Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 4 Musa 21
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

4 Musa kitabynyň mazmuny

      • Arat hany ýeňilýär (1—3)

      • Mis ýylan (4—9)

      • Ysraýyllar Mowapdan aýlanyp geçýär (10—20)

      • Amor hany Sihon ýeňilýär (21—30)

      • Amor hany Og ýeňilýär (31—35)

4 Musa 21:1

Parallel aýatlar

  • +4Ms 33:40; Ýuş 12:7, 14

4 Musa 21:3

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Derbi-dagyn.

Parallel aýatlar

  • +4Ms 14:45

4 Musa 21:4

Parallel aýatlar

  • +4Ms 33:41
  • +4Ms 20:21; 5Ms 2:8; Ser 11:18

4 Musa 21:5

Parallel aýatlar

  • +2Ms 14:11; 15:24; 4Ms 16:13
  • +4Ms 20:5
  • +2Ms 16:15; 4Ms 11:6; Zb 78:24, 25

4 Musa 21:6

Parallel aýatlar

  • +1Kr 10:6, 9

4 Musa 21:7

Parallel aýatlar

  • +Zb 78:34
  • +2Ms 32:11

4 Musa 21:9

Parallel aýatlar

  • +2Pa 18:1, 4
  • +Ýah 3:14, 15
  • +Ýah 6:40

4 Musa 21:10

Parallel aýatlar

  • +4Ms 33:43

4 Musa 21:11

Parallel aýatlar

  • +4Ms 33:44

4 Musa 21:12

Parallel aýatlar

  • +5Ms 2:13

4 Musa 21:13

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:36; Ser 11:18

4 Musa 21:19

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 13:15, 17

4 Musa 21:20

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: çöl.

Parallel aýatlar

  • +4Ms 33:49
  • +5Ms 3:27; 34:1
  • +4Ms 23:28

4 Musa 21:21

Parallel aýatlar

  • +5Ms 2:26—28

4 Musa 21:22

Parallel aýatlar

  • +4Ms 20:14, 17

4 Musa 21:23

Parallel aýatlar

  • +5Ms 2:30—35; 29:7; Ser 11:19, 20

4 Musa 21:24

Parallel aýatlar

  • +Zb 135:10, 11
  • +4Ms 32:33; Neh 9:22
  • +4Ms 21:13; 5Ms 3:16
  • +Ser 11:21, 22
  • +4Ms 32:1; 1Tr 6:77, 81
  • +Ýuş 12:1, 2

4 Musa 21:25

Parallel aýatlar

  • +1Ms 10:15, 16; 15:16; 2Ms 3:8; 5Ms 7:1

4 Musa 21:29

Parallel aýatlar

  • +Ser 11:23, 24; 1Pa 11:7; 2Pa 23:13

4 Musa 21:30

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 13:15, 17
  • +Ýuş 13:8, 9

4 Musa 21:32

Parallel aýatlar

  • +4Ms 32:1

4 Musa 21:33

Parallel aýatlar

  • +5Ms 3:11; 4:47; Ýuş 13:8, 12
  • +5Ms 3:1, 8, 10

4 Musa 21:34

Parallel aýatlar

  • +5Ms 20:3
  • +2Ms 23:27; 5Ms 7:24
  • +5Ms 3:2; Zb 135:10, 11

4 Musa 21:35

Parallel aýatlar

  • +5Ms 3:3
  • +Ýuş 12:4—6

Umumy salgylar

4 Mus. 21:14Ms 33:40; Ýuş 12:7, 14
4 Mus. 21:34Ms 14:45
4 Mus. 21:44Ms 33:41
4 Mus. 21:44Ms 20:21; 5Ms 2:8; Ser 11:18
4 Mus. 21:52Ms 14:11; 15:24; 4Ms 16:13
4 Mus. 21:54Ms 20:5
4 Mus. 21:52Ms 16:15; 4Ms 11:6; Zb 78:24, 25
4 Mus. 21:61Kr 10:6, 9
4 Mus. 21:7Zb 78:34
4 Mus. 21:72Ms 32:11
4 Mus. 21:92Pa 18:1, 4
4 Mus. 21:9Ýah 3:14, 15
4 Mus. 21:9Ýah 6:40
4 Mus. 21:104Ms 33:43
4 Mus. 21:114Ms 33:44
4 Mus. 21:125Ms 2:13
4 Mus. 21:134Ms 22:36; Ser 11:18
4 Mus. 21:19Ýuş 13:15, 17
4 Mus. 21:204Ms 33:49
4 Mus. 21:205Ms 3:27; 34:1
4 Mus. 21:204Ms 23:28
4 Mus. 21:215Ms 2:26—28
4 Mus. 21:224Ms 20:14, 17
4 Mus. 21:235Ms 2:30—35; 29:7; Ser 11:19, 20
4 Mus. 21:24Zb 135:10, 11
4 Mus. 21:244Ms 32:33; Neh 9:22
4 Mus. 21:244Ms 21:13; 5Ms 3:16
4 Mus. 21:24Ser 11:21, 22
4 Mus. 21:244Ms 32:1; 1Tr 6:77, 81
4 Mus. 21:24Ýuş 12:1, 2
4 Mus. 21:251Ms 10:15, 16; 15:16; 2Ms 3:8; 5Ms 7:1
4 Mus. 21:29Ser 11:23, 24; 1Pa 11:7; 2Pa 23:13
4 Mus. 21:30Ýuş 13:15, 17
4 Mus. 21:30Ýuş 13:8, 9
4 Mus. 21:324Ms 32:1
4 Mus. 21:335Ms 3:11; 4:47; Ýuş 13:8, 12
4 Mus. 21:335Ms 3:1, 8, 10
4 Mus. 21:345Ms 20:3
4 Mus. 21:342Ms 23:27; 5Ms 7:24
4 Mus. 21:345Ms 3:2; Zb 135:10, 11
4 Mus. 21:355Ms 3:3
4 Mus. 21:35Ýuş 12:4—6
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
Mukaddes Kitap
4 Musa 21:1—35

Dördünji Musa

21 Kenganlardan Negepde ýaşaýan Arat hany+ ysraýyllaryň Atarym ýolundan geçip barýandyklaryny eşitdi. Ol ysraýyllara hüjüm edip, birnäçesini ýesir aldy. 2 Şonda ysraýyllar Ýehowa: «Şu halky elimize berseň, şäherlerini ýer bilen ýegsan ederis» diýip söz berdiler. 3 Ýehowa halkyň dilegini eşidip, kenganlary olaryň eline berdi. Şeýlelikde, ysraýyllar kenganlary we olaryň şäherlerini derbi-dagyn etdiler. Şol ýere Horma*+ diýip at goýdular.

4 Ysraýyllar Hor dagyndan+ ýola düşdüler. Olar Edom ýurdundan+ aýlanyp geçjek bolup, Gyzyl deňziň ýoly bilen gaýtdylar. Adamlar halys ýadapdy. 5 Olar Hudaýa we Musa hüňürdäp+: «Bizi Müsürden näme üçin çykardyňyz? Çölde barymyzy gyrjak bolýaňyzmy? Bärde ne çörek bar, ne-de suw+. Ýüregedüşgünç mannadan hem bizar bolduk!»+ diýdiler. 6 Şonda Ýehowa halkyň arasyna zäherli ýylanlary iberdi. Ýylanlar adamlary çakyp, köpüsini öldürdi+.

7 Adamlar Musanyň ýanyna gelip: «Biz Ýehowa-da, saňa-da hüňürdäp, günä etdik+. Biz üçin Ýehowa dileg edäý. Goý, ol ýylanlary aýyrsyn» diýdiler. Musa halk üçin Hudaýa ýalbardy+. 8 Ýehowa Musa: «Zäherli ýylanyň şekilini ýasa-da, taýaga berkit. Ýylan çakan adamlar şoňa seretse, diri galar» diýdi. 9 Musa haýal etmän misden bir ýylanyň şekilini ýasady-da+, taýaga berkitdi+. Ýylan çakan adam misden ýasalan ýylana seretse, diri galýardy+.

10 Biraz wagtdan ysraýyllar Obota+ gitdiler. 11 Soňra Obotdan gaýdyp, gündogardaky Iwaýabarymda+, Mowabyň garşysyndaky çölde düşlediler. 12 Olar ýene-de ýoluny dowam edip, Zeret jülgesinde+ düşlediler. 13 Ol ýerden hem gaýdyp, amorlaryň serhedinden başlanýan çölde, ýagny Arnonda+ düşlediler. Arnon Mowabyň serhedinde, mowaplar bilen amorlaryň araçäginde ýerleşýärdi. 14 Şol sebäpli «Ýehowanyň söweşleri» atly kitapda şeýle diýilýär: «Sufadaky Wahep we Arnon jülgeleri. 15 Jülgeleriň başy Ar şäherine çenli uzalyp, Mowabyň serhedine baryp ýetýär».

16 Soňra ysraýyllar Beýere gitdiler. Şol ýerdäki guýynyň başynda Ýehowa Musa: «Halky ýygna, suw bereýin» diýdi.

17 Şonda ysraýyllar şeýle aýdym aýtdylar:

«Eý guýy, suwlaryň dolup daşsyn!

Ulus-il aýdyma goşulsyn!

18 Han-begleriň eli bilen,

Hökümdarlyk hasasy bilen gazylan guýy!»

Soňra halk çölden Matana ýola düşdi. 19 Matandan Nahalaýyla, Nahalaýyldan Bamota+ gitdiler. 20 Bamotdan Mowapdaky jülgä+, ýagny Pisga baýyrlygyna+ gitdiler. Şol ýerden Ýeşimon* görünýärdi+.

21 Ysraýyllar amor halkynyň hany Sihona habar ýollap+: 22 «Ýurduňdan geçmäge rugsat ber. Ekinleriňe, üzümleriňe degmeris, guýularyňdan suw hem içmeris. Ýurtdan çykýançak, göni Şa ýolundan ýöräris»+ diýdiler. 23 Emma Sihon ysraýyllara ýurdunyň içinden geçmäge rugsat bermedi. Gaýtam goşunyny ýygnap, ysraýyllar bilen söweşmek üçin çöle çykdy. Ol Ýahaza baryp, ysraýyllara hüjüm etdi+. 24 Ysraýyllar bolsa Sihony gylyçdan geçirip+, ýurduny+ Arnondan+ tä ammonlaryň golaýyndaky Ýaboga+ çenli basyp aldylar. Ýöne Ýazerden+ aňryk geçmediler, sebäbi Ýazer ammonlaryň serhedinde+ ýerleşýärdi.

25 Ysraýyllar amorlaryň+ ähli şäherlerini, hatda Heşbony we daş-töweregindäki galalary-da basyp alyp, şol ýerde ýaşap başladylar. 26 Heşbon amorlaryň hany Sihonyň şäheridi. Sihon Mowap patyşasy bilen söweşip, onuň ýurduny Arnona çenli basyp alypdy. 27 Şol sebäpli il arasynda ýaňsylap şeýle diýýärler:

«Heşbona geliň!

Sihonyň şäheri gurulsyn, düýbi berk tutulsyn!

28 Heşbondan ot, Sihonyň galasyndan alaw çykdy,

Mowabyň Ar şäheri, Arnon depeleriniň begleri

Ýanyp kül boldy.

29 Waý günüňe, eý Mowap! Heläk bolarsyň, Kemoş+ halky!

Ol ogullaryny gaçgak edip,

Gyzlaryny amor hany Sihona ýesirlige berýär.

30 Geliň, olary oka tutalyň!

Heşbon Dibona+ çenli weýran ediler.

Geliň, Nopa çenli ýegsan edeliň!

Tutaşan ot Medeba+ ýeter».

31 Şeýlelikde, ysraýyllar amorlaryň ýurdunda ýaşap başladylar. 32 Musa birnäçe adamy Ýazeri+ gözden geçirmäge iberdi. Ysraýyllar Ýazeri we daş-töweregindäki galalary basyp alyp, amorlary kowup çykardylar. 33 Soňra öwrülip, Başan ýolundan gitdiler. Emma Başan hany Og+ goşunyny ýygnap, ysraýyllar bilen söweşmek üçin Edreýe+ geldi. 34 Şonda Ýehowa Musa: «Gorkma+, Ogy, tutuş goşunyny we ýurduny eliňe bererin+. Ogy hem Heşbonda ýaşan amor hany Sihonyň gününe salarsyň»+ diýdi. 35 Ysraýyllar Başan hany Ogy, ogullaryny we goşunyny derbi-dagyn edip, ýekejesini hem diri galdyrmadylar+. Şeýdip, Başan hanynyň ýurduny eýelediler+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş