Sen Isa Mesihiň yzyna doly eýerýärmiň?
«Şoňa görä-de gezişiňiz ýaly, bu işde has köp ilerläň». (1 SEL. 4:1)
1, 2. a) Isanyň günlerinde köp adamlar nähili gudratlar gördüler? b) Näme üçin şu günler ähmiýetli döwür?
ISA ýer ýüzünde ýaşan mahaly ýaşan bolsam, nähili gowy bolardy diýip, sen pikir edipmidiň? Isanyň seni sagaldyp, keselden ejir çekmeýändigiňi belki, göz öňüne getirensiň. Ýa-da sen Isany görsem, diňlesem, ondan öwrensem hem-de onuň käbir gudratlaryny gören bolsam, nähili oňat bolardy diýip oýlanansyň (Mar. 4:1, 2; Luka 5:3—9; 9:11). Isanyň eden ähli gudratlaryny görmek, nähili ajaýyp bolandyr! (Luka 19:37). Şol döwürden bäri hiç kim şeýle köp gudratlary görmedi we Isanyň ýer ýüzünde «Özüni gurban etmek» arkaly eden işi indi gaýtalanmaz (Ýew. 9:26; Ýahýa 14:19).
2 Biz hem örän ähmiýetli döwürde ýaşaýarys. Näme üçin? Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, biz şu günler «soňky wagtlarda» we «soňky günlerde» ýaşaýarys (Dan. 12:1—4, 9; 2 Tim. 3:1). Şu döwürde Şeýtan gökden ýere zyňyldy. Soňra ol baglanyp, «dowzaha zyňlar» (Ylh. 12:7—9, 12; 20:1—3). Şeýle-de şu günler bize hiç-haçan gaýtalanmajak hormatly ýumuş berildi. Biz bütin dünýäde adamlara ýer ýüzünde Jennetiň boljagyny gürrüň berip, «Patyşalyk baradaky Hoş Habary» wagyz edýäris (Mat. 24:14).
3. Isa göge galmazyndan öň, şägirtlerine näme diýdi we muňa näme degişli?
3 Isa göge galmazyndan öň, şägirtlerine: «Iýerusalimde, bütin Ýahudada, Samariýada, ýeriň tä soňuna çenli Meniň güwälerim bolarsyňyz» diýdi (Res. iş. 1:8). Muňa bütin dünýäde wagyz etmek we öwretmek işi degişli. Bu ýumşuň maksady näme? Zalym dünýäniň soňy gelmänkä, şägirt taýýarlamak (Mat. 28:19, 20). Isanyň tabşyrygyny üstünlikli berjaý etmek üçin biz näme etmeli?
4. a) 2 Petrus 3:11, 12-nji aýatlarda Petrus nämäni nygtap geçdi? b) Biz nämä garşy durmaly?
4 Petrus resulyň: «Onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününiň gelmegine garaşyp, ony çaltlandyryp, mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmelisiňiz» diýenine üns beriň (2 Pet. 3:11, 12). Petrusyň aýtmagyna görä, şu soňky günlerde Hudaýdan gorkup oňa ýaramly işleri etmeli. Munuň üçin Hudaýyň hoş habaryny wagyz etmeli. Isanyň wagyz etmek tabşyrygyny bütin dünýäde dogan-uýalar bilen yhlasly berjaý etmek biziň üçin uly şatlykdyr! Käwagt biz her günki Şeýtanyň dünýäsiniň täsirine garşy durup, miras alan ten höweslerine erk etmelidigine düşünýäris, çünki bu Hudaýa yhlasly gulluk etmäge päsgel berýär. Şonuň üçin, geliň, Isanyň yzyna nädip eýermelidigine seredeliň.
Hudaýyň ýumşuny şatlykly kabul et
5, 6. a) Pawlus resul Iýerusalimdäki mesihçileri näme üçin öwdi we olara nähili duýduryş berdi? b) Biz näme üçin Hudaýyň beren ýumşuna çynlakaý garamaly?
5 Pawlus resul Iýerusalimdäki mesihçilere ýazan hatynda yzarlamalarda çydamlylyk görkezendigi üçin olary öwdi. Ol: «Siz bolsa ýagtylyga çykanyňyzdan soň, görgüler bilen uly göreşe döz gelen ilki günleriňizi ýada salyň» diýdi. Hawa, Ýehowa olaryň wepalylygyny unutmady (Ýew. 6:10; 10:32—34). Pawlusyň şeýle mähir bilen öwmegi ýewreý mesihçileri örän ruhlandyran bolmaly. Emma Pawlus şol hatynda Hudaýa gullukda yhlasymyz gowşamaz ýaly, Hudaýyň tabşyrygyny berjaý etmejek bolup, bahana gözlemek endiginden gaça durmalydygy barada duýdurdy (Ýew. 12:25).
6 Bahana gözlemezlik baradaky duýduryş şu günler Hudaýyň ýumşuny kabul eden mesihçilere-de degişli. Biz Hudaýyň ýumşuny elmydama erjellik bilen ýerine ýetirmegi ýüregimize düwmeli (Ýew. 10:39). Sebäbi Hudaýa mukaddes gulluk etmek örän wajyp, çünki ýaşaýyş oňa bagly (1 Tim. 4:16).
7, 8. a) Hudaýa yhlasly gulluk etmäge bize näme kömek eder? b) Başdaky yhlasymyz gowşasa, Ýehowa we Isa barada nämäni unutmaly däl?
7 Hudaýyň öňünde borjumyzy ýerine ýetirmezlige bahana tapmaz ýaly, bize näme kömek eder? Munuň üçin, esasanam, biz özümizi Hudaýa bagyş edendigimiz barada hemişe oýlanmaly. Aslynda, biz Ýehowa durmuşymyzda ilki bilen onuň islegini berjaý etmegi söz beripdik we şol sözümizde tapylmak isleýäris (Matta 16:24-i okaň). Şol sebäpli biz oýlanyp, özümize şeýle soraglar bermeli: «Men häzirem suwda çokundyrylan wagtky ýaly, Hudaýa bagyş edenime görä ýaşaýarynmy? Ýa-da wagtyň geçmegi bilen başdaky yhlasym gowşadymy?
8 Biz özümize şeýle soraglar berip, gullukda yhlasymyzyň gowşandygyna göz ýetirsek, Sefanýa pygamberiň ruhlandyryjy sözlerini ýada salsak gowy bolar. Ol şeýle diýdi: «Goý seniň eliň sowaşmasyn. Ýehowa Hudaýyň seniň araňda. Ol güýçli, seni halas eder. Ol saňa seredip, begener» (Sef. 3:16, 17). Bu göwünlik beriji sözler, ilki bilen, Babyl ýesirliginden Iýerusalime gaýdyp gelen gadymy ysraýyl halkyna degişlidi. Ýöne bu sözler şu günlerem Hudaýyň halkyny ruhlandyrýar. Biz Ýehowanyň tabşyrygyny ýerine ýetirýändigimiz üçin Ýehowanyň we Oglunyň arkadagymyzdygyny hem-de Hudaýyň ýumşuny berjaý etmäge olaryň güýç berýändigini unutmaly däl (Mat. 28:20; Flp. 4:13). Biz Hudaýyň işini yhlasly ýerine ýetirmäge jan etsek, ol bize ak pata berip, ruhy taýdan ösmäge kömek eder.
Hudaýyň Patyşalygyny yhlas bilen birinji orunda goýuň
9, 10. Isanyň uly zyýapat baradaky tymsalynyň manysy näme we biz ondan nähili sapak edinip bileris?
9 Isa fariseýleriň başlyklaryndan biriniň öýüne nahara gelende, uly zyýapat barada bir mysal getirdi. Şol mysalynda ol dürli adamlaryň Hudaýyň gökdäki Patyşalygyna girmäge mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy. Şeýle-de ol bahana gözlemegiň näme aňladýanyny görkezdi (Luka 14:16—21-nji aýatlary okaň). Isanyň mysalyndaky myhmanlar ötünç sorap, zyýapata gelmeýär. Olaryň biri satyn alan bir bölek ýerini gidip görmelidigini aýdýar. Beýlekisi bolsa, satyn alan birnäçe öküzini barlamaly diýýär. Ýene biri: «Men ýaňy öýlendim, şonuň üçin gelip bilmeýärin» diýýär. Bu ötünçleriň bary bolgusyzdy. Aslynda, bir bölek ýer we mal satyn alnansoň däl-de, öň görülýärdi. Eýsem näme üçin ýaňy öýlenen ýigit şeýle wajyp çakylygy kabul etmeli däldi? Şonuň üçin mysaldaky öý eýesiniň gazaba münendigi geň galdyrmaýar!
10 Isanyň bu tymsalyndan Hudaýyň halky sapak edinip biler. Nähili sapak? Biz Isanyň mysalyndaky myhmanlar ýaly öz işlerimizi Hudaýa gulluk etmekden wajyp hasaplamaly däl. Eger mesihçi öz işlerini birinji orunda goýsa, gulluga bolan yhlasy kem-kemden gowşar (Luka 8:14-i okaň). Yhlasymyz gowşamaz ýaly, biz Isanyň: «Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň» diýen maslahatyna görä ýaşaýarys (Mat. 6:33). Bu wajyp maslahata ýaş we gartaşan Hudaýyň gullukçylarynyň eýerýändigini görmek, nähili ruhlandyrýar! Ençeme mesihçiler köpräk wagyz etmek üçin ýaşaýşyny ýönekeýleşdirdi. Olar Hudaýyň Patyşalygyny yhlas bilen birinji orunda goýup, hakykatdanam, durmuşynda bagtly boldular we kanagat tapdylar.
11. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy mysal, Hudaýa akýürekden we yhlasly gulluk etmegiň wajyplygyny görkezýär?
11 Ysraýylyň Ýehoas atly patyşasynyň durmuşynda bolan bir wakadan Hudaýa yhlasly gulluk etmegiň wajyplygy görünýär. Siriýa goşuny Ysraýyla howp salýandygy üçin Ýehoas Elişa pygamberiň ýanyna aglap barýar. Pygamber oňa gündogara Siriýa tarapa bakýan aýnadan ok at diýdi. Bu Siriýany ýeňmegiň Ýehowanyň elindedigini aňladýardy. Elbetde bu patyşany ruhlandyran bolmaly. Soňra Elişa Ýehoasa oklary al-da, ýere ur diýdi. Ýehoas olary alyp üç gezek ýere urdy. Elişanyň muňa gahary gelip, oklary ýere bäş ýa-da alty gezek uran bolsaň, sen «siriýalylary doly derbi-dagyn ederdiň» diýdi. Indi bolsa, Ýehoas olary diňe üç sapar ýeňer. Ýehoas yhlassyz bolany üçin doly üstünlik gazanyp bilmedi (2 Pat. 13:14—19). Biz bu wakadan nähili sapak edinip bileris? Biz Ýehowanyň ýumşuny akýürekden we yhlasly ýerine ýetirsek, bize bol bereketler eçiler.
12. a) Kynçylyklara garamazdan, Hudaýa yhlasly gulluk etmäge bize näme kömek eder? Yhlasly gullugyň saňa nähili peýda berýändigi hakynda gürrüň ber.
12 Hudaýa yhlasly we wepaly gulluk etmäge dürli kynçylyklar päsgel berip biler. Dogan-uýalaryň köpüsi pul ýetmezçilik sebäpli kynçylyk çekýär. Käbirleri bolsa, agyr keselli bolany üçin Ýehowa köp gulluk edip bilmeýär. Muňa garamazdan, biziň her birimiz Isanyň yzyna doly eýermek we yhlasly bolmak üçin käbir ädimleri ädip bileris. «Isanyň yzyna eýermäge saňa näme kömek eder?» diýen bukjadaky käbir maslahatlara we aýatlara üns bermegiňi haýyş edýäris. Olara nädip doly eýerip bolýandygy hakynda oýlan. Şol maslahatlary we aýatlary durmuşyňda ulansaň, saňa peýdaly bolar. Hemişe yhlasly gulluk etsek, bize gowy täsir eder, durmuşymyzy manyly eder, göwnümiz giňär we bagtly bolarys (1 Kor. 15:58). Galyberse-de, bütin janymyz bilen Hudaýa gulluk etsek, «Hudaýyň gününiň gelmegine garaşmaga, ony çaltlandyrmaga» ýardam eder (2 Pet. 3:11).
Ýagdaýyňa dogry baha bermek
13. Biz nädip bütin janymyz bilen gulluk edip bileris?
13 Bütin janyň bilen gulluk etmek wagza diňe bir köp wagt sarp etmegi aňlatmaýandygyny unutmasak gowy bolar. Her kimiň ýagdaýy dürli-dürli bolýar. Kimdir biri saglyk ýagdaýyna görä, her aý bir ýa iki sagat wagyz etse, Ýehowany örän begendirýär (Markus 12:41—44-nji aýatlary deňeşdiriň). Şonuň üçin biz Hudaýa bütin janymyz bilen gulluk etmegi ýüregimize düwsek, ýagdaýymyza we ukybymyza dogry baha bermeli. Biz Isanyň şägirtleri bolanymyz üçin, onuňky ýaly pikirde bolmak isleýäris (Rimliler 15:6-ny okaň; 1 Kor. 2:16). Isa durmuşynda birinji orunda nämäni goýdy? Ol Kapernaumda märekä şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny Men beýleki şäherlere-de bildirmeli. Çünki Men munuň üçin wagyz etdim» (Luka 4:43; Ýahýa 18:37). Isanyň yhlasly gulluk edendigini ýadyňa salsaň, ýagdaýyňa dogry baha berip, köpräk gulluk edip biljekdigiňe göz ýetirersiň (1 Kor. 11:1).
14. Biz nädip köpräk gulluk edip bileris?
14 Biz ýagdaýymyza dogry baha bersek, köp sagat gulluk edip biljekdigimize düşüneris (Mat. 9:37, 38). Meselem, müňlerçe ýaşlar mekdebi tamamlansoň, pioner bolup yhlasly gulluk edip, şatlanýarlar. Sen hem şeýle şatlanýarmyň? Käbir dogan-uýalar bolsa ýagdaýyna görä, ýurdunyň başga ýerlerine ýa-da daşary ýurda wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçdüler. Käbirleri bolsa, başga dilde gepleýän adamlara wagyz etmek üçin dil öwrendiler. Şeýle gulluk etmek aňsat bolmasa-da, bol bereketler alarys we ençeme adamlara «hakykat bilimine ýetmäge» kömek ederis (1 Tim. 2:3, 4; 2 Kor. 9:6).
Isanyň şägirtleriniň göreldesine eýeriň
15, 16. Biz Isanyň haýsy yhlasly şägirtleriniň göreldesine eýerip bileris?
15 Isa käbir resullaryna yzyma düş diýende, olar näme etdiler? Matta barada şeýle diýilýär: «Ol hem bar zady taşlap, turdy-da, Onuň yzyna düşdi» (Luka 5:27, 28). Balykçy Petrus bilen Andreýas: «derrew torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler» (Mat. 4:18—22). Isa Ýakup bilen Ýahýany görende, olar kakalary bilen torlaryny bejerýärdi. Olar Isanyň çakylygyna nähili seslendi? Ýakup bilen Ýahýa «derrew gaýykdyr kakalaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler» (Mat. 4:18—22).
16 Ýene-de bir ajaýyp göreldäni Pawlus resul bolan Saul görkezdi. Ol Isanyň şägirtlerini zalymlyk bilen yzarlaýardy, ýöne ol doly özgerip, Isanyň adyny götermek üçin «saýlanan gural» boldy. Pawlus «derrew hem Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada sinagogalarda wagyz etmäge başlady» (Res. iş. 9:3—22). Ol köp kynçylyklara we yzarlamalara duçar bolsa-da, hiç haçan onuň yhlasy gowşamady (2 Kor. 11:23—29; 12:15).
17. a) Isanyň yzyna eýermek üçin sen näme etmek isleýärsiň? b) Biz bütin ýüregimiz we güýjümiz bilen Hudaýyň islegini berjaý etsek, nähili bereketler alarys?
17 Biz şol şägirtleriň ajaýyp göreldesine eýerip, derrew we ýaýdanman Isanyň şägirdi bolmak isleýäris (Ýew. 6:11, 12). Biz Isanyň yzyna yhlasly we doly eýerip, nähili bereketler alýarys? Biz Hudaýyň islegini berjaý edip begenýäris we gullukda hem ýygnakda goşmaça jogapkärli borçlary alyp, kanagat tapýarys (Zeb. 40:8; 1 Selanikliler 4:1-i okaň). Hawa, biz Isanyň yzyna eýermek üçin elimizde baryny etmegi ýüregimize düwsek, şeýle bol bereketleri alarys — janymyza rahatlyk, kanagat taparys, hoşal bolarys, Hudaýyň merhemetini gazanarys we ebedi ýaşaýşa gowşarys (1 Tim. 4:10).
Ýadyňyzdamy?
• Bize nähili wajyp ýumuş berildi we biz oňa nähili garamaly?
• Biz nähili endikden gaça durmaly we näme üçin?
• Biz ýagdaýymyza nädip dogry baha bermeli?
• Bize Isanyň yzyna eýermäge näme kömek eder?
Isanyň yzyna eýermäge saňa näme kömek eder?
▪ Hudaýyň Sözüni her gün oka we okan zatlaryň barada oýlan (Zeb. 1:1—3; 1 Tim. 4:15).
▪ Hudaý mukaddes ruhy arkaly goldap, görkezme berer ýaly ýygy-ýygydan doga et (Zak. 4:6; Luka 11:9, 13).
▪ Akýürekden yhlasly gulluk edýänler bilen dostlaş (Sül. tym. 13:20; Ýew. 10:24, 25).
▪ Ähmiýetli döwürde ýaşaýandygymyzy göz öňünde tut (Efes. 5:15, 16).
▪ Bahana tapmagyň erbetdigine düşün (Luka 9:59—62).
▪ Sen özüňi Hudaýa bagyş edip wada berendigiň we Ýehowa gulluk edip, Isanyň yzyna akýürekden eýerip, bol bereketler alýandygyň hakynda hemişe oýlan (Zeb. 116:12—14; 133:3; Sül. tym. 10:22).