-
4 Musa 22:10, 11Mukaddes Kitap
-
-
10 Bilgam hak Hudaýa: «Mowabyň patyşasy Sefur ogly Ballak maňa şeýle habar ýollapdyr: 11 „Müsürden bir halk geldi, olar bütin ýer ýüzüni eýeläp barýar. Gel-de, şol halka gargyş okap ber+. Belki, şonda olardan üstün çykyp, ýurdumdan kowaryn“» diýdi.
-
-
4 Musa 23:11Mukaddes Kitap
-
-
11 Muny eşiden Ballak Bilgama: «Edýäniň näme? Seni duşmanlaryma gargyş oka diýip getirdim, sen bolsa olara ak pata berýäň!»+ diýdi.
-
-
Nehemýa 13:1, 2Mukaddes Kitap
-
-
13 Şol gün halkyň öňünde Musanyň kitaby okaldy+. Kitapda ammonlaryň we mowaplaryň+ hiç wagt hak Hudaýyň ýygnagyna goşulyp bilmeýändigi ýazylgydy+. 2 Sebäbi olar ysraýyllary duz-çörek bilen garşy almandylar. Gaýtam olara gargyş okatmak üçin Bilgamy hakyna tutdular+. Ýöne Hudaýymyz onuň gargyşyny alkyşa öwürdi+.
-