Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/4 sah. 29—32
  • Ýehowa seniň sag-salamat bolmagyňy isleýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa seniň sag-salamat bolmagyňy isleýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Musa pygamberiň kanuny goraýar
  • Gurluşykda howpsuzlygy saklamak
  • Söýginiň ähmiýeti
  • Ýehowany şöhratlandyrýan gurluşyk işleri
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Patyşalyk Zallaryny gurmak — Hudaýa gulluk etmek
    Hudaýa gullugymyz — 2006
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/4 sah. 29—32

Ýehowa seniň sag-salamat bolmagyňy isleýär

TARYHDA iň howply waka bolanda, Gudratygüýçli Hudaý merhemetini gazanan ähli adamlary «halas eder» (Ýowel 2:32). Emma Ýehowa adamlary hemişe zyýandan goramak isleýärdi. Sebäbi «ýaşaýşyň gözbaşy» Ondadyr we ol ähli adamlary gymmat saýyp, goramagy mynasyp görýär (Zeb. 36:9).

Gadym döwürde Ýehowanyň wepaly gullukçylary hem ýaşaýşa Hudaý ýaly garaýardylar. Gelip çykyş 33:18-nji aýatda Ýakup maşgalasy bilen howply syýahatdan «sag-aman geldi» diýilýär. Ýakup Ýehowanyň goragyna bil baglaýardy, ýöne ol hem ýanyndaky adamlary goramak üçin käbir ädimleri ätdi (Gel. çyk. 32:7, 8; 33:14, 15). Sen hem Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerseň, özüňi we başgalary howpdan gorap bilersiň. Geliň, Patyşalyk zallaryny gurýanlaryň we şoňa meňzeş gurluşykda işleýänleriň hem-de tebigy betbagtçylykdan ejir çekýänlere kömek edýän doganlaryň nädip şu prinsiplere eýerýändigine seredeliň.

Musa pygamberiň kanuny goraýar

Musa pygamberiň kanunyna görä, Hudaýyň halky howpsuzlyk çärelerini görmelidiler. Meselem, ysraýyllar jaý guranda üçegiň gyrasyna pessejik diwar ýa-da germew tutmalydy. Sebäbi köplenç adamlar jaýynyň tekiz üçeginde bolýardy, germewler bolsa olary ýykylmaz ýaly goraýardy (1 Sam. 9:26; Mat. 24:17). Eger öý eýesi bu howpsuzlyk kanuna gulak asman biri betbagtçylyga uçrasa, onda ol Ýehowanyň öňünde günäkär bolýardy (Kan. tag. 22:8).

Musanyň kanunyna görä, mal-garanyň ýetirýän zyýany üçin hem jeza berilýärdi. Eger öküz bir adamy süsüp öldürse, öküziň eýesi başga adamlara-da zyýan ýetirmez ýaly, ony öldürmelidi. Eýesi onuň etini iýip we başgalara satyp bilmeýärdi. Malynyň öldürilmegi onuň üçin uly ýitgidi. Eger öküziň süsekdigi öňden mälim bolup, emma onuň eýesi malyna göz-gulak bolmasa, onda näme? Şol öküz kimdir birini öldürse, öküz we eýesi öldürilmelidi. Musanyň kanunynda mal-garaňa biperwaý garamaly däldigi görkezilýärdi (Müs. çyk. 21:28, 29).

Musanyň kanunynda gurallary dogry ulanmak hakynda hem aýdylýardy. Ysraýyllylaryň köpüsi palta bilen odun çapýardy. Eger palta sapyndan sypyp, ýanyndaky adama degse we ol heläk bolsa, odun çapýan adam gaçybatalga şäherine gaçyp, baş ruhany ölýänçä, şol ýerde bolmalydy. Ol bilmezlikden adam öldüreni üçin birnäçe ýyl maşgalasyndan we öýünden aýra ýaşamalydy. Bu buýruk ysraýyllylara Ýehowanyň ýaşaýşy gymmat saýýandygyny öwredýärdi. Ýaşaýşy Ýehowa ýaly gymmat saýýan adam gurallaryny abat saklaýardy we seresaplyk bilen ulanýardy (San. 35:25; Kan. tag. 19:4—6).

Şeýle-de Ýehowa Musanyň kanuny arkaly halkynyň öýüniň içinde we daşynda seresap bolmalydygyny anyk aýtdy. Bir adam kimdir biriniň ölmegine, endamyna şikes ýetmegine hatda betbagtçylyga uçramagyna sebäp bolsa, günäkär hasaplanýardy. Ýehowanyň howpsuzlyga bolan garaýşy üýtgemedi (Mal. 3:6). Ol häzirem adamyň özüne we beýlekilere şikes ýetirmegini islemeýär. Esasanam, biz Hudaýa sežde etmek üçin jaýlar guranda we remont edende, seresap bolmaly.

Gurluşykda howpsuzlygy saklamak

Biz Patyşalyk zallaryny, Kongres zallaryny we filiallary gurmagy we remont etmegi uly hormat saýýarys. Şeýle-de tebigy betbagtçylykdan ejir çekýänlere kömek etmek uly hormatdyr. Biz hemişe işimizi ussatlyk bilen etmek isleýäris, sebäbi ýönekeý işi etmegi başarmasak, özümize we başgalara şikes ýetirip bileris (Wag. 10:9). Howpsuzlygy saklamagy endik etsek, biz hiç kime zyýan ýetirmeris.

Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ýaşlaryň şöhraty olaryň güýçleridir; garrylaryň abraýy çal kelleleridir» (Sül. tym. 20:29). Ýaşlaryň agyr işleri etmäge güýji ýetýär. Emma çal kelleli işçiler, ýagny gurluşyk işinde tejribeli dogan-uýalar soňunda öz elleri we gurallary bilen bezeg işlerini bitirýärler. Şol bir wagtyň özünde ýaşlar tejribeli dogan-uýalara agyr işi etmäge kömek edýär. Sen ýaňy-ýakynda gurluşyk işine meýletin gatnaşyp başlan bolsaň, tejribeli gurluşykçylaryň edýän işine syn et we olaryň görkezmesine eýer. Howply zatlary ellände we agyr ýük göterende, seresap bol. Şonda işiňi üstünlikli, howpsuz edersiň we şatlyk taparsyň.

Gurluşyk meýdançalarda işçiler hemişe seresap bolmaly. Ol ýerde ýagdaý derrew üýtgeýär. Öňki tekiz ýerde, indi çukur bolmagy mümkin. Başga brigadanyň işçileri merdiwany, tagtany ýa-da reňk edilýän bedräni başga ýere geçirmegi mümkin. Eger sen ünsli bolmasaň, endamyňa şikes ýetirip bilersiň. Gurluşyk meýdançada howpsuz işlemek üçin gurluşykçylar goraýan zatlary geýmeli. Goraýan äýnek, kaska we ýörite aýakgap köp howpdan goraýar. Eger şu zatlary abat saklap, geýseň, diňe şonda olar seni gorap biler.

Köp gurallar bilen işlemek kyn bolmasa-da, olary howpsuz we ökdelik bilen ulanmagy öwrenmeli hem-de tejribäň bolmaly. Sen guraly ulanyp bilmeýän bolsaň, gözegçilik edýän dogana aýt. Ol guralyň nähili ulanylşyny saňa öwreder. Pesgöwünlilik, ýagny ukybyň çäklidigini bilmek wajyp häsiýet. Sen şeýle etseň, gurluşyk meýdançada özüňe we başgalara zyýan ýetirmersiň (Sül. tym. 11:2).

Gurluşyk işlerinde köplenç gurluşykçylar ýykylyp, özlerine şikes ýetirýär. Merdiwana çykmanka ýa-da tagtadan ýöremänkä, onuň abatdygyny hem berk durandygyny barlap gör. Eger sen tagtanyň ýa üçegiň üstünde işleseň, howpsuzlyk kemerini dakynmak ýa-da germew tutmak maslahat berilýär. Belentlikde işlemek barada soraglar ýüze çyksa, gözegçilik edýän dogandan sorap bilersiňa.

Bütin dünýäde Ýehowa gulluk edýän adamlaryň sany gün-günden köpelýär, şol sebäpli hak Hudaýa sežde etmek üçin Patyşalyk zallary we başga-da jaýlar gerek bolýar. Patyşalyk zallarynyň gurluşyk meýdançalarynda we şoňa meňzeş gurluşyklarda gözegçilik edýän doganlar Ýehowanyň söýýän goýunlarynyň howpsuzlygy üçin jogapkärli. Sebäbi olar şol doganlaryň ýolbaşçylygy astynda işleýär (Iş. 32:1, 2). Saňa gurluşyk işlerinde dogan-uýalara gözegçilik etmek hormatly iş ynanylan bolsa, howpsuzlygy saklamagyň wajyplygy barada unutma. Gurluşyk meýdançada arassa we ähli zadyň ýerbe-ýerdigine göz ýetir. Kimdir-birine howpsuz işlemelidigi barada ýatlatmaly bolsa, ýumşaklyk bilen, ýöne pugta ýatlat. Howply ýere ýaş we tejribesiz işçilere girmäge rugsat berme. Gurluşyk brigadasynyň nähili ýagdaýa duş geljekdigini öňünden bilip, olary howpsuz işlemägä taýýarla. Biziň maksadymyzyň gurluşyk işlerini şikessiz tamamlamakdygyny unutma.

Söýginiň ähmiýeti

Hak Hudaýa sežde etmek üçin niýetlenen Patyşalyk zallarynyň we başga jaýlaryň gurluşygynda howply işler hem bolýar. Şonuň üçin şeýle gurluşykda işleýänler ünsli bolmaly. Sen gurluşyk işinde Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerip, berlen görkezmä gulak asyp, paýhasly bolsaň, howpdan gaça durarsyň hem-de işdeşleriňe zyýan ýetirmersiň.

Howpsuzlygy saklamaga näme kömek edýär? Söýgi. Ýehowany söýýänimiz üçin biz ýaşaýşy onuň ýaly gymmat saýýarys. Adamlara bolan söýgi, olara zyýan ýetirmez ýaly, seresap bolmaga kömek edýär (Mat. 22:37—39). Şol sebäpli geliň, gurluşyk meýdançalarynda sag-aman işlemek üçin elimizden gelenini edeliň.

a 30-njy sahypadaky «Merdiwanda işlände nädip seresap bolmaly?» diýen bukja seret.

[Çarçuwa/ 30 sahypadaky surat]

Merdiwanda işlände nädip seresap bolmaly?

Geçen ýyl ABŞ-da 160 müňden gowrak işçiler merdiwandan ýykylyp, özlerine şikes ýetirdi. Takmynan 150 adam bolsa, heläk boldy. Sen nirede işleseň-de, ýaşasaň-da merdiwandan ýykylmaz ýaly, aşakda birnäçe maslahat berilýär.

◇ Yrgyldaýan we döwülen merdiwany ulanma we ony bejerme. Gowusy ony taşla.

◇ Ähli merdiwanlar belli bir agramy götermäge niýetlenen. Sen guralyň we materialyň bilen merdiwanyň göterýän agramyndan artyk gelmeýändigiňe göz ýetir.

◇ Merdiwany tekiz we gaty ýerde goýmaly. Ony bedre we ýaşik ýaly berk durmaýan zatlaryň üstünde goýmaly däl.

◇ Merdiwana bakyp çykmaly we ondan düşmeli.

◇ Merdiwanyň iň ýokarsynyň iki basgançagynda oturmaň we dik durmaň.

◇ Merdiwan bilen üçege ýa-da bir beýiklige çykmaly bolsaň, onda merdiwanyň ýokarky aýaklary direlýän üçekden ýa-da beýiklikden bir metr ýokaryk çykyp durmaly. Merdiwanyň aýaklary typyp gitmez ýaly, olary bir zat bilen daň ýa-da aýaklarynyň öňüne bir taýagy dürt. Şeýdip bolmasa, onda işläp durkaň, biri merdiwany saklasyn. Merdiwan bir tarapa agmaz ýaly, onuň ýokarsyny bir ýere berk daň.

◇ Merdiwany tagtanyň üstünde işlemek üçin direg hökmünde ulanma.

◇ Işlän wagty eliňi we aýagyňy uly aralyga uzatsaň merdiwan ýerinden gozgamagy mümkin. Şeýle howply hereketleri etme. Işleýän ýeriňe daş bolmaz ýaly, merdiwany süýşür.

◇ Eger sen ýapyk gapynyň öňünde merdiwanly işleseň, duýdurýan ýazgyny as ýa-da gapyny gulpla. Gapyny gulplap bolmasa, geçýän adamlary duýdurar ýaly birini goý.

◇ Iki adamlyk merdiwandan başga merdiwanda diňe bir adam işlemelib.

[Çykgyt]

b Merdiwanda işlemek barada ýene-de birnäçe maslahatlary 1999-njy ýylyň 8-nji awgustda çykan «Oýanyň!» (rusça) žurnalynyň 22—24-nji sah. tapyp bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş