Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w05 15/12 sah. 19—24
  • Eýsem, sen kime boýun bolmaly — Hudaýamy ýa-da adamlara?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Eýsem, sen kime boýun bolmaly — Hudaýamy ýa-da adamlara?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýa boýun bolmalymy ýa-da adama?
  • Hudaýyň garşysyna söweşýänler üstünlik gazanmaz
  • Patyşalygyň häzirki wagyzçylary batyrgaý wagyz edýärler
  • Gorkmaň
  • «Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Şägirtler wagyz etmegini goýmady
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Petrus Isadan ýüz öwürýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Isany Hannanyň, soňra Kaýafanyň ýanyna eltýärler
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
w05 15/12 sah. 19—24

Eýsem, sen kime boýun bolmaly — Hudaýamy ýa-da adamlara?

«Adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmaly» (RESULLARYŇ IŞLERI 5:29).

1. a) Şu makalanyň baş aýaty näme? b) Resullary näme üçin tussag etdiler?

ÝEHUDYLARYŇ ýokary kazyýetiniň gaty gahary gelen bolsa gerek. Sebäbi tussaglar türmeden gaçypdyr. Ol tussaglar Isa Mesihiň resullary. Ýokary kazyýet birnäçe hepde mundan ozal Isa Mesihi ölüm jezasyna höküm edipdi. Häzir bolsa kazyýet onuň ýakyn ýoldaşlarynyň işine seredýärdi. Şeýlelik-de, olary türmeden getirtmek üçin garawullary iberýärler. Ýöne türmäniň gapylary mäkäm gulplangy bolsa-da, olaryň tussaga salnan otagy boşdy. Biraz wagtdan garawullar resullaryň Iýerusalimdäki ybadathanada adamlara Isa Mesih barada batyrgaý wagyz edip ýörendigini bildiler. Aslynda, olar hut şol sebäpli hem tussag edilipdi ahyryn! Garawullar göni ybadathana bardylar-da, resullary tussag edip, kazyýete getirdiler (Resullaryň işleri 5:17—27).

2. Perişde resullara näme etmegi tabşyrdy?

2 Resullary türmeden perişde boşadypdy. Eýsem, olary yzarlamalardan halas etjek boldumyka? Ýok. Olary Iýerusalimiň ýaşaýjylaryna Isa Mesih barada hoş habary wagyz etdirmek üçin boşadypdy. Perişde resullara: «Halka bu täze ýaşaýşyň bütin sözlerini wagyz ediň» diýipdi (Resullaryň işleri 5:19, 20). Ine, şol sebäpli hem ybadathana garawullary gelende, resullar şol tabşyryga boýun bolup, wagyz edip durdular.

3, 4. a) Wagyz etmezligi buýranda, Petrus bilen Ýahýa näme jogap berdiler? b) Beýleki resullar näme jogap berdiler?

3 Şol dogumly wagyzçylaryň ikisi, ýagny Petrus we Ýahýa resul öňem kazyýetiň öňünde durupdy. Şonda baş kazy Ýusup Kaýafa olara berk käýinç beripdi. Ol şeýle diýipdi: «Şu at bilen ders bermäň diýip, biz size berk tabşyryk berdik, emma siz öz taglymatyňyz bilen Iýerusalimi doldurdyňyz, bu adamyň ganyny hem biziň üstümize ýüklejek bolýarsyňyz» (Resullaryň işleri 5:28). Kaýafa Petrus bilen Ýahýany ýene-de kazyýetde görüp, haýran galan däldir. Sebäbi ilkinji sapar wagyz etmezlik barada buýruk berlende, resullaryň ikisi hem: «Hudaýdan zyýada size gulak asmak Hudaýyň ýanynda dogrumydyr? Özüňiz oýlanyp görüň! Çünki görenimizi, eşidenimizi sözlemezlik biziň üçin mümkin däl» diýip, jogap beripdi. Gadym wagtlarda ýaşan Ýeremiýa pygamber ýaly, Petrus bilen Ýahýa hem wagyz etmegi goýup biljek däldiler (Resullaryň işleri 4:18—20; Ýeremiýa 20:9).

4 Indi bolsa, diňe bir Petrus bilen Ýahýa däl-de, eýsem, resullaryň hemmesi — hatda ýaňy-ýakynda saýlanan Mattiýa hem — kazyýetiň buýrugy barada pikirini aç-açan aýdyp biljekdi (Resullaryň işleri 1:21—26). Wagyz etmezligi buýranlarynda, olar hem batyrgaýlyk bilen: «Adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmaly» diýip, jogap berdiler (Resullaryň işleri 5:29).

Hudaýa boýun bolmalymy ýa-da adama?

5, 6. Resullar näme üçin kazyýetiň buýrugyna boýun bolmady?

5 Aslynda, resullar kazyýetiň buýrugyny berjaý edýän hem-de kanuna tabyn bolýan adamlardy. Ýöne hiç bir adam, wezipesi näçe uly bolaýanda-da, Hudaýyň tabşyryklaryna boýun bolmazlygy talap edip bilmez. Ýehowa «bütin dünýäniň üstünde... hemmelerden beýik» (Zebur 83:18). Ol diňe bir «Bütin ýer ýüzüniň kazysy» däl-de, eýsem, Ýokary Kanun çykaryjy hem-de Ebedilik patyşa. Hudaýyň tabşyryklaryny bozdurmak üçin kazyýetiň çykaran islendik buýrugyny Ýehowa nädogry hasap edýär (Barlyk 18:25; Işaýa 33:22).

6 Abraýly hukukçylar munuň şeýledigini boýun alýarlar. Meselem, XVIII asyrda ýaşan Uilýam Blekston atly belli iňlis hukukçysy hiç bir ynsan kanuny Mukaddes Ýazgylarda ýazylan «gökden inen kanuna» garşy gelmeli däldir diýip ýazdy. Şunlukda, resullara wagyz etmezligi buýranda, Mejlis şol çäkden çykdy. Resullar şol buýrugy asla berjaý edip biljek däldi.

7. Wagyz işi näme üçin baş ruhanylaryň gaharyny getirýärdi?

7 Resullaryň dogumly wagyz etmegi baş ruhanylaryň gaharyny getirdi. Kaýafa hem-de ruhanylaryň käbiri sadukeýlerdendi. Olar direlişe ynanmaýardylar (Resullaryň işleri 4:1, 2; 5:17). Ýöne şonda-da resullar Isanyň direlişi barada wagyz edýärdi. Şeýle hem baş ruhanylaryň käbiri Rim häkimiýeti bilen arasyny sazlamak üçin köp zatdan geçipdiler. Isanyň işine seredip, Pilatus Isany patyşa hökmünde ykrar etmegi baş ruhanylara teklip etdi. Şonda baş ruhanylar has-da hetden aşyp: «Biziň kaýsardan başga patyşamyz ýokdur» diýip, uly ili bilen gykylyk etdiler (Ýahýa 19:15)a. Resullar diňe bir Isanyň direlişi barada wagyz edenokdylar. Olar Isanyň adyndan başga, «biz... gutular ýaly, gök astynda ynsanlara berlen gaýry at ýokdur» diýip öwredýärdiler (Resullaryň işleri 2:36; 4:12). Adamlar direlen Isany öz Ýolbaşçysy hasap edip başlasa, onda rimliler gelip, ýehudy ýolbaşçylaryň elinden «ýurduny hem-de halkyny» alar öýdüp, ruhanylar alada edýärdiler (Ýahýa 11:48).

8. Gamaliýel Mejlise nähili paýhasly maslahat berdi?

8 Isa Mesihiň resullarynyň gelejegi garaňky görünýärdi. Sebäbi Mejlisiň kazylary olary öldürmekçidi (Resullaryň işleri 5:33). Ýöne başga bir ýagdaý ýüze çykdy. Kanuna ökde Gamaliýel diýen biri ýerinden turdy-da, ýoldaşlaryny howlukmazlyga çagyrdy. Ol bir paýhasly pikiri öňe sürdi: «Bu raý, bu iş ynsandan bolsa, özi ýogalyp gider. Hudaýdan bolsa-da, siz bu işiň öňüni alyp bilmersiňiz». Soňra bolsa, Gamaliýel sözüni ähmiýetli jemledi: «Gaýtam, Hudaýyň garşysyna söweşýänler bolup çykaýmaň» (Resullaryň işleri 5:34, 38, 39).

9. Resullaryň edýän işiniň Hudaýdandygyny näme subut edýär?

9 Haýran galaýmaly, ýöne Mejlis Gamaliýeliň maslahatyny kabul etdi. Şeýlelik-de, «resullary çagyryp, ýençdirdiler, Isanyň ady bilen geplemezligi tabşyryp boşatdylar». Ýöne resullar özüni gorka basdyrmady, gaýtam, perişdäniň wagyz etmek barada beren tabşyrygyna boýun bolmagy ýüregine berk düwdüler. Hawa, olar tussagdan boşap, «her gün ybadathanada we öýden-öýe ders bermegiň, Isa Mesihiň hoş habaryny wagyz etmegiň yzyny üzmediler» (Resullaryň işleri 5:40, 42). Ýehowa olaryň işine pata berdi. Netijesi? «Hudaýyň sözi ýaýylyp, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi». Hatda «ruhanylaryň uly topary-da imana uýýardylar» (Resullaryň işleri 6:7). Olaryň işi baş ruhanylary gaty gynandyran bolsa gerek! Resullaryň edýän işiniň Hudaýdandygy göz-görtele bolup durdy!

Hudaýyň garşysyna söweşýänler üstünlik gazanmaz

10. Ynsan gözi bilen garasaň, Kaýafa näme üçin wezipesinde özüni şeýle arkaýyn duýan bolmaly, ýöne nämede ýalňyşdy?

10 Birinji asyrda ýehudy baş ruhanylaryny Rim häkimiýeti belläpdir. Baý mal-mülkli Ýusup Kaýafany bolsa şol wezipä Waleriý Grat belläpdir. Ýusup Kaýafa wezipesinde özünden öňki baş ruhanylaryň aglabasyndan has köp oturypdyr. Kaýafa şeýle üstünligi Hudaýyň kömegi bilen däl-de, ökde diplomat hem-de Pilatus bilen ýakyn dost bolany üçin gazanypdyr. Nähili bolaýanda-da, adamlara bil baglamagy biderek boldy. Resullaryň Mejlise gelen wagtyndan tas üç ýyl diýlende Kaýafa Rim häkimiýetiniň öňünde abraýdan gaçdy, şonuň üçin hem ony baş ruhany wezipesinden aýyrdylar.

11. Pontius Pilatusyň hem-de ýehudy dünýäsiniň soňy näme bilen gutardy we mundan özüňe näme sapak edindiň?

11 Pilatusyň başlygy Siriýa hökümdary Lusiýa Witelliýa Kaýafany wezepesinden aýyrmak barada buýruk berýär. Hatda Kaýafanyň ýakyn dosty Pilatus hem kömek edip bilmeýär. Şondan bir ýyl geçende Pilatusyň özüni hem wezipesinden aýryp, agyr jenaýatlarda aýyplama ýöňkelip, Rime çagyrýarlar. Kaýsara bil baglan ýehudy ýolbaşçylary barada aýdaňda bolsa, rimliler olaryň «hem ýurduny, hem-de halkyny eýeledi». B. e. 70 ýylynda Rim goşuny Iýerusalim şäherini, ybadathanasyny hem-de Mejlisiň jaýyny ýykan-ýumran etdiler. Mezmurçynyň aýdan sözleri dogry bolup çykdy: «Şazadalara, adam ogluna bil baglamaň, çünki onda gutaryş ýokdur»! (Ýahýa 11:48; Zebur 146:3).

12. Isanyň mysaly Hudaýa boýun bolmagyň paýhaslydygyny nädip subut edýär?

12 Munuň tersine, Hudaý direlen Isa Mesihi beýik ruhy ybadathanasynyň Baş Ruhanysy edip belledi. Hiç bir adam ony wezipesinden aýryp bilmez. Aslynda, Isanyň «üýtgewsiz ruhanylygy bar» (Ýewreýler 2:9; 7:17, 24; 9:11). Şeýle-de Hudaý Isany dirileriň hem ölüleriň Kazysy edip belledi (1 Petrus 4:5). Şol wezipelerine esaslanyp, Isa Ýusup Kaýafanyň hem-de Pilatusyň gelejegini çözer (Matta 23:33; Resullaryň işleri 24:15).

Patyşalygyň häzirki wagyzçylary batyrgaý wagyz edýärler

13. Şu günler haýsy iş adamlardan we haýsy iş Hudaýdan bolup çykdy? Sen muňa nädip göz ýetirdiň?

13 Birinji asyrda bolşy ýaly, şu günler hem «Hudaýyň garşysyna söweşýänler» azlyk edenok (Resullaryň işleri 5:39). Meselem, Ýehowanyň Germaniýadaky Güwäçileri «Haýl Gitler» diýip, ony Baştutany hasaplamakdan boýun gaçyrdylar. Şonda Gitler olary ýok etmegi söz berdi (Matta 23:10). Şol maksadyna ýetmek üçin onuň adamlary dişine çenli ýaraglydy. Faşistler müňlerçe Güwäçileri tussag edip, konslagerlere iberdi. Hatda olaryň käbirini öldürtdi. Ýöne faşistler Güwäçileri Hudaýa sežde etmekden saklap bilmedi. Umuman alanyňda, olar Hudaýyň gullukçylaryny ýok edip bilmedi. Sebäbi şol mesihçileriň edýän işi Hudaýdandy. Hudaýyň işiniň bolsa öňüni hiç kim alyp bilmez. Altmyş ýyl geçensoň, Gitleriň konslagerinden sag-aman boşan wepaly mesihçiler entägem Ýehowa gulluk edip ýördiler, Gitler we onuň faşistik partiýasy bolsa, ýok bolup gitdi (Matta 22:37).

14. a) Hudaýyň gullukçylaryna töhmet atmak üçin duşmanlar nämeler etdiler we netijesi näme boldy? b) Olaryň edeni Ýehowanyň halkyna düzelmez zyýan ýetirdimi? (Ýewreýler 13:5, 6).

14 Faşistlerden bäri, başga-da köp adamlar Ýehowa we onuň halkyna garşy biderek söweşdiler. Ýewropa ýurtlarynyň käbirinde hilegär dini ýolbaşçylar hem-de syýasatçylar Ýehowanyň Güwäçilerine «howply dini topar» diýip, şyltak atdylar. Birinji asyrda ýaşan mesihçilere-de şeýle töhmet atypdylar (Resullaryň işleri 28:22). Muňa garamazdan, Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýeti Ýehowanyň Güwäçilerini howply dini topar däl-de, abraýly diýip, ykrar etdi. Elbetde, bize garşy çykýanlar kazyýetiň kararyndan habarly. Şonda-da olar Güwäçilere töhmet atýarlar. Şol töhmetler zerarly, mesihçileriň käbiri işinden kowuldy. Güwäçileriň çagalaryna mekdepde azar berýärler. Doganlar ýygnak üçin kireý jaýy ýyllar boýy ulansa-da, kärendeçiler gorka düşüp, jaý kireýi boýunça şernamany bozdular. Käbir ýagdaýlarda bolsa, döwlet edaralary diňe Ýehowanyň Güwäçisi bolany üçin hatda ýurduň raýatlygyny bermekden hem boýun gaçyrdylar! Şonda-da Ýehowanyň Güwäçilerini gorkuzyp bilmediler.

15, 16. Patyşalyk işine garşylyk görkezilende Ýehowanyň Fransiýadaky Güwäçileri näme etdiler we näme üçin şonda-da wagyz edýärler?

15 Meselem, Fransiýada adamlar, umuman alaňda, paýhasly hem-de giň düşünjeli. Ýöne käbir duşmanlar Patyşalyk işine zyýan ýetirmek üçin kanun kabul etdiler. Ýehowanyň şol ýurtdaky Güwäçileri näme etdikä? Olar öňkünden-de has köp wagyz etmäge başladylar we olaryň üstünligi haýran galdyrdy (Ýakup 4:7). Şeýlelik-de, şol ýurt boýunça Mukaddes Ýazgylar okuwynyň sany bary-ýogy alty aýyň içinde 33 göterim köpeldi! Fransiýada ýaşaýan ak ýürekli adamlaryň hoş habary kabul edişini görüp, Iblisiň gahary depesine çykan bolsa gerek (Ylham 12:17). Fransiýadaky imandaşlarymyz Işaýa pygaberiň aýdan sözlerine berk ynanýarlar: «Saňa garşy edilen hiç bir ýarag üstün çykmaz, kazyýetde saňa garşy çykan dili sen ýalana çykararsyň» (Işaýa 54:17).

16 Ýehowanyň Güwäçileri yzarlanmagy halanok. Ýöne Hudaýyň ähli mesihçilere beren tabşyrygyna boýun bolup, eşiden zatlary barada gürrüň bermegi bes etmezler, bes etmek-de islänoklar. Olar göreldeli raýat bolmaga jan edýärler. Emma welin, ynsan kanunlary Hudaýyň kanunlaryna garşy geläýse, onda Hudaýa boýun bolýarlar.

Gorkmaň

17. a) Biz näme üçin duşmanlardan gorkmaly däl? b) Biz yzarlaýjylara nähili garamaly?

17 Biziň duşmanlarymyzyň ýagdaýy agyr. Sebäbi olar Hudaýa garşy söweşýärler. Şoňa görä-de, Isanyň tabşyrygy boýunça biz olardan gorkmaýarys, gaýtam, bizi yzarlaýanlar üçin doga edýäris (Matta 5:44). Biz tarsusly Saul ýaly nadanlykdan Hudaýa garşy gidýänlere Ýehowanyň rehimi inip, hakykata gözlerini açsyn diýip, doga edýäris (2 Korintoslylar 4:4). Wagtyň geçmegi bilen, Saul atly yzarlaýjy Pawlus resul boldy hem-de şol wagtky häkimiýetleriň elinden köp ejir çekdi. Ol şonda-da imandaşlaryna şu sözleri ýatladýardy: «Hökümdarlara we häkimlere tabyn bolmagy, söze gulak asmagy, her bir oňat işe taýýar durmagy, hiç kimi ýamanlamazlygy, igenjeň bolman, mylaýym bolup, ähli adamlara ýumşaklyk görkeziň» (Titus 3:1, 2). Ýehowanyň Fransiýadaky we beýleki ýerlerdäki Güwäçileri şol maslahat boýunça ýaşamaga çalyşýarlar.

18. a) Ýehowa halkyny halas etmek üçin nämeler etmegi mümkin? b) Soňy näme bilen gutarar?

18 Hudaý Ýeremiýa pygambere: «Seni halas etmek üçin ýanyňdadyryn» diýdi (Ýeremiýa 1:8). Eýsem, şu günler Ýehowa bizi yzarlamalardan nädip halas edýär? Ol Gamaliýel ýaly giň düşünjeli kazylar arkaly kömek eder. Belki-de, bize garşy çykýan parahor döwlet işgärini duýdansyz başga bir paýhasly adam bilen çalşar. Käwagtlar bolsa Ýehowa halkynyň yzarlanmagyna ýol bermegi mümkin (2 Timoteos 3:12). Hudaý biziň yzarlanmagymyza ýol berse-de, oňa çydamaga güýç hem berýär (1 Korintoslylar 10:13). Hudaý nämä ýol berse-de, soňunyň näme bilen gutarjagyny bilýäris: Hudaýyň halkyna garşy söweşýänler aslynda Hudaýa garşy söweşýärler, şol sebäpli hem üstünlik gazanmazlar.

19. 2006-njy ýyl üçin haýsy aýat saýlandy we şol aýat näme üçin ýerlikli?

19 Isa şägirtlerine kynçylyklaryňyz köp bolar diýipdi (Ýahýa 16:33). Şulary göz öňünde tutsaň, Resullaryň işleri 5:29-daky sözler häzir has-da ýerlikli: «Adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmaly». Ine, şonuň üçin hem şu tolgundyryjy sözler Ýehowanyň Güwäçileri üçin 2006-njy ýylyň aýaty saýlandy. Hiç zada garaman, geliň, geljekki ýylda hem-de bütin ebediligiň dowamynda Hudaýa boýun bolmagy ýürege düweliň!

a Şol pursatda baş ruhanylaryň aç-açan goldan «Kaýsary» ýigrenji Rim imperatory Tiberius bolmaly. Ol örän hilegär hem ganhor adamdy. Şeýle-de Tiberius jynsy azgynlyklary bilen ýakasyny tanadypdyr (Daniýel 11:15, 21).

Jogap berip bilersiňmi?

• Garşylyklara duş gelende resullar bize nähili ruhlandyryjy görelde galdyrdy?

• Biz näme üçin hemişe adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmaly?

• Biziň duşmanlarymyz aslynda kime garşy söweşýärler?

• Yzarlamalara duş gelýänleriň soňy näme bilen gutarar?

[23 Sahypadaky surat]

2006-njy ýylyň aýaty: «Adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmaly» (Resullaryň işleri 5:29)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş