sebäbi Ýehowa güýçli gündogar ýelini turuzdy. Emma Ýehowanyň islegine görä, şol deňiz Faraonyň goşunynyň gabry boldy. Biz bu waka barada oýlanyp, mezmurçynyň: «Reb meniň bilendir; men gorkmaryn, ynsan maňa näme edip biler?» diýen sözlerine goşulyp bileris (Zebur 118:6). Şeýle-de biz Pawlus resulyň Rimliler 8:31-däki: «Hudaý bizlik bolsa, onda kim bize garşy?» diýen sözlerinden teselli alyp bileris. Hudaýyň ylhamlan bu sözleri bizde nähili ynam döredýär! Bu sözler ähli gorkymyzy we şübhämizi taşlamaga hem-de ýüregimizi umytdan doldurmaga kömek edýär. Biziň 2008-nji ýyl üçin ýyllyk aýadymyz örän ýerlikli: «Berk duruň, Ýehowanyň gutulyşyny görüň!» (Çykyş 14:13).
15 Ysraýylyň Müsür gulçulygyndan azat edilişinden ýene näme öwrenip bileris? Bu bize Ýehowa gulak asmagy we onuň ähli buýurýan zatlaryny ýerine ýetirmegi öwredýär. Ysraýyllylar Pasha taýýarlananda, Hudaýa gulak asdylar we ähli tabşyryklaryny berjaý etdiler. Olar 14-nji nisan gije öýlerinde oturdylar. Müsürden çykanda olar «söweş tertibinde» ýörediler (Çykyş 13:18). Şu günler bize «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» berýän görkezmesine eýermek örän wajyp (Matta 24:45). Biz saga ýa sola sowulmaz ýaly, yzymyzdan: «Ine ýol, şol boýunça ýöräň» diýen Hudaýyň sesine örän ünsli bolmaly (Işaýa 30:21). Uly muşakgat golaýlaşanda, megerem, biz nähili-de bolsa jikme-jik görkezme alarys. Şu kyn günlerde howpsuz ýolda ýörejek bolsak, biz Ýehowanyň wepaly gullukçylary bilen agzybirligi saklamaly.
16 Şeýle-de ýadyňyzda bolsa, Ýehowa ysraýyllylary dag bilen Gyzyl deňziň aralygyna elteni üçin, olar duzaga düşen ýaly görünýärdi. Göräýmäge ol ýerde düşelge bolup ýerleşmek uly ýalňyşlykdy. Ýöne ähli zat Ýehowanyň gözegçiliginde bolandygy sebäpli, wakanyň netijesi Hudaýy şöhratlandyrdy we halkyny halas etdi. Mümkin, şu günler biz guramada käbir soraglaryň belli bir ýol bilen çözülýändigine onçakly aýdyň düşünýän däldiris, ýöne bizde Ýehowanyň ygtybarly ýol bilen berýän görkezmesine ynanmaga doly esas bar. Käwagt bize duşmanlarymyz bagtly ýaşaýan ýaly bolup görünýär. Emma biz bolýan zatlara bir taraplaýyn baha berýäris, çünki onuň ähli sebäbine düşünip bilmeýäris. Ýehowa gerek mahaly, geçmişde Ysraýyl ogullaryny halas edişi ýaly, wakanyň gidişine täsir edip bilýär (Süleýmanyň tymsallary 3:5).
Awgust 10—16
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 15, 16
«Ýehowany aýdym aýdyp, şöhratlandyrdylar»
w95 15/10 sah. 11, abz. 11
Şu günler hak Hudaýdan näme üçin gorkmaly?
11 Müsürlileriň goşunynyň derbi-dagyn edilmegi Ýehowany öz halkynyň gözünde beýgeltdi we ady ýer ýüzüne ýaň saldy (Ýuşa 2:9, 10; 4:23, 24). Hawa, Allanyň ady beýgeldilip, müsürlileri halas edip bilmedik ýalan, güýçsüz taňrylary masgaralandy. Müsürlileriň hudaýlaryna, bikämil adama we goşun güýjüne bolan umydy puja çykdy (Zebur 146:3). Elbetde, gudratly güýji bilen halas eden hak Hudaýyna ysraýyllaryň uly hormat bilen aýdym aýtmagy geň galdyrmaýar!
w95 15/10 sah. 11, 12, abz. 15, 16
Şu günler hak Hudaýdan näme üçin gorkmaly?
15 Halas bolan ysraýyllaryň arasynda bolan bolsak, Musa pygamberiň: «Eý Ýehowa, taňrylar içinde barmy saňa taý?! Mukaddes Hudaý barmy seniň deý?! Geň-enaýy işleriň alkyşa, şöhrata mynasyp Hudaý!» diýen aýdymyna biz hem goşulardyk (2 Musa 15:11). Şeýle alkyş sözleri asyrlarboýy aýdylyp gelinýär. Mukaddes Kitabyň soňky kitabyny ýazan Ýahýa resul saýlanan mesihçiler barada şeýle diýdi: «Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar». Olaryň aýdýan aýdymy juda gowudy. Onda şeýle sözler bar: «Eý Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, işleriň beýik hem ajaýypdyr! Eý döwürleriň Patyşasy, ýollaryň dogry hem ygtybarlydyr! Eý Ýehowa, senden gorkmajak, adyňy şöhratlandyrmajak barmy?» (Ylham 15:2—4).
16 Şu günlerem göçme manyda azatlyga çykan adamlar diňe bir Hudaýyň ýaradan zatlaryny gymmat saýman, eýsem, onuň adyl kanunlaryna eýerýärler. Hudaýyň adyl kanunlaryna eýerýän ähli milletdäki adamlar ruhy taýdan azat bolup, hapa dünýäden arassalandylar. Her ýyl ahlak taýdan pese düşýän dünýäde ýüz müňlerçe adamlar Ýehowanyň arassa guramasyna goşulýarlar. Tizden Hudaý ýalan diniň we zalym dünýäniň üstünden gahar-gazaply höküm çykarar, şonda halas bolan adamlar dogrulyk höküm sürýän täze dünýäde ebedi ýaşap bilerler.
it «Saz»
Saz
Ysraýylda aýdymçylar köplenç topar bolup antifon görnüşinde, ýagny horuň iki bölegi parallel setirleri gezekleşip ýa-da ýekelikde we hor bolup gezekleşip aýdýardylar. Mukaddes Kitapda hem bu barada aýdylýar (2Ms 15:21; 1Şm 18:6, 7). Aýdymyň şu görnüşi Zeburda ýazylan birnäçe mezmurlarda-da duş gelýär. Muňa Zebur kitabynyň 136-njy baby hem mysal bolup biler. Mukaddes Kitapda Nehemýanyň günlerindäki Hudaýa minnetdarlyk aýdýan iki uly aýdym toparynyň bolandygy we olaryň Iýerusalimiň diwarlaryny dikeldiş dabarasynda gezekleşip aýdym aýdandygy görkezilýär (Neh 12:31, 38, 40—42; serediň: AÝDYM).
it «Pygamber aýal»
Pygamber aýal
Merýem Mukaddes Kitapda agzalýan ilkinji aýal pygamber. Mümkin, Ýehowa onuň aýdymynyň üsti bilen bir ýa-da birnäçe pygamberlikleri aýdan bolmaly (2Ms 15:20, 21). Aýatda görşümiz ýaly, Harun bilen Merýem Musa ýüzlenip: «Ýehowa... biz arkaly gepleşenokmy?» diýipdiler (4Ms 12:2). Ýehowa Melek pygambere ysraýyllary Müsürden çykaranda, olaryň öňünden «Musa, Harun we Merýemi» goýberendigini aýdypdy (Mik 6:4). Merýem Ýehowanyň elindäki gural bolmak hormatyna eýe bolsa-da, öz inisi Musa gulak asyp, Hudaýa tabynlygyny görkezdi. Emma Merýem çäginden çykanda, Alla oňa berk temmi berdi (4Ms 12:1—15).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Şuny bilýäňizmi?
Çölde ysraýyllara iýmit bolar ýaly, Ýehowa näme üçin bedenäni saýlady?
Ysraýyllar Müsürden çykanda, Ýehowa iki gezek olary etden doýurmak üçin, bedeneleri uçuryp getirdi (2 Musa 16:13; 4 Musa 11:31).
Bedeneler uzynlygy 18 santimetr we agramy 100 grama barabar kiçijik guş. Olar göçüp-gonup ýöreýän guş bolup, günbatar Aziýada we Ýewropada höwürtgeleýärler; demirgazyk Afrikada we Arabystanda bolsa gyşlaýarlar. Pasyl çalşanda, bedeneler topar-topar bolup, Ortaýer deňziniň gündogar kenarynyň we Sinaý ýarymadasynyň üstünden uçup geçýärler.
Bir sözlüge görä, bedeneler «ugurdaş ýeliň kömegi bilen gowy hem-de tiz uçýarlar; eger ýel ugruny üýtgetse ýa-da guşlar gaty ýadasalar, olar tutuş topary bilen ýere gaçyp, hereketsiz ýatýar eken». Bedenelere uçuşyny dowam etmäge birki gün gerek bolupdyr. Şonda olary awlamagam aňsat bolýar. XX asyryň başlarynda Müsür her ýyl 3 milliona golaý bedenäni iýmit üçin daşary ýurtlara satýardy.
Bedeneler iki sapar hem ýaz paslynda ysraýyllara iýmit edilip berlipdi. Şol döwürler bedeneler adatça, Sinaý ýarymadasynyň üstünden uçsalar-da, Ýehowa «ýel öwüsdirip», olary ysraýyllaryň düşelgesine uçuryp getirdi (4 Musa 11:31).
Okyjylaryň sowallary
Müsürden çykanlaryna köp wagt geçmänkä, ysraýyllar iýmitiň üstünde Hudaýa igenip başladylar. Şonuň üçinem Ýehowa olara gökden manna ýagdyrdy (2 Musa 12:17, 18; 16:1—5). Şonda Musa Haruna: «Küýzä bir jam manna guý-da, nesilden-nesle saklar ýaly, Ýehowanyň huzurynda goý» diýip tabşyrdy. Soňky aýada görä, «Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, Harun mannany ýadygärlik edip saklamak üçin, sandygyň (wajyp hatlar, golýazmalar saklanan sandyk bolmagy mümkin) öňünde goýdy» diýilýär (2 Musa 16:33, 34). Musa pygamber äht sandygyny ýasap, Kanun sözleri ýazylan daşlary onda goýýança, Harun mannaly küýzäni şaýatlyk sandygynyň öňünde goýýardy.
Awgust 17—23
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 17, 18
«Pespäller beýlekilere tälim berip, borçlary ynanýarlar»
Musa — aladaçyl baştutan
Musa pygamber ysraýyllary söýýärdi. Ysraýyllar hem Ýehowanyň Musany baştutan edip belländigi üçin, onuň ýanyna her dürli kynçylygy bilen barýardylar. Mukaddes Kitapda: «Irdenden agşama çenli (Musanyň) ýanyna gelip gidýänleriň yzy üzülmeýärdi» diýilýär (2 Musa 18:13—16). Göz öňüne getiriň, Musa ýanyna gelen ysraýyllaryň arzlaryny günuzyn diňleýärdi; halkam özüni ýüki ýeňlän ýaly duýýardy. Musa olary ýürekden söýendigi üçin, kömek etmekden şatlyk tapýardy.
w03 1/11 sah. 6, abz. 1
Başgalaryň ynamyny ödemek bagtly edýär
Ysraýylly erkekler jogapkärli borçlary almankalar-da, Hudaýa ýaraýan häsiýetleri görkezýärdiler. Olar Alladan gorkup, çuňňur hormat goýýardylar we Ýaradyjyny ynjytmakdan gorkýardylar. Şol adamlaryň Ýehowanyň kada-kanunlaryny ýerine ýetirmek üçin, elinde baryny edýändiklerini hemmeler bilýärdi. Olar parahorlygy ýigrenip, özleriniň ahlak kadalara berk eýerýändiklerini görkezdiler; şol sebäpli olar wezipesine buýsanmadylar. Olar halkyň ynamyna girip, öz peýdasyna ýa-da dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň peýdasyna çapmadylar.
