Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/1 sah. 7—11
  • Ýehowa Hudaýyňky bolmak uly hormatdyr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa Hudaýyňky bolmak uly hormatdyr
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowanyňky bolmak bagtly edýär
  • Ýehowa güýjümizden artyk zady talap etmeýär
  • Ýehowa her bir gullukçysynyň aladasyny edýär
  • Hudaýa bolan söýgiňi gora
  • Azatlygy kim berýär?
  • «Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Ýehowanyň dostlaryndan görelde alyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Birek-birege wepaly söýgini bildireliň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • «Päk aýal»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/1 sah. 7—11

Ýehowa Hudaýyňky bolmak uly hormatdyr

«(Biz) Rebbiňkidiris». (RIM. 14:8)

1, 2. a) Biziň nähili mümkinçiligimiz bar? b) Biz nähili soraglara serederis?

YSRAÝYL halkyna degişli bolmak uly hormatdy, sebäbi Ýehowa olara: «Siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz» diýdi (Müs. çyk. 19:5). Häzir hem mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolmak uly hormat, çünki ýygnak Ýehowanyňkydyr (1 Pet. 2:9; Ylh. 7:9, 14, 15). Ýehowanyňky bolmak ebedi peýda berip biler.

2 Ýehowa Hudaýyňky bolmak hormaty jogapkärçiligi hem talap edýär. Käbir adamlarda şeýle soraglar döräp biler: «Ýehowanyň garaşýan zadyny edip bilerinmi? Eger günä etsem, Ol menden ýüz öwrermi? Ýehowanyňky bolmaklyk, azatlykdan mahrum edýärmi?» Elbetde, biynjalyk edýän şeýle soraglary bermek ýerlikli. Ýöne, ilki bilen, «Ýehowanyňky bolmak nähili peýda berýär?» diýen wajyp soraga seredeliň.

Ýehowanyňky bolmak bagtly edýär

3. Rahawyň Ýehowa gulluk etmegi nähili peýda berdi?

3 Adama Ýehowanyňky bolmakdan peýda barmy? Eriha şäherinde ýaşan kemçin aýal Rahaw bilen bolan waka seredeliň. Ol azgynçylygy goldaýan Kengan taňrylaryna sežde edýärdi. Emma Ýehowanyň ysraýyllylara beren ýeňişleri barada eşidende, Onuň hak Hudaýdygyna düşündi. Şonda ol janyny howp astyna salyp, Hudaýyň saýlan halkyna kömek etdi. Injilde şeýle diýilýär: «Kemçin Rahaw-da çaparlary myhman alyp, olary başga ýoldan iberip, amallary bilen aklanmadymy?» (Ýakup 2:25). Ol söýgi we adalatlylyk bilen berlen Kanuny bilýän we hak Hudaýa arassa sežde edýän halkyň agzasy bolanda, nähili duýgyny başdan geçirendigini göz öňüne getiriň. Ol öňki ýoluny taşlandygyna, gör, nähili begenendir! Ol ysraýylla durmuşa çykyp, ogul dogurdy. Onuň ogly Boaz Hudaýa wepaly gulluk etdi (Ýeşuw 6:25; Rut 2:4—12; Mat. 1:5, 6).

4. Ýehowa gulluk etmegi Ruta nähili peýda berdi?

