Näme üçin özüňi Ýehowa bagyş etmeli?
«Hudaýymyň bir perişdesi öten agşam ýanymda durdy». (RES. IŞ. 27:23)
1. Suwda çokundyryljak adamlar nähili ädimler ätdiler we şunuň bilen bagly nähili soraglar ýüze çykýar?
«ISA MESIHIŇ töleg gurbany esasynda günäleriňe toba edip, Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin özüňi Ýehowa bagyş etdiňmi?» Bu suwda çokundyrylýanlar üçin okalýan nutgyň ahyrynda berilýän iki soragyň biri. Ýehowanyň Güwäçisi bolmak isleýän adam näme üçin özüni Oňa bagyş etmeli? Özüňi Hudaýa bagyş etmegiň nähili peýdasy bar? Özüni Hudaýa bagyş etmedik adam näme üçin Onuň hakyky gullukçysy bolup bilmez? Bu soraglara jogap bermek üçin, geliň, ilki bilen, Hudaýa bagyş etmegiň näme aňladýandygyna seredeliň.
2. Özüňi Ýehowa bagyş etmek näme aňladýar?
2 Özüňi Hudaýa bagyş etmek näme aňladýar? Pawlus resul gämidäki adamlaryň öňünde durup, özüniň Ýehowa Hudaýyňkydygyny aýtdy. Şeýdip, ol Hudaý bilen nähili gatnaşykdadygyny görkezdi (Resullaryň işleri 27:22—24-nji aýatlary okaň). Ähli mesihçiler Ýehowanyňky, emma bu dünýä «iblisiň goly astynda» (1 Ýahýa 5:19). Mesihçi dogasynda özüni Ýehowa bagyş edende, ol Ýehowanyňky bolýar. Ol Hudaýa gulluk etmegi söz berýär, soňra suwda çokundyrylýar.
3. Isa näme üçin suwda çokundyryldy we onuň göreldesine şägirtleri nädip eýerýärler?
3 Isa Hudaýyň islegini ýürekden ýerine ýetirip, bize görelde görkezdi. Ol Hudaýa bagyş edilen ysraýyl halkyna degişlidi. Diýmek, Isa özüni Hudaýa bagyş etmek üçin suwda çokundyrylmady. Hudaýyň Sözüniň aýtmagyna görä, ol: «Seniň islegiňi berjaý etjek bolup, eý Hudaýym, ine, Men geldim» diýdi (Ýew. 10:7; Luka 3:21). Isanyň suwda çokundyrylmagynyň sebäbi, ol Atasynyň islegini berjaý etmek üçin özüni hödürledi. Isanyň göreldesine eýerip, şägirtleri hem özüni Hudaýa hödürleýärler. Olar doga arkaly özüni Hudaýa bagyş edendigini subut etmek üçin suwda çokundyrylýarlar.
Özüňi Hudaýa bagyş etmegiň peýdasy
4. Dawut bilen Ýonatanyň dostlugyndan jogapkärçilik barada näme bilýäris?
4 Özüňi Hudaýa bagyş etmek örän wajyp ädim, sebäbi adam öz üstüne jogapkärçilik alýar, ýagny ol beren sözünde durmaly. Özüňi Hudaýa bagyş etmegiň peýdasyny bilmek üçin, geliň, ilki bilen, jogapkärçiligiň peýdasyny bileliň. Dostlaşmak üçin özüň dost bolmaly, ýagny dostuň öňünde jogapkärçiligiňi duýmaly. Dostunyň aladasyny etmegi özüne borç hasaplaýan adam gowy dost bolýar. Mukaddes Ýazgylarda Dawut bilen Ýonatanyň ajaýyp dostlugy barada aýdylýar. Olar hatda dostlugyna wepaly bolmak barada kasam etdiler (1 Samuel 17:57; 18:1, 3-nji aýatlary okaň)a. Häzirki dostlar kasam etmeseler-de, jogapkärçiligini duýýan dostlaryň gatnaşygy berk bolýar (Sül. tym. 17:17; 18:24).
5. Guluň hojaýynyna ömürboýy hyzmat etmeginiň nähili peýdasy bardy?
5 Hudaýyň Ysraýyla beren Kanunynda hem jogapkärçiligiň peýdasy görkezilýär. Meselem, eger gul hojaýynyna ömürboýy hyzmat etmek islese, onuň bilen äht baglaşmalydy. Kanunda şeýle diýilýär: «Emma gul: Men hojaýynymy, aýalymy we çagalarymy söýýärin. Men azatlyga çykjak däl diýip jar etse, hojaýyn ony Hudaýyň huzuryna getirsin. Ony gapynyň ýanyna ýa-da bosaga getirip, temen bilen gulagyny deşsin. Soň ol gul hojaýynyna ömürboýy hyzmat eder» (Müs. çyk. 21:5, 6).
6, 7. a) Jogapkärçiligiň nähili peýdasy bar? b) Jogapkärçilik Ýehowa bilen gatnaşygymyza nähili täsir edýär?
6 Nikalaşmak hem uly jogapkärçiligi talap edýär. Emma bu ýöne bir kagyz ýüzünde nikalaşmagy däl-de, adam bilen ömrüňi baglamagy aňladýar. Resmi taýdan nikalaşmadyk maşgala hiç haçan rahat hem arkaýyn ýaşamaz, bu çagalaryna-da ýaramaz täsir eder. Emma jogapkärçiligini duýýan är-aýal bir-birini hormatlaýar we dörän kynçylyklary Mukaddes Ýazgylar esasynda söýgi bilen çözýärler (Mat. 19:5, 6; 1 Kor. 13:7, 8; Ýew. 13:4).
7 Gadym döwürde adamlar bile işleşmeli bolanlarynda, şertnama baglaşmagyň peýdalydygyna düşünýärdiler (Mat. 20:1, 2, 8). Munuň şu günlerem peýdasy bar. Meselem, biz kimdir biri bilen işe başlajak ýa-da bir edara işe girjek bolanymyzda, şertnama baglaşmagyň peýdalydygyny bilýäris. Dostlugy, nikany we işewür gatnaşyklary jogapkärçilik şeýle berkidýän bolsa, onda özüňizi Ýehowa bagyş etseňiz, Onuň bilen has ýakyn dost bolarsyňyz! Gadym döwürde ýaşan adamlar hem özüni Ýehowa Hudaýa bagyş edipdirler. Olar muňa diňe bir jogapkärçilik hökmünde garamandyrlar. Geliň, olaryň mysalyna seredeliň.
Ysraýyllylaryň özüni Hudaýa bagyş etmeginiň peýdasy
8. Ysraýyllylar üçin özüňi Hudaýa bagyş etmek näme aňladýardy?
8 Ysraýyl halky Ýehowa gulluk etmegi söz berip, özüni Oňa bagyş etdi. Ýehowa olary Sina dagynyň etegine ýygnap, şeýle diýdi: «Siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz». Olar bir agyzdan: «Biz Rebbiň aýdanlarynyň barysyny ýerine ýetireris» diýip jogap berdiler (Müs. çyk. 19:4—8). Ysraýyllylar üçin özüňi Hudaýa bagyş etmek diňe bir jogapkärçilik däldi. Olar Ýehowanyňkydy, çünki Ýehowa olara «saýlan halky» hökmünde garaýardy.
9. Ysraýyllylaryň özüni Hudaýa bagyş etmegi nähili peýda getirdi?
9 Ysraýyllylaryň özüni Ýehowa bagyş etmegi olara peýda getirdi. Çagasyny söýýän ata ýaly, Ýehowa olara wepaly bolup, aladasyny etdi. Hudaý olara şeýle diýdi: «Aýal süýt emýän çagasyny unudarmy? Bagryndan önen balasyna haýpy gelmezmi? Ol unudaýanda-da, Men seni asla unutmaryn» (Iş. 49:15). Ýehowa ysraýyllylara Kanun arkaly görkezme berdi, pygamberler olary goldady, perişdeler bolsa gorady. Mezmurçy şeýle ýazýar: «Sözüni Ýakuba, parzlaryny we hökümlerini Ysraýyla yglan edýär. Ol hiç bir millete beýle eden däldir» (Zeb. 147:19, 20; Zebur 34:7, 19; 48:14-nji aýatlary okaň). Geçmişde halkynyň aladasyny eden Ýehowa şu günlerem özüni Oňa bagyş eden adamlaryň aladasyny eder.
Näme üçin özümizi Hudaýa bagyş etmeli?
10, 11. Biz näme üçin Hudaýyň maşgalasynda dogulmadyk?
10 Käbir adamlar Hudaýa bagyş etmek we suwda çokundyrylmak barada pikirlenende: «Men özümi Hudaýa bagyş etmän Oňa gulluk edip bilmerinmi?» diýip soraýarlar. Munuň ähmiýetine düşünmek üçin, Hudaýyň öňünde günälidigimizi ýada salmaly. Adam atanyň günäsi sebäpli, biz Hudaýyň maşgalasynda dogulmadyk (Rim. 3:23; 5:12). Hudaýyň maşgalasynyň agzasy bolmak üçin, özümizi hökman Oňa bagyş etmeli. Geliň, munuň sebäbini bileliň.
11 Hiç bir ynsan çagasyna ebedi ýaşaýşy berip bilmeýär (1 Tim. 6:19). Sebäbi Adam ata bilen How enäniň günäsi netijesinde, biz söýgüli Atamyzdan hem Ýaradyjymyzdan daşlaşdyk we Hudaýyň ogullary bolup dogulmaýarys (Kanun taglymaty 32:5-i deňeşdiriň). Şondan bäri adamzat nesli Ýehowanyň maşgalasyndan aýry ýaşaýar.
12. a) Nädip bikämil adam Hudaýyň maşgalasynyň agzasy bolup biler? b) Suwda çokundyrylmak üçin nähili ädimler ätmeli?
12 Pawlus resul şeýle ýazýar: «(Biz) duşmankak Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşdyk» (Rim. 5:10). Diýmek, biz günäli bolsak-da, Hudaý bilen ýaraşyp, Onuň maşgalasynyň agzasy bolup bilerisb. Munuň üçin näme etmeli? Ýehowadan päk ynsap sorap, suwda çokundyrylmaly. Şonda Ol bizi kabul eder (1 Pet. 3:21). Görşümiz ýaly, suwda çokundyrylmaklyk wajyp, ýöne birnäçe ädimler ätmeli: Hudaý barada bilim almaly, Oňa bil baglamaly, toba etmeli we durmuşymyzy özgertmeli (Ýahýa 17:3; Res. iş. 3:19; Ýew. 11:6). Emma Hudaýyň maşgalasynyň agzasy bolmak üçin başga ädimler hem ätmeli. Nähili ädimler?
13. Hudaýyň maşgalasynyň agzasy bolar ýaly, näme üçin bütin ýüregiň bilen özüňi Oňa bagyş etmeli?
13 Hudaýdan daşlaşan adam Onuň maşgalasynyň agzasy bolmak üçin, ilki bilen, Ýehowa gulluk etjekdigini wada bermeli. Aýdaly, gowy ata hökmünde tanalýan bir abraýly adam ýetim oglanjygy ogullyga alyp, onuň aladasyny etmek isleýär. Ol oglanjygy ogullyga almanka: «Meni öz ataň ýaly söýjekdigiňe we hormat goýjakdygyňa söz ber» diýýär. Oglan söz berenden soň, bu adamyň maşgala agzasy bolup biler. Bu ýerlikli dälmi näme? Şonuň ýaly, Ýehowa-da bütin ýüregi bilen özüni bagyş eden adamy maşgalasyna kabul edýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Özüňizi diri, mukaddes, Hudaýyň halajak gurbany hökmünde hödürläň» diýilýär (Rim. 12:1).
Söýginiň we imanyň esasynda özüňi bagyş etmek
14. Özüňi Hudaýa bagyş etmeklik, Oňa bolan söýgini nädip görkezýär?
14 Özümizi Ýehowa bagyş etmek bilen, biz Ony ýürekden söýýändigimizi görkezýäris. Muny nikalaşanda berilýän wada bilen deňeşdirse bolýar. Mesihçi dogan gelinligine hemişe wepaly boljakdygyny ant içip, söýýändigini subut edýär. Ol ýöne bir işi etmegi söz bermän, adama wepaly bolmagy wada berýär. Mesihçi dogan gelinligine nika wadasyny bermän, onuň bilen maşgala gurup bilmejekdigine düşünýär. Biz hem özümizi Ýehowa ýürekden bagyş etmesek, onuň maşgala agzasynyň şatlygyny doly duýup bilmeris. Biz bikämildigimize garamazdan, özümizi Hudaýa bagyş edip, Onuňky bolmak isleýäris we dürli synaga uçrasak-da, wepaly galmaga jan edýäris (Mat. 22:37).
15. Özümizi Hudaýa bagyş edip, imanymyzy nädip subut edýäris?