w02 15/5 sah. 25, abz. 5
Akýürekli adamlaryň wepalylygy dogruçyllyga eltýär
Musa pespäl hem-de mylakatlydy. Musa ysraýyllara kömek edip, halys ýadanda, gaýynatasy Şugaýyp oňa peýdaly maslahat berdi; ol jogapkärli işleri göreldeli adamlara paýlap bermegi teklip etdi. Musa öz ýagdaýynyň çäklidigini boýun alyp, gaýynatasynyň maslahatyny kabul edip, akyldarlyk bilen hereket etdi (2 Musa 18:17—26; 4 Musa 12:3). Pespäl adama öz borçlaryny başgalara bermek kyn bolmaýar. Ýa-da ol ökde adamlara öz ygtyýaryny bermek bilen, at-abraýymy ýitirerin diýip gorkmaýar (4 Musa 11:16, 17, 26—29). Tersine, pespäl adam başgalaryň ruhy taýdan ösmegine kömek edýär (1 Timoteos 4:15). Biz hem şeýle edip bilerismi?
Ruhy dürdäneleri agtaryň
«Elleriň gowşamasyn!»
14 Harun bilen Hur söweşde Musanyň ellerini göni manyda göterip durdular. Emma biz başgalary goldamak we kömek etmek üçin dürli ýollary agtaryp bilýäris. Eýsem, biz kime kömek etmeli? Garrylyk, saglyk ýagdaýy, maşgala agzalarynyň garşylygy, ýekelik duýgusy bilen göreşýän ýa-da dogan-garyndaşlaryny ýitiren imandaşlarymyza kömek etmeli. Şeýle-de dürli synaglara duş gelýän ýa-da ýokary bilim almak, baýamak ýa-da kär edinmek ýaly dünýäniň «üstünligini» agtarýan ýaşlara kömek edip bileris (1 Sel. 3:1—3; 5:11, 14). Ýygnak duşuşyklarynda, wagyzda, saçak başynda ýa-da telefonda gepleşeniňizde, başgalaryň ýürekden aladasyny edýändigiňizi görkeziň.
it «Hudaýyň kitaby»
Hudaýyň kitaby
Musa pygamber kitaplaryny Hudaýyň ylhamy bilen ýazandygy üçin, olaryň din hem-de arassa sežde bilen bagly kitapdygyna şek-şübhe ýok. Musa öz islegi bilen ysraýyllaryň baştutany bolmak islemedi; şonuň üçin ol başda baştutan bolmakdan ýüz öwürdi (2Ms 3:10, 11; 4:10—14). Emma Hudaý gudratlary görkezmek üçin, Musa güýç berdi. Hatda faraonyň jadygöýleri-de Musanyň Hudaý tarapyn iberilendigini boýun aldylar (2Ms 4:1—9; 8:16—19). Görşümiz ýaly, Musa pygamberiň Hudaýyň wekili we ýazyjy bolmak kellesine-de gelmändi. Emma ol Allanyň tabşyrygyna gulak asyp, onuň razylygy bilen, ilki Hudaýyň ylhamly sözlerini aýdyp, soňam olary ýazdy. Olar hem Mukaddes Kitabyň bir bölegi (Töwrat) boldy (2Ms 17:14).
Awgust 24—30
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 19, 20
«Musa pygambere berlen on kanun size-de degişlimi?»
w89 15/11 sah. 6, abz. 1
Musa pygambere berlen on kanun size-de degişlimi?
Ýehowanyň öňündäki borjumyz ilkinji dört tabşyrykda ýazylan. Birinji tabşyryk: Ýehowa ýürekden wepaly bolmaly (Matta 4:10). Ikinji tabşyryk: Hudaýyň gullukçylary hiç hili buta ýa-da şekile çokunmaly däl (1 Ýahýa 5:21). Üçünji tabşyryk: Hudaýyň adyny biderek ýere däl-de, hemişe hormat bilen tutmaly (Ýahýa 17:26; Rimliler 10:13). Dördünji tabşyryk: ruhy işler durmuşymyz bilen berk baglanyşykly bolmaly; şeýle işler bize «sabat gününi» bellemäge, ýagny dynç almaga kömek edýär. Başgaça aýtsak, özümizi aşa dogruçyl hasaplamakdan gaça durmaly (Ýewreýler 4:9, 10).
w89 15/11 sah. 6, abz. 2, 3
Musa pygambere berlen on kanun size-de degişlimi?
Bäşinji tabşyryk: çagalar ene-atalaryna gulak assalar, maşgalasy berk bolup, Ýehowa olary patalar. «Ilkinji tabşyryk şu wada bilen baglydyr!» diýen sözler gowy ýaşaýşa umyt berýär. Onda diňe bir «şeýle etmek dogrudyr» diýilmän, eýsem «siz gowy günler görüp, uzak ýaşarsyňyz» diýilýär (Efesliler 6:1—3). Biz zalym dünýäniň «soňky günlerinde» ýaşaýarys, ýöne ýaşlar Hudaýa gulak asmak bilen ebedi ýaşaýşy miras alyp bilerler (2 Timoteos 3:1; Ýahýa 11:26).
Adamlara bolan söýgimiz bizi olara zyýan ýetirýän erbet hereketlerden, ýagny altynjy tabşyryk: adam öldürmekden, ýedinji tabşyryk: zynadan, sekizinji tabşyryk: ogurlyk etmekden we dokuzynjy tabşyryk: töhmet atmakdan saklaýar (1 Ýahýa 3:10—12; Ýewreýler 13:4; Efesliler 4:28; Matta 5:37; Nakyllar 6:16—19). Onda Hudaý biziň niýetlerimize nähili garaýar? Onunjy tabşyryk: açgöz bolmakdan gaça durmak; Ýehowa bize hemişe ýagşy niýetde bolmalydygymyzy ýatladýar (Nakyllar 21:2).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Ruhany»
Ruhany
Mesihçileriň ruhanylygy. Ysraýyllar Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýerseler, Hudaý olary «ruhanylaryň patyşalygy we mukaddes halk» etjekdigini wada berdi (2Ms 19:6). Has beýik ruhany gelýänçä, Harunyň nesli ruhany bolup gulluk etdi (Ýew 8:4, 5). Onuň ruhanylygy Kanun ähti güýçden gaçyp, ýerine täze ähtiň güýje girmegi bilen tamamlandy (Ýew 7:11—14; 8:6, 7, 13). Ilkibaşda diňe ysraýyllar Ýehowanyň ruhanysy bolup bilýärdiler; şondan biraz wagt geçensoň, şol hormata başga halklaram eýe boldular (Res 10:34, 35; 15:14; Rim 10:21).
Ýehudylaryň bary-ýogy az sanlysy Mesihi kabul etdiler; şeýdip, ýehudylaryň köpüsi Hudaýyň Patyşalygynyň ruhanysy hem-de mukaddes halk bolmakdan özlerini mahrum etdiler (Rim 11:7, 20). Ýehowa ysraýyllaryň biwepa boljakdyklaryny birnäçe asyr şondan öň Hoşeýa pygamber arkaly aýdypdy: «Siz hem meni tanamak islemediňiz. Siz indi meniň ruhanym bolmarsyňyz. Meniň kanunymy ýatdan çykaranyňyz üçin, men hem siziň ogullaryňyzy unudaryn» (Hoş 4:6). Isa-da ýehudy dini ýolbaşçylara: «Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, miwe berjek halka berler» diýdi (Mat 21:43). Emma Isa Mesih ýer ýüzünde Musanyň kanuny boýunça ýaşap, Harunyň ruhanylygynyň güýjüni ýitirmändigine düşünýärdi. Şol sebäpli ol heýwere keselinden sagaldan adamlaryna ruhanynyň ýanyna baryp, gurbanlyk bermegi tabşyrypdy (Mat 8:4; Mar 1:44; Luk 17:14).
w04 15/3 sah. 27, abz. 1
2 Musa kitabyndan peýdaly pikirler
20:5. Ýehowa näme üçin «atalaryň etmişi üçin», geljekki nesillere jeza berýär? Her bir adam öz-özüne jogap bermeli ýaşyna ýetende, eden hereketleri hem-de garaýyşlary esasynda jogapkärçilige çekilýär. Emma ysraýyllar ýalan taňrylara sežde edip başlanda, nesilleri olaryň etmişleriniň ajy miwesini datmaly boldular. Ysraýyllaryň Hudaýyna garşy edýän biwepalygy wepaly ysraýyllara-da erbet täsir etdi; şonuň üçinem, olara Ýehowa doly wepaly galmak kyn bolýardy.
Awgust 31—sentýabr 6
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 21, 22
«Ýaşaýşa Ýehowanyň garaýşy ýaly garaň»
it «Urmak»
Urmak
Ýewreýlere gulak asmaýan we gozgalaň turuzýan gul-gyrnaklaryny urmaga rugsat berilýärdi. Ýöne gul urlansoň ölse, hojaýynyna jeza berilmelidi. Emma gul birki gün ýaşasa, hojaýynyň ony öldürmek islemändigi görünýärdi. Hojaýynyň gula temmi bermäge haky bardy, sebäbi «pula satyn alypdy». Heý-de, adam satyn alan zadyny öz eli bilen ýok edermi?! Gul urlandan soň bir ýa-da birnäçe gün ýaşasa, onuň urgudan ýa-da başga sebäpden ölendigini bilip bolmaýar. Şonuň üçinem gul urlandan soň birki gün ýaşasa, hojaýynyna jeza berilmeýärdi (2Ms 21:20, 21).
Ýaşaýşy Hudaý ýaly gymmat saýýarmyň?
16 Hudaý üçin hatda dünýä inmedik çaganyň jany hem gymmatly. Gadymy Ysraýylda göwreli aýala biri zyýan ýetirip, şol aýalyň özi ýa-da çagasy ölse, Hudaý ol adamy ganhor hasaplaýardy we ol «jan ýerine jan bermelidi» (Müsürden çykyş 21:22, 23-nji aýatlary okaň). Her ýyl ençeme aýallar ýagdaýyny kynlaşdyrmajak bolup ýa-da ahlaksyz ýaşamak üçin heniz dogulmadyk çagasyny bilgeşleýin aýyrdýarlar. Göz öňüne getir, Ýehowa şeýle ýagdaýy görüp nähili gynanýandyr.
Ýehowa seniň sag-salamat bolmagyňy isleýär
Musanyň kanunyna görä, mal-garanyň ýetirýän zyýany üçin hem jeza berilýärdi. Eger öküz bir adamy süsüp öldürse, öküziň eýesi başga adamlara-da zyýan ýetirmez ýaly, ony öldürmelidi. Eýesi onuň etini iýip we başgalara satyp bilmeýärdi. Malynyň öldürilmegi onuň üçin uly ýitgidi. Eger öküziň süsekdigi öňden mälim bolup, emma onuň eýesi malyna göz-gulak bolmasa, onda näme? Şol öküz kimdir birini öldürse, öküz we eýesi öldürilmelidi. Musanyň kanunynda mal-garaňa biperwaý garamaly däldigi görkezilýärdi (Müs. çyk. 21:28, 29).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Näme üçin özüňi Ýehowa bagyş etmeli?
4 Özüňi Hudaýa bagyş etmek örän wajyp ädim, sebäbi adam öz üstüne jogapkärçilik alýar, ýagny ol beren sözünde durmaly. Özüňi Hudaýa bagyş etmegiň peýdasyny bilmek üçin, geliň, ilki bilen, jogapkärçiligiň peýdasyny bileliň. Dostlaşmak üçin özüň dost bolmaly, ýagny dostuň öňünde jogapkärçiligiňi duýmaly. Dostunyň aladasyny etmegi özüne borç hasaplaýan adam gowy dost bolýar. Mukaddes Ýazgylarda Dawut bilen Ýonatanyň ajaýyp dostlugy barada aýdylýar. Olar hatda dostlugyna wepaly bolmak barada kasam etdiler (1 Samuel 17:57; 18:1, 3-nji aýatlary okaň). Häzirki dostlar kasam etmeseler-de, jogapkärçiligini duýýan dostlaryň gatnaşygy berk bolýar (Sül. tym. 17:17; 18:24).
