Gidiň-de, şägirt ediň we olary suwda çokundyryň
«Şonuň üçin, gidiň-de,... şägirt ediň, olary... çokundyryň. Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň» (MATTA 28:19, 20).
1. Sina dagynyň eteginde Ysraýyl halky nähili karara geldi?
TAKMYNAN 3 500 ýyl mundan ozal, tutuş Ysraýyl halky Hudaýa wada berdi. Olar Sina dagynyň eteginde dabara bilen: «Ýehowanyň aýdanlaryny berjaý ederis» diýip söz berdi. Şonda ysraýyllylar Hudaýa özüni bagyş edip, onuň «saýlan» halky boldy (Çykyş 19:5, 8; 24:3). Hudaý bolsa olary gorajakdygyny hem-de «süýt bilen bal akýan» diýarda uzak ýaşaýyş berjekdigini wada berdi (Lewililer 20:24).
2. Şu günler adamlar Hudaý bilen nähili gatnaşyk saklap bilýär?
2 Ýöne Asaf mezmurçynyň aýdyşy ýaly, ysraýyllylar «Hudaýyň ähtini saklamadylar, Onuň kanuny bilen ýöremekden boýun gaçyrdylar» (Zebur 78:10). Olar ata-babalarynyň Ýehowa beren wadasynda tapylmadylar. Netijede, Hudaý bilen ýakyn gatnaşygyny ýitirdiler (Wagyzçy 5:4; Matta 23:37, 38). Şonuň üçin Hudaý «özge milletlerden Öz adyna bir halk almak üçin» olara üns berdi (Resullaryň işleri 15:14). Şu soňky günlerde bolsa, ol «her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden hiç kimiň sanap bilmejek bir uly märekesini» ýygnaýar. Olar şatlyk bilen: «Gutarmak tagt üstünde oturan Hudaýymyza we Guza mahsusdyr!» diýýär (Ylham 7:9, 10).
3. Hudaýa ýakynlaşmak üçin nämeler etmeli?
3 Hudaýa ýakynlaşmak üçin Ýehowa özüňi bagyş etmeli we ony adamlaryň öňünde suwda çokundyrylyp görkezmeli. Şeýdip, Isanyň: «Gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň. Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň» diýen tabşyrygyny berjaý edýäris (Matta 28:19, 20). Ysraýyllylar «äht kitaby» okalanda diňleýärdi, şonuň üçin olar Ýehowanyň öňünde etmeli borçlaryna düşünýärdi (Çykyş 24:3, 7, 8). Diýmek, şu günlerem, suwda çokundyrylmazdan öň, Mukaddes Ýazgylardan Hudaýyň niýeti barada dogry bilim almaly.
4. Suwda çokundyrylmak üçin näme etmeli? (Çarçuwa-da seret).
4 Isa şägirtleriniň suwda çokundyrylmanka, olaryň imanlarynyň berk bolmagyny isleýärdi. Ol şägirtlerine diňe bir şägirt taýýarlamagy däl-de, eýsem, olara «tabşyran ähli zatlary berjaý etmegi» öwretmelidigini-de aýtdy (Matta 7:24, 25; Efesliler 3:17—19). Şonuň üçin suwda çokundyrylmak isleýän adam, elbetde, birnäçe aýlap ýa-da birki ýyllap Mukaddes Ýazgylary öwrenýär. Onsoň onuň gelen karary oýlanyşyksyz ýa-da bilim azlygynyň esasynda bolmaýar. Suwda çokundyrylmagyň öň ýanynda adam iki sany möhüm soraga «hawa» diýip jogap bermeli. Ýadyňyzda bolsa, Isa «hawa» diýen sözüňiz «hawa», «ýok» diýeniňiz «ýok» bolsun diýipdi. Şonuň üçin biziň hemmämiz bu iki soragyň manysyna gowy düşünmeli (Matta 5:37).
Toba etmek we Hudaýa özüňi bagyş etmek
5. Suwda çokundyrylýanlara berilýän birinji sorag haýsy ädimlere ünsüňi çekýär?
5 Birinji soragda suwda çokundyrylýan adamlardan toba edip, Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmek üçin Hudaýa özlerini bagyş edendikleri barada soralýar. Bu sorag iki ädime ünsüňi çekýär, ýagny toba etmek we Hudaýa özüňi bagyş etmek.
6, 7. a) Suwda çokundyrylýan adam näme üçin toba etmeli? b) Toba edensoň, nähili özgerişler etmeli?
6 Näme üçin suwda çokundyrylmazdan öň adam toba etmeli? Pawlus resul şeýle düşündirýär: «Bir wagtlar biziň hemmämiz... tenimiziň höweslerine görä... ýaşadyk» (Efesliler 2:3). Biz Hudaýyň islegi barada dogry bilim almankak, bu dünýä görä ýaşapdyk. Sebäbi biziň üstümizden bu dünýäniň taňrysy Şeýtan agalyk edipdi (2 Korintoslylar 4:4). Emma biz Ýehowanyň islegini bilenimizden soň, «adam höwesine däl-de, Hudaýyň islegine görä» ýaşamagy ýüregimize düwdük (1 Petrus 4:2).
7 Bu täze ýol bize bol bereket berýär. Birinjiden, Ýehowa ýakynlaşmaga ýol açýar. Göçme manyda Ýehowa bizi «çadyrda» we «mukaddes dagda» mesgen tutmaga çagyrýar. Bu dogrudan-da, uly hormat! (Zebur 15:1). Elbetde, Ýehowa islendik adamy däl-de, diňe «göni gezýän, dogry iş edýän we ýüreginden hakykaty aýdýan» adamy çagyrýar (Zebur 15:2). Hakykaty bilmänkäk, biz başgaça ýaşaýardyk. Bu talaplar indi Mukaddes Ýazgylara görä, gylyk-häsiýetimizi özgertmelidigimizi aňladýar (1 Korintoslylar 6:9—11; Koloseliler 3:5—10). Öňki alyp baran durmuşymyza ökünsek, ýagny toba edip, Hudaýy razy etmekligi berk ýüregimize düwsek, şeýle özgerişleri ederis. Biz bu dünýäniň islegi boýunça ýaşaman, Hudaýyň isleýşi ýaly ýaşarys (Resullaryň işleri 3:19).
8. Biz Hudaýa özümizi nädip bagyş edýäris we onuň suwda çokundyrylmak bilen nähili baglanyşygy bar?
8 Şeýle-de birinji soragda suwda çokundyrylýan adama Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmek üçin, Hudaýa özüňi bagyş etdiňmi diýen sorag berilýär. Suwda çokundyrylmazdan öň, hökman Hudaýa özüňi bagyş etmeli. Biz Isa arkaly Ýehowa özümizi bagyş edýändigimizi dogada aýtmaly (Rimliler 14:7, 8; 2 Korintoslylar 5:15). Şonda Ýehowa biziň Hojaýynymyz hem Baýarymyz bolýar. Biz bolsa Isa ýaly Hudaýyň islegini ýürekden berjaý ederis (Zebur 40:8; Efesliler 6:6). Biz diňe bir gezek Ýehowa özümizi bagyş edýäris. Muny özümizden başga diňe Hudaýyň bilýänligi üçin, suwda çokundyrylyp, gökdäki Atamyza özümizi bagyş edendigimizi başgalara-da görkezýäris (Rimliler 10:10).
9, 10. a) Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek nämäni aňladýar? b) Biziň Hudaýa özümizi bagyş etmegimiz babatda milletparaz duşmanlar nämä düşünýärdi?
9 Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin Isanyň göreldesine eýermek nämäni aňladýar? Isa şägirtlerine: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny [sütem pürsüni, TD] alyp, yzyma düşsün» diýdi (Matta 16:24). Bu ýerde ol üç sany edilmeli zady belledi. Birinjiden, biz özümizi «inkär edýäris». Başgaça aýdanyňda, biz öz günäli höweslerimizi inkär edip, Hudaýyň maslahatyny we görkezmesini kabul edýäris. Ikinjiden, biz «sütem pürsüni alýarys». Isanyň günlerinde sütem pürsi utanjy we görgi görmekligi aňladýardy. Biz mesihçiler hökmünde hoş habaryň ugrunda görgi görýäris (2 Timoteos 1:8). Bu dünýä üstümizden gülüp, bizi ýazgarsa-da, Isa ýaly «utanjy äsgermeýäris» we Hudaýyň bizden razydygyny bilip begenýäris (Ýewreýler 12:2). Üçünjiden bolsa, biz mydama Isanyň «yzyna düşýäris» (Zebur 73:26; 119:44; 145:2).
10 Hudaýa özüni bagyş eden Ýehowanyň Güwäçileriniň diňe Ýehowa gulluk edýändiklerine olaryň duşmanlary-da düşünýärdi. Mysal üçin, milletparaz Germaniýanyň Buhenwald konsentrasion lagerinde Ýehowanyň Güwäçisi imandan dänmese şeýle hata gol çekmelidi: «Men henize çenli Mukaddes Ýazgylary öwrenýän we hiç haçan Ýehowa beren sözümden dänmerin». Bu hat Hudaýa özüni bagyş eden ähli wepaly gullukçylaryň garaýşyny, gör, nähili aýdyň görkezýär! (Resullaryň işleri 5:32).
Ýehowanyň Güwäçisi bolýarsyň
11. Näme üçin suwda çokundyrylmak uly hormat?
11 Soňra suwda çokundyrylýan adama Hudaýa özüňi bagyş etmek bilen Ýehowanyň Güwäçisi bolýandygyňa düşünýäňmi diýen ikinji sorag berilýär. Ol suwda çokundyrylyp, Ýehowanyň adyny göterýän, bellenen gullukçy bolýar. Bu — hormata mynasyp we jogapkärli borç. Şeýle-de suwda çokundyrylan adam gutulyş getirýän ýola düşýär. Halas bolmak üçin bolsa, Ýehowa wepaly galmaly (Matta 24:13).
12. Hudaýyň adyny göterýänleriň nähili borjy bar?
12 Elbetde, Gudraty güýçli Ýehowanyň adyny götermek uly hormat. Mika pygamber: «Bütin halklar, olaryň her biri öz taňrysynyň ady bilen ýöreýär; biz bolsa Hudaýymyz Ýehowanyň ady bilen mydama we ebedilik ýöräris» diýdi (Mika 4:5). Ýöne bu hormat bizi borçly hem edýär. Biz öz ýaşaýşymyz bilen Ýehowany hormatlamaga çalyşmaly, çünki biz onuň adyny göterýäris. Pawlus resulyň Rimdäki mesihçilere ýatladyşy ýaly, olar wagyz edýän sözleri boýunça ýaşamasa, Hudaýyň adyna «dil ýetirilýär» ýa-da hormatsyzlyk edilýär (Rimliler 2:21—24).
13. Ýehowa özüni bagyş edenler näme üçin Hudaý barada güwälik edýär?
13 Ýehowanyň Güwäçisi bolan adam Hudaý barada güwälik etmäge borçly. Ýehowa Hudaýlygyny yglan eder ýaly, Ysraýyl halkyny Güwäçi edip saýlady (Işaýa 43:10—12, 21). Emma Ysraýyl halky borjuny ýerine ýetirmedi, Ýehowa-da olardan ýüz öwürdi. Emma şu günler mesihçiler Ýehowa barada güwälik etmegi hormat saýýar. Biz Hudaýy söýýänimiz üçin güwälik edýäris we onuň adyny mukaddeslemek isleýäris. Gökdäki Atamyz we onuň niýeti barada bilibem, adamlara gürrüň bermän bolarmy? Biz Pawlus resulyň aýdan sözleri bilen ylalaşýarys: «Bu maňa wajypdyr; çünki eger Hoş Habary wagyz etmesem, waý meniň halyma!» (1 Korintoslylar 9:16).
14, 15. a) Biziň ruhy taýdan ösmegimiz üçin Ýehowanyň guramasynyň nähili ähmiýeti bar? b) Ýehowa biziň ruhy taýdan aladamyzy edip nämeler edýär?
14 Ikinji sorag çokundyrylýan adama Ýehowanyň mukaddes ruh arkaly ýolbaşçylyk edýän guramasy bilen işleşmelidigini hem ýatladýar. Biz Hudaýa gulluk edenimizde, «doganlaryň» kömegine we goldawyna mätäç (1 Petrus 2:17; 1 Korintoslylar 12:12, 13). Biziň ruhy taýdan ösmegimizde Hudaýyň guramasynyň uly ähmiýeti bar. Ol bize dogry bilimde ösmäge, kynçylyga duş gelenimizde paýhasly bolmaga we Hudaýa has ýakynlaşmaga kömek edýän Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýat bilen üpjün edýär. Ol çagalaryny bagryna basýan ene ýaly «sadyk hem akylly hyzmatkär» arkaly wagtly-wagtynda ruhy iýmit bilen üpjün edip, ruhy taýdan ösmegimize ýardam edýär (Matta 24:45—47; 1 Selanikliler 2:7, 8).
15 Ýehowanyň wepaly Güwäçisi bolmak üçin her hepdede geçirilýän duşuşyklarda biz bilim alýarys we ruhlanýarys (Ýewreýler 10:24, 25). Teokratik gulluk mekdebi adamlaryň öňünde söz sözlemegi, gulluk duşuşygy bolsa, ökdelik bilen wagyz etmegi öwredýär. Biz bu duşuşyklarda we Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary öwrenip, Ýehowanyň mukaddes ruh arkaly guramasyna ýolbaşçylyk edişini aýdyň görýäris. Şeýdip, Ýehowa bize howp barada duýdurýar, ökde wagyzçy bolmagy öwredýär we ruhy taýdan oýa bolmaga kömek edýär (Zebur 19:7, 8, 11; 1 Selanikliler 5:6, 11; 1 Timoteos 4:13).
Suwda çokundyrylmaga näme höweslendirýär?
16. Ýehowa özümizi bagyş etmäge näme höweslendirýär?
16 Suwda çokundyrylýanlara berilýän iki sorag onuň ähmiýetlidigini hem-de jogapkärlidigini ýatladýar. Onda suwda çokundyrylmaga näme höweslendirýär? Biz kimdir biriniň mejbur etmegi bilen däl-de, Ýehowanyň bizi «çekmegi» bilen çokundyrylan wagyzçy bolýarys (Ýahýa 6:44). «Hudaý söýgi» bolany üçin, ol adamlaryň üstünden höküm sürende, güýjüni däl-de, söýgüsini ulanýar (1 Ýahýa 4:8). Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri we onuň bize bolan garaýşy özüne çekýär. Ýehowa biziň üçin ýekeje Ogluny gurban edip, ajaýyp gelejegi hödürleýär (Ýahýa 3:16). Bu bolsa bizi Hudaýa özümizi bagyş etmäge höweslendirýär (Süleýmanyň tymsallary 3:9; 2 Korintoslylar 5:14, 15).
17. Biz özümizi nämä bagyş etmeýäris?
17 Biz özümizi bir işe ýa-da düşünjä däl-de, Ýehowa bagyş edýäris. Hudaýyň gullukçylaryna berýän ýumşy üýtgäp durýar, ýöne olaryň Ýehowa özüni bagyş etmegi üýtgemeýär. Mysal üçin, Ýehowanyň Ybraýyma hem-de Ýeremiýa beren ýumşy biri-birinden örän tapawutlanýardy (Barlyk 13:17, 18; Ýeremiýa 1:6, 7). Muňa garamazdan, olaryň ikisi-de Hudaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirdi, sebäbi olar Ýehowany söýýärdi we onuň islegini kemsiz ýerine ýetiresi gelýärdi. Şu soňky günlerde çokundyrylan mesihçileriň ählisi Isanyň Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz ediň we şägirt taýýarlaň diýen tabşyrygyny yhlasly ýerine ýetirmäge çalyşýar (Matta 24:14; 28:19, 20). Muny ak ýürekden etsek, gökdäki Atamyzy söýýändigimizi görkezeris we oňa özümizi bagyş edendigimizi tassyklarys (1 Ýahýa 5:3).
18, 19. a) Suwda çokundyrylmak bilen hemmeleriň öňünde näme diýýäris? b) Indiki makalada haýsy soraglara serederis?
18 Elbetde, suwda çokundyrylmak köp bereketlere ýol açýar, emma biz oňa ýüzleý garamaly däl (Luka 14:26—33). Şeýle karara gelmeklik durmuşda nämäniň ähmiýetlidigini görkezýär (Luka 9:62). Biz suwda çokundyrylmak bilen hemmeleriň öňünde: «Bu Hudaý ebedi we mydamlyk biziň Hudaýymyzdyr; ölüme çenli Ol bize ýol görkezer» diýýäris (Zebur 48:14).
19 Indiki makalada suwda çokundyrylmak bilen bagly başga soraglara serederis. Suwda çokundyrylmaga päsgel berip biljek zatlar barmy? Adamyň ýaşyny göz öňünde tutmalymy? Suwda çokundyrylmaklyga hemmeler nädip hormat goýup biler?
Siz nähili düşündirersiňiz?
• Her bir mesihçi suwda çokundyrylmazyndan öň, näme üçin toba etmeli?
• Hudaýa özüňi bagyş etmeklik nämäni aňladýar?
• Ýehowanyň adyny göterýänleriň nähili hormatly borçlary bar?
• Suwda çokundyrylmaga näme höweslendirýär?
[22-nji sahypadaky çarçuwa]
Suwda çokundyrylýanlar üçin iki sorag
Sen Isa Mesihiň gurbany esasynda günäleriňe toba etdiňmi we Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin Ýehowa özüňi bagyş etdiňmi?
Ýehowa özüňi bagyş edip hem-de suwda çokundyrylyp, sen Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly ýolbaşçylyk edýän guramasyna degişli Ýehowanyň Güwäçisi bolýandygyňa düşünýärmiň?