4 Moably Rut hem Ýehowa gulluk etmegi ýüregine düwdi. Ol durmuşa çykmanka, Kemoşa we Moabyň başga taňrylaryna sežde edýärdi. Emma hak Hudaý Ýehowa barada bilende, ol Ysraýyldan gelen adama durmuşa çykýar (Rut 1:1—6-njy aýatlary okaň)a. Soňra Rut we Orpa gaýynenesi bilen Beýtullahama gaýtmakçy bolýar, ýöne Naomi ýaş gelinlerine atasynyň öýüne dolanmagy maslahat berýär. Sebäbi olar dul galypdy, Ysraýyl hem olaryň watany däldi. Şeýlelikde, Orpa «öz halkyna we taňrylaryna dolanýar», Rut bolsa gaýynenesi bilen galýar. Rut iman bilen hereket edýär, çünki kimiňki bolmalydygyny bilýärdi. Ol hak Hudaý Ýehowanyň halkyna degişli bolmak isleýärdi. Rut gaýynenesine şeýle diýýär: «Seni terk edip, ýanyňdan gitmegi menden haýyş etme; çünki sen nirä gitseň, men-de şol ýere gitjek, sen nirede bolsaň, men-de şol ýerde boljak; seniň halkyň — meniň halkym, seniň Hudaýyň — meniň Hudaýym» (Rut 1:15, 16, MKS). Rut Ýehowa gulluk etmegi saýlany üçin, Kanunda dullara, garyplara we mellegi ýok adamlara berlen ýörite şertlerden peýdalandy. Ol Ýehowanyň ganatlarynyň aşagynda bagt, gorag we howpsuzlyk tapdy.

5. Ýehowanyň wepaly gullukçylary barada sen näme diýip bilersiň?

5 Belki-de, sen özüni Ýehowa bagyş edip, Oňa ençeme ýyl wepaly gulluk edýän adamlary tanaýansyň. Şeýle gullugyň olara nähili peýda getirendigi barada sorap görüň. Hemme adamlarda-da kynçylyk bar, ýöne Ýehowanyň gullukçylary özüni batly duýýar. Mezmurçy şeýle ýazýar: «Hudaýy Reb bolan halk nähili bagtly!» (Zeb. 144:15).

Ýehowa güýjümizden artyk zady talap etmeýär

6. Näme üçin Ýehowanyň garaşýan zydyny edip bilmerin öýdüp gorkmaly däl?

6 Mümkin, siz Ýehowanyň garaşýan zadyny edip bilmerin öýdýänsiňiz. Hudaýyň gullukçysy bolmak, Onuň Kanuny boýunça ýaşamak we wagyz etmek siziň üçin kyn bolup görünýändir. Meselem, Ýehowa Musany ysraýyllylar we Müsür patyşasy bilen gepleşmäge iberende, ol özüni ukypsyz gördi. Ýöne Hudaý Musanyň başarmajak zadyny talap etmedi. Ýehowa oňa näme etmelidigini öwretdi (Müsürden çykyş 3:11; 4:1, 10, 13—15-nji aýatlary okaň). Musa Hudaýyň kömegini kabul edip, Onuň islegini berjaý etmekden kanagat tapdy. Ýehowa bizden hem başarmajak zadymyzy talap etmeýär. Ol biziň bikämildigimize düşünýär we kömek etmek isleýär (Zeb. 103:14). Ýehowa gulluk etmek we Isanyň şägirdi bolmak kyn däl, gaýtam, ol bize dynçlyk berýär. Sebäbi şeýle durmuş ýoly adamlara peýda getirýär we Ýehowa ýaraýar. Isa şeýle diýdi: «Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň; çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin» (Mat. 11:28, 29).

7. Biz näme üçin Ýehowanyň garaşýan zadyny edip biljekdigimize ynanyp bileris?

7 Ýehowa bize mert bolmaga hemişe ýardam berer we biz Oňa has-da bil baglarys. Meselem, Ýeremiýanyň özüne ynamy ýokdy. Ýehowa ony pygamber edip bellände, ol şeýle diýdi: «Eý Hökümdar Hudaý, Ýehowa! Men gepläp bilmeýärin, çünki men örän ýaş». Birnäçe wagtdan ol hatda: «Onuň adyndan gaýdyp gürlemerin» diýdi (Ýerem. 1:6; 20:9). Ýehowa Ýeremiýa batyrgaýlyk bereni üçin, ol kyrk ýyldan gowrak halkyň halamaýan habaryny aýdyp bildi. Sebäbi Ýehowa ony: «Seni halas etmek üçin, Men seniň bilendirin» diýen sözler bilen goldady (Ýerem. 1:8, 19; 15:20).

8. Biz nädip Ýehowa bil baglaýarys?

8 Ýehowa Musany we Ýeremiýany goldaýşy ýaly, bizi-de goldar. Şonda biz Hudaýyň gullukçylaryndan garaşylýan zady edip bileris. Munuň üçin Hudaýa bil baglamaly. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular» (Sül. tym. 3:5, 6). Biz Ýehowanyň Sözi we ýygnak arkaly berýän kömegini kabul edip, Oňa bil baglaýandygymyzy görkezýäris. Eger biz Ýehowanyň elinden tutup, ýaşaýyş ýolundan ýöresek, Oňa bil baglamaga hiç zat päsgel bermez.

Ýehowa her bir gullukçysynyň aladasyny edýär

9, 10. Zeburyň 91-nji mezmurynda nähili gorag barada aýdylýar?

9 Käbir adamlar özüni Ýehowa bagyş etmek barada oýlananda, günä etsem, Ýehowa menden ýüz öwrer öýdýär. Bagtymyza, Ýehowa bilen gymmatly gatnaşygymyzy goramak üçin, ol bize ähli gerekli zatlary berýär. Geliň, häzir Zeburyň 91-nji mezmuryna seredeliň.

10 Mezmurçy ony şeýle sözler bilen başlady: «Hemmeden Beýigiň gizlin ýerinde oturan Gudratlynyň kölegesinde mesgen tutar. Men Reb barada diýerin: Ol meniň penam we galamdyr; meniň Hudaýymdyr; men Oňa bil baglaryn. Ol seni awçynyň duzagyndan... halas eder» (Zeb. 91:1—3). Üns beren bolsaňyz, Hudaý Özüni söýýänleri we bil baglaýanlary gorajakdygyny wada berýär (Zebur 91:9, 14-nji aýatlary okaň). Ol nädip gorar? Ýehowa gadym döwürde ýaşan käbir gullukçylaryny dürli kynçylyklardan gorady. Meselem, Ol wada edilen Mesihiň gelmeli nesliniň ýitmezliginiň aladasyny etdi. Emma onuň gullukçylarynyň köpüsi Hudaýa wepaly galmaz ýaly, olary zalymlyk bilen gynadylar, türmä basdylar we öldürdiler (Ýew. 11:34—39). Ýehowa olara aýypsyz galar ýaly kömek edeni üçin, synaglara döz geldiler. Diýmek, Zeburyň 91-nji mezmuryndaky sözler Ýehowanyň bizi ruhy taýdan goraýandygyny aňladýar.

11. «Hemmeden Beýigiň gizlin ýeri» näme we Hudaý ol ýerde kimi goraýar?

11 Mezmurçy «Hemmeden Beýigiň gizlin ýeri» diýende, göçme manyda, ruhy taýdan berilýän goragy göz öňünde tutdy. Adam Hudaýyň öýünde mesgen tutsa, onuň Hudaýa bolan söýgüsine we imanyna howp salýan islendik zatdan goragy bolar (Zeb. 15:1, 2; 121:5). Bu gizlin ýer, sebäbi ony imansyz adamlar görüp bilmeýär. Ýehowa «meniň Hudaýymdyr; men Oňa bil baglaryn» diýen adamlary Ol goraýar. Eger biz şu howpsuz ýerde galsak, «awçynyň», ýagny Şeýtanyň guran duzaklaryna düşüp, Hudaýyň razylygyndan mahrum bolaryn diýip aladalanmarys.

12. Biziň Hudaý bilen gatnaşygymyza nähili howp abanýar?

12 Biziň Hudaý bilen gymmatly gatnaşygymyza nähili howp abanýar? Mezmurçy «garaňkyda gezýän mergi... öýlän heläk edýän gyrgy» ýaly birnäçe howplary agzaýar (Zeb. 91:5, 6). «Awçy» köp adamlary özbaşdaklyk ruhy arkaly duzaga salýar (2 Kor. 11:3). Şeýle-de açgözlük, tekepbirlik we baýlyga kowalaşmak ýaly duzaklary gurýar. Başga adamlary bolsa, milletparazlyk, ewolýusiýa taglymaty we ýalan din ýaly filosofiýa bilen aldaýar (Kol. 2:8). Köp adamlar özüne çekiji ahlaksyzlygyň duzagyna düşýär. Ruhy taýdan zyýan ýetirýän mergiler sebäpli millionlarça adamlaryň Hudaýa bolan söýgüsi sowaýar (Zebur 91:7—10-njy aýatlary okaň; Mat. 24:12).

Hudaýa bolan söýgiňi gora

13. Ýehowa ruhy saglygymyza abanýan howplardan bizi nädip goraýar?

13 Şeýle ruhy howplardan Ýehowa halkyny nädip goraýar? Bu barada mezmurçy şeýle ýazýar: «Bütin ýollaryňda seni saklamak barada Ol Öz perişdelerine buýruk berer» (Zeb. 91:11). Ýehowa biziň hoş habary wagyz edip bilmegimiz üçin, perişdeleri arkaly görkezme berýär we goraýar (Ylh. 14:6). Mesihçi ýaşulular bolsa, Mukaddes Ýazgylaryň esasynda tälim berip, nädogry pikirlerden goraýar. Olar bu dünýäniň ýaramaz täsirine garşy göreşýän her bir adama kömek edýär (Titus 1:9; 1 Pet. 5:2). Şeýle-de «sadyk hem akylly hyzmatkär» bizi ewolýusiýa taglymatyndan, özüne çekiji ahlaksyz isleglerden, baýlyga we wezipä kowalaşmakdan, başga-da ençeme erbet täsirlerden, isleglerden goramak üçin ruhy taýdan iýmit berýär (Mat. 24:45). Şeýle howplardan gaça durmaga size näme kömek edýär?

14. Hudaýyň goragyny kabul etmek üçin näme edip bileris?

14 Biz Hudaýyň «gizlin ýerinde» galyp, Onuň goragyndan peýdalanmak üçin näme etmeli? Biz özümizi hemişe ýol heläkçiligi, jenaýatçylyk we hapaçylyk ýaly howplardan goraýarys. Ruhy howplardan hem şonuň ýaly goranmaly. Munuň üçin biz Ýehowanyň edebiýatlar, ýygnak duşuşyklary we kongresler arkaly berýän görkezmesini yzygiderli kabul etmeli. Maslahat üçin ýaşululara ýüzlenmeli. Dogan-uýalarymyzyň ýagşy häsiýetleri bize gowy täsir etmeýärmi näme? Dogrudan-da, imandaşlar bilen gürrüňdeşlik, akyldar bolmaga kömek edýär (Sül. tym. 13:20; 1 Petrus 4:10-y okaň).

15. Ýehowany razy etmäge päsgel berýän islendik zatdan Onuň gorajakdygyna näme üçin şübhelenmeli däl?

15 Hudaýy razy etmäge päsgel berýän islendik zatdan Onuň gorajakdygyna şübhelenmäge bizde hiç hili esas ýok (Rim. 8:38, 39). Ol ýygnagy dini ýolbaşçylardan we syýasy duşmanlardan goraýar. Köplenç olar bizi öldürmek üçin däl-de, mukaddes Hudaýymyzdan daşlaşdyrmak üçin jan edýärler. Emma Ýehowanyň: «Saňa garşy edilen hiç bir ýarag üstün çykmaz» diýen wadasy hemişe berjaý bolýar (Iş. 54:17).

Azatlygy kim berýär?

16. Näme üçin bu dünýä azatlygy berip bilmeýär?

16 Ýehowanyňky bolmaklyk azatlykdan mahrum edýärmi? Ýok, gaýtam, bu dünýä degişli bolmaklyk azatlykdan mahrum edýär. Sebäbi bu dünýä Ýehowadan daşlaşan, onuň hökümdary zalym we adamlary gul edýär (Ýahýa 14:30). Meselem, Şeýtanyň dünýäsiniň ykdysady kynçylyklary adamlary gula öwürýär (Ylham 13:16, 17-nji aýatlary deňeşdiriň). «Günäniň aldawçylygy» bilen hem adamlar gul bolýarlar (Ýahýa 8:34; Ýew. 3:13). Imansyz adamlar Ýehowanyň taglymatlaryna garşy gelýän işleri edip, azatlygy wada berýärler. Emma olara gulak asýan adamlar günäli ýola tiz düşýärler we özüni gul edip, ahlaksyz ýaşaýarlar (Rim. 1:24—32).

17. Ýehowa bize nähili azatlygy wada berýär?

17 Eger Ýehowa bil baglasak, Ol bize zyýan ýetirýän ähli zatlardan azat eder. Biziň ýagdaýymyzy agyr keselden halas bolmak üçin, janyny ökde hirurgyň eline tabşyrýan adama meňzetse bolýar. Biziň ählimiz agyr ýagdaýda, çünki günäni miras aldyk. Mesihiň gurbany arkaly Ýehowa bil baglasak, diňe şonda günäden azat bolup, ebedi ýaşaýşa gowuşmaga umyt edip bileris (Ýahýa 3:36). Ýöne hirurgy gowy tanamasak, oňa bil baglap bilmeris, şonuň ýaly-da, Ýehowa bil baglamak üçin, Ony gowy tanamaly. Şol sebäpli Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenmeli, şonda Ýehowanyňky bolmakdan gorkmarys, çünki söýgi «gorkyny kowup çykarýandyr» (1 Ýahýa 4:18).

18. Ýehowanyňky bolmak näme berer?

18 Ýehowa ähli adamlara saýlamaga erkinlik berdi. Onuň Sözünde şeýle diýilýär: «Ýaşaýşy saýlaň, şonda siziň özüňiz hem ýaşarsyňyz, nesilleriňiz-de ýaşar, Hudaýyňyz Rebbi söýüň» (Kan. tag. 30:19, 20). Ýehowa biziň mejburlyk bilen däl-de, bütin janymyz bilen Oňa gulluk etmegimizi isleýär. Bu azatlykdan mahrum etmeýär, gaýtam, söýgüli Hudaýymyzyňky bolup, biz has-da bagtly bolarys.

19. Näme üçin biz Ýehowanyňky bolmaga mynasyp däl?

19 Biz günäli bolandygymyz üçin kämil Hudaýyňky bolmaga mynasyp däl. Bu diňe Hudaýyň merhemeti arkaly mümkindir (2 Tim. 1:9). Pawlus şeýle ýazdy: «Ýaşaýan bolsak, Reb üçin ýaşaýandyrys; ölýän bolsak, Reb üçin ölýändiris. Şoňa görä, ýaşasak-da, ölsek-de Rebbiňkidiris» (Rim. 14:8). Biz Ýehowanyňky bolmagy ýüregimize berk düwendigimize hiç haçan ökünmeris.

a Rut 1:1 Ysraýyl halkyna häkimleriň baştutanlyk edýän mahaly Ýahuda ýurduna açlyk düşdi. Bir ysraýylly adam aýaly we iki ogly bilen birlikde Beýtullaham şäherinden göçüp, baryp, moablylara degişli uzak bir ýurtda ýerleşdi. 2 Bu adamyň ady Elimelek, aýalynyň ady Naomi, iki oglunyň ady hem Mahlon bilen Kiliondy. 3 Naominiň äri Elimelek ölüp, ol iki ogly bilen galdy. 4 Onuň ogullary Moab gyzlaryna öýlendiler. Gelinleriň biriniň ady Orpa, beýlekisiň ady bolsa Rutdy. On ýyla golaý şol ýerde oturansoňlar, 5 Mahlon bilen Kileon hem öldi. Şeýlelikde, ýaňky aýal iki ogly bilen ärinden mahrum boldy. 6 Şonda Naomi gelinlerini alyp, Moabdan öz watanyna tarap ýola düşdi, çünki ol Moab ýurdundaka, Ýehowanyň öz halkyna nazar salyp, çörek berendigini eşitdi.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Ýehowanyňky bolmak nähili peýda berýär?

• Näme üçin Ýehowanyň garaşýan zadyny edip biljekdigimize ynanyp bileris?

• Ýehowa gullukçylaryny nädip goraýar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş