20 Şerap biabraý edýär+, çakyr edepsizlige eltýär+,
Ol ynsany dogry ýoldan sowýar+.
2 Patyşanyň haýbaty arslanyň arryldysy kimindir+,
Gaharyny getiren janyndan doýandyr+.
3 Dawadan daşda durýanyň abraýy artýar+,
Akmak bolsa jenjele goşulýar+.
4 Ýalta gyşyna ýer sürmez,
Hasyl döwri el serer+.
5 Ynsanyň oý-pikiri çuň guýy ýalydyr,
Parasatly adam çekip çykarýar.
6 Köpler özüne wepadar diýer.
Emma wepaly adamy kim tapar?
7 Hudaýhon adam wepalydyr+,
Çagalary hem bagtlydyr+.
8 Patyşa tagtynda oturyp höküm çykarýar+,
Gözi bilen ähli zalymlygy görýär+.
9 «Ýüregim arassa+,
Günäden päkdirin» diýmäge kimiň dili barar?+
10 Kem çekýän terezi daşlary bilen nädogry ölçeg gaplary,
Ýehowa üçin ýigrenjidir+.
11 Hatda çaganyň edim-gylymyna seredip,
Ýüregi arassamy, dogrumy bilip bolýar+.
12 Eşidýän gulak, görýän göz,
Ýehowanyň elleriniň işidir+.
13 Ukyny söýme, ýogsam garyp düşersiň+,
Gözüňi aç, çörekden doýarsyň+.
14 Alyjy: «Harydyň erbet, juda erbet!» diýýär,
Soňra bolsa satyn alan zadyna öwünýär+.
15 Altynyň, merjeniň näçe köp bolsa-da,
Bilimli dil ikisinden hem gymmatlydyr+.
16 Kesekä kepil geçeniň donuny al+,
Ýat aýala kepil geçenden girew al+.
17 Aldaw bilen gazanylan nan süýjüdir,
Yzyndan ajy-ajy gägirmesi bardyr+.
18 Maslahat bilen maksada ýetilýär+,
Söweşde paýhasly maslahaty diňle+.
19 Gybatçy syry paş edýär+,
Gepçiler bilen gatnaşma.
20 Ene-atasyna garganyň gije çyrasy söner+.
21 Açgözlük bilen toplanan baýlyk bereketli bolmaz+.
22 «Ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bererin» diýme+,
Ýehowa umyt bagla+, ol seni halas eder+.
23 Kem çekýän terezi daşlaryny Ýehowa ýigrenýär,
Kem çekýän terezi ýagşy däldir.
24 Ynsan ýörejek ýoluny bilmeýär.
Ynsana ädimlerini Ýehowa öwredýär+.
25 Eger adam Hudaýa howlukmaç wada berse,
Beren wadasy hakda soňundan oýlansa,
Şeýle adam duzaga düşýär+.
26 Akyldar patyşa erbetleri elekden geçirýär+,
Olary harman döwülýän tagta bilen owradýar+.
27 Ynsanyň sözleri Ýehowanyň çyrasydyr,
Içki dünýäsini äşgär edýär.
28 Ýagşylyk we wepadarlyk patyşany goraýar+,
Tagt wepaly söýgi bilen dikilýär+.
29 Güýç-kuwwat ýaşlaryň şöhratydyr+,
Ak saç garrylaryň görküdir+.
30 Urulsa, ýenjilse, adam erbetligini goýar+,
Taýak adamyň kalbyny tämizlär.