- 
	                        
            
            2 Musa 31:13, 14Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        13 «Ysraýyllara şeýle diý: „Sabat güni barada kanunymy gyşarnyksyz berjaý ediň+. Sabat güni siziň bilen baglaşan ähtimiň alamaty bolar. Ol Ýehowa Hudaýyňyzyň sizi mukaddes edýändigini nesilden-nesle ýatladyp durar. 14 Sabat gününe sowuk-sala garamaň*, sebäbi ol siziň üçin mukaddesdir+. Sabat güni hakdaky kanuny bozan adam öldürilsin. Kimde-kim şol gün işlese, halkyň arasyndan ýok edilsin*+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            5 Musa 5:12—14Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        12 Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryşy ýaly, Sabat gününi hemişe mukaddes hasaplaň+. 13 Ähli işiňizi alty günde ediň+. 14 Ýedinji gün Ýehowa Hudaýyňyza bagyşlanan Sabat günüdir+. Şol gün hiç hili iş etmäň, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, öküzleriňiz, eşekleriňiz, mal-garaňyz, şäheriňizde ýaşaýan gelmişekler+ hem işlemeli däldir+. Gul-gyrnaklaryňyz siz bilen deň dynç alsyn+. 
 
-