Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Matta 21
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Matta kitabynyň mazmuny

      • Isa şähere dabaraly girýär (1—11)

      • Isa ybadathanany arassalaýar (12—17)

      • Injir agajy näletlenýär (18—22)

      • Isanyň ygtyýary şübhä goýulýar (23—27)

      • Iki ogul hakdaky mysal (28—32)

      • Ganhor bagbanlar (33—46)

        • Esasy daş zyňylýar (42)

Matta 21:1

Parallel aýatlar

  • +Mar 11:1—3; Luk 19:28—31

Matta 21:4

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 238

Matta 21:5

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: ýumşakdyr.

Parallel aýatlar

  • +Işa 62:11; Ýah 12:15
  • +Mat 11:29
  • +Zek 9:9

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 238

    «Garawul diňi»,

    15/8/2011, sah. 12

Matta 21:6

Parallel aýatlar

  • +Mar 11:4—6; Luk 19:32—35

Matta 21:7

Parallel aýatlar

  • +1Pa 1:38, 40; Mar 11:7—11; Ýah 12:14, 15

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 238

Matta 21:8

Parallel aýatlar

  • +Luk 19:36—38

Matta 21:9

Çykgytlar

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: A5.

Parallel aýatlar

  • +Mat 9:27; 21:15
  • +Zb 118:25, 26; Ýah 12:13
  • +Mar 11:9, 10

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    12/2017, sah. 9

Matta 21:11

Parallel aýatlar

  • +Mat 21:46; Luk 7:16; 24:19

Matta 21:12

Parallel aýatlar

  • +Mar 11:15, 16; Luk 19:45; Ýah 2:15

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 240

    «Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!», sah. 100

Matta 21:13

Parallel aýatlar

  • +Işa 56:7
  • +Ýer 7:11; Mar 11:17; Luk 19:46; Ýah 2:16

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    6/2017, sah. 32

    «Isa — ýol», sah. 240

    «Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!», sah. 100

Matta 21:15

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: oglanlaryň.

Parallel aýatlar

  • +Mat 21:9
  • +Mar 11:18; Luk 19:39, 40

Matta 21:16

Parallel aýatlar

  • +Zb 8:2

Matta 21:17

Parallel aýatlar

  • +Mar 11:11; Luk 21:37; Ýah 11:1

Matta 21:18

Parallel aýatlar

  • +Mar 11:12

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 240, 244

Matta 21:19

Parallel aýatlar

  • +Luk 13:6
  • +Mat 3:10; Mar 11:13, 14

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 240, 244

Matta 21:20

Parallel aýatlar

  • +Mar 11:20, 21

Matta 21:21

Parallel aýatlar

  • +Mat 17:20; Mar 11:22, 23; Luk 17:6

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 244

Matta 21:22

Parallel aýatlar

  • +Mar 11:24; Luk 11:9; Ýah 14:13; Ýak 1:5; 1Ýh 3:22

Matta 21:23

Parallel aýatlar

  • +Mar 11:27—33; Luk 20:1—8

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 244

Matta 21:25

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: Gökden berildimi ýa-da adamlardan?

  • *

    Sözme-söz: gökden.

Parallel aýatlar

  • +Mat 21:32; Mar 11:30, 31; Luk 7:29, 30

Matta 21:29

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 246

Matta 21:30

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 246

Matta 21:31

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 246

Matta 21:32

Parallel aýatlar

  • +Luk 3:12; 7:29, 30

Matta 21:33

Parallel aýatlar

  • +Işa 5:7
  • +Işa 5:2
  • +Mar 12:1—9; Luk 20:9—16

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 246

Matta 21:34

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 246, 247

Matta 21:35

Parallel aýatlar

  • +Neh 9:26

Matta 21:36

Parallel aýatlar

  • +2Tr 36:15; Res 7:52; Ýew 11:32, 37

Matta 21:38

Parallel aýatlar

  • +Ýew 1:2

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 246, 247

Matta 21:39

Parallel aýatlar

  • +Res 2:23; 3:15

Matta 21:41

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 246, 247

Matta 21:42

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: A5.

Parallel aýatlar

  • +Işa 28:16; Luk 20:17; Res 4:11; Rim 9:33; Efs 2:20; 1Pe 2:7
  • +Zb 118:22, 23; Mar 12:10, 11

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 246, 247

Matta 21:43

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/3/2010, sah. 24

    15/2/2006, sah. 22

Matta 21:44

Parallel aýatlar

  • +Işa 8:14; 1Pe 2:7, 8
  • +Luk 20:18

Matta 21:45

Parallel aýatlar

  • +Mar 12:12; Luk 20:19

Matta 21:46

Parallel aýatlar

  • +Mat 21:11; Ýah 7:40

Umumy salgylar

Mat. 21:1Mar 11:1—3; Luk 19:28—31
Mat. 21:5Işa 62:11; Ýah 12:15
Mat. 21:5Mat 11:29
Mat. 21:5Zek 9:9
Mat. 21:6Mar 11:4—6; Luk 19:32—35
Mat. 21:71Pa 1:38, 40; Mar 11:7—11; Ýah 12:14, 15
Mat. 21:8Luk 19:36—38
Mat. 21:9Mat 9:27; 21:15
Mat. 21:9Zb 118:25, 26; Ýah 12:13
Mat. 21:9Mar 11:9, 10
Mat. 21:11Mat 21:46; Luk 7:16; 24:19
Mat. 21:12Mar 11:15, 16; Luk 19:45; Ýah 2:15
Mat. 21:13Işa 56:7
Mat. 21:13Ýer 7:11; Mar 11:17; Luk 19:46; Ýah 2:16
Mat. 21:15Mat 21:9
Mat. 21:15Mar 11:18; Luk 19:39, 40
Mat. 21:16Zb 8:2
Mat. 21:17Mar 11:11; Luk 21:37; Ýah 11:1
Mat. 21:18Mar 11:12
Mat. 21:19Luk 13:6
Mat. 21:19Mat 3:10; Mar 11:13, 14
Mat. 21:20Mar 11:20, 21
Mat. 21:21Mat 17:20; Mar 11:22, 23; Luk 17:6
Mat. 21:22Mar 11:24; Luk 11:9; Ýah 14:13; Ýak 1:5; 1Ýh 3:22
Mat. 21:23Mar 11:27—33; Luk 20:1—8
Mat. 21:25Mat 21:32; Mar 11:30, 31; Luk 7:29, 30
Mat. 21:32Luk 3:12; 7:29, 30
Mat. 21:33Işa 5:7
Mat. 21:33Işa 5:2
Mat. 21:33Mar 12:1—9; Luk 20:9—16
Mat. 21:35Neh 9:26
Mat. 21:362Tr 36:15; Res 7:52; Ýew 11:32, 37
Mat. 21:38Ýew 1:2
Mat. 21:39Res 2:23; 3:15
Mat. 21:42Işa 28:16; Luk 20:17; Res 4:11; Rim 9:33; Efs 2:20; 1Pe 2:7
Mat. 21:42Zb 118:22, 23; Mar 12:10, 11
Mat. 21:44Işa 8:14; 1Pe 2:7, 8
Mat. 21:44Luk 20:18
Mat. 21:45Mar 12:12; Luk 20:19
Mat. 21:46Mat 21:11; Ýah 7:40
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
  • 39
  • 40
  • 41
  • 42
  • 43
  • 44
  • 45
  • 46
Mukaddes Kitap
Matta 21:1—46

Matta

21 Olar Iýerusalimiň golaýyndaky Beýtfagiýa baryp ýetdiler. Ol Zeýtun dagynda ýerleşýärdi. Isa iki şägirdini ýollap+: 2 «Oba baryň, giren ýeriňizde daňylgy duran eşegi we taýhary görersiňiz. Olary çözüp alyp gaýdyň. 3 Biri bir zat diýse: „Olar Halypamyza gerek“ diýiň. Şonda olary size bererler» diýdi.

4 Şeýlelikde, pygamberiň sözleri ýerine ýetdi: 5 «Sion gyzyna aýdyň: „Ine, patyşaň gelýär!+ Ol pesgöwünlidir*+, ol taýhara münüp gelýär, hawa, eşegiň balasyna münüp gelýär“»+.

6 Şägirtler gidip, Isanyň aýdyşy ýaly etdiler+. 7 Olar eşegi we taýhary getirip, taýharyň üstüne donlaryny atdylar. Isa hem taýhara mündi+. 8 Adamlaryň köpüsi donlaryny ýola ýazýardy+, käbiri bolsa agajyň şahalaryny ýola düşeýärdi. 9 Isanyň öňünden we yzyndan barýan märeke: «Eý Hudaý, ýalbarýarys, Dawut Ogluny halas et!+ Ýehowanyň* adyndan gelýäne şöhrat bolsun!+ Eý gökdäki Hudaýymyz, ýalbarýarys, ony halas et!»+ diýip gygyrýardy.

10 Isa Iýerusalime girende, şäheriň ilaty: «Ol kimkä?» diýişdiler. 11 Märeke olara: «Ol Isa pygamber!+ Jeliläniň Nazaret şäherinden geldi» diýdi.

12 Isa ybadathana girip, ähli satyjylary we alyjylary kowdy. Pul çalyşýanlaryň stollaryny we kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny agdardy+. 13 Isa olara: «„Meniň öýüme doga-dileg öýi diýler“+ diýip ýazylypdy. Siz bolsa ony garakçylaryň mekanyna dönderdiňiz»+ diýdi. 14 Soňra ybadathanada Isanyň ýanyna kör we maýyp adamlar geldi. Isa hem olary sagaltdy.

15 Uly ruhanylar we kanunçylar Isanyň eden gudratlaryny görüp, ybadathanada çagalaryň*: «Eý Hudaý, ýalbarýarys, Dawut Ogluny halas et!»+ diýip gygyrýandyklaryny eşidip, gaharlandylar+. 16 Olar Isa: «Çagalaryň näme diýýändigini eşidýäňmi?» diýdiler. Isa: «Hawa, eşidýän. Siz „Çagalar we bäbekler saňa alkyş aýdarlar“ diýlenini okamadyňyzmy?»+ diýdi. 17 Isa şäherden çykyp, Betaniýa bardy we gijäni şol ýerde geçirdi+.

18 Isa irden şähere gelýärkä ajykdy+. 19 Ýolda injir agajyny görüp, ýanyna bardy, ýöne agaçda ýaprakdan başga zat ýokdy+. Isa: «Mundan beýläk sende miwe bitmesin»+ diýdi. Agaç şol bada gurady. 20 Muny gören şägirtler geň galyp: «Injir agajy nädip beýle çalt gurady?»+ diýip soradylar. 21 Isa şägirtlerine: «Size hakykaty aýdýaryn, eger iman etseňiz, hiç hili şübhelenmeseňiz, diňe agajy guratman, şu daga-da: „Ýeriňden tur, özüňi deňze zyň“ diýseňiz, aýdyşyňyz ýaly bolar+. 22 Iman edip dileseňiz alarsyňyz»+ diýip jogap berdi.

23 Isa ybadathana gelip, adamlara öwredip durka, uly ruhanylar bilen halkyň ýaşululary: «Sen bulary kimiň güýji bilen edýärsiň? Kim saňa ygtyýar berdi?»+ diýip soradylar. 24 Isa: «Mende-de bir sorag bar. Eger jogap berip bilseňiz, muny kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýdaýyn: 25 Ýahýa suwa çümdürmäge kim ygtyýar berdi? Hudaýmy ýa-da adamlar?*» diýip sorady. Şonda olar öz aralarynda şeýle diýişdiler: «Eger Hudaý* diýsek, „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“+ diýer. 26 Emma adamlar diýmäge-de gorkýarys, sebäbi halk Ýahýany pygamber hasaplaýar». 27 Olar Isa: «Bilemizok» diýip jogap berdiler. Isa hem: «Onda menem kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýtjak däl» diýdi.

28 «Siz şu mysal hakda näme pikir edýärsiňiz? Bir adamyň iki ogly bardy. Ol birinjisine: „Oglum, şu gün üzümçilikde işle“ diýýär. 29 Ogly: „Ýok, gitjek däl“ diýýär. Ýöne soň ökünip, işlemäge gidýär. 30 Ol adam ikinji ogluna-da şol sözleri aýdýar. Ogly: „Bolýar, kaka“ diýýär, ýöne gitmeýär. 31 Olaryň haýsysy kakasynyň aýdanyny etdi?» Olar: «Birinjisi» diýdiler. Isa şeýle diýdi: «Size hakykaty aýdýaryn, salgytçylar we ahlaksyz aýallar Hudaýyň Patyşalygyna sizden öň girer. 32 Ýahýa size dogry ýoly görkezdi, ýöne siz ynanmadyňyz. Emma salgytçylar bilen ahlaksyz aýallar ynandylar+. Siz muny görseňiz-de, ökünmediňiz, oňa ynanmadyňyz.

33 Ýene bir mysaly diňläň: bir adam mellegine üzüm ekip+, haýat aýlaýar we üzüm sykylýan çukur gazyp, diň gurýar+. Soňra mellegini bagbanlara kärendesine berip, başga ýurda gidýär+. 34 Mellegiň eýesi hasyl döwri miwe almak üçin bagbanlaryň ýanyna gullaryny iberýär. 35 Emma bagbanlar gullaryň käbirini urýarlar, käbirini daşlaýarlar, käbirini bolsa öldürýärler+. 36 Soňra hojaýyn öňküsinden hem köp gul iberýär. Emma olary hem şeýle edýärler+. 37 Ahyry ol ogluny iberip, „Oglumy-ha sylarlar“ diýip pikir edýär. 38 Emma bagbanlar hojaýynyň ogluny görüp, öz aralarynda: „Ol üzümçiligiň mirasdüşeri+. Geliň, ony öldürip, mirasyny alalyň!“ diýýärler. 39 Olar oglany üzümçilikden çykaryp öldürýärler+. 40 Üzümçiligiň eýesi gelip, bagbanlary näme eder?» 41 Olar Isa: «Hojaýyn zalymlyk eden bagbanlary öldürer. Mellegini bolsa hasyly wagtynda ýygnap berjek bagbanlara ynanar» diýdiler.

42 Isa: «Siz mukaddes kitaplarda: „Ussalaryň zyňan daşy indi esasy daş* boldy+. Muny Ýehowa* etdi, beýle zat bize örän geňdir“+ diýlenini okamadyňyzmy? 43 Şol sebäpli size diýýärin, Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, miwe berjek halka berler. 44 Kim şol daşa büdrese, ýykylyp heläk bolar+. Daş kimiň üstüne gaçsa, mynjyradar»+ diýdi.

45 Uly ruhanylar we fariseýler mysallary diňläp, özleri hakda aýdylandygyna düşündiler+. 46 Olar Isany tussag etjek boldular, emma halkdan gorkdular, sebäbi adamlar Isany pygamber hasaplaýardy+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş