Ýermeýa
1 Benýamin topragynyň Anatot galasynda+ ýaşaýan Hilkiýa ruhanynyň ogly Ýermeýanyň* aýdan sözleri. 2 Ýahudanyň patyşasy Amonyň+ ogly Ýoşyýanyň+ hökümdarlygynyň 13-nji ýylynda Ýehowa Ýermeýa bilen gepleşdi. 3 Şeýle-de Ýahudanyň patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň+ döwründen tä Ýoşyýa patyşanyň ogly Sadykýaryň+ hökümdarlygynyň 11-nji ýylynyň soňuna çenli Hudaý Ýermeýa bilen gepleşdi. Sadykýaryň hökümdarlygynyň 11-nji ýylynyň soňunda, ýagny bäşinji aýda Iýerusalim halky sürgün edildi+.
4 Ýehowa maňa şeýle diýdi:
5 «Saňa ejeň göwresinde şekil bermänkäm,
Heniz dünýä inmänkäň, seni mukaddes iş üçin saýladym+.
Seni halklara pygamber edip belledim».
6 Men: «Älemiň Hökümdary Ýehowa!
Men heniz ýaş+, dile çeper däl»+ diýdim.
7 Ýehowa şeýle jogap berdi:
«„Men heniz ýaş“ diýme.
Seni kimiň ýanyna ibersem gidersiň,
Tabşyran ähli zatlarymy aýdarsyň+.
9 Soňra Ýehowa elini agzyma degirdi+. Ýehowa şeýle diýdi: «Men sözlerimi agzyňa saldym+. 10 Bu gün men seni milletleri we patyşalary sogurmak, ýykmak, ýok etmek, weýran etmek, dikmek hem-de ekmek üçin belledim»+.
11 Ýehowa ýene-de: «Ýermeýa, näme görýärsiň?» diýdi. Menem: «Badam agajynyň* şahasyny görýärin» diýdim.
12 Ýehowa maňa: «Dogry, menem sözümi ýerine ýetirýänçäm oýa bolaryn*» diýdi.
13 Ýehowa ikinji gezek: «Näme görýärsiň?» diýdi. Menem: «Gaýnap duran gazany görýärin. Ol demirgazyk tarapa gyşaryp dur» diýdim. 14 Şonda Ýehowa şeýle diýdi:
«Demirgazykdan tutuş ýurduň üstüne betbagtçylyk geler+.
15 „Men demirgazyk patyşalyklarynyň ähli taýpalaryny bir ýere ýygnaryn“. Muny Ýehowa aýdýar+.
„Olar geler. Olaryň her biri Iýerusalim derwezelerinde+,
Onuň diwarlarynyň töwereginde,
Ýahudanyň ähli galalarynda tagtlaryny dikerler+.
16 Olary erbet işleri üçin höküm ederin.
Sebäbi olar menden ýüz öwürdiler+,
Ýat taňrylar üçin gurbanlyk ýakdylar+,
Öz elleriniň işlerine sežde etdiler“+.
17 Biliňi berk guşa.
Ýeriňden turup, olara ähli sözlerimi aýt.
Olardan gorkma+,
Ýogsam olaryň öňünde ýüregiňe gorky salaryn.