Ikinji Musa
8 Ýehowa Musa: «Faraonyň ýanyna baryp, şu sözleri aýt: „Ýehowa şeýle diýýär: „Maňa sežde eder ýaly, halkymy goýber+. 2 Goýbermeseň, ýurduňa gurbaga çozduryp+, başyňyza bela getirerin. 3 Nil derýasy gurbagadan dolar. Olar öýüňe, ýatýan otagyňa, düşegiňe, hyzmatkärleriň, tutuş halkyň öýüne, tamdyryňyza, kerseniňize çenli girer+. 4 Gurbagalar seniň üstüňe, halkyň we hyzmatkärleriň üstüne çozar“» diýdi.
5 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Haruna: „Eliňdäki hasaňy Müsüriň derýalaryna, ýaplaryna*, köllerine uzat. Şonda bütin Müsür gurbagadan dolar“ diý». 6 Harun elindäki hasany Müsüriň suwlaryna uzatdy welin, gurbaga çykyp başlady. Tutuş ýurt gurbagadan doldy. 7 Jadygöýler* hem jadyly güýji* bilen edil şonuň ýaly edip, Müsüri gurbagadan doldurdylar+. 8 Şonda faraon Musa bilen Haruny çagyryp: «Ysraýyllary Ýehowa gurban bermäge goýbereýin. Ýöne siz Ýehowa dileg ediň. Goý, ol meni hem-de halkymy gurbagalardan dyndarsyn»+ diýdi. 9 Musa bolsa: «Hudaýa haçan dileg etmelidigimi özüň aýdaý. Gurbagalar seniň öýleriňden, hyzmatkärleriňden, halkyňdan aýrylyp, Nil derýasyna girer» diýdi. 10 Faraon: «Ertir dileg edäý» diýip jogap berdi. Şonda Musa: «Goý, aýdyşyň ýaly bolsun. Sen hiç kimiň Ýehowa Hudaýymyza taý gelip bilmejekdigine göz ýetirersiň+. 11 Öýüňizdäki gurbagalar öler. Şeýdip, senem, hyzmatkärleriňem, halkyňam olardan dynarsyňyz. Gurbagalar diňe Nil derýasynda galar»+ diýdi.
12 Musa bilen Harun faraonyň huzuryndan çykyp gaýtdy. Soňra Musa Ýehowa dileg edip, faraonyň üstüne çozduran gurbagalaryny aýyrmagy sorady+. 13 Ýehowa Musanyň haýyşyny bitirdi. Öýlerdäki, howlulardaky we meýdanlardaky gurbagalaryň bary öldi. 14 Adamlar gurbagalary üýşmek-üýşmek edip goýdular. Olaryň ysyndan ýaňa tutuş ýurt porsady. 15 Faraon gurbagalaryň aýrylandygyny görende, Ýehowanyň aýdyşy ýaly, boýnuýogynlyk edip, Musa bilen Haruna gulak asmady+.
16 Ýehowa Musa şeýle tabşyryk berdi: «Haruna: „Hasaňy uzat-da, ýere ur. Şonda bütin Müsürdäki tozan peşä* öwrüler“ diý». 17 Olar şeýle hem etdiler. Harun hasasyny uzadyp, ýere uranda, Müsüriň ähli tozany peşä öwrülip, adamlaryň we haýwanlaryň üstüne çozdy+. 18 Jadygöýler hem jadyly güýji*+ bilen edil şonuň ýaly edip, peşe çykarmaga synanyşdylar, emma başarmadylar. Peşeler bolsa adamlaryň we haýwanlaryň etini iýip barýardy. 19 Jadygöýler faraona: «Munda Hudaýyň eli bar!»+ diýdiler. Emma Ýehowanyň aýdyşy ýaly, faraon ýene-de kesirlik edip, hiç kimi diňlemedi.
20 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Ertir irden faraonyň ýanyna bar. Ol derýanyň kenaryna geler. Öňünden çyk-da, şu sözleri aýt: „Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Maňa sežde eder ýaly, halkymy goýber. 21 Goýbermeseň, seniň üstüňe, hyzmatkärleriň we tutuş halkyň üstüne, öýleriňe siňek* çozduraryn. Müsürlileriň öýleri siňekden dolar. Olardan ýaňa aýak basara ýer bolmaz. 22 Ýöne şol gün halkymyň ýaşaýan ýeri Goşene zyýan ýetirmerin. Ol ýerde ýekeje-de siňek bolmaz+. Şonda meniň Ýehowadygyma we seniň ýurduňda ygtyýarymyň bardygyna göz ýetirersiň+. 23 Öz halkymy seniň halkyňdan aýry tutaryn. Gudratymy ertir görersiň“».
24 Ýehowa aýdyşy ýaly-da etdi. Faraonyň köşgi, hyzmatkärleriniň öýi, bütin Müsür ýurdy çozup gelen siňeklerden doldy+. Siňekler ýurdy weýran etdi+. 25 Ahyry faraon Musa bilen Haruny çagyryp: «Baryň, Hudaýyňyza gurbanlyk beriň, ýöne ýurtdan çykmaň» diýdi. 26 Emma Musa: «Ýok, o diýeniň-ä bolmaz. Ýehowa Hudaýymyza gurbanlyk berjek mallarymyzy görüp, müsürlileriň gahary geler+. Olaryň gözüniň alnynda halamaýan zadyny etsek, bizi daşlap öldürerler. 27 Biz üç günlük çöle gidip, Ýehowa Hudaýymyzyň aýdyşy ýaly, şol ýerde gurbanlyk bereris»+ diýdi.
28 Şonda faraon: «Bolýar, çöle gidip, Ýehowa Hudaýyňyza gurbanlyk beriň, ýöne uzaga gitmäň. Meniň üçinem dileg ediň»+ diýdi. 29 Musa: «Häzir gidip, Ýehowa dileg ederin. Ertir faraon bilen hyzmatkärleri, tutuş halk siňeklerden dynar. Ýöne faraon indi bir sözünden dänmesin, halky Ýehowa gurbanlyk bermäge goýbersin»+ diýdi. 30 Musa faraonyň huzuryndan gaýdyp, Ýehowa dileg etdi+. 31 Ýehowa hem onuň dilegini eşitdi. Siňekler faraondan, hyzmatkärlerinden we halkyndan aýryldy, ýekejesi-de galmady. 32 Emma faraon ýene-de kesirlik edip, ysraýyllary goýbermedi.