5 Hudaýyň Ysraýyla beren Kanunynda hem jogapkärçiligiň peýdasy görkezilýär. Meselem, eger gul hojaýynyna ömürboýy hyzmat etmek islese, onuň bilen äht baglaşmalydy. Kanunda şeýle diýilýär: «Emma gul: Men hojaýynymy, aýalymy we çagalarymy söýýärin. Men azatlyga çykjak däl diýip jar etse, hojaýyn ony Hudaýyň huzuryna getirsin. Ony gapynyň ýanyna ýa-da bosaga getirip, temen bilen gulagyny deşsin. Soň ol gul hojaýynyna ömürboýy hyzmat eder» (Müs. çyk. 21:5, 6).
it «Şah»
Şah
2 Musa 21:14-e görä, adam öldüren ganhor, hatda ruhany bolsa-da, «gurbanlyk ojagyndan» (şahdan) ýapyşyp dursa-da, ölüm jezasy berilmelidi. Ony Hudaýyň adalatly höküminden gurbanlyk ojagy-da halas edip bilmeýärdi (1Pa 2:28—34-nji aýatlary deňeşdiriň).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
w09 1/4 sah. 31
Ýehowa — ýetimleriň atasy
«Mukaddes mekanynda oturan Hudaý, ýetimleriň atasy» (Zebur 68:5). Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan şu sözler Ýehowa Hudaýyň ýetimlere biparh garamaýandygyny görkezýär. Ysraýyllara beren Kanunynda hem Ýehowanyň kakasy ýa ejesi aradan çykan çagalaryň mähir bilen aladasyny edýändigi aýdyň görünýär. Ýetimler barada Mukaddes Kitabyň 2 Musa 22:22—24-nji aýatlarynda ilkinji sapar aýdylýar.
Hudaý: «Ýetime ýowuz daraşmaň» diýip tabşyrýar (22-nji aýat). Şeýle tabşyryk diňe bir ýagşylyk däl-de, Hudaýyň buýrugydy. Kakasyz çaga goragsyz hem-de ýeter-ýetmez bolup, ejiz hasaplanýardy. Şol sebäpli hiç kim ýetime hiç hili ýamanlyk etmeli däldi. Mukaddes Kitabyň başga terjimelerinde «ýowuz daraşmak» diýen söz «kemsitmegi», «erbetlik etmegi» hem-de «peýdalanmagy» aňladýar. Ýetime ýamanlyk etmek Hudaýyň öňünde günädi. Bu näme üçin günä hasaplanýardy?
Kanunda: «Ýowuz daraşsaňyz, olar hem maňa perýat etse, dady-perýadyny hökman eşiderin» diýilýär (23-nji aýat). 22-nji aýatdaky «siz» diýen söz köplük sanda aýdylsa-da, 23-nji aýatda birlik sanda aýdylýar. Şol sebäpli Hudaýyň şu tabşyrygyna bütin halk-da, her bir adam-da gulak asmaga jogapkärdi. Göz öňüne getiriň, kakasy aradan çykan çagalar ahy-nala edende, Ýehowa başyny egip, olary diňleýär we kömege ýetişýär (Zebur 10:14; Nakyllar 23:10, 11).
Adamlar ýetime ýowuz daraşanlarynda, ol hem Hudaýa dady-perýat etse, Alla muňa nähili garaýarka? Ýehowa şeýle diýýär: «Gaharyma baryňyzy gylyçdan geçirerin» (24-nji aýat). Mukaddes Kitabyň bir sözlüginde şu aýat göni manyda «burnumdan tüsse çykar» diýlip terjime edilýär. Bu jümle güýçli gahar-gazaby suratlandyrmak üçin ulanylýar. Üns beren bolsaňyz, şu kanuny bozanlara jeza bermegi Ýehowa kazylara tabşyrmady. Ýetim çaga ýamanlyk edýän her bir adama Hudaýyň özi höküm çykarýar (5 Musa 10:17, 18).
Ýehowa şu günlerem şol garaýşyny özgertmedi (Melek 3:6). Ýetim çagalara edilen erbetlikleri Hudaý ýadyndan çykarmaýar (Ýakup 1:27). Bigünä çagalary kemsitmek — ýöne bir ýalňyşlyk däl; erbetlik edýänlere ýetimleriň Atasynyň gahar-gazaby tutaşýar. Şeýle adamlar «Ýehowanyň gazap odundan» hiç haçan gaçyp gutulyp bilmezler (Sepanýa 2:2). Olar «Biribaryň eline düşmegiň örän gorkunçdygyny» bilmeli bolarlar (Ýewreýler 10:31).
MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Näme üçin özüňi Ýehowa bagyş etmeli?
4 Özüňi Hudaýa bagyş etmek örän wajyp ädim, sebäbi adam öz üstüne jogapkärçilik alýar, ýagny ol beren sözünde durmaly. Özüňi Hudaýa bagyş etmegiň peýdasyny bilmek üçin, geliň, ilki bilen, jogapkärçiligiň peýdasyny bileliň. Dostlaşmak üçin özüň dost bolmaly, ýagny dostuň öňünde jogapkärçiligiňi duýmaly. Dostunyň aladasyny etmegi özüne borç hasaplaýan adam gowy dost bolýar. Mukaddes Ýazgylarda Dawut bilen Ýonatanyň ajaýyp dostlugy barada aýdylýar. Olar hatda dostlugyna wepaly bolmak barada kasam etdiler (1 Samuel 17:57; 18:1, 3-nji aýatlary okaň). Häzirki dostlar kasam etmeseler-de, jogapkärçiligini duýýan dostlaryň gatnaşygy berk bolýar (Sül. tym. 17:17; 18:24).
5 Hudaýyň Ysraýyla beren Kanunynda hem jogapkärçiligiň peýdasy görkezilýär. Meselem, eger gul hojaýynyna ömürboýy hyzmat etmek islese, onuň bilen äht baglaşmalydy. Kanunda şeýle diýilýär: «Emma gul: Men hojaýynymy, aýalymy we çagalarymy söýýärin. Men azatlyga çykjak däl diýip jar etse, hojaýyn ony Hudaýyň huzuryna getirsin. Ony gapynyň ýanyna ýa-da bosaga getirip, temen bilen gulagyny deşsin. Soň ol gul hojaýynyna ömürboýy hyzmat eder» (Müs. çyk. 21:5, 6).
6 Nikalaşmak hem uly jogapkärçiligi talap edýär. Emma bu ýöne bir kagyz ýüzünde nikalaşmagy däl-de, adam bilen ömrüňi baglamagy aňladýar. Resmi taýdan nikalaşmadyk maşgala hiç haçan rahat hem arkaýyn ýaşamaz, bu çagalaryna-da ýaramaz täsir eder. Emma jogapkärçiligini duýýan är-aýal bir-birini hormatlaýar we dörän kynçylyklary Mukaddes Ýazgylar esasynda söýgi bilen çözýärler (Mat. 19:5, 6; 1 Kor. 13:7, 8; Ýew. 13:4).
7 Gadym döwürde adamlar bile işleşmeli bolanlarynda, şertnama baglaşmagyň peýdalydygyna düşünýärdiler (Mat. 20:1, 2, 8). Munuň şu günlerem peýdasy bar. Meselem, biz kimdir biri bilen işe başlajak ýa-da bir edara işe girjek bolanymyzda, şertnama baglaşmagyň peýdalydygyny bilýäris. Dostlugy, nikany we işewür gatnaşyklary jogapkärçilik şeýle berkidýän bolsa, onda özüňizi Ýehowa bagyş etseňiz, Onuň bilen has ýakyn dost bolarsyňyz! Gadym döwürde ýaşan adamlar hem özüni Ýehowa Hudaýa bagyş edipdirler. Olar muňa diňe bir jogapkärçilik hökmünde garamandyrlar. Geliň, olaryň mysalyna seredeliň.