Luka
19 Isa Ýerihon şäherine girip, onuň içi bilen geçip barýardy. 2 Ol ýerde Zakkaý atly baý adam bardy, ol salgytçylaryň başlygydy. 3 Zakkaý Isany görmek isleýärdi, ýöne boýy gysgady, adamlar hem köpdi, şonuň üçin Isany görüp bilmeýärdi. 4 Zakkaý Isany görjek bolup, ylgap gitdi-de, injir agajyna dyrmaşyp çykdy, sebäbi ol şol ýoldan geçmelidi. 5 Isa agajyň golaýyna baranda, ony görüp: «Zakkaý, çaltrak aşak düş. Men şu gün size myhmançylyga barjak» diýdi. 6 Zakkaý derrew agaçdan düşüp, Isany höwes bilen myhman aldy. 7 Olary görenler hüňürdeşip: «Ol günäkäriň öýüne barýar» diýişdiler+. 8 Zakkaý bolsa ýerinden turup: «Agam, mal-mülkümiň ýarysyny garyplara paýlaryn. Kimi gorkuzyp*, elinden zadyny alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp bererin»+ diýdi. 9 Isa: «Şu gün Hudaý seni we öý-içeriňi halas etdi. Sebäbi sen hem Ybraýymyň ogly. 10 Ynsan ogly ýiten adamlary gözläp tapmaga we olary halas etmäge geldi»+ diýdi.
11 Şägirtler Isany diňläp durdylar. Olar Hudaýyň Patyşalygy häzir geler öýdýärdiler+, sebäbi Isa Iýerusalimiň golaýyna barypdy. Şonda Isa olara ýene bir mysal gürrüň berdi: 12 «Abraýly maşgaladan bir adam patyşa bolmak üçin uzak ýurda gidýär+. 13 Ol gulunyň onusyny ýanyna çagyryp, olara on gadak* kümüş berip: „Men dolanyp gelýänçäm, beren pulumy işlediň“+ diýýär. 14 Emma şäheriň ilaty ony halamaýardy, şonuň üçin öz wekillerini iberip: „Biz onuň patyşa bolmagyny islämizok“ diýdiler.
15 Ol adam patyşa bolup yzyna gelende, gullaryny çagyryp, olardan näçe pul gazanandyklaryny sorady+. 16 Gullaryň biri gelip: „Hojaýyn, beren kümşüňden on esse girdeji aldym“+ diýdi. 17 Hojaýyn: „Berekella, ýagşy gul! Az zatda ynamdar bolanyň üçin, seni on şähere häkim edip bellärin“+ diýdi. 18 Başga bir gul gelip: „Hojaýyn, beren kümşüňden bäş esse girdeji aldym“+ diýdi. 19 Hojaýyn: „Seni hem bäş şähere häkim edip bellärin“ diýdi. 20 Emma başga bir gul gelip: „Hojaýyn, ine kümüş puluň. Men puluňy düwünçege düwüp goýdum. 21 Men seniň rehimsiz adamdygyňy bilýärin. Sen goýmadyk zadyňy alýarsyň, ekmedik ýeriňden orýarsyň. Şonuň üçin senden gorkdum“+ diýdi. 22 Hojaýyn: „Eý zalym gul, sen diliňden bela galdyň. Meniň rehimsiz adamdygymy, goýmadyk zadymy alyp, ekmedik ýerimden orýandygymy bilýärdiň, şeýle dälmi?+ 23 Onda näme üçin pulumy dolanyşyga bermediň?* Şonda men ondan peýda görerdim“ diýdi.
24 Hojaýyn hyzmatkärlerine: „Elinden kümüşlerini alyň-da, on gadak kümüşlä beriň“+ diýdi. 25 Olar: „Hojaýyn, onuň şonsuzam on gadak kümşi bar ahyryn“ diýdiler. 26 Hojaýyn: „Size diýýärin, kimde bar bolsa, ýene-de berler, kimde ýok bolsa, barja zady hem elinden alnar+. 27 Patyşa bolmagymy islemedik duşmanlary bolsa getirip, gözümiň alnynda öldüriň“ diýdi».
28 Isa sözüni tamamlandan soň, Iýerusalime tarap ýola düşdi. 29 Olar Zeýtun dagynyň+ etegindäki Beýtfagiýa bilen Betaniýa golaýlanlarynda, Isa iki şägirdine+ 30 şeýle diýdi: «Oba baryň, giren ýeriňizde daňylgy duran münülmedik taýhary görersiňiz. Taýharyň ýüpüni çözüp, alyp gaýdyň. 31 Biri size: „Taýhary nirä alyp barýaňyz?“ diýse, siz: „Halypamyza gerek“ diýiň». 32 Şägirtler baryp görseler, Isanyň aýdyşy ýaly, taýhar duran eken+. 33 Olar taýhary çözüp durkalar, onuň eýesi: «Taýhary nirä alyp barýaňyz?» diýdi. 34 Olar: «Halypamyza gerek» diýdiler. 35 Şägirtler taýhary Isanyň ýanyna getirip, üstüne donlaryny atdylar. Isa hem taýhara mündi+.
36 Adamlar donlaryny Isanyň gelýän ýoluna ýazýardylar+. 37 Isa Zeýtun dagyndan düşülýän ýola ýetende, onuň gudratlaryny gören ençeme şägirtler şatlanyp, batly ses bilen Hudaýy şöhratlandyryp başladylar. 38 Olar: «Ýehowanyň* adyndan gelýän Patyşa şöhrat bolsun! Gökde parahatlyk bolsun, gökdäki Hudaýa şöhrat bolsun!»+ diýýärdiler. 39 Märekäniň arasynda duran käbir fariseýler: «Mugallym, şägirtleriňi dymdyr»+ diýdiler. 40 Isa bolsa: «Size diýýärin, eger olar dymsa, daşlar gygyrar» diýdi.
41 Isa Iýerusalimiň golaýyna gelende, şäheri görüp aglap+, 42 şeýle diýdi: «Şu gün saňa nämäniň parahatlyk berýändigini bilsediň... Ýöne häzir olary görüp bilmeýärsiň+. 43 Şeýle bir günler geler: duşmanlaryň daş-töweregiňe pürsler dikip gabarlar. Seni dumly-duşdan gysarlar+. 44 Olar seni ýer bilen ýegsan ederler, çagalaryňy gyrarlar+, daş üstünde daş goýmazlar+. Sebäbi Hudaýyň barlamaga gelendigine düşünmediň».
45 Isa ybadathana girip, satyjylary kowup başlady+. 46 Olara: «„Meniň öýüme doga-dileg öýi diýler“+ diýip ýazylgydyr. Siz bolsa ony garakçylaryň mekanyna dönderdiňiz»+ diýdi.
47 Isa her gün ybadathanada öwredýärdi. Uly ruhanylar, kanunçylar we halkyň abraýly adamlary bolsa Isany öldürmegiň küýüne düşdüler+. 48 Ýöne amatly pursat tapmaýardylar, sebäbi Isany diňlemäge gelen adamlar ýanyndan aýrylmaýardy+.