Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w05 15/12 sah. 24—29
  • Häzir aýgytly bolmagyň wagty

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Häzir aýgytly bolmagyň wagty
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý keçjal halkyny söýýär
  • Häzirden aýgytly boluň
  • Ýalan diniň duýdansyz ýok edilmegi
  • Ýehowa hak Hudaýdygyny subut etdi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýehuw arassa sežde üçin göreşdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Ol hakyky seždäniň tarapyny tutdy
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Şa aýaly öldürilýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
w05 15/12 sah. 24—29

Häzir aýgytly bolmagyň wagty

«Siz haçana çenli iki ynanjyň arasynda yraň atyp ýörjek?!» (3 PATYŞALAR 18:21, MKS).

1. Biziň döwrümiz näme bilen tapawutlanýar?

SEN Ýehowanyň ýeke-täk hak Hudaýdygyna ynanýaňmy? Eýsem, Mukaddes Ýazgylaryň pygamberligi boýunça häzir Şeýtanyň zalym dünýäsiniň «soňky günlerinde» ýaşaýandygymyza-da ynanýaňmy? (2 Timoteos 3:1). Eger ynanýan bolsaň, häzir aýgytly bolmagyň tüýs wagtydygy bilen hökman ylalaşarsyň. Adamzat taryhynda hiç haçan adamlara şeýle howp abanmandy.

2. Ahap patyşanyň döwründe on taýpaly Ysraýyl patyşalygynda ýagdaý nähilidi?

2 B. e. öň X asyrda Ysraýyl halky örän wajyp meseläni çözmelidi. Olar indi kime sežde ederler? Ahap patyşa butparaz aýaly Izebeliň täsirine düşüp, on taýpaly Ysraýyl patyşalygynda Baala seždäni ýaýradýardy. Baal hasylyň taňrysy hasaplanylýardy. Olaryň ynanjyna görä, ol ýagyş hem-de bol hasyl berýärmiş. Baalyň sežde edijileriniň köpüsi taňrysynyň butuna tagzym edip, oňa howadan posa iberipdirler. Baal ekerançylyga we maldarçylyga pata berer ýaly, sežde edijileri ybadathana jelepleri bilen aýşy-eşret edipdirler. Şeýle-de endamyny kesim-kesim edip ganatmak däbi bolupdyr (3 Patyşalar 18:28).

3. Baala edilýän sežde Hudaýyň halkyna nähili täsir etdi?

3 Ýöne 7 000-e golaý ysraýylly şeýle butparaz, ahlaksyz hem zalym seždä gatnaşmakdan boýun gaçyrýar (3 Patyşalar 19:18). Sebäbi olar Ýehowa Hudaý bilen baglaşan ähtine tüýs ýürekden wepalydy. Şonuň üçin olary yzarlaýardylar. Meselem, Ahap patyşanyň aýaly Izebel Ýehowanyň pygamberleriniň köpüsini öldürtdi (3 Patyşalar 18:4, 13). Şeýle kynçylyklar sebäpli, ysraýyllylaryň aglabasy Ýehowany-da, Baaly-da razy etmäge çalyşýardylar. Ýöne Ýehowany taşlap, ýalan taňra sežde etmek imandan dänmek bolýar ahyryn. Ysraýyllylar Ýehowany söýseler hem-de onuň tabşyryklaryna boýun bolsalar, onda Hudaý olara ak pata bererin diýipdi. Eger-de olar «diňe özüne [Ýehowa] wepaly» bolmasalar, onda heläk boljakdygyny Hudaý duýdurypdy (Kanunyň gaýtalanyşy 5:6—10; 28:15, 63).

4. Isanyň we onuň resullarynyň aýtmagyna görä, şägirtleriň arasynda näme bolmalydy hem-de olaryň aýdan sözleri nädip ýerine ýetdi?

4 Şu günler hristian dünýäsiniň ýagdaýy hem şeýle. Buthana agzalary özüne Isanyň şägirdi diýseler-de, olaryň belleýän baýramlary, özüni alyp barşy hem-de ynanýan taglymatlary Mukaddes Ýazgylara garşy gelýär. Izebel ýaly, hristian dünýäsiniň dini ýolbaşçylary hem Ýehowanyň Güwäçilerini yzarladýarlar. Bütin taryhyň dowamynda uruşlary goldap gelýärler. Şeýdip, ençeme million buthana agzalarynyň ganyna galdylar. Mukaddes Ýazgylarda bolsa diniň dünýewi hökümetleri goldamagyna ruhy zynahorluk diýilýär (Ylham 18:2, 3). Mundan başga-da, hristian dünýäsi zynahorluga, hatda dini ýolbaşçylarynyň arasyndaky zynahorluga-da göz ýumýar. Isa Mesih we resullary şeýle köp adamyň imandan dänjekdigini öňünden aýdypdy (Matta 13:36—43; Resullaryň işleri 20:29, 30; 2 Petrus 2:1, 2). Hristian dünýäsine degişli bir milliardan gowrak adama nämä bolarka? Eýsem, ýalan diniň toruna düşen şol we beýleki adamlaryň öňünde Ýehowanyň hakyky gullukçylarynyň nähili borjy barka? Baala seždäniň Ysraýylda ýok edilişi bilen baglanyşykly wakany ünsli öwrenip, şu sowallara jogap taparys (4 Patyşalar 10:28).

Hudaý keçjal halkyny söýýär

5. Ýehowa keçjal halky barada nädip söýgi bilen alada edýärdi?

5 Ýehowa Hudaý özüne biwepalyk eden adamlara temmi bermekden lezzet almaýar. Söýgüden doly Atamyz erbet adamlaryň toba gelip, oňa dolanmagyny isleýär (Ezekiýel 18:32; 2 Petrus 3:9). Şu maksat bilen, Ahabyň we Izebeliň günlerinde Ýehowa köp pygamberlerini iberip, halkyny Baala sežde etmegiň gowulygyň üstünden eltmejegini duýdurypdyr. Ylýasam şol pygamberleriň biridi. Ol gurakçylygyň boljakdygyny aýtdy. Şol gurakçylyk mahaly Ylýas Ahap patyşadan ysraýyllylary hem-de Baalyň pygamberlerini Karmel dagyna ýygnamagy haýyş etdi (3 Patyşalar 18:1, 19).

6, 7. a) Ylýas ysraýyllylaryň imandan dänmeginiň düýp sebäbini nädip görkezdi? b) Baalyň pygamberleri näme etdi? ç) Ylýas näme etdi?

6 Olar Ýehowa gurbanlyk edilýän ýerde duşuşdylar. Şol gurbanlyk edilýän ýeri Izebeliň göwnünden turmak üçin «ýykan» bolsalar gerek (3 Patyşalar 18:30). Gynansak-da, şol ýere gelen ysraýyllylar kimiň — Ýehowanyň ýa-da Baalyň — ýagşy ýagdyryp biljekdigine aň ýetirenokdylar. Baalyň 450 pygamberi gatnaşdy, Ýehowanyň bolsa diňe bir pygamberi — Ylýas gatnaşdy. Olaryň iki göwünli bolmagynyň düýp sebäbini görkezmek üçin Ylýas: «Siz haçana çenli iki ynanjyň arasynda yraň atyp ýörjek?!» diýip sorady. Soňra bolsa has düşnükli bolar ýaly: «Eger-de Ýehowa hakyky Hudaý bolsa, onda oňa eýeriň. Ýöne Baal bolsa, onda oňa eýeriň» diýdi. Ysraýyllylara aýgytly bolup, Ýehowanyň tarapyna geçmäge kömek etmek üçin Ylýas kimiň hakyky Hudaýdygyny barlap görmegi teklip etdi. Iki öküzi gurban hökmünde öldürmelidi. Biri Ýehowa üçindi, beýlekisi bolsa Baal üçindi. Hakyky Hudaý gurbany ot bilen almalydy. Baalyň pygamberleri gurbanyny taýynlap, soňra ençeme sagatlap: «Eý Baal, bize jogap ber!» diýip, taňrysyny çagyrdylar. Ylýas bolsa olaryň üstünden gülüp başlady, şonda olar endamyny kesim-kesim edip ganadyp, sesine bat berip gygyryşdylar. Ýöne olara jogap beren bolmady (3 Patyşalar 18:21, 26—29).

