Nakyllar
21 Patyşanyň ýüregi Ýehowanyň elinde akar suw ýalydyr+,
Ony islän ugruna akdyrýandyr+.
3 Ýehowanyň gözünde dogruçyl we adalatly adam,
Gurbanlyk berýänden has gowudyr+.
4 Ulumsy gözler, tekepbir ýürek,
Erbediň çyrasydyr, ikisi-de günä iterýär+.
7 Erbetleriň zorlugy öz başyna ýeter+,
Sebäbi olar adalatly bolmakdan ýüz öwürýärler.
8 Günäkäriň ýoly egridir,
Päk ynsanlaryň işi dogrudyr+.
12 Hak Hudaý ýaramaz adamyň öýüni synlaýar,
Erbetleri ýykyp ýok edýär+.
15 Hudaýhon adam adalatly bolmagy halaýar+,
Zalym bolsa adalaty ýigrenýär.
16 Düşünjeden ýüz öwren adam
Ölüleriň arasynda ýatar+.
17 Aýşy-eşreti söýýän garyp düşýär+,
Şeraby, ýagy söýýäniň döwleti artmaz.
18 Erbet adam dogruçyl üçin töleg bolar,
Dönük ynsan adalatla derek alnyp gidiler+.
22 Akyldar adam pälwanyň şäherini basyp alýar,
Onuň daýanýan galasyny weýran edýär+.
23 Agzyny ýumup, dilini saklaýan,
Janyny beladan goraýar+.
24 Soňuny oýlaman gedemlik edýän adam,
Ulumsy, tekepbir hem öwünjeňdir+.
25 Ýaltanyň arzuwy ölüme eltýär,
Sebäbi elleri işlemek islemeýär+.
26 Ol uzakly gün arzuw-hyýala batýar,
Dogruçyl bolsa gysganman berýär+.
27 Alla erbediň gurbanlygyny ýigrenýär+,
Ýaman niýet bilen* berse has-da ýigrenýär.