15 Şeýle-de özümizi Hudaýa bagyş edip, imanymyzy subut edýäris. Sebäbi biz Ýehowa ýakynlaşmagyň gowudygyny bilýäris (Zeb. 73:28). Hawa, bu «egri hem azgyn nesliň ortasynda» Hudaýa wepaly galmak aňsat däl. Emma Hudaýa bil baglasak, bizi goldajakdygyna ynanýarys (Flp. 2:14; 4:13). Bikämillik sebäpli ýalňaşsak, Ýehowanyň rehim etjekdigini bilýäris (Zebur 103:13, 14; Rimliler 7:21—25-nji aýatlary okaň). Eger aýypsyz galsak, Onuň sylaglajakdygyna şübhelenmeýäris (Eýýup 27:5).
Özümizi Hudaýa bagyş etmek bagtly edýär
16, 17. Özümizi Ýehowa bagyş etmeklik näme üçin bagtly edýär?
16 Özümizi Ýehowa bagyş etmek bagtly edýär, sebäbi biz özümizi Oňa berýäris. Isa muny şeýle düşündirdi: «Bermek almakdan bagtlydyr» (Res. iş. 20:35). Isa ýer ýüzünde gulluk eden mahaly bermegiň bagtly edýändigine göz ýetirdi. Ol adamlara ýaşaýşa eltýän ýoly görkezmek üçin, dynç almak, iýip-içmek we başga-da zerur zatlardan geçdi (Ýahýa 4:34). Isa Atasynyň ýüregini şatlandyrmakdan lezzet alýardy, şonuň üçin: «Men hemişe Oňa ýaraýan zatlary edýärin» diýdi (Ýahýa 8:29; Sül. tym. 27:11).
17 Şeýlelikde, Isa şägirtlerine bagtly edýän ýoly görkezip: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin» diýdi (Mat. 16:24). Biz-de şeýle etsek, Ýehowa ýakynlaşarys. Eýsem, söýgi bilen biziň aladamyzy etjek Ýehowadan başga kim bar?!
18. Özümizi Ýehowa bagyş edip, şoňa görä ýaşasak, näme üçin hiç kim we hiç zat şeýle bagty berip bilmez?
18 Özümizi Ýehowa bagyş edip, şoňa görä ýaşasak, biz bagtly bolarys, çünki bize hiç kim we hiç zat şeýle bagty berip bilmez. Meselem, köp adamlar bütin ömrüni baýlyga bagyş etse-de, hiç haçan hakyky bagta we şatlyga ýetip bilmeýär. Ýöne özüni Ýehowa bagyş eden adamlar hemişe bagtly (Mat. 6:24). Olar «Hudaýyň işdeşleri» bolmagy özüne hormat saýýarlar. Emma olar özüni bir işe däl-de, minnetdar Hudaýa bagyş etdiler (1 Kor. 3:9). Olaryň janaýamazlyk bilen edýän gullugynyň gadyryny Ýehowa ýaly başga hiç kim bilmeýär. Ol hatda wepaly gullukçylarynyň ýaşlyk ýyllaryny gaýtaryp berer we olaryň ebedilik aladasyny eder (Eýýup 33:25; Ýewreýler 6:10-y okaň).
19. Özüni Ýehowa bagyş eden adamlarda nähili mümkinçilik bar?
19 Sen hem özüňi Ýehowa bagyş etseň, Onuň bilen dostlaşyp bilersiň. Injilde: «Hudaýa ýakyşlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar» diýilýär (Ýakup 4:8; Zeb. 25:14). Indiki makalada Ýehowanyňky bolmagyň peýdasyna has giňişleýin serederis.
a 1 Samuel 18:1 Dawut Saul bilen gürrüňini tamamlandan soňra, Ýonatan Dawudy gowy gördi, ony öz janyny söýşi ýaly söýdi. 3 Ýonatan Dawut bilen äht baglaşdy, sebäbi ony öz janyny söýşi ýaly söýdi.
b «Başga goýunlar» Isanyň Müňýyllyk hökümdarlygynyň soňunda Hudaýyň ogullary bolup biler. Emma häzir olar özüni Hudaýa bagyş edip, Oňa «Ata» diýip ýüzlenýärler. Şeýle-de olar Ýehowanyň gullukçylary hökmünde, Onuň maşgalasynyň agzasy bolup bilýärler (Ýahýa 10:16; Iş. 64:8; Mat. 6:9; Ylh. 20:5).
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Özüňi Hudaýa bagyş etmek näme aňladýar?
• Özüňi Hudaýa bagyş etmek näme üçin peýdaly?
• Ýehowanyň Güwäçisi bolmak isleýän adam näme üçin özüni Oňa bagyş etmeli?