7 Indi Ylýasyň gezegi geldi. Ilki bilen, ol Ýehowa gurbanlyk edilýän ýeri dikeldip, üstünde öküzçäniň böleklerini goýuşdyrdy. Soňra bolsa, şol gurbanyň üstüne ullakan dört küýze suw dökmegi buýurdy. Onuň aýdyşy boýunça üç gezek suw dökdüler welin, gurbanlyk edilýän ýeriň daşyndaky çukur suwdan püre-pür doldy. Onsoň, Ylýas: «Eý Ýehowa, Ybraýymyň, Yshagyň we Ysraýylyň Hudaýy, goý, şu gün seniň Ysraýylda Hudaýdygyňy, meniň bolsa seniň gullukçyňdygyňy hem-de şu zatlaryň hemmesini seniň sözüň boýunça edendigimi bilsinler. Jogap ber maňa, Ýehowa, jogap ber, şu halk seniň hakyky Hudaýdygyňy we seniň olaryň ýüregini yza öwürýändigiňi bilsin» (3 Patyşalar 18:30—37).

8. Hudaý Ylýasyň dogasyna nädip jogap berdi hem-de pygamber näme etdi?

8 Hakyky Hudaý gökden ot iberip, gurbany we gurbanlyk edilýän ýeri ýuwutdy. Ot hatda gurbanlyk edilýän ýeriň daşyndaky çukuryň suwuny hem ýuwutdy! Bu ysraýyllylara güýçli täsir etdi. «Muny görüp, halk dessine ýüzin düşüp: «Hak Hudaý — Ýehowa! Hak Hudaý — Ýehowa!» diýişdiler». Ylýas munuň bilen çäklenmedi. Şol wagt Ylýas ysraýyllylara: «Baalyň pygamberlerini tutuň! Hiç birini sypdyrmaň!» diýip, aýgytly buýruk berdi. Baalyň 450 pygamberiniň hemmesi Karmel dagynyň eteginde öldürildi (3 Patyşalar 18:38—40).

9. Hudaýyň hakyky gullukçylary ýene-de nädip synaldy?

9 Ýehowa şol ýatdan çykmajak güni ýurda ýagyş ýagdyrdy, sebäbi üç ýarym ýyl ýagyş ýagmandy ahyryn! (Ýakup 5:17, 18). Ysraýyllylar öýüne gidip barýarkalar, bolan zatlar hakynda gyzgalaňly gürrüň eden bolsalar gerek: Ýehowa özüniň hakyky Hudaýdygyny subut etdi. Ýöne Baalyň sežde edijileri el gowşuryp oturmady. Iýezebel Ýehowanyň gullukçylaryny yzarlamagyny dowam etdi (3 Patyşalar 19:1, 2; 21:11—16). Şeýlelikde, Hudaýyň halkynyň aýypsyzlygy ýene-de synaldy. Ýehowa Baalyň sežde edijilerine jeza berjek güni olar diňe hakyky Hudaýa wepaly bolarmyka?

Häzirden aýgytly boluň

10. a) Şu günler mesh edilen mesihçiler näme edýärler? b) Ylham 18:4-däki tabşyryga boýun bolmak üçin näme etmeli?

10 Şu günler hem mesh edilen mesihçiler Ylýasyňky ýaly işi ýerine ýetirýärler. Olar dil üsti bilen ýa-da edebiýatlar arkaly hemme halklaryň adamlaryny ýalan diniň howpludygy hakynda duýdurýar. Netijede, millionlarça adamlar ýalan dini haýal etmän taşlady. Olar özlerini Ýehowa bagş edip, Isa Mesihiň suwda çokundyrylan şägirtleri boldular. Hawa, olar Hudaýyň ýalan din hakynda aýdan sözleriniň gaýragoýulmasyzdygyna düşündiler: «Men gökden başga bir ses eşitdim, ses diýýärdi: «Eý halkym! Onuň günälerine şärik bolup, onuň belalaryna uçramazlyk üçin, ol ýerden çykyň» (Ylham 18:4).

11. Ýehowanyň razy etmek üçin näme etmeli?

11 Ýöne millionlarça başga adamlara Ýehowanyň Güwäçileriniň aýdýan hoş habary ýarasa-da, näme etjegini bilmän ýaýdanýarlar. Olaryň käbiri käwagtlar ýygnagyň duşuşyklaryna-da gelýär, meselem, Rebbiň Agşam naharyna ýa-da welaýat kongresiniň aýry-aýry dokladlaryna. Şeýle adamlardan Ylýasyň şu sözleriniň üstünde oýlanmagy haýyş edýäris: «Siz haçana çenli ýaýdanyp oturjak?» (3 Patyşalar 18:21, New English Bible). Haýal-ýagallyk edip durman, gaýtam, häzirden aýgytly bolmaly-da, yhlas bilen Ýehowa özüňi bagş edip, suwda çokundyrylmaly. Olaryň geljekki ebedi ýaşaýşy howp astynda! (2 Selanikliler 1:6—9).

12. Suwda çokundyrylan käbir mesihçiler nähili howply duzaga düşdi we olar näme edip biler?

12 Gynansak-da, suwda çokundyrylan mesihçileriň käbiri yzygiderli wagyz etmeýär ýa-da Ýehowa sežde etmäge yhlasy ýok (Ýewreýler 10:23—25; 13:15, 16). Sebäbi olaryň käbiri yzarlamalardan gorkdy, gazanç etmegiň ugrunda, baýlyga kowalaşýar ýa-da nebsine çapyp, şady-horram ýaşasy gelýär. Isanyň aýtmagyna görä, hut şu zatlar käbir şägirtlerini «bogar» hem-de duzaga düşürer, şol sebäpli olar hakykatdan ýüz dönderer (Matta 10:28—33; 13:20—22; Luka 12:22—31; 21:34—36). Iki ynanjyň arasynda yraň atyp ýörmän, gaýtam, şeýle adamlar aýgytly bolup, Hudaýa özüni bagyş edişi ýaly ýaşamak üçin «yhlasly bolmaly-da, toba etmeli» (Ylham 3:15—19).

Ýalan diniň duýdansyz ýok edilmegi

13. Ýehuw patyşa bolmak üçin mesh edilende, Ysraýylyň ýagdaýy nähilidi? Düşündir.

13 Adamlar haýal etmeli däl. Näme üçin? Hakyky Hudaýyň kimdigi barada meseläniň Karmel dagynda çözülip, 18 ýyl geçensoň, Ysraýylda näme bolandygyny ýada salalyň. Ylýasyň mirasçysy Elişa gulluk edip ýörkä, Ýehowa Baala seždäni duýdansyz hem garaşylmadyk wagty höküm etdi. Ahap patyşanyň ogly Ýoram Ysraýylda höküm sürýärdi, patyşanyň ejesi Izebel bolsa, entegem diridi. Ysraýylyň Ýehuw atly goşunbaşysyny täze patyşa hökmünde mesh etmek üçin Elişa häzmatkärini assyrynlyk bilen iberýär. Şol wagt Ýehuw Iordan derýasynyň gündogar tarapyndaky Ramot-gileadda ysraýyllylaryň duşmanlary bilen söweş alyp barýardy. Ýoram patyşa uruşda düşen ýarasyny Megiddo deresiniň golaýyndaky Ýezreýelde bejerdýärdi (4 Patyşalar 8:29—9:4).

14, 15. Ýehuwa näme tabşyryldy we ol näme etdi?

14 Ýehowa Ýehuwa şuny etmegi tabşyrdy: «Hojaýynyň Ahabyň öý-içerisini öldür. Şeýdip, men Izebeliň elinden ölen pygamber gullukçylarymyň hem-de Ýehowanyň ähli gullukçylarynyň gany üçin ar alaryn. Ahabyň tutuş öý-içerisi öler. . . Izebeli bolsa Ýezreýeldäki mellekde itler iýer we hiç kim ony jaýlamaz» (4 Patyşalar 9:7—10).

15 Ýehuw aýgytly adamdy. Haýal etmän arabasyna mündi-de, Ýezreýele ugrady. Ýezreýele golaýlaşyp gelýän Ýehuwy garawul uzakdan saýgaryp, Ýoram patyşa habar ýetirdi. Muny eşidip, Ýoram hem arabasyna münüp, goşunbaşy Ýehuwy garşy almaga çykdy. Olar duşuşanda: «Eýgilikmi, Ýehuw?» diýip, Ýoram sorady. Ýehuw bolsa: «Ejeň Izebel zynahorlyk hem jadygöýlik edip ýörkä, eýgilik neýlesin?» diýdi. Şonda Ýoram patyşa aýakaldygyna gaçjak boldy, ýöne Ýehuw ýaýyny çekip, Ýoramyň ýüreginden bir ok goýberdi welin, ol şobada jan berdi (4 Patyşalar 9:20—24).

16. a) Izebeliň emaldarlary duýdansyz nähili agyr ýagdaýa düşdüler? b) Ýehowanyň Izebel hakda aýdan sözi nädip ýerine ýetdi?

16 Ýehuw wagty ýitirmän arabasyna münüp, şähere tarap gitdi. Özüne birkemsiz timar beren Izebel aýnadan seredip, Ýehuw bilen haýbatly salamlaşdy. Ýehuw asla çekinmän, özüne ýaran gözledi-de: «Kim meniň bilen? Kim?» diýip gygyrdy. Indi Izebeliň hyzmatkärleri hem aýgytly bolmalydy. Şol wagt iki-üç emeldar aýnadan kellesini çykardy. Şol pursat olaryň wepalylygy synaldy. Sebäbi Ýehuw: «Ony aşak taşlaň!» diýdi. Emaldarlar Izebeli aşak köçäniň ugruna taşladylar. Ýehuwyň atlary hem-de arabalary ony basgylap geçip gitdi. Şeýdip, Ysraýylda Baala seždäni ýaýradýan Izebel almytyny aldy. Ony hatda jaýlap hem ýetişmediler, sebäbi öňünden aýdylyşy ýaly, itler ony iýipdirler (4 Patyşalar 9:30—37).

17. Hudaýyň Izebele jeza berişi geljekki haýsy waka imanymyzy berkidýär?

17 «Beýik Babyl» diýilýän göçme manyly kemçine hem şeýle aýylganç ölüm garaşýar. Şol kemçin Şeýtanyň dünýäsiniň ýalan dinini aňladýar. Ýalan din gadymy Babyl şäherinde başlapdy. Ýalan din ýok edilenden soň, Ýehowa Hudaý Şeýtanyň dünýäsindäki beýleki adamlaryň daşyna geçer. Olar hem ýok edilip, adalatly täze dünýä üçin taýýarlyk görler (Ylham 17:3—6; 19:19—21; 21:1—4).

18. Izebeliň ölüminden soň, Ysraýylda Baala sežde edýänlere näme boldy?

18 Izebeli öldürip, soňra Ýehuw patyşa Ahabyň neslini hem-de onuň tarapyny tutýan abraýly adamlary jezalandyrmak üçin eglenip durmady (4 Patyşalar 10:11). Ýöne ýurtda Baala sežde edýän ysraýylly köpdi. Ýehuw bu meselede «Ýehowa bilen bäsdeşlige ýol bermejekdigini» görkezmek üçin ýene-de özüni aýgytly alyp bardy (4 Patyşalar 10:16). Ýehuw hamala Baala sežde eden bolup, Ahabyň Baal üçin Samariýada gurduran ybadathanasynda uly baýramçylyk geçirýär. Ysraýylda Baala sežde edýän ähli adamlar şol baýramçylyga gelýär. Adamlary ybadathananyň içine salyp, soňra Ýehuwyň ýigitleri olary birin-birin gyrýar. Mukaddes Ýazgylar bu wakany şeýle sözler bilen jemleýär: «Şeýdip, Ýehuw Baaly Ysraýyldan ýok etdi» (4 Patyşalar 10:18—28).

19. Ýehowanyň wepaly «sežde edijileriniň» «uly märekesine» nähili ajaýyp gelejek garaşýar?

19 Ysraýylda Baala sežde köki bilen aýryldy. Häzirki dünýäniň ýalan dinleriniň hem soňy hut şeýle duýdansyz gelip, haýrana goýar. Sen şol höküm güni kimiň tarapyny tutarsyň? Häzirden aýgytly bolsaň, onda «uly muşakgatda» diri galjak adamlaryň «uly märekesiniň» arasynda bolup bilersiň. Şonda sen uly buýsanç bilen yzyňa göz aýlap, «ýer ýüzüni zynasy bilen azdyran uly kemçini höküm edeni» üçin Hudaýy şöhratlandyrarsyň. Senem Ýehowanyň beýleki sežde edijileri bilen agzybir ýaşap, gökdäki gullukçylarynyň aýdýan täsin aýdymyna goşularsyň: «Haleluýa! Çünki her zada güýji ýetýän Reb Hudaýymyz höküm sürýär» (Ylham 7:9, 10, 14; 19:1, 2, 6).

Oýlanmak üçin sowallar

• Gadymy ysraýyllylar nädip Baala sežde edip başladylar?

• Mukaddes Ýazgylarda imandan dänmeklik hakda näme diýildi we şol pygamberlik nädip ýerine ýetdi?

• Ýehuw nädip Baala seždäniň soňuna çykdy?

• Biz Hudaýyň höküm güni diri galmak üçin näme etmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş