-
4 Musa 22:5, 6Mukaddes Kitap
-
-
5 Benur ogly Bilgam+ bolsa öz dogduk mekanynda, derýanyň* boýundaky Petorda ýaşaýardy. Ballak Bilgamyň ýanyna adam iberip: «Müsürden bir halk geldi. Olar bütin ýer ýüzüni eýeläp barýar+. Şu wagt edil garşymda düşlediler. 6 Olar menden has güýçli, gel-de, şol halka gargyş okap ber+. Belki, şonda olary derbi-dagyn edip, ýurdumdan kowup çykararyn. Seniň alkyşlan adamyň bereket tapýar, gargan adamyň gargyşa galýar» diýdi.
-
-
4 Musa 23:11Mukaddes Kitap
-
-
11 Muny eşiden Ballak Bilgama: «Edýäniň näme? Seni duşmanlaryma gargyş oka diýip getirdim, sen bolsa olara ak pata berýäň!»+ diýdi.
-
-
4 Musa 24:10Mukaddes Kitap
-
-
10 Şonda Ballagyň Bilgama gahary geldi. Ol gahardan ýaňa elini çarpyp: «Seni duşmanlaryma gargyş oka diýip getirdim+, sen bolsa üç gezek ak pata berdiň!
-