Ikinji Musa
20 Soňra Hudaý şeýle tabşyryklary berdi+:
2 «Men sizi Müsür gulçulygyndan çykaran Hudaýyňyz Ýehowa+. 3 Menden başga hudaýyňyz bolmasyn+.
4 Asmandaky, ýerdäki, suwdaky hiç bir zadyň butuny ýa şekilini ýasamaň+. 5 Olara tagzym etmäň, sežde etmäň*+. Sebäbi men, Hudaýyňyz Ýehowa, ýürekden wepaly bolmagy talap edýärin*+. Meni ýigrenýän atalaryň etmişi üçin ogullaryna, agtyk-çowluklaryna* jeza berýärin. 6 Meni söýüp, tabşyryklarymy berjaý edýänlere+ bolsa müňlerçe* nesline çenli ýagşylyk edýärin*.
7 Ýehowa Hudaýyňyzyň adyny biderek ýere* tutmaň+. Ýehowa adyny biderek ýere tutýanlary jezasyz goýmaz+.
8 Sabat gününi hemişe mukaddes hasaplaň+. 9 Ähli işiňizi alty günde ediň+. 10 Ýedinji gün Ýehowa Hudaýyňyza bagyşlanan Sabat günüdir. Şol gün hiç hili iş etmäň, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, mal-garalaryňyz, araňyzda ýaşaýan gelmişekler hem işlemeli däldir+. 11 Ýehowa ýeri-gögi, deňzi we olardaky zatlary alty günde ýaradyp, ýedinji gün dynç alyp başlady+. Şonuň üçin Ýehowa Sabat gününi saýlap, mukaddes etdi.
12 Ene-ataňyza hormat goýuň+. Şonda Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurdunda uzak ýaşarsyňyz+.
13 Adam öldürmäň+.
15 Ogurlyk etmäň+.
16 Hiç kime garşy ýalan şaýatlyk etmäň+.
17 Biriniň öýüne, aýalyna+, gul-gyrnagyna, öküzine, eşegine, hiç zadyna göz gyzdyrmaň»+.
18 Adamlar gök gürläp, ýyldyrym çakyşyny we dagyň tüsseleýşini görüp, surnaý* sesini eşidip durdylar. Olar gorkudan ýaňa titräp, daga golaýlaşyp bilmediler+. 19 Olar Musa: «Biz bilen özüň gepleşäý, saňa gulak asarys. Hudaý gepleşmesin, ýogsam barymyz heläk bolarys»+ diýdiler. 20 Şonda Musa: «Howsala düşmäň! Hak Hudaý siziň gulak asyşyňyzy barlap görmek üçin geldi+. Hudaýdan gorkuň, günä etmäň»+ diýdi. 21 Adamlar uzakda durdylar, Musa bolsa gara buludyň golaýyna, hak Hudaýyň ýanyna bardy+.
22 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Ysraýyllara şu sözlerimi ýetir: „Siz bilen gökden gepleşenimi görensiňiz+. 23 Özüňize altyn-kümüşden taňry ýasamaň. Menden başga hudaýa sežde etmäň+. 24 Maňa toprakdan gurbanlyk ojagyny* ýasap, mal-garaňyzdan ýakma we parahatlyk gurbanlyklary hödürläň. Haýsy ýeri maňa sežde etmek* üçin saýlasam, şol ýere+ baryp, size bereket bererin. 25 Gurbanlyk ojagyny daşdan gurjak bolsaňyz, ýonulan daşlary ulanmaň+. Ýonulan daşdan gursaňyz haram bolar. 26 Gurbanlyk ojagyma basgançak ýasamaň. Ýogsam ýokaryk çykanyňyzda, uýat ýeriňiz görner“.