Irki mesihçiler we Rim taňrylary
BITINÝANYŇ hökümdary Pliniý Rim imperatory Traýana ýazan hatynda şeýle diýýär: «Mesihçi hökmünde aýyplanýanlary şeýle sorag edýärin: men olardan mesihçimi ýa däldigini soraýaryn. Eger olar mesihçidigini boýun alsalar, onda rehimsizlik bilen temmi beriljegini aýdyp, olardan ýene-de mesihçimi ýa däldigini iki-üç sapar soraýaryn. Şonda-da olar mesihçi diýseler, onda olara ölüm jezasyny berýärin». Pliniý kazyýete imperatoryň we taňrylaryň heýkellerini getirip, mesihçiler dininden we Isa Mesihden dänen adamlary şol heýkellere sežde etdirýärdi. Bu adamlar barada Pliniý şeýle ýazdy: «Men olary azat etmegi dogry hasaplaýaryn».
Irki mesihçiler imperatoryň heýkeline we dürli taňrylara sežde etmändikleri üçin yzarlanýardy. Rim imperiýasynda ýene-de nähili dinler bardy? Nähili taňrylara sežde edilýärdi we rimliler olara nähili garaýardy? Rim taňrylaryna gurban getirmekden ýüz öwren mesihçiler näme üçin yzarlanýardy? Bu soraglaryň jogabyny bilsek, bize-de Ýehowa wepaly galmaga kömek eder.
Rim imperiýasyndaky dinler
Gadymy Rim köp milletli we dürli medeniýetli imperiýady, edil şonuň ýaly-da, ol ýerde dürli taňrylara sežde edilýärdi. Emma rimliler üçin ýehudylaryň dini täsindi, ýöne şonda-da olar bu dini «religio likita» (religio licita), ýagny ykrar edilen din hasaplaýardylar we ony goldaýardylar. Iýerusalimiň ybadathanasynda kaýsar hem-de rim halky üçin günde iki sapar bir öküz we iki goýun gurban berilýärdi. Bu gurbanlar haýsy taňra berlende-de, rimliler üçin parhy ýokdy. Emma olar ýehudylaryň Rim imperiýasyna wepalylygyny subut etmek üçin gurban bermegini isleýärdiler.
Butparazlyk dürli görnüşli däp-dessurlar bilen birlikde giňden ýaýrapdy. Grek mifologiýasy meşgurlyk gazanypdy; palçylyk bolsa adaty zada öwrülipdi. Gündogaryň syrly dinleri adamlara baky ýaşaýşy, ylham almagy we jadyly däpler arkaly taňrylara ýakynlaşmagy wada berýärdi. Imperiýa şeýle dinlerden doludy. B. e. ilkinji asyrlarynda köp adamlar müsürlileriň taňrysy Serapise, aýal taňrysy Iside, siriýalylaryň aýal sypatly balyk guýrukly taňrysy Atargatise we parslaryň Gün taňrysy Mitra sežde edýärdi.
Irki mesihçileriň döwründe butparazlygyň giňden ýaýrandygyny Mukaddes Ýazgylardaky Resullaryň işleri kitabyndan hem görse bolýar. Meselem, Rimiň Kiprdäki häkiminiň ýanynda hemişe ýehudy jadygöýi bolardy (Res. iş. 13:6, 7). Listranyň ýerli halky Pawlus bilen Barnabasa grek taňrylary Hermes we Zewsdir öýtdüler (Res. iş. 14:11—13). Pawlus Filipide mahaly palçy ruhly bir kenize duş geldi (Res. iş. 16:16—18). Ol afinalylaryň «her taýdan gaty dindardygyny» bildi. Şeýle-de ol şäherde «nätanyş taňra» diýen ýazgyly gurbanlyk edilýän ýeri gördi (Res. iş. 17:22, 23). Efesoslylar aýal taňrysy Artemise sežde edýärdiler (Res. iş. 19:1, 23, 24, 34). Malta adasynda Pawlusy zäherli ýylan çaksa-da, ol ölmeýär. Şonda onuň ýaşaýjylary Pawlusa bir taňrydyr öýtdüler (Res. iş. 28:3—6). Şeýle döwürde ýaşan mesihçiler, elbetde, arassa seždäni hapalap biljek zatlardan ägä bolmalydy.
Rim dini
Rim imperiýasynyň çägi giňeldigiçe, rimliler täze taňrylara uýup başladylar. Olaryň pikiriçe, bu taňrylary olar öň hem tanaýardylar, ýöne başgaça sežde edýärdiler. Rimliler basyp alan ýurtlaryna öz dinini girizmän, gaýtam, olaryň taňrylaryna özleriçe uýupdyrlar. Şol sebäpli, Rim imperiýasynda dürli dinler bolupdyr, çünki olaryň dini bir hudaýa sežde etmegi talap etmeýärdi. Adamlar dürli taňrylara sežde edip bilýärdiler.
Rimlileriň taňrylarynyň arasynda iň esasysy Ýupiterdi, oňa Optimus Maksimus hem diýilýärdi. Onuň ady iň gowy we iň beýik diýmegi aňladýar. Ol şemalyň, ýagşyň, ýyldyrymyň we gök gürrüldisiniň piridi. Ýupiteriň uýasy we aýaly Ýunona Aý taňrysy hasaplanyp, gelin-gyzlara hemaýatkärçilik edýärdi. Onuň gyzy Minerwe el işiniň, hünäriň, sungatyň we urşuň piridi.
Rimlileriň hudaýlary sanardan-da köpdi. Lar we Penat maşgalanyň taňrylary hasaplanypdyr. Westa maşgala ojagynyň piridi. Ýanus ähli başlangyçlaryň hudaýydy. Her hünäriň öz piri bardy. Rim imperiýasynda pikir-düşünjäniň we gylyk-häsiýetiň hem hudaýy bardy. Paks parahatçylygyň, Salus jan-saglygyň, Pudikitiýa salykatlylygyň we päkligiň, Fides wepadarlygyň, Wirtus edermenligiň, Wolýuptas hem aýşy-eşretiň piridi. Rimliler durmuşynda bolýan her bir zada taňrylaryň islegidir öýdýärdi. Şeýlelikde, adamlar başlan işini sag-aman bitirmek üçin, onuň hudaýyny çagyrypdyrlar. Onuň göwnünden turmak üçin, adatça, doga okalýardy, sadaka berilýärdi we baýramçylyk bellenilýärdi.
Taňrylaryň yradasyny bilmekligiň bir ýoly palçylykdy. Adamlar, esasan, gurban berlen malyň içgoşuna seredip pal atypdyrlar. Olar etjek işiniň hudaýyň halajakdygyny ýa-da halamajakdygyny malyň içgoşunyň ýerleşiş ýagdaýy boýunça anyklap bolýandyr öýdüpdirler.
B. e. öň II asyryň ahyrlarynda rimliler baş hudaýlarynyň grek hudaýlaryna meňzeşdigine ynanyp başlapdyrlar. Soňra olar Ýupiteriň Zewsdigini, Ýunonanyň Geradygyny ykrar etdiler. Şeýle-de rimliler grek hudaýlary bilen bagly rowaýatlary hem öz rowaýatlarynyň sanyna goşupdyrlar. Emma bu rowaýatlar taňrylary öwüp arşa çykarmaýardy, çünki olar adamlar ýaly nädogry işleri edip, ejiz bolupdyrlar. Meselem, Zews adamlar hem-de hudaýlar bilen jynsy gatnaşyk edýän we oglanjyklary zorlaýan taňry hökmünde suratlandyrylypdyr. Şeýle utanç-haýasyz zatlar gadymy teatrlarda hem görkezilipdir. Şol taňrylara uýýan adamlar muny köplenç uly şowhun bilen garşylapdyrlar. Şeýlelikde, olaryň azgyn islegleri has-da güýjäpdir.
Sowatly adamlaryň käbiri bu rowaýatlary hakykat hasaplasa, käbiri bir zada meňzeden bolmaly. Munuň şeýledigini Pontius Pilatusyň «Hakykat näme?» diýen dünýä belli soragy hem tassyklaýar (Ýahýa 18:38). Şeýle garaýyş «sowatly adamlaryň arasyndaky her bir zadyň anygyna ýetmek mümkin däl» diýen düşünjäniň giňden ýaýrandygyny görkezýär.
Imperatora sežde etmek
Awgustyň hökümdarlyk eden döwründe (b. e. öň 27— b. e. 14-nji ýyllar) imperatora sežde edilip başlandy. Esasanam, Rim imperiýasynyň Gündogar ýurtlarynda grek dilinde gepleýän adamlaryň köpüsi Awgusta ýürekden minnetdarlyk bildiripdir. Sebäbi ençeme ýyl dowam eden uruşdan soň, ol ýurduň gülläp ösmeginiň we parahat ýaşaýşyň aladasyny edipdir. Adamlar abraýly patyşanyň howandarlygy astynda ýaşamak isläpdir. Olar dini gapma-garşylyklary ýeňip, watansöýüjiligi öňe sürüp, şol «halasgär» arkaly bütin dünýäni agzybir etmek isläpdir. Şeýlelikde, imperator göze görünýän hudaý hasaplanypdyr.
Awgust özüne hudaý diýmeklerine rugsat bermändir. Ol Rimiň nusgasy hasaplanýan aýal taňrysy Dea sežde etmegi talap edipdir. Awgust ölenden soň, ony hudaý diýip yglan edipdirler. Adamlaryň dini duýgulary hem watansöýjüligi netijesinde, imperiýa we hökümdarlar iň esasy zada öwrüldi. Imperatora sežde etmeklik tizden ähli welaýatlara ýaýrady, şeýdip, adamlar döwlete hormat goýup, wepalydygyny görkezipdirler.
B. e. 81—96-njy ýyllar aralygy Rimde hökümdarlyk eden imperator Domisian, ilkinji bolup, özüne sežde edilmegi talap edipdir. Onuň döwründe rimliler mesihçiler bilen ýehudylaryň tapawudyny bilip, täze dini topary yzarlap başlaýarlar. Domisianyň hökümdarlygy döwründe, Ýahýa resuly Isa barada güwälik edeni üçin Patmos adasyna sürgün edýärler (Ylh. 1:9).
Ýahýa Ylham kitabyny sürgündekä ýazýar. Şonda ol mesihçi Antipasyň Bergamada öldürlendigini aýdýar, çünki bu şäher imperatora sežde edilýän esasy merkez bolupdyr (Ylh. 2:12, 13). Şondan soň hökümet mesihçilerden döwlet dininiň däp-dessurlaryny berjaý etmegi talap edip başlapdyr. Makalanyň başynda aýdylan waka hem şoňa degişli bolmaly, ýagny b. e. 112-nji ýylynda Pliniýiň Traýana ýazan hatynda Bitinýadaky mesihçilerden şeýle däpleri ýerine ýetirmegi talap edendigi görünýär.
Traýan Pliniýiň gelen kararyny makullaýar, sebäbi Pliniý rim taňrylaryna sežde etmekden boýun towlan mesihçileri ýanyna getirmegi buýurýardy. Traýan şeýle ýazýar: «Emma mesihçiligi inkär edip, muny iş ýüzünde subut eden adam, ýagny indi biziň hudaýlarymyza sežde edip, toba edeni üçin, ol bagyşlanmaga mynasypdyr».
Rimliler bir Hudaýa sežde etmegi talap edýän dine düşünip bilmediler. Rim hudaýlary muny talap etmeýän bolsa, onda näme üçin mesihçileriň Hudaýy talap edýärkä? Rimlileriň pikiriçe, döwlete sežde etseň, hökümete tabyn bolup, hudaýlaryň islegini ýerine ýetirýärsiň. Şol sebäpli, olara sežde etmekden boýun towlamak, döwlete dönüklik etmek hasaplanylýardy. Munuň bilen köp mesihçileriň razylaşmajakdygyna Pliniý göz ýetirdi. Mesihçiler üçin şeýle sežde Ýehowa biwepalyk etmekdi. Irki mesihçileriň köpüsi imperatora sežde etmän, Ýehowa wepaly galyp ölmegi hormat bildiler.
Bu bizi näme üçin gyzyklandyrmaly? Käbir ýurtlaryň raýatlaryndan döwlet nyşanlaryna tagzym etmek talap edilýär. Hawa, biz mesihçiler hökmünde ýokary häkimiýetlere hormat goýýarys (Rim. 13:1). Emma baýdaga sežde etmeli bolanda, biz diňe Ýehowa Hudaýa wepaly galyp, Mukaddes Ýazgylardaky «butparazlykdan gaçyň» we «özüňizi butlardan goraň» diýen maslahata eýerýäris (1 Kor. 10:14; 1 Ýahýa 5:21; Nah. 1:2). Isa: «Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et» diýdi (Luka 4:8). Geliň, biz hem sežde edýän Hudaýymyza hemişe wepaly galalyň!