Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 15/12 sah. 16—20
  • «Berk duruň, Ýehowanyň... gutulyşyny görüň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Berk duruň, Ýehowanyň... gutulyşyny görüň»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa halkyny halas edýär
  • «Ýehowanyň gutulyşyny görüň»
  • Ysraýylyň halas bolşundan sapak edinýäris
  • Ýehowa ynanyň
  • Siz «görünmez» Hudaýy görýärmisiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Ysraýyl gulçulykdan azat edilýär
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Gyzyl deňzinden geçýärler
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Gyzyl deňizdäki gudrat
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 15/12 sah. 16—20

«Berk duruň, Ýehowanyň... gutulyşyny görüň»

«Reb meniň bilendir; men gorkmaryn, ynsan maňa näme edip biler?» (ZEBUR 118:6).

1. Adamzat nähili görlüp-eşidilmedik wakalaryň öňüsyrasynda dur?

ŞU GÜNLER adamzat görlüp-eşidilmedik wakalaryň öňüsyrasynda dur. Bu barada Isa Mesih pygamberlik edip, şägirtlerine şeýle duýduryş berdi: «Şonda uly muşakgat bolar, beýle muşakgat dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli ne bolandyr, ne-de bolar. Ol günler gysgaldylmadyk bolsady, onda, hiç kim halas bolmazdy; ýöne saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar» (Matta 24:21, 22).

2. Uly muşakgadyň gelmegini näme saklaýar?

2 Uly muşakgadyň gelmegini adamlaryň gözüne görünmeýän perişdeler saklaýar. Munuň sebäbini Isa Ýahýa resula beren ylhamynda aýtdy. Gartaşan Ýahýa resul şeýle ýazýar: «Ýeriň dört burçunda duran dört perişde gördüm... [olar] ýeriň dört ýelini saklap durdular... Gündogardan ýokary çykyp barýan başga bir perişdäni-de gördüm. Onda diri Hudaýyň möhüri bardy. Ol... gaty ses bilen gygyryp diýdi: «Biz Hudaýymyzyň gullarynyň maňlaýyna möhür basýançak, ýere, deňze we agaçlara zyýan ýetirmäň!» (Ylham 7:1—3).

3. Uly muşakgat nämeden başlar?

3 «Hudaýymyzyň gullarynyň» gutarnykly möhürlenmegi tamamlanyp gelýär. Dört perişde ýok ediş ýelini goýbermäge taýýar. Olar ýeli goýberen badyna näme bolar? Perişde şeýle jogap berýär: «Beýik şäher Babyl, ine, şunuň ýaly güýç bilen zyňlansoň tapylmaz» (Ylham 18:21). Şeýdip, ýalan diniň dünýä imperiýasy ýok ediler. Şonda gökde neneňsi şatlyk bolar! (Ylham 19:1, 2).

4. Ýene nähili wakalar bolmaly?

4 Ýer ýüzüniň ähli halklary Ýehowanyň gullukçylaryna garşy çykarlar. Olar wepaly mesihçileri ýer ýüzünden ýok edip bilermi? Bu ilkibada şeýle bolup görünmegi mümkin. Emma Isa Mesihiň ýolbaşçylygyndaky perişdeler Hudaýyň halkynyň duşmanlaryny ýok eder (Ylham 19:19—21). Soňra Iblis we onuň perişdeleri düýpsüz çuňluga zyňlar we zyýan ýetirmezler. Olar indi adamlary azdyryp bilmezler, sebäbi müňýyllyga baglanar. Bu gutulan ägirt köp adamlara nähili ýeňillik getirer! (Ylham 7:9, 10, 14; 20:1—3).

5. Ýehowa wepaly galýan adamlara näme örän uly şatlyk getirer?

5 Tizden biz bu geň galdyryjy we gorkuly wakalaryň şaýady bolarys. Bularyň ählisi Älemiň eýesi Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanmagy bilen baglanyşykly. Eger biz Hudaýa wepaly galyp, onuň hökümdarlygyny berk goldasak, Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmaga we islegini ýerine ýetirmäge mümkinçiligimiz bolar. Bu bize örän uly şatlyk getirer!

6. Geljekdäki wakalary göz öňünde tutup nämä serederis?

6 Biz bu görnükli wakalara taýýarmy? Ýehowanyň halas ediş güýjüne ynanýarysmy? Hudaýyň öz wagtynda we iň gowy ýol bilen kömek etjekdigine ynanýarysmy? Şu soraglar barada oýlanyp, her birimiz Pawlus resulyň Rimdäki mesihçilere aýdan sözlerini ýatlamaly. Ol şeýle ýazdy: «Näme öňden ýazylan bolsa, bary çydam arkaly, Ýazgylaryň tesellisi arkaly umytly bolar ýaly, bize taglym üçin ýazylandyr» (Rimliler 15:4). Bize taglym, teselli we umyt üçin ýazylan taryhy wakalaryň içinde Ýehowanyň Ysraýyl halkyny müsürlileriň agyr süteminden halas edişi-de ýazylan. Ýehowanyň Ysraýyl ogullaryny halas etmek üçin ýolbaşçylyk edişi baradaky tolgundyryjy wakalary üns bilen öwrensek, örän çalt golaýlaşyp gelýän uly muşakgadyň öňüsyrasynda bize ruhy güýç berer.

Ýehowa halkyny halas edýär

7. B. e. öň 1513-nji ýylda Müsürde nähili kyn ýagdaý döreýär?

7 B. e. öň 1513-nji ýylda Ýehowa müsürlilere eýýäm dokuz jeza beripdi. Dokuzynjy jezadan soň, faraon Musany kowup şeýle diýýär: «Aýryl meniň ýanymdan! Seresap bol! Indi meniň ýüzümi görjek bolma, sebäbi meniň ýüzümi gören günüň ölersiň». Musa oňa şeýle jogap berýär: «Muny seniň özüň aýdýarsyň. Men gaýdyp seniň ýüzüňi görjek bolmaryn» (Çykyş 10:28, 29).

8. Ysraýyllylar halas bolmak üçin nähili görkezmä eýermelidiler we bu nähili netije berdi?

8 Soňra Ýehowa faraona we ähli müsürlilere iň soňky jezany berjekdigini Musa habar berýär. 14-nji awiwde (nisanda) müsürlileriň we olaryň haýwanlarynyň ähli nowbaharlary ölmelidi. Şu jezadan gutulmak üçin Ysraýyl maşgalalary Hudaýyň Musa arkaly beren görkezmesini dos-dogry eýermelidiler. Olar gapylaryň iki gapdalyndaky we ýokarky söýelerine guzynyň ganyny sepip, öýünde oturmalydylar. Şol gije näme bolýar? Musa şeýle ýazýar: «Ýary gije Ýehowa Müsür ýurdundaky nowbaharlaryň ählisini ýok etdi». Faraon dessine Musany we Haruny çagyryp şeýle diýýär: «Turuň, meniň halkymyň ýanyndan gidiň... baryň, aýdyşyňyz ýaly Ýehowa gulluk ediň». Şonda takmynan üç million ysraýyllylar «dürli halkdan bolan ençeme adamlar» bilen Müsürden çykýaralr (Çykyş 12:1—7, 29, 31, 37, 38).

9. Hudaý ysraýyllylary haýsy ýol bilen Müsürden çykardy we näme üçin?

9 Ysraýyllylar gysga ýol, ýagny Filistiýa ýurdunyň üstünden Ortaýer deňziň kenary bilen gidip bilerdiler. Emma bu halk ysraýyllylaryň duşmanydy. Ýehowa olary filistililer bilen söweşden goramak üçin çölüň üsti bilen Gyzyl deňzine getirýär. Adamlaryň sany birnäçe million bolsa-da, tertipsiz ýöremediler. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ysraýyl ogullary Müsürden söweş tertibinde çykdylar» (Çykyş 13:17, 18).

«Ýehowanyň gutulyşyny görüň»

10. Näme üçin Hudaý Ysraýyla Pi-Hahirotyň öňünde düşläň diýdi?

10 Şondan soňky wakalar geň galdyryjy ýagdaýda bolup geçdi. Ýehowa Musa ýüzlenip şeýle diýdi: «Ysraýyl ogullary Pi-Hahirotyň öňünde Baal-Tsefonyň töwereginde Migdol bilen deňziň arasynda düşlesinler». Ysraýyllylar bu tabşyryga boýun bolýarlar we ençeme adamlar çykgynsyz ýagdaýa, ýagny dag bilen Gyzyl deňziň darajyk aýlagynyň arasyna düşýärler. Ýöne Ýehowa näme etmelidigini bilýärdi. Ol Musa şeýle diýdi: «Men faraonyň ýüregini gataldaryn we ol siziň yzyňyzdan kowar. Şonda men faraony we onuň goşunlarynyň üstünden ýeňiş gazanyp, özümi şöhratlandyraryn, müsürliler bolsa meniň Ýehowadygymy biler» (Çykyş 14:1—4).

11. a) Faraon näme etdi we bu ysraýyllylara nähili täsir etdi? b) Musa ysraýyllylaryň şikaýatyna näme jogap berdi?

11 Faraon ysraýyllylary Müsürden gitmegine ýol berip, ýalňyşandyryn öýdýär. Ol alty ýüz gowy arabalary alyp, olaryň yzyndan kowýar. Ysraýyllylar Müsür goşunlaryny görende, gorkup, Musa şeýle diýdiler: «Sen bizi çöle öldürmäge getirdiňmi, Müsürde jaýlamaga ýer ýokmydy näme?» Ýehowanyň halas etjekdigine doly ynanyp, Musa şeýle jogap berdi: «Gorkmaň. Berk duruň, Ýehowanyň şu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň... Taňry siziň hatyraňyza söweşer, siz arkaýyn durarsyňyz» (Çykyş 14:5—14).

12. Ýehowa halkyna nädip kömege geldi?

12 Musanyň Ýehowa halky üçin özi söweşer diýen sözlerine görä, gudratly waka boldy. Ýehowanyň perişdesi gudrat bilen ysraýyllylaryň düşelgesine ýol görkezýän bulutly sütüni süýşürdi we ony olaryň yzynda goýdy. Bü sütün müsürlileri tümlük bilen örtýärdi, Ysraýyla bolsa ýagtylyk berýärdi (Çykyş 13:21, 22; 14:19, 20). Soňra Musa Hudaýyň görkezmesine eýerip, elini uzadýar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ýehowa güýçli gündogar ýeli bilen deňziň suwlaryny kowdy. Şeýdip, bir gijäniň içinde deňziň bir bölegi guraýar... Ahyrsoňy, Ysraýyl ogullary deňziň ortasyndaky gury ýerden geçip gitdiler, suwlar sagdan hem soldan olara diwar ýaly bolup durdy». Müsürliler olaryň yzyndan kowýar, ýöne Ýehowa halkyna arka durýar. Ol müsürlileriň düşelgesini aljyraňňylyga salyp, soňra Musa şeýle diýýär: «Eliňi deňziň üstüne uzat, goý, suw yzyna öwrülip, müsürlileriň, olaryň uruş arabalarynyň we atlylarynyň üstüne öwrülsin». Faraonyň goşuny doly ýok edildi, ýekeje esger-de diri galmady! (Çykyş 14:21—28, MKS; Zebur 136:15).

Ysraýylyň halas bolşundan sapak edinýäris

13. Ysraýyl ogullary halas bolandan soň näme etdiler?

13 Bu gudratly halas ediş azat bolan halka nähili täsir etdi? Musa we Ysraýyl ogullary Ýehowany şöhratlandyryp ak ýürekden aýdym aýtdylar: «Ýehowa aýdym aýdaryn, çünki ol özüni şöhratlandyrdy... Ýehowa ebedi we mydamalyk höküm sürer!» (Çykyş 15:1, 18). Görşümiz ýaly, olar ilki bilen Hudaýy şöhratlandyrmak isleýärdiler. Şol güni Ýehowa özüniň ýokary häkimiýetini görkezdi.

14. a) Ýehowanyň Ysraýyly halas edişinden näme öwrenip bileris? b) 2008-nji ýyl üçin haýsy aýat saýlandy?

14 Şunuň ýaly tolgundyryjy wakalar köp zatlary öwredýär hem-de bize teselli we umyt berýär. Meselem, biz Ýehowanyň gullukçylary nähili synaglara düşse-de, onuň kömege gelmäge taýýardygyny görýäris. Biziň islendik kynçylygymyzy çözmäge onuň güýji ýetýär. Ysraýyl üçin Gyzyl deňiz böwet bolmady, sebäbi Ýehowa güýçli gündogar ýelini turuzdy. Emma Ýehowanyň islegine görä, şol deňiz Faraonyň goşunynyň gabyry boldy. Biz bu waka barada oýlanyp, mezmurçynyň: «Reb meniň bilendir; men gorkmaryn, ynsan maňa näme edip biler?» diýen sözlerine goşulyp bileris (Zebur 118:6). Şeýle-de biz Pawlus resulyň Rimliler 8:31-däki: «Hudaý bizlik bosa, onda kim bize garşy?» diýen sözlerinden teselli alyp bileris. Hudaýyň ylhamlan bu sözleri bizde nähili ynam döredýär! Bu sözler ähli gorkymyzy we şübhämizi taşlamaga hem-de ýüregimizi umytdan doldurmaga kömek edýär. Biziň 2008-nji ýyl üçin ýyllyk aýadymyz örän ýerlikli: «Berk duruň, Ýehowanyň gutulyşyny görüň»! (Çykyş 14:13).

15. Ysraýyl Müsür gulçulygyndan azat edilende, gulak asmagyň nähili ähmiýeti bardy we şu günler ol nähili wajyp?

15 Ysraýylyň Müsür gulçulygyndan azat edilişinden ýene näme öwrenip bileris? Bu bize Ýehowa gulak asmagy we onuň ähli buýurýan zatlaryny ýerine ýetirmegi öwredýär. Ysraýyllylar Pasha taýýarlananda, Hudaýa gulak asdylar we ähli tabşyryklaryny berjaý etdiler. Olar 14-nji nisan gije öýlerinde oturdylar. Müsürden çykanda olar «söweş tertibinde» ýörediler (Çykyş 13:18). Şu günler bize «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» berýän görkezmesine eýermek örän wajyp (Matta 24:45). Biz saga ýa sola sowulmaz ýaly, yzymyzdan: «Ine ýol, şol boýunça ýöräň» diýen Hudaýyň sesine örän ünsli bolmaly (Işaýa 30:21). Uly muşakgat golaýlaşanda, megerem, biz nähili-de bolsa jikme-jik görkezme alarys. Şu kyn günlerde howpsuz ýolda ýörejek bolsak, biz Ýehowanyň wepaly gullukçylary bilen agzybirligi saklamaly.

16. Ysraýyllylary halas edende, Hudaýyň waka täsir edişinden näme öwrenip bilýäris?

16 Şeýle-de ýadyňyzda bolsa, Ýehowa ysraýyllylary dag bilen Gyzyl deňziň aralygyna elteni üçin, olar duzaga düşen ýaly görünýärdi. Göräýmege ol ýerde düşelge bolup ýerleşmek uly ýalňyşlykdy. Ýöne ähli zat Ýehowanyň gözegçiliginde bolandygy sebäpli, wakanyň netijesi Hudaýy şöhratlandyrdy we halkyny halas etdi. Mümkin, şu günler biz guramada käbir soraglaryň belli bir ýol bilen çözülýändigine onçakly aýdyň düşünýän däldiris, ýöne bizde Ýehowanyň ygtybarly ýol bilen berýän görkezmesine ynanmaga doly esas bar. Käwagt bize duşmanlarymyz bagtly ýaşaýan ýaly bolup görünýär. Emma biz bolýan zatlara bir taraplaýyn baha berýäris, çünki onuň ähli sebäbine düşünip bilmeýäris. Ýehowa gerek mahaly, geçmişde Ysraýyl ogullaryny halas edişi ýaly, wakanyň gidişine täsir edip bilýär (Süleýmanyň tymsallary 3:5).

Ýehowa ynanyň

17. Hudaý halkyny alyp barjakdygyna biz näme üçin ynanyp bileris?

17 Ysraýyllar gündiz öňünde bulut diregini, gije bolsa ot direginiň ýanyndan aýrylmandygyny görende, olarda nähili ynam döredendigini göz öňüne getirip görüň. Bu olary «hakyky Hudaýyň perişdesiniň» alyp barýandygyny subut edýärdi (Çykyş 13:21, 22; 14:19). Şu günlerem biz Ýehowanyň alyp barýandygyna, goraýandygyna we halkyny halas etjekdigine ynanyp bileris. Biz Mukaddes Ýazgylardaky: «Reb [Ýehowa]... öz takwalaryny terk edýän däldir. Olar ebedi saklanar» diýen wadasyna ynanýarys (Zebur 37:28). Geliň, şu günler Hudaýyň gullukçylaryny goldaýan gökdäki güýçli perişdeler barada hiç haçan ýadymyzdan çykarmalyň. Perişdeleriň goldawy arkaly biz «berk durarys we Ýehowanyň gutuluşyny göreris» (Çykyş 14:13).

18. Näme üçin «Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynmaly»?

18 Biziň her birimiz nädip hakykat ýolunda «berk durup» bileris? Bize Pawlusyň Efesli mesihçilere ýazan hatyndaky ruhy ýaraglary kömek eder. Pawlus resulyň «Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň» diýen sözlerine üns beriň. Biz şu ruhy ýaraglaryň ähli bölegini dakynýarysmy? Indiki ýyl biziň her birimiz ähli ýaraglary geýnendigimize we olaryň kemçiliginiň ýokdugyna göz ýetirmeli bolarys. Duşmanymyz Şeýtan Iblis biziň gowşak taraplarymyzy bilýär we iň gowşak ýerimize duýdansyz hüjüm etmäge çalyşýar. Biz ruhy gudratlara garşy «söweşýäris». Emma Ýehowanyň kömegi bilen ýeňiş gazanarys (Efesliler 6:11—18; Süleýmanyň tymsallary 27:11).

19. Çydamly bolsak, bize näme garaşýar?

19 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Siz çydamak bilen, janyňyzy halas edersiňiz» (Luka 21:19). Geliň, islendik kynçylyklara çydamlylyk bilen döz gelýänleriň arasynda bolalyň! Şeýdip, biz Hudaýyň mynasyp bolmadyk merhemetine görä, «berk durarys we Ýehowanyň halas edişini göreris».

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Tizden bize nähili ägirt uly waka garaşýar?

• B. e. öň 1513-nji ýylda Ýehowa özüniň halas ediş güýjüni nädip görkezdi?

• Biz nämä berk garaýyşda bolmaly?

[20-nji sahypdaky çarçuwa]

2008-nji ýyl üçin ýyllyk aýat: «Berk duruň, Ýehowanyň... gutuluşyny görüň». Çykyş 14:13

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş