Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/1 sah. 12—16
  • Isanyň hakyky şägirdidigiňizi subut ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isanyň hakyky şägirdidigiňizi subut ediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýyň Sözi boýunça ýaşaň
  • Hudaýyň Patyşalygyny wagyz ediň
  • Hudaýyň adyny göterýäniňize guwanyň
  • «Dünýäni söýmäň»
  • Söýgiňizi bildiriň
  • Wagyz etmeli habarymyz
    Wagyz mekdebi
  • Ýehowanyň beýik adyny şöhratlandyryň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Hudaýa ýaraýan sežde
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Ýehowa adyny beýgeldýär
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/1 sah. 12—16

Isanyň hakyky şägirdidigiňizi subut ediň

«Her bir oňat agaç oňat miwe berýändir; erbet agaç bolsa erbet miwe berýändir». (MAT. 7:17)

1, 2. Şu soňky günlerde Isanyň şägirtleriniň ýalan şägirtlerden näme tapawudy bar?

ISA hakyky şägirtleriniň ýalan şägirtlerden miwesi, ýagny taglymaty we özlerini alyp barşy bilen tapawutlanjakdygy barada aýtdy (Mat. 7:15—17, 20). Adatça, adamlara ýüregindäki pikirler täsir edýär (Mat. 15:18, 19). Ýalan taglymaty öwredýän adamlar «erbet miwe» berýär, Hudaý barada hakykaty öwredýänler bolsa, «oňat miwe» berýär.

2 Şu soňky günlerde iki miwe aýdyň görünýär (Daniýel 12:10-y okaň)a. Hudaý barada dogry düşünjesi bolmadyk ýalan şägirtler köplenç hudaýhon bolup, ikiýüzlülik edýärler. Hudaý hakynda bilim alan adamlar bolsa, Ýehowa «ruhda, hakykatda sežde edýärler» (Ýahýa 4:24; 2 Tim. 3:1—5). Olar Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmäge çalyşýar. Biz barada näme diýse bolar? Mesihçileri tapawutlandyryp bolýan bäş aýratynlyga seredip, özümize şeýle soraglar bereliň: «Özümi alyp barşym we öwredýän taglymatlarym Mukaddes Ýazgylara gabat gelýärmi? Edim-gylymym we Hudaý barada öwredişim bilen adamlary hakykata çekýärinmi?

Hudaýyň Sözi boýunça ýaşaň

3. Ýehowa ýaranmak üçin Isanyň şägirtleri näme etmeli?

3 Isa: «Maňa: «Ýa Reb, ýa Reb» diýen her adam Gökleriň Patyşalygyna girmez, diňe göklerdäki Atamyň islegini berjaý eden girer» diýdi (Mat. 7:21). Diňe bir sözünde däl, eýsem, iş ýüzünde Isanyň tabşyrygyny berjaý edýän şägirtler Ýehowa ýaraýar. Isanyň hakyky şägirtleri muny durmuşynda, ýagny pula, dünýewi işe, göwün açmalara, däp-dessurlara, baýramçylyklara, maşgala bolan garaýşynda we adamlar bilen gatnaşygynda görkezmeli. Emma ýalan şägirtler bu dünýäniň adamlary ýaly pikir edýär. Soňky günlerde bolsa, zalym dünýäniň adamlary gitdigiçe erbetleşýär (Zeb. 92:7).

4, 5. Malaki 3:18-däki sözlere nädip eýerip bileris?

4 Malaki pygamber şeýle ýazdy: «Siz ýene-de dogrularyň we erbetleriň, Hudaýa gulluk edýänleriň we etmeýänleriň tapawudyny görersiňiz» (Mal. 3:18). Siz şu sözler hakynda oýlanyp, özüňize şeýle soraglary beriň: «Men dünýewi adamlara meňzeýärinmi ýa-da olardan tapawutlanýarynmy? Hemişe işgärlerime, synpdaşlaryma meňzejek bolýarynmy ýa-da Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine berk eýerip, ýerlikli bolanda, olar hakynda gürrüň berýärinmi? (1 Petrus 3:16-ny okaň). Elbetde, biz öz gözümizde dogry bolmak islemeýäris, ýöne Ýehowa gulluk etmeýän we ony söýmeýän adamlardan tapawutlanmaly.

5 Biz häsiýetimizi özgertmelidigine göz ýetirsek, Hudaýa doga etmeli, yzygiderli Mukaddes Ýazgylary okamaly we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp, ruhy taýdan berkemeli. Hudaýyň Sözüne näçe köp eýersek, şonça-da «oňat miwäni», ýagny Hudaýyň «adyny ykrar edýän dodaklaryň miwesini hödürläris» (Ýew. 13:15).

Hudaýyň Patyşalygyny wagyz ediň

6, 7. Hudaýyň Patyşalygy babatda Isanyň şägirtleriniň ýalan şägirtlerden näme tapawudy bar?

6 Isa şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny Men beýleki şäherlere-de bildirmeli. Çünki Men munuň üçin wagyz etdim» (Luka 4:43). Näme üçin Isa esasanam Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etdi? Ol şol Patyşalygyň patyşasy bolup, mesh edilen doganlary bilen adamlara betbagtçylyk getirýän günäni we Iblisi düýbünden ýok etjekdigini bilýärdi (Rim. 5:12; Ylh. 20:10). Isa şägirtlerine zalym dünýäniň soňuna çenli Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmegi tabşyrdy (Mat. 24:14). Diňe sözde özüne Isanyň şägirtleri diýýänler wagyz edip bilmeýär. Näme üçin? Munuň üç sebäbi bar: birinjiden, olar wagyz etmelidigine düşünmeýärler. Ikinjiden, olaryň köpüsi kiçigöwünli däl we hoş habary wagyz etseler, adamlar güler hem-de garşy bolar öýdüp, gorkýarlar (Mat. 24:9; 1 Pet. 2:23). Üçünjiden, olarda Hudaýyň mukaddes ruhy ýok (Ýahýa 14:16, 17).

7 Isanyň hakyky şägirtleri bolsa, Hudaýyň Patyşalygynyň nämedigine we onuň nähili bereketler berjekdigine düşünýärler. Galyberse-de, olar durmuşynda Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýup, Ýehowanyň ruhunyň kömegi bilen bütin dünýäde wagyz edýärler (Zak. 4:6). Sen yzygiderli wagyz edýärmiň? Köpräk wagyz edip, ökde wagyzçy bolmaga jan edýärmiň? Käbir dogan-uýalar wagyzda Mukaddes Ýazgylardan aýatlary okap, ökde wagyzçy bolmaga tagalla edýärler. Mukaddes Ýazgylaryň esasynda wagyz etmegi endik eden Pawlus resul: «Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir» diýip ýazdy (Ýew. 4:12; Res. iş. 17:2, 3).

8, 9. a) Wagyzda Mukaddes Ýazgylary okamagyň peýdalydygyny haýsy mysallar görkezýär? b) Nädip Hudaýyň Sözüni ökdelik bilen ulanyp bileris?

8 Bir dogan öýden-öýe wagyz edende, katolik adama Daniýel 2:44-di okap, Hudaýyň Patyşalygynyň parahatlyk we howpsuzlyk getirjekdigini düşündirdi. Şol adam: «Men siziň Mukaddes Ýazgylardaky aýady öz sözüňiz bilen aýtman, ondan okap berendigiňize örän minnetdar» diýdi. Haçan-da, şol dogan hristian dinine uýýan bir aýala Injilden aýat okap berende, ol sorag baryny berdi. Dogan aýaly bilen Mukaddes Ýazgylaryň esasynda onuň soraglaryna jogap berdi. Soňra ol aýal: «Siz meniň öýüme gelip, Mukaddes Ýazgylardan okap bereniňiz üçin, siziň bilen gepleşmek isledim» diýdi.

9 Elbetde wagyzda edebiýat hödürlemek wajyp. Emma Mukaddes Ýazgylar, biziň ulanýan esasy kitabymyz. Sen köplenç wagyzda Mukaddes Ýazgylary okamaýan bolsaň, onda ony okamagy maksat edin. Sen Hudaýyň Patyşalygynyň nämedigini we ýaşaýan ýeriňde adamlary biynjalyk edýän aladalary onuň nädip çözjekdigini düşündirýän birnäçe aýatlary saýla. Soňra öýden-öýe wagyz eder ýaly, olary okap bermek üçin taýýarlan.

Hudaýyň adyny göterýäniňize guwanyň

10, 11. Hudaýyň adyny tutmak babatda Isanyň we oňa eýerýäris diýýänleriň köpüsiniň näme tapawudy bar?

10 «Ýehowa şeýle diýýär: «Siz meniň güwälerim, men bolsa siziň Hudaýyňyz» (Iş. 43:12). Ýehowanyň beýik güwäsi Isa Mesih Hudaýyň adyny götermegi we ony adamlara tanatmagy uly hormat saýýardy (Zebur 8:1; Ýahýa 17:6; Ýewreýler 2:12-nji aýatlary okaň). Isa Atasynyň adyny yglan edeni üçin oňa «dogruçyl güwä» diýilýär (Ylh. 1:4, 5; Mat. 6:9).

11 Hudaýa we onuň Ogluna ynanýarys diýýänleriň köpüsi bolsa, Ýehowanyň adyna hormat goýman, ony Mukaddes Ýazgylaryndan hem aýyrdylar. Hatda bir katolik ruhanysy şeýle diýdi: «Hudaýa gulluk edilende, Hudaýyň adyny (ÝHWH) tetragrammaton görnüşinde hiç haçan tutmaly däl»b. Bu Hudaýyň adyna, nähili, hormat goýmazlyk!

12. 1931-nji ýylda Ýehowanyň gullukçylary nädip has tanaldy?

12 Mesihçiler Isa we «uly güwäler buludyna» eýerip, Hudaýyň adyny buýsanç bilen tutýarlar (Ýew. 12:1). 1931-nji ýylda Hudaýyň gullukçylary Ýehowanyň Güwäçileri adyny alyp, has tanaldylar (Işaýa 43:10—12-nji aýatlary okaň)c. Aýratynam, Isanyň hakyky şägirtleri Hudaýyň «ady dakylan... millet» boldy (Res. iş. 15:14, 17).

13. Hudaýyň adyny göterýänlerden näme talap edilýär?

13 Hudaýyň adyny göterýänlerden näme talap edilýär? Birinjiden, olar Hudaý barada wagyz etmeli. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Rebbi çagyran adam gutular». Olar öz iman etmediklerini nähili çagyrarlar? Eşitmediklerine nähili iman ederler? Wagyzçysyz nähili eşiderler? Iberilmeseler, nähili wagyz ederler?» (Rim. 10:13—15). Şeýle-de biz Ýaradyjyny masgaralaýan dowzah ody hakyndaky ýalan taglymaty sypaýyçylyk bilen paş etmeli, çünki bu taglymat söýýän Hudaýdan däl-de, zalym Iblisdendir (Ýerem. 7:31; 1 Ýahýa 4:8; Markus 9:17—27-nji aýatlary deňeşdiriň).

14. Adamlar Hudaýyň adyny bilenlerinde, olara nähili täsir edýär?

14 Sen göklerdäki Atamyzyň adyny göterýändigiňe guwanýarmyň? Adamlara Hudaýyň mukaddes adyny bilmäge kömek edýärmiň? Fransiýaly bir aýal Ýehowanyň Güwäçileriniň Hudaýyň adyny bilýändigini eşidýär. Ol bir uýa duşanda Mukaddes Ýazgylaryndan Hudaýyň adyny görkezmegi haýyş edýär. Ol Zebur 83:18-i okap berende, aýala örän täsir etdi. Ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip, häzir bolsa başga ýurtda Ýehowa wepaly gulluk edýär. Awstraliýada katolik dinine uýýan bir aýal birinji gezek Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň adyny görende, begenjinden ýaňa aglaýar. Şu wagt ol ençeme ýyldan bäri pioner bolup gulluk edýär. Ýaňy-ýakynda Ýamaýkada Ýehowanyň Güwäçisi bir aýala Mukaddes Ýazgylaryndan Hudaýyň adyny görkezende, ol hem begenjinden aglaýar. Şeýlelikde, Hudaýyň adyny göterýändigimize guwanyp hem-de Isanyň göreldesine eýerip, onuň ajaýyp adyny adamlara tanadýarys.

«Dünýäni söýmäň»

15, 16. Mesihçiler zalym dünýä nähili garaýarlar we biz özümize nähili soraglary bermeli?

15 «Dünýäni, dünýädäki zatlary söýmäň. Biri dünýäni söýýän bolsa, onda Atanyň söýgüsi ýokdur» (1 Ýahýa 2:15). Dünýä we onuň ten höwesleri Ýehowa hem-de onuň mukaddes ruhuna garşy gelýär. Şol sebäpli Isanyň hakyky şägirtleri dünýäniň işlerine goşulmaýar. Olar dünýädäki zatlary ýigrenýärler, sebäbi Ýakup şägirt: «Dünýäniň dosty bolmagy isleýän adam özüni Hudaýa duşman edýändir» diýdi (Ýakup 4:4).

16 Ten höweslerinden doly bu dünýäde Ýakubyň beren maslahatyna eýermek kyn bolýar (2 Tim. 4:10). Şol sebäpli Isa şägirtleri üçin şeýle doga etdi: «Olary dünýäden almagyňy däl-de, ýamanlykdan goramagyňy dileýärin. Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler» (Ýahýa 17:15, 16). Özüňize şeýle soraglary beriň: «Men dünýä goşulmaz ýaly jan edýärinmi? Adamlar meniň Mukaddes Ýazgylara garşy gelýän we ýalan dinden gelip çykmadyk, ýöne dünýäniň ruhuny görkezýän baýramçylyklara, däp-dessurlara nähili garaýandygymy bilýärmi? (2 Kor. 6:17; 1 Pet. 4:3, 4).

17. Akýürekli adamlara Ýehowany saýlamaga näme kömek edýär?

17 Biz Mukaddes Ýazgylara bolan garaýşymyz bilen bu dünýäniň adamlarynyň göwnünden turmarys, ýöne akýürekli adamlary gyzyklandyryp bileris. Şeýle adamlar imanymyzyň Mukaddes Ýazgylara berk esaslanandygyny we Hudaýyň Sözi boýunça ýaşaýandygymyzy görüp, mesh edilenlere: «Biz siziň bilen gitjek, çünki Hudaýyň siz bilendigini eşitdik» diýýärler (Zak. 8:23).

Söýgiňizi bildiriň

18. Ýehowa we adamlara bolan söýgimizi nädip görkezip bileris?

18 Isa: «Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý». Ikinji hem şonuň ýaly: «Goňşyňy özüň ýaly söý» diýdi (Mat. 22:37, 39). Söýgi (grekçe agape) bu tötänden däl-de, eýsem ahlak prinsipleri, borç, edep we hormat esasynda düşünilip döreýän güýçli, mähirli duýgy (1 Pet. 1:22). Bu söýgi öz nepini gözlemän, sözde we işde sabyrly bolýar (1 Korintoslylar 13:4—7-nji aýatlary okaň).

19, 20. Söýginiň güýjüni görkezýän käbir mysallary gürrüň beriň.

19 Söýgi Hudaýyň ruhunyň miwesi bolany üçin, mesihçiler başga adamlardan tapawutlylykda, milletparazlygy, tireparazlygy ýeňip bilýär (Ýahýa 13:34, 35-nji aýatlary okaň, Gal. 5:22). Ýumşak adamlar şeýle söýgini görenlerinde, olara güýçli täsir edýär. Meselem, bir ýewreý ýigit Ysraýylda birinji gezek ýygnaga baranda, ýewreý we arap doganlaryň Ýehowa bile sežde edýändigini görýär. Soňra ol ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşyp, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlaýar. Sen doganlaryňy şeýle ak ýürekden söýüp bilýärmiň? Şeýle-de sen ýygnaga täze gelen adamlary milletine, tiresine, wezipesine garamazdan, mähirli garşylaýarmyň?

20 Biz, mesihçiler, ähli adamlara söýgi bildirýäris. Salwadorda bir ýaş uýa katolik buthanasyna gatnaýan 87 ýaşly aýal bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýär. Bir güni bu aýal agyr keselläp, keselhana düşýär. Ol aýal öýüne gelende, uýamyz bir aýlap onuň ýanyna gatnap nahar taýýarlaýar. Onuň buthanasyndan bolsa hiç kim gelmeýär. Netijede näme bolýar? Ol butlaryny taşlaýar, buthanasyndan gidýär we Mukaddes Ýazgylar okuwyny dowam edýär. Görşümiz ýaly, mesihçileriň söýgüsi güýçli täsir edýär! Adamlaryň ýüregine täsir etmek üçin diňe bir wagyz etmän, eýsem olary söýýändigimizi iş ýüzünde görkezmeli.

21. Biz gelejege bolan umydymyzy nädip berkidip bileris?

21 Tizden Isa ähli ýalan şägirtlere: «Eý betkärler, Men sizi asla tanamaýaryn, ýanymdan aýrylyň!» diýer (Mat. 7:23). Geliň, şonuň üçin Atamyzy we onuň Ogluny şöhratlandyrýan miweleri ösdüreliň. Isa şeýle diýdi: «Men bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän kişini öýüni gaýanyň üstünde salan akylly adama meňzedýärin» (Mat. 7:24). Biz Isanyň hakyky şägirdidigimizi subut etsek, Hudaýy razy ederis we gelejege bolan umydymyz gaýa kimin berk bolar!

a Daniýel 12:10 Erbet adamlaryň hiç biri muňa düşünmez, paýhasly adamlar bolsa düşüner.

b Katolikleriň iňlis dilinde çap edilen edebiýatlarynda we (The Jerusalem Bible) «ÝAHWE» tetragrammatony ulanylýar.

c Işaýa 43:10 «Ýehowa şeýle diýýär: «Siz meniň güwäçilerim, siz meni tanar ýaly we maňa ynanar ýaly hem-de meniň şol Hudaýdygyma düşüner ýaly saýlan gullukçym. Menden öň Hudaý bolmandy, menden soň hem hiç kim bolmaz. 11 Men, men Ýehowa, menden başga halasgär ýok». 12 «Araňyzda başga taňrylar ýokka, men aýtdym we halas etdim hem-de hemmeler eşider ýaly etdim. Ýehowa şeýle diýýär: Siz meniň güwäçilerim, men bolsa Hudaý».

Ýadyňyzdamy?

• Isanyň şägirtleriniň ýalan şägirtlerden näme tapawudy bar?

• Isanyň hakyky şägirtlerine mahsus «miweleri» agzap geç.

• Mesihçilere ýaraşýan miweleri ösdürip, nähili maksatlary goýup bilersiň?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş