Sepanýa
2 Perman güýje girmänkä,
Günler saman kimin uçup gitmänkä,
Ýehowanyň gazap ody üstüňize inmänkä+,
Ýehowanyň gahar güni gelmänkä,
3 Ýer ýüzüniň ýumşaklary*, Ýehowany agtaryň!+
Adyl hökümlerini berjaý edýänler,
Dogruçyllygy agtaryň, ýumşak boluň.
Belki, Ýehowanyň gazap gününde halas bolarsyňyz+.
4 Gaza şäheri boşap galar,
Aşkelon haraba döner+,
Aşdot süýr günortan kowlar,
Ekron köki-damary bilen sogrulyp taşlanar+.
5 «Deňiz kenarynda ýaşaýan keretleriň waý gününe!+
Ýehowa size höküm çykardy.
Kengan, piliştlileriň ýurdy, sizi weýran ederin.
Ýekeje adam-da diri galmaz.
6 Deňiz kenary öri meýdanyna öwrüler.
Ol ýerde çopanlar üçin guýular,
Goýunlar üçin daşdan agyllar bolar.
7 Ýahuda öýüniň aman galanlary+ ol ýerde ýaşar.
Olaryň garynlary dok bolar.
Aşkelondaky öýlerinde gijesine rahat ýatarlar.
Ýehowa Hudaý olaryň aladasyny eder,
Ýesir düşenleri gaýtaryp getirer»+.
8 «Mowabyň+ gyjalatyny,
Ammonlaryň+ kemsitmelerini eşitdim.
Olar halkymyň üstünden gülýärler,
Tekepbirlik edip, ýurduny basyp aljak bolýarlar»+.
9 Serkerdebaşy, Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär:
«Men diri şaýatdyryn!
Mowap Sodom ýaly+,
Ammonlar Gomorra ýaly bolar+.
Olar tikeneklerden dolar,
Şorluga öwrüler, hemişelik boşap galar+.
Halkymyň aman galanlary olary talarlar,
Halkymyň aman galanlary olara eýe çykarlar.
10 Tekepbirligi sebäpli şeýle zatlar başyna geler+.
Sebäbi olar Serkerdebaşy Ýehowanyň halkyny kemsidip, ulumsylyk etdiler.
11 Men, Ýehowa olary gorka salaryn,
Ýer ýüzüniň ähli taňrylaryny ýok ederin.
Ähli adalaryň milletleri
Öz ýurdunda maňa sežde ederler+.
12 Eý efiopiýalylar, siz gylyjymdan ölersiňiz+.
13 Ol elini demirgazyga uzadyp, Assiriýany ýok eder,
Ninewiýany harabalyga+, çöle öwrer.
14 Ol ýerde her dürli wagşy haýwanlaryň sürüsi bolar,
Ýykylan sütünleriň arasynda gotan,
Oklukirpi gijesini geçirer.
Penjiresinden gamgyn owaz eşidiler,
Bosagalary weýran ediler.
Diwarlaryndan nagyşly agaçlary sypyrylar.
15 Ýüreginde: „Men ýekejedirin.
Menden başgasy ýokdur!“ diýen,
Tekepbir, asuda ýaşaýan şäher,
Gör, nähili gorkunç ýagdaýa düşüp,
Wagşy haýwanlaryň sürenine döndi.