Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 4 Musa 22
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

4 Musa kitabynyň mazmuny

      • Ballak Bilgamy hakyna tutýar (1—21)

      • Bilgamyň gepleýän eşegi (22—41)

4 Musa 22:1

Parallel aýatlar

  • +4Ms 33:48

4 Musa 22:2

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 24:9; Ser 11:25

4 Musa 22:3

Parallel aýatlar

  • +2Ms 15:15; 5Ms 2:25

4 Musa 22:4

Parallel aýatlar

  • +4Ms 31:7, 8; Ýuş 13:15, 21

4 Musa 22:5

Çykgytlar

  • *

    Ýewfrat derýasy göz öňünde tutulýan bolmaly.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 23:3, 4; Ýuş 13:22; 2Pe 2:15
  • +1Ms 13:14, 16

4 Musa 22:6

Parallel aýatlar

  • +4Ms 23:7; Ýuş 24:9; Neh 13:1, 2

4 Musa 22:7

Parallel aýatlar

  • +2Pe 2:15; Ýhd 11

4 Musa 22:9

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:20

4 Musa 22:11

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:5, 6; 23:7, 11; 24:10

4 Musa 22:12

Parallel aýatlar

  • +1Ms 12:1—3; 22:15, 17; 5Ms 33:29

4 Musa 22:18

Parallel aýatlar

  • +4Ms 24:13

4 Musa 22:19

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:8

4 Musa 22:20

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:35; 23:11, 12

4 Musa 22:21

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: urkaçy eşegini.

Parallel aýatlar

  • +2Pe 2:15; Ýhd 11

4 Musa 22:22

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar»,

    3/2021, sah. 9

4 Musa 22:28

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: eşege dil bitirdi.

Parallel aýatlar

  • +2Pe 2:15, 16
  • +4Ms 22:32

4 Musa 22:31

Parallel aýatlar

  • +2Pa 6:17

4 Musa 22:32

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:12; 2Pe 2:15, 16

4 Musa 22:33

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:23, 25, 27

4 Musa 22:37

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:16, 17; 24:10, 11

4 Musa 22:38

Parallel aýatlar

  • +4Ms 23:26; 24:13

4 Musa 22:41

Parallel aýatlar

  • +4Ms 23:13, 14

Umumy salgylar

4 Mus. 22:14Ms 33:48
4 Mus. 22:2Ýuş 24:9; Ser 11:25
4 Mus. 22:32Ms 15:15; 5Ms 2:25
4 Mus. 22:44Ms 31:7, 8; Ýuş 13:15, 21
4 Mus. 22:55Ms 23:3, 4; Ýuş 13:22; 2Pe 2:15
4 Mus. 22:51Ms 13:14, 16
4 Mus. 22:64Ms 23:7; Ýuş 24:9; Neh 13:1, 2
4 Mus. 22:72Pe 2:15; Ýhd 11
4 Mus. 22:94Ms 22:20
4 Mus. 22:114Ms 22:5, 6; 23:7, 11; 24:10
4 Mus. 22:121Ms 12:1—3; 22:15, 17; 5Ms 33:29
4 Mus. 22:184Ms 24:13
4 Mus. 22:194Ms 22:8
4 Mus. 22:204Ms 22:35; 23:11, 12
4 Mus. 22:212Pe 2:15; Ýhd 11
4 Mus. 22:282Pe 2:15, 16
4 Mus. 22:284Ms 22:32
4 Mus. 22:312Pa 6:17
4 Mus. 22:324Ms 22:12; 2Pe 2:15, 16
4 Mus. 22:334Ms 22:23, 25, 27
4 Mus. 22:374Ms 22:16, 17; 24:10, 11
4 Mus. 22:384Ms 23:26; 24:13
4 Mus. 22:414Ms 23:13, 14
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
  • 39
  • 40
  • 41
Mukaddes Kitap
4 Musa 22:1—41

Dördünji Musa

22 Soňra ysraýyllar ýola düşüp, Ýerihonyň garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlügine bardylar+. 2 Sefur ogly Ballak+ ysraýyl halkynyň amorlary näme edendigini bilýärdi. 3 Ysraýyl halkynyň köpdügini görüp, mowaplar öler ýaly gorkdular. Olar ysraýyllardan gorkup, howsala düşdüler+. 4 Mowaplar midýan ýaşulularyna+: «Öküziň meýdandaky oty ýalmap ýuwudyşy ýaly, ysraýyl halky hem daş-töweregimizi ýalmap ýuwudar» diýdiler.

Şol wagt Sefur ogly Ballak Mowabyň patyşasydy. 5 Benur ogly Bilgam+ bolsa öz dogduk mekanynda, derýanyň* boýundaky Petorda ýaşaýardy. Ballak Bilgamyň ýanyna adam iberip: «Müsürden bir halk geldi. Olar bütin ýer ýüzüni eýeläp barýar+. Şu wagt edil garşymda düşlediler. 6 Olar menden has güýçli, gel-de, şol halka gargyş okap ber+. Belki, şonda olary derbi-dagyn edip, ýurdumdan kowup çykararyn. Seniň alkyşlan adamyň bereket tapýar, gargan adamyň gargyşa galýar» diýdi.

7 Mowap we midýan ýaşululary Bilgamyň ýanyna baryp, Ballagyň habaryny ýetirdiler. Olar Bilgama el aklyk hem äkitdiler+. 8 Bilgam olara: «Gije bärde galyň. Ýehowanyň näme diýýänini bilip, size aýdaryn» diýdi. Mowap begleri şol gije Bilgamyň ýanynda galdylar.

9 Hudaý Bilgamdan+: «Ýanyňa gelen adamlar kim?» diýip sorady. 10 Bilgam hak Hudaýa: «Mowabyň patyşasy Sefur ogly Ballak maňa şeýle habar ýollapdyr: 11 „Müsürden bir halk geldi, olar bütin ýer ýüzüni eýeläp barýar. Gel-de, şol halka gargyş okap ber+. Belki, şonda olardan üstün çykyp, ýurdumdan kowaryn“» diýdi. 12 Emma Hudaý Bilgama: «Olar bilen gitme. Halka gargyş okama, olar meniň ýalkan halkym»+ diýdi.

13 Bilgam irden turup, Ballagyň beglerine: «Baryň, ýurduňyza dolanyň. Ýehowa siz bilen gitmäge rugsat bermedi» diýdi. 14 Mowap begleri Ballagyň ýanyna baryp: «Bilgam biz bilen gaýtmady» diýdiler.

15 Şonda Ballak öňki beglerden-de has köp we abraýly beglerini iberdi. 16 Olar Bilgamyň ýanyna baryp: «Sefur ogly Ballak şeýle diýýär: „Gaýrat edip, gel, hiç zady bahana etme. 17 Sylag-serpaýyňy ýetirip, aýdan zadyňy bereýin. Gelip, şu halka gargyş okasaň bolýar“» diýdiler. 18 Emma Bilgam Ballagyň hyzmatkärlerine: «Ballak altyn-kümüşden doly öýüni berse-de, Ýehowa Hudaýymyň emrinden çykyp, hiç zat edip bilmerin+. 19 Ýöne siz gije bärde galyň, Ýehowadan ýene bir sorap göreýin»+ diýdi.

20 Gije Hudaý Bilgama görnüp: «Yzyňdan gelen bolsalar, gidiber. Ýöne diňe meniň aýdan zatlarymy aýdarsyň»+ diýdi. 21 Bilgam irden turdy-da, eşegini* gaňňalap, Mowap begleri bilen ýola düşdi+.

22 Emma Hudaý Bilgamyň gidenine gaharlandy. Ýehowanyň perişdesi Bilgamy saklamak üçin ýoluň ugrunda durdy. Bilgam eşekli barýardy, ýanynda-da iki hyzmatkäri bardy. 23 Eşek öňünde Ýehowanyň perişdesiniň eli gylyçly duranyny görüp, ýoldan sowuldy-da, ekiniň içine girip gitdi. Bilgam eşegi yzyna gaýtarjak bolup urup başlady. 24 Soňra Ýehowanyň perişdesi iki üzümligiň arasyndaky darajyk ýolda durdy. Ýoluň her tarapynda daşdan salnan diwar bardy. 25 Eşek Ýehowanyň perişdesini görüp, diwara dykyldy. Bilgamyň aýagy hem diwara gysyldy. Ol eşegini ýene-de urup başlady.

26 Ýehowanyň perişdesi biraz öňe geçip, ýoluň darajyk ýerinde durdy, ol ýerden ne saga, ne çepe öwrülip bolýardy. 27 Eşek Ýehowanyň perişdesini gören badyna, ýere çökdi-de, ýatyberdi. Şonda Bilgamyň gany depesine urup, eşegini taýaklap başlady. 28 Ahyry Ýehowa eşegi gepletdi*+. Eşek Bilgama: «Meni beýle urar ýaly, saňa näme etdim? Eýýäm üçünji gezek urýaň»+ diýdi. 29 Bilgam: «Meni däliretdiň-ä! Entegem elimde gylyç ýok, ýogsam seni bölek-bölek ederdim!» diýdi. 30 Eşek bolsa: «Men bütin ömrüňe münüp ýören eşegiň dälmi? Öň seni şeýdip kösäpdimmi?» diýdi. Bilgam: «Ýok!» diýdi. 31 Şonda Ýehowa Bilgamyň gözüni açdy+, Bilgam ýolda eli gylyçly duran Ýehowanyň perişdesini gördi. Bilgam şol bada ýüzüni ýere berip, tagzym etdi.

32 Ýehowanyň perişdesi Bilgama: «Eşegiňi näme üçin üç gezek urduň? Men seni ýoluňdan saklajak boldum, sebäbi sen islegime garşy gidýäň+. 33 Eşek meni görüp, üç gezek aýlanyp geçjek boldy+. Eger ol şeýtmedik bolsa, seni öldürip, eşegi diri goýardym» diýdi. 34 Bilgam Ýehowanyň perişdesine: «Men günä etdim, öňümde duranyňy bilmändirin. Gitmegimi islemeýän bolsaň, yzyma dolanaryn» diýdi. 35 Emma Ýehowanyň perişdesi: «Olar bilen git, ýöne diňe meniň aýdan zatlarymy aýdarsyň» diýdi. Şeýdip, Bilgam Ballagyň begleri bilen ýoluny dowam etdi.

36 Ballak Bilgamyň gelýänini eşiden badyna, garşy almak üçin Mowabyň serhedine, Arnon jülgesiniň golaýynda ýerleşýän şähere bardy. 37 Ballak Bilgama: «Yzyňdan adam iberdim. Näme üçin gelmediň? Sylag-serpaýsyz goýar öýtdüňmi?»+ diýdi. 38 Bilgam bolsa: «Ine, geldim-ä. Ýöne ygtyýarym öz elimde däl, diňe Hudaýyň diýen zadyny aýdaryn»+ diýip jogap berdi.

39 Şeýlelikde, Bilgam Ballak bilen Kirýat-husota gitdi. 40 Ballak öküz, goýun gurbanlyk berip, bir bölegini Bilgama we ýanyndaky beglere iberdi. 41 Ertesi irden Ballak Bilgamy alyp, Bamot-bagala gitdi, sebäbi şol ýerden tutuş halky görüp bolýardy+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş