Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/1 sah. 16—20
  • Ençeme kynçylyklara duş gelýän çagalaryňyza kömek ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ençeme kynçylyklara duş gelýän çagalaryňyza kömek ediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa bilen ýakyn gatnaşyk
  • Pikir alyşmak wajyp
  • Sahna gurmak näme üçin wajyp?
  • Öý rahat ýer
  • Çagalaryňyzy öwüň
  • Ata-eneler we çagalar, mähirlilik bilen gürrüňdeş boluň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowany söýmäge kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Çagalaryňyz mekdebe taýýarmy?
    Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Çagalaryňyza Ýehowany söýmegi öwrediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/1 sah. 16—20

Ençeme kynçylyklara duş gelýän çagalaryňyza kömek ediň

BIZIŇ çagalarymyz örän köp kynçylyklara duş gelýär. Olara Şeýtanyň dünýäsi täsir edýär we olar «ýaşlyk höweslerine» garşy göreşmeli bolýar (2 Tim. 2:22; 1 Ýahýa 5:19). Olar «Beýik Ýaradyjysyny unutmak» islemeýär, şol sebäpli Hudaýa ynanmaýan deň-duşlary üstünden gülýär, hatda gaharyny getirýär (Wag. 12:1). Winsent atly dogan ýaşlygyny ýatlap, şeýle diýýär: «Men Ýehowanyň Güwäçisi bolanym üçin, mekdepde meni gižželäp, gaharymy getirip, günüme goýmaýardylar. Şonuň üçin köplenç meniň mekdebe gidesim gelmeýärdi»a.

Şeýle-de biziň çagalarymyz dünýewi adamlardan başga-da, öz höweslerine garşy göreşmeli bolýar. On alty ýaşly Kaslen atly uýa: «Maňa akja jüýje bolmak kyn bolýardy» diýýär. Ýigrimi ýaşly Alan doganymyz: «Synpdaşlarym dynç günleri oturyşlyga çagyranda, meniň oňa gidesim gelýärdi» diýýär. Mekdep ýyllary ýaşlaryň sport ýaryşlaryna gatnaşmak höwesi güýçli bolýar. Emma olar sport toparyna ýazylsalar, ol ýerde erbet dost edinerler. Tanýa atly ýaş uýa şeýle diýýär: «Men sporty gowy görýärdim. Mekdepde ýaryşlara gatnaşmak üçin bedenterbiýe mugallymy meni hemişe sport toparyna ýazmak isleýärdi. Şonda oňa ýok diýmek maňa kyn bolýardy».

Biz çagalarymyza kynçylyklara döz gelmäge nädip kömek edip bileris? Ýehowa ata-enelere perzentlerine terbiýe bermegi tabşyrdy (Sül. tym. 22:6; Efes. 6:4). Hudaýdan gorkýan ata-eneleriň maksady çagalarynyň ýüreginde Ýehowa gulak asmak höwesini artdyrmakdyr (Sül. tym. 6:20—22, 24). Çagalar ata-enesi görmese-de, erbet adamlara garşy durup bilmeli.

Elbetde, ata-enelere şol bir wagtda maşgalany eklemek, çagalary terbiýelemek we ýygnakdaky borçlary ýerine ýetirmek aňsat däl. Käbirleri çagasyny ýeke özi terbiýeleýär, käbirlerine bolsa iman etmeýän ýanýoldaşy päsgel berýär. Emma Ýehowa ata-enelerden perzentlerine öwretmek we olary goldamak üçin wagt sarp etmegi talap edýär. Çagalaryňyza her gün deň-duşlaryna, synaglara garşy durmaga we azar berenlerinde, hötde gelmäge nädip kömek edip bilersiňiz?

Ýehowa bilen ýakyn gatnaşyk

Ilki bilen, biziň çagalarymyz Ýehowany Şahsyýet hökmünde tanamaly. Olara «görünmezi görmäge» kömek etmeli (Ýew. 11:27). Ýokarda agzalan Winsent atly dogan ata-enesiniň Ýehowa ýakynlaşmaga nädip kömek edenini ýatlaýar. Ol şeýle diýýär: «Olar maňa doga etmegiň wajypdygyny öwretdiler. Men kiçiligimden bäri her gün agşam, ýatmazdan öň doga edenim ýadyma düşýär. Ýehowa meniň üçin diri Hudaýdy. Siziň çagalaryňyz Hudaýa doga edýärmi? Olaryň nähili doga edýänini diňläp görüň. Olar şol bir sözleri ýat tutup, gaýtalaýarmy? Ýa-da dogasynda Ýehowa ýüregini dökýärmi? Siz olaryň dogasyny diňläp, Ýehowa bilen nähili gatnaşykdadygyna göz ýetirersiňiz.

Çagalar Ýehowa ýakynlaşmak üçin Mukaddes Ýazgylary özbaşdak okamaly. Ýokarda aýdylan Kaslen atly uýa şeýle diýýär: «Men kiçilikden Mukaddes Ýazgylary başdan-aýak okaýardym we bu maňa kömek edýärdi. Adamlar maňa garşy bolsa-da, Ýehowanyň goldajakdygyna men ynanýardym». Çagalaryňyz her gün Mukaddes Ýazgylary özbaşdak okaýarmy? (Zeb. 1:1—3; 77:12).

Çagalara ata-enesiniň berýän maslahaty her hili täsir edýär. Olaryň Hudaý bilen gatnaşygy ýaşyna-da bagly bolup bilýär. Ýaşlara kömek berilmese, Ýehowany Şahsyýet hökmünde tanamak kyn bolar. Ata-eneler, Hudaýyň sözüni çagalaryňyzyň ýüregine guýuň, şonda olar nirede bolsa-da, islendik meselede Ýehowanyň garaýşyny biler (Kan. tag. 6:6—9). Çagalaryňyz hem Ýehowanyň olaryň aladasyny etjekdigine ynanar.

Pikir alyşmak wajyp

Çagalara kömek eder ýaly pikir alyşmak hem wajyp. Gowy pikir alyşmak üçin ýöne bir gepleşmek ýeterlikli däl. Munuň üçin sorag bermeli we olaryň berýän jogaplary göwnüňize ýaramasa-da, ünsli diňlemeli. Iki ogul terbiýeleýän Anna şeýle diýýär: «Men ogullaryma näme bolanyny we näme barada oýlanýanyny tä bilýänçäm, soraglar berýärin». Çagalaryňyz gürrüň berende, siz olary diňleýärsiňizmi? Ýokarda agzalan Tanýa şeýle diýýär: «Ejem bilen kakam beren gürrüňlerimi diňleýärdi we ýadyndan çykarmaýardy. Olar synpdaşlarymyň atlaryny bilýärdi. Şeýle-de olar synpdaşlarym barada eden gürrüňlerimizi ýatlap, olar barada soraýardy». Gowy pikir alyşmak üçin diňlemek we unutmazlyk örän wajyp.

Maşgalalaryň köpüsi nahar başynda gowy gürrüňdeşlik edip bolýandygyna göz ýetirdiler. Winsent şeýle gürrüň berýär: «Maşgalamyz bilen bile naharlanmak wajypdy. Mümkin boldugyndan, saçak başynda maşgalamyz bilen ýygnanyşmak, bizden talap edilýärdi. Nahar iýenimizde telewizor seretmek, radio diňlemek ýa-da okamak rugsat berilmeýärdi. Saçak başynda kyn meselleler barada gürrüň etmeýändigimiz, meniň kalbyma rahatlyk berýärdi we her gün mekdepde bolýan tertipsizlige hem-de kynçylyklara döz gelmäge ýardam edýärdi. Saçagyň başynda ejem kakam bilen şeýle gürrüňdeşlik etmek, olar bilen kyn meseleler hakynda hem arkaýyn gepleşmäge kömek edýärdi».

Özüňize şeýle sorag beriň: «Biz nahar iýenimizde gowy pikir alşar ýaly, çagalarymyzy gürrüň bermäge höweslendirýärismi»? Çagalaryňyz bilen gowy gürrüňdeşlik etmek üçin nähili özgerişler edip bilersiňiz?

Sahna gurmak näme üçin wajyp?

Her hepde-de geçirilýän maşgala okuwy açyk gürüňdeşlik etmäge we çagalara käbir kynçylyklary çözmäge kömek edýär. Ýokarda agzap geçilen Alan şeýle diýýär: «Ejem bilen kakam maşgala okuwynda, biz gorkman pikirimizi aýdar ýaly mümkinçilik döredýärdi. Olar bizi biynjalyk edýän soraglary ara alyp maslahatlaşýardy. Alanyň ejesi şeýle diýýär: «Biz maşgala okuwynda käbir ýagdaýlary sahnalaşdyrýardyk. Şol sahnalarda çagalarymyz imanda berk durmagy we ynanýan zatlarynyň hakykatdygyny subut etmegi öwrenýärdi. Bu olara synaga duçar bolanda dogumly bolmaga kömek edýärdi».

Çagalara deň-duşlary bir erbet zady etmegi teklip edenlerinde, olar diňe ýok diýip gidibermeli däl-de, näme üçin etmeýändiginiň sebäbini düşündirip bilmeli. Başga çagalar imanynyň üstünden gülseler-de, olar özlerini ynamly alyp barmaly. Eger olar näme ynanýandygyny düşündirip bilmeseler, gelejekde Hudaýyň ýolunda berk durup bilmez. Sahnalar olara imanyny berkitmäge kömek edýär.

18-nji sahypadaky çarçuwada maşgala okuwynda sahnalaşdyrmak üçin birnäçe ýagdaýlar bar. Şol ýagdaýlary çagalaryňyz bilen sahnalaşdyryň. Şeýle sahnalar bilen birlikde Mukaddes Ýazgylardaky mysallardan nähili sapak edinip bolýandygyny ara alyp maslahatlaşyň. Öýüňizde görlen şeýle taýýarlyk, çagalaryňyza mekdepde we başga ýerlerde synaglara döz gelmäge kömek eder.

Öý rahat ýer

Çagalaryňyz her gün mekdepden öýe gelende, özüni rahat duýýarmy? Eger rahat duýýan bolsa, bu çagalaryňyza gündeki synaglara döz gelmäge kömek eder. Häzir Beýtelde gulluk edýän uýa şeýle diýýär: «Men çagalygymdan, öýümde özümi rahat duýýardym. Bu meniň üçin örän wajypdy. Mekdepde näme bolsa-da, men öýüme gelsem, ähli zadyň gülala-güllük boljagyny bilýärdim». Siziň öýüňizde nähili? Öýüňizde «gahar, jenjel» ýa-da «söýgi, şatlyk, parahatlyk» höküm sürýärmi? (Gal. 5:19—23). Eger öýüňizde parahatlyk bolmasa, çagalaryňyz özüni rahat duýar ýaly, siz näme edip bilersiňiz?

Şeýle-de çagalaryňyza dogan-uýalar bilen ruhy taýdan abatlaýan gürrüňdeşlik eder ýaly kömek etseňiz, olar kynçylyklara döz gelip biler. Meselem, ýygnakdaky ruhy taýdan ýetişen dogan-uýalary maşgalaňyz bilen dynç almaga çagyryp bilersiňiz. Ýa-da aýlanýan gözegçini we pionerleri myhmançylyga çagyrsaňyz gowy bolar. Eger missionerler we beýtelçiler bilen tanyşmaga mümkinçiligiňiz bolsa, çagalaryňyzy hem olar bilen gürrüňdeş bolmaga höweslendiriň. Şeýle gatnaşyklar çagalaryňyza dogry ýola saýlmaga we olara ruhy maksatlary goýmaga kömek eder. Pawlus resulyň ýaş Timoteos bilen dostlaşmagynyň, oňa nähili gowy täsir edendigi barada oýlanyp görüň (2 Tim. 1:13; 3:10). Timoteosyň Pawlus bilen ýakyn gatnaşykda bolmagy, oňa ruhy maksatlara ýetmäge kömek etdi (1 Kor. 4:17).

Çagalaryňyzy öwüň

Şeýtanyň dünýäsiniň täsir edýändigine garamazdan, çagalaryň dogry ýolda berk durýanyny görüp, Ýehowa begenýär (Zeb. 147:11; Sül. tym. 27:11). Biz hem çagalarymyzyň akylly hereket edýänine guwanýarys (Sül. tym. 10:1). Çagalaryňyz söýýändigiňizi bilsin we olary ýürekden öwüň. Ýehowa ata-enelere gowy görelde görkezdi. Isa suwda çokundyrylanda, Ýehowa: «Sen Meniň söýgüli Oglumsyň, Men Senden köp razydyryn» diýdi (Mar. 1:11). Atasynyň söýgüsi Isa ençeme synaglara döz gelmäge güýç berdi! Şonuň ýaly sizem çagalaryňyza söýgiňizi bildiriň we olary edýän tagallalary üçin öwüň.

Elbetde, siz çagalaryňyzy kynçylyklardan, biynjalyk edýän zatlardan we deň-duşlarynyň üstünden gülmeginden doly gorap bilmersiňiz. Emma siz olara kömek edip bilersiňiz. Nädip? Ýehowa bilen gatnaşygyny berkitmäge kömek ediň. Gowy pikir alyşmaga mümkinçilik dörediň. Şeýle-de maşgala okuwyny gyzykly geçiriň we öýüňizi rahat ýer ediň. Şeýdip siz çagalaryňyza ençeme kynçylyklary ýeňmäge kömek edersiňiz.

[Çykgyt]

a Käbir atlar üýtgedilen.

[18 sahypadaky ýazgy]

PEÝDALY SAHNALAR

Aşakda çagalaryň duş gelýän käbir ýagdaýlary görkezilýär. Maşgala okuwynda şu ýagdaýlary sahnalaşdyryň.

▸ Gyzyňyza mekdepde bedenterbiýe mugallymy sport toparyna ýazylmagy teklip edýär.

▸ Oglanlar ogluňyza mekdepden öýe gelýärkä, çilim çekmegi hödürleýärler.

▸ Gyzyňyzyň wagyz edenini synpdaşlary görüp, mekdepde äsgermezlik edip ondan: «Sen hristian bolduňmy?» diýip soraýarlar.

▸ Gyzyňyz öýden-öýe wagyz edende, synpdaşyna duşýar.

▸ Synpdaşlarynyň öňünde gyzyňyzdan näme üçin elini gursagyna goýup, gimn aýtmaýar diýip soraýarlar.

▸ Ogluňyzyň käbir synpdaşlary, oňa «sektantdyr» öýdüp, ulumsylyk bilen garap, gaça durýarlar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş