Paýhasly adam «sagdyn maslahaty» gözleýär
Durmuşy deňiz syýahatyna meňzetse bolýar. Emma durmuş deňzinde üstünlikli ýüzmek üçin adamyň akyldarlygy ýetmeýär. Adamlaryň köpüsi durmuşyň apy-tupanly suwunda heläk boldular (Zeb. 107:23, 27). Näme üçin bu meňzetme ýerlikli?
Gadymy döwürde, deňizde syýahat etmek kyn bolandygy sebäpli tejribeli bolmalydy. Esasanam, muny tejribeli deňizçilerden, hatda gämiçilerden öwrenýärdiler (Res. iş. 27:9—11). Gadymy köp suratlarda gämiçiniň ähmiýetlidigini görkezmek üçin, ony deňizçilerden uly edip çekýärdiler. Açyk deňizde ýüzmek üçin deňizçiler ýyldyzlary, şemaly we başga zatlary öwrenýärdiler. Mukaddes Ýazgylarda käbir deňizçilere «paýhasly» diýilýär (Ezek. 27:8).
Häzirki durmuşyň kynçylyklaryny çözmek gadymy döwürde deňizde ýüzmek ýaly kyn bolup görünmegi mümkin. Bize näme kömek edip biler?
«SAGDYN MASLAHATY» NIREDEN TAPYP BILERIS?
Durmuşyň deňiz syýahatyna meňzedilişini göz öňünde tutup, Mukaddes Ýazgylardaky: «Bu pähimlere hem tymsallara, atalar sözlerine we matallaryna düşünmeklik üçin, akyldarlar bulary eşidip, bilimini has-da artdyrsyn, düşbi adamlar sagdyn maslahat alsyn» diýen maslahata seredeliň (Sül. tym. 1:5, 6). «Sagdyn maslahat» diýen ýewreý jümlesi gadym döwürde gäminiň kapitanynyň görkezme berip, ökdelik bilen ýolbaşçylyk edip bilýändigini aňladýar.
Biz tagalla etmeli bolsak-da, «sagdyn maslahaty» alyp, durmuş deňzinde üstünlikli «ýüzmegi» öwrenip bileris. Tymsalda bize «hikmet», «düşünje», «akyldarlyk» ýaly häsiýetleri ösdürmek maslahat berilýär (Sül. tym. 1:2—6; 2:1—9). Soňky günlerde ýaramaz adamlar ýamanlyk etmek üçin «maslahat» gözleýän bolsa, onda biz has-da Hudaýyň görkezmesine äsgermezçilik etmeli däl (Sül. tym. 12:5).
Biz Hudaýyň Sözüni erjellik bilen öwrenmeli. Şeýtsek, Ýehowa we onuň göreldesine has gowy eýeren Isa Mesih barada peýdaly maglumatlar taparys (Ýahýa 14:9). Ýygnak duşuşyklarynda-da köp paýhasly maslahatlar alýarys. Şeýle-de başga dogan-uýalaryň we ata-enemiziň tejribesinden öwrenýäris (Sül. tym. 23:22).
DÜŞGÜR BOLMALY
«Sagdyn maslahat» esasanam, tolkunly suwa meňzeş kyn ýagdaýa düşenimizde wajyp. Biz şeýle kyn ýagdaýda gorkup we aljyrap näme etjegimizi bilmeýäris (Ýakup 1:5, 6).
«Sagdyn maslahat» diýen jümle uruş bilen bagly hem ulanylýar. Biz Hudaýyň Sözünde şeýle okaýarys: «Sen urşuňy sagdyn maslahat bilen alyp barýarsyň, maslahatçynyň köp ýerinde ýeňiş bardyr» (Sül. tym. 20:18, 24:6).
Goşun serkerdesiniň urşa taýýarlanyşy ýaly, biz hem Ýehowa bilen gatnaşygymyza zyýan ýetirip biljek zatlara taýyn bolar ýaly, oýlanmaly (Sül. tym. 22:3). Meselem, saňa täze işe girmegi ýa-da işiňde ýokary wezipe teklip etmekleri mümkin. Şonda iş tölegi, işe gitmeli we gaýtmaly wagty hem-de başga-da zatlar barada oýlanansyň. Emma şu zatlary hem göz öňünde tutmaly. Bu iş Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine gabat gelýärmi? Smenaly iş bolsa, näçe wagt sarp ederin we bu wagyz gullugyma täsir etmezmi? diýen soraglar barada oýlanmaly (Luka 14:28—30).
Ýehowanyň Güwäçisi Loretta iýmit taýýarlanýan kompaniýada gowy işde işleýärdi. Kompaniýa başga ýere göçmeli bolanda, başlyklaryň biri oňa täze abraýly wezipe hödürläp: «Şeýle mümkinçilik gaýdyp gaýtalanmaz, muňa razy bolmasaň, soň ökünersiň. Ol ýeriň golaýynda ýygnaga gatnaşyp biler ýaly, Patyşalyk zaly hem bar» diýdi. Emma Loretta Hudaýa köpräk gulluk eder ýaly, ýönekeý ýaşamak isleýärdi. Ol täze işde wagyz etmäge wagtynyň az boljakdygyny bilýärdi. Loretta işinden çykmanka, başlyklaryň biri onuň gowy işgär bolandygy üçin, beýleki başlyklaryň hem onuň galmagyny isleýändigini aýdypdy. Loretta 20 ýyla golaý pioner bolup gulluk edip, Hudaýyň Sözüniň «sagdyn maslahatyna» eýermegiň gowy netije berýändigine göz ýetirdi. Loretta Ýehowa bilen has dostlaşdy we birnäçe adamlara Hudaýyň Sözüni kabul etmäge ýardam etdi.
«Sagdyn maslahat» maşgalada-da gerek. Çagalary terbiýelemek uzak möhletli iş bolandygy sebäpli, çagalarynyň Ýehowa ýakynlaşmak we maşgalasyny gerekli zatlar bilen üpjün etmek üçin ata-enäniň edýän aladasy maşgalasynyň gelejegine täsir edýär (Sül. tym. 22:6). Meselem, mesihçi ata-eneler şeýle sowallary berip biler: «Çagalarymyza aýdýan sözlerimiz we göreldämiz bilen Ýehowa ýakynlaşmagy öwredip, olar ulalanda paýhasly hereket etmäge kömek edýärismi? Biziň özümiz baryna kaýyl bolup, sada ýaşap we Ýehowa gulluk edip görelde görkezýärismi?» (1 Tim. 6:6—10, 18, 19).
Dünýewi adamlaryň baýlyga we at-abraýa kowalaşyp gazanýan üstünligine, hakyky üstünlik diýip bolmaz. Süleýman patyşa muňa düşünýärdi. Ol ylham bilen şeýle diýdi: «Hak Hudaýdan gorkýanlar ýagşylyga gowşar, çünki olar ondan gorkdular» (Wag. 8:12). Bu onuň Hudaýyň Sözüne esaslanan «sagdyn maslahatdan» akyldarlyk gözländigini görkezýär (2 Tim. 3:16, 17).
[30-njy sahypadaky surat]
Gämiçiniň ähmiýetlidigini görkezmek üçin, ony deňizçilerden uly edip çekýärdiler
[Awtor barada maglumat]
Su concessione del Ministero per i Beni e le Attività Culturali. It is forbidden to reproduce or duplicate this image in any way or by any means.