Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/3 sah. 28—32
  • Ýeremiýa ýaly oýa boluň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýeremiýa ýaly oýa boluň!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Gaýragoýulmasyz ýumuş
  • Adamlara bolan söýgi
  • Hudaý batyrgaý edýär
  • Ýürekden şatlanmak
  • «Oýa bolup» ýumşuňy berjaý et
  • Ýeremiýa kitabyndan peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ýehowa Ýermeýany iberýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýermeýa Ýehowa barada gürrüň bermegini goýmady
    Çagalaryňyza öwrediň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/3 sah. 28—32

Ýeremiýa ýaly oýa boluň!

«Men (Ýehowa) sözümi berjaý etmek üçin oýadyryn» (ÝEREM. 1:12).

1, 2. Näme üçin Ýehowanyň «oýa bolmagy» badam agajyna meňzedilýär?

LIWAN baýyrlyklarynda we Ysraýylda, ilki bilen, badam agajy gülleýär. Ýanwar aýynda ýa-da fewral aýynyň başlarynda badam agajy gülgün ýa-da ak reňkli gül açýar. Ýewreý dilinde bu agaç «oýanmak» diýmegi aňladýar.

2 Ýehowa Ýeremiýany pygamber bellände, bir wajyp hakykaty görkezmek üçin badam agajynyň bu aýratynlygyny mysal getirdi. Ýeremiýa pygamber gulluk edip başlanda, görnüşde badam agajynyň şahasyny gördi. Bu näme aňladýardy? Ýehowa ony: «Men sözümi berjaý etmek üçin oýadyryn» diýip düşündirdi (Ýerem. 1:11, 12). Badam agajynyň ir «oýanyşy» ýaly, Ýehowa-da göçme manyda ir turup, gulak asmazlygyň nämä eltjekdigini halkyna duýdurmak üçin pygamberlerini ýollaýar (Ýerem. 7:25). Ýehowa pygamberligi berjaý bolýança, rahatlanmady — «oýa boldy». Ýehowa b. e. öň 607-nji ýylda takyk bellän wagtynda imandan dänen ýehudylary höküm etdi.

3. Näme üçin biz Ýehowa ynanyp bileris?

3 Şu günlerem Ýehowa oýa bolup, isleginiň ýerine ýetmegine üns berýär. Onuň sözüniň berjaý bolmazlygy mümkin däl. Ýehowanyň ünsli bolmagy saňa nähili täsir edýär? Sen Ýehowanyň şu 2011-nji ýylda hem wadasyny berjaý etmek üçin «oýadygyna» ynanýarmyň? Sen Ýehowanyň sözünde berk durýanyna ynanýan bolsaň, häzir ruhy ukudan oýanmagyň tüýs wagtydyr (Rim. 13:11). Ýehowanyň pygamberi Ýeremiýa ýaly oýa boluň. Ýeremiýanyň oýa bolup, nädip we näme üçin Hudaýyň ýumşuny berjaý edişine seretsek, Ýehowanyň bize ynanan işini ýerine ýetirmäge nädip kömek etjekdigine göz ýetireris.

Gaýragoýulmasyz ýumuş

4. Ýeremiýa Hudaýyň habaryny yglan edende, nähili kynçylyklara uçrady we bu habar näme üçin gaýragoýulmasyzdy?

4 Ýehowa Ýeremiýany garawul hökmünde bellände, ol 25 ýaşlaryndady (Ýerem. 1:1, 2). Ol halkyň ýaşululary, gartaşan we abraýly adamlar bilen gepleşer ýaly, özüni örän ýaş hasaplaýardy (Ýerem. 1:6). Ýeremiýa, aýratynam, ruhanylary, ýalan pygamberleri, hökümdarlary şeýle-de «adaty ýoldan ýöreýän» we Hudaýa «biwepalyk» edýän adamlary açyk aýyplaýardy we olara gorkuly hökümi yglan edýärdi (Ýerem. 6:13; 8:5, 6). 400 ýyla golaý hakyky seždäniň merkezi bolan Süleýman pygamberiň şöhratly ybadathanasy ýok edilmelidi. Iýerusalim we Ýahuda weýran bolmaly, ýaşaýjylary bolsa, sürgün edilmelidi. Görşümiz ýaly, Ýeremiýanyň yglan edýän habary gaýragoýulmasyzdy!

5, 6. a) Şu günler Ýehowa Ýeremiýa toparyny nädip ulanýar? b) Biz nämä serederis?

5 Şu günlerem Ýehowa göçme manyda garawul bellenen mesh edilen mesihçiler arkaly adamlara zalym dünýäni höküm etjekdigi barada duýdurýar. Ýeremiýa topary, ýagny mesh edilenler ençeme ýyl bäri, adamlary nähili döwürde ýaşaýandygyna ünsli bolmaga çagyrýar (Ýerem. 6:17). Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň gijikmeýändigi nygtalýar. Ýehowanyň güni anyk bellän sagadynda, adamlaryň oslamaýan wagtynda geler (Sef. 3:8; Mar. 13:33; 2 Pet. 3:9, 10).

6 Ýehowanyň oýadygyny we täze adalatly dünýäniň aýdylan wagtda boljakdygyny unutmaň. Muny bilýän Ýeremiýa topary we onuň wepaly kömekçileri oýa bolup, habary gaýragoýulmasyz wagyz edýär. Bu saňa nähili täsir etmeli? Isa hemmeleriň Hudaýa gaýduwsyz gulluk etmelidigini görkezdi. Geliň, Ýeremiýa pygambere oýa bolup, ýumşuny berjaý etmäge nähili häsiýetleriň ýardam edendigine we bize-de nämäniň kömek etjekdigine seredeliň.

Adamlara bolan söýgi

7. Kynçylyklara garamazdan, Ýeremiýa wagyz etmäge söýgi nädip kömek etdi? Düşündiriň.

7 Kynçylyklara garamazdan, Ýeremiýa näme üçin wagyz edýärdi? Ol adamlary söýýärdi. Ýeremiýa pygamber ýalan çopanlaryň adamlara azar berýändigini bilýärdi (Ýerem. 23:1, 2). Şol sebäpli, ol adamlara söýgi we duýgudaşlyk bildirýärdi. Ýeremiýa pygamber ildeşleriniň Hudaýyň sözüni eşidip, aman galmagyny isleýärdi. Ol ildeşleriniň başyna injek betbagtçylygyna biynjalyklanyp, aglaýardy (Ýeremiýa 8:21; 9:1-nji aýatlary okaň)a. Ýeremiýanyň agysy kitabynda pygamberiň Ýehowanyň adyna we halkyna bolan söýgüsi beýan edilýär (Ýerem. ag. 4:6, 9). Şu günler siziň hem «çopansyz goýunlar ýaly pytraňňy, alaçsyz» adamlary görende, Hudaýyň Patyşalygy baradaky teselli berýän hoş habary wagyz edesiňiz gelmeýärmi? (Mat. 9:36).

8. Ýeremiýa horluk çekse-de, gaharlanmandygyny haýsy waka görkezýär?

8 Ýeremiýa kömek edýän adamlaryň elinden horluk çekse-de, ar almaýardy we gaharlanmaýardy. Ol ýaramaz patyşa Zedekiýa köp sabyrlydy we ýagşylyk edýärdi. Zedekiýa Ýeremiýany öldürmek üçin duşmanlaryň eline berse-de, ol patyşa ýalbaryp, Ýehowa gulak asmagyny haýyş etdi (Ýerem. 38:4, 5, 19, 20). Biz hem adamlary Ýeremiýa ýaly güýçli söýýärismi?

Hudaý batyrgaý edýär

9. Ýeremiýany Hudaýyň batyrgaý edendigini nireden bilýäris?

9 Ýehowa başda Ýeremiýa bilen gepleşende, ol onuň beren ýumşuny kabul etmejek boldy. Biz mundan onuň öz-özünden batyrgaý we mert bolmandygyny bilýäris. Ol Hudaýa doly bil baglany üçin, Ýehowadan artykmaç güýç alyp, pygamberlik edip bildi. Dogrudan-da, Ýehowa «güýçli we haýbatly esger kimin» pygamberi goldap, ýumşuny berjaý etmäge oňa güýç berdi (Ýerem. 20:11). Ýeremiýa pygamber Isa ýaly şeýle batyrgaý we mertdi welin, hatda Isa ýer ýüzünde gulluk edende, käbir adamlar oňa direlen Ýeremiýa öýdýärdi! (Mat. 16:13, 14).

10. Mesh edilen mesihçileriň galyndysy näme üçin «halklara we patyşalyklara bellenildi» diýse bolar?

10 Ýehowa «milletleriň patyşasy» Ýeremiýa pygamber arkaly halklara we patyşalyklara hökümini yglan edýärdi (Ýerem. 10:6, 7). Emma haýsy manyda mesh edilen mesihçileriň galyndysy «halklara we patyşalyklara bellenildi?» (Ýerem. 1:10). Gadymy döwürde bu ygtyýary Älemiň Hökümdary Hudaýyň Ýeremiýa berişi ýaly, şu günler ol ony Ýeremiýa toparyna berdi. Mesh edilen mesihçiler bütin dünýäde milletlere we patyşalyklara Hudaýyň hökümini yglan edýär. Ýeremiýa topary Gudratygüýçli Hudaýdan ygtyýar alyp, Mukaddes Ýazgylaryň arassa dilinde gepläp, häzirki milletleri we patyşalyklary Hudaýyň bellän wagtynda we saýlan Patyşalygy arkaly ýok etjekdigini yglan edýär (Ýerem. 18:7—10; Ylh. 11:18). Ýeremiýa topary bütin ýer ýüzünde Ýehowanyň hökümini ýeňletmän yglan etmegi ýüregine düwdi.

11. Kynçylyga uçranymyzda, dyngysyz wagyz etmäge näme kömek eder?

11 Şu kyn günlerde käte yzarlamalar, adamlaryň biperwaýlygy ýa-da kynçylyklar sebäpli, sustupes bolýarys (2 Kor. 1:8). Emma biz Ýeremiýanyň göreldesine erip, ruhdan düşmäliň. Hudaýa doga edip, kömek sorasak we oňa bil baglasak, ol «bize gaýrat berer» (1 Sel. 2:2). Biz oýa bolup, Hudaýyň ynanan ýumşuny ýerine ýetirmeli. Biwepalyk eden Iýerusalim ýaly hristian dünýäsiniň hem ýok ediljegi barada biz dyngysyz wagyz etmeli. Ýeremiýa topary diňe bir «Ýehowanyň amatly ýylyny» däl, eýsem, «Hudaýyň gazap gününi» hem batyrgaýlyk bilen yglan edýär (Işaýa 61:1, 2; 2 Kor. 6:2).

Ýürekden şatlanmak

12. Näme üçin Ýeremiýa şatlanýardy we onuň esasy sebäbi nämedi?

12 Ýeremiýa Hudaýyň ýumşuny ýerine ýetirip, şatlanýardy. Ol Ýehowa şeýle diýdi: «Sözleriň maňa geldi we men olary iýip başladym. Sözüň maňa begenç we ýüregime şatlyk berdi, sebäbi, eý Ýehowa, Goşunlar Hudaýy, maňa seniň adyň dakyldy» (Ýerem. 15:16). Hak Hudaýyň adyny götermek we sözüni wagyz etmek Ýeremiýa üçin uly hormatdy. Ol adamlaryň ýaňsylamasyna üns berende, şatlygyny ýitirýärdi. Emma Hudaýyň habarynyň ajaýypdygyna we wajypdygyna üns berende, ol begenýärdi (Ýerem. 20:8, 9).

13. Biz şatlanar ýaly näme üçin «agyr damagy» özleşdirmeli?

13 Şu günler şatlyk bilen wagyz eder ýaly, «agyr damagy», ýagny Hudaýyň Sözündäki çuňňur hakykakaty özleşdirmeli (Ýew. 5:14). Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrensek, imanymyzy berkideris (Kol. 2:6, 7). Şeýdip, biz özümizi alyp barşymyzyň Ýehowanyň ýüregine nähili täsir edýändigini göreris. Bize Mukaddes Ýazgylary okamaga we öwrenmäge wagt tapmak kyn bolsa, gün tertibimize täzeden seretmeli. Her gün hatda birnäçe minut Mukaddes Ýazgylary okap, oýlansak, Ýehowa ýakynlaşarys we Ýeremiýa ýaly şatlanarys.

14, 15. a) Ýeremiýanyň ýumşuny wepaly berjaý edendigi nähili netije berdi? b) Şu günler Hudaýyň halky wagyz işi babatda nämä düşünýär?

14 Ýeremiýa Ýehowanyň duýduryşlaryny hem hökümini dyngysyz yglan etse-de, ýürekden «gurýardy we ekýärdi» (Ýerem. 1:10). Ol ak ýürekli adamlara umyt etmäge kömek edýär. Onuň bu işi netijeli boldy. B. e. öň 607-nji ýylda Babyl weýran edilende, käbir ýehudylar we ysraýylly däl adamlar halas boldy. Biz rekabileriň, Ýebed-melekiň we Barukyň halas bolandygyny bilýäris (Ýerem. 35:19; 39:15; 43:5—7). Ýeremiýanyň Hudaýdan gorkýan we wepaly bu dostlary, häzirki Ýeremiýa toparynyň ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän dostlaryny suratlandyrýar. Ýeremiýa topary bu «uly märekäniň» imanyny berkidip, begenýär (Ylh.7:9). Şeýle-de mesh edilen mesihçileriň wepaly dostlary ak ýürekli adamlara hakykaty bilmäge kömek edip, kanagat tapýar.

15 Hudaýyň halky hoş habary wagyz etmegiň diňe bir gulak asýan adamlara hyzmat etmegi däl-de, eýsem, Hudaýymyza sežde etmegi aňladýandygyna düşünýär. Biz wagyz edenimizde adamlar diňlese-de, diňlemese-de, Ýehowa mukaddes gulluk edýändigimize düşünip begenýäris (Zeb. 71:23; Rimliler 1:10-y okaň).

«Oýa bolup» ýumşuňy berjaý et

16, 17. Ylham 17:10, Habakkuk 2:3-nji aýatlar gaýragoýulmasyz wagtda ýaşaýandygymyzy nädip görkezýär?

16 Ylham 17:10-daky pygamberlikde biziň gaýragoýulmasyz wagtda ýaşaýandygymyz nygtalýar. Ýedinji patyşa, iňlis-amerikan dünýä imperiýasy peýda boldy. Bu barada şeýle diýilýär: «Ol (ýedinji patyşa)... gelende az wagt galmalydyr». Häzir şol «az wagt» tamamlanmaly. Zalym dünýäniň soňy barada Habakkuk pygamber şeýle diýýär: «Bu görnüş bellenen wagtda berjaý bolar... oňa garaş, ol hökmän ýerine ýeter, gijikmez» (Hab. 2:3).

17 Biz özümize şeýle soraglar bermeli: «Men durmuşymda gaýragoýulmasyz döwürde ýaşaýandygymy görkezýärinmi? Tiz ýetip gelýän zalym dünýäniň soňuna garaşýandygymy iş ýüzünde görkezýärinmi? Ýa-da gelýän kararlarym we birinji orunda goýýan zatlarym zalym dünýäniň soňy tiz gelmejekdigini ýa-da onuň asla bolmajakdygyny görkezýärmi?

18, 19. Näme üçin häzir gowşamaly däl?

18 Garawul bellenen Ýeremiýa toparynyň işi entek tamamlanmady (Ýeremiýa 1:17-ni okaň)b. Mesh edilen mesihçileriň galyndysy «demir sütün» we «harby taýdan berkidilen şäher» kimin berk durup, nähili şatlanýar! Olar Hudaýyň Sözünden güýç alyp, «dogrulyk sowudyny geýip», Hudaýyň ynanan ýumşuny soňuna çenli berjaý ederler (Efes. 6:14). Uly märeke hem şeýle gaýduwsyzlyk bilen Ýeremiýa toparyna Hudaýyň ýumşuny berjaý etmäge yhlasly kömek edýär.

19 Häzir hoş habary yhlasly wagyz etmegiň tüýs wagty. Geliň, Ýeremiýa 12:5-iň (okaň)c manysyna seredeliň. Ählimiz uçraýan synaglaramyza çydamaly. Imanymyzyň synalyşyny «pyýada ýöreýän» adam bilen ylgamaklyga deňese bolar. Emma «uly muşakgat» golaýlaşdygyça, kynçylyklarymyz has köpeler (Mat. 24:21). Has agyr kynçylyklara döz gelmekligi, «atlar bilen bäsdeşlik» etmäge deňese bolar. Adam at bilen bäsdeşlik edende, çydamak üçin has köp tagalla etmeli. Şol sebäpli, häzirki duş gelýän synaglara çydamak peýdaly, çünki bu bizi gelejekdäki synaglara döz gelmäge taýýarlaýar.

20. Sen näme etmegi ýüregiňe düwdüň?

20 Ählimiz Ýeremiýa pygamberiň göreldesine eýerip, ökdelik bilen wagyz edip bileris! Söýgi, batyrgaýlyk we şatlyk ýaly häsiýetler Ýeremiýa pygambere 67 ýyl wepaly gulluk etmäge kömek etdi. Bize badam agajynyň owadan gülleri, Ýehowanyň sözüni berjaý etmek üçin «oýadygyny» ýatladýar. Şonuň üçin, geliň, Onuň göreldesine eýereliň. Ýeremiýa pygamber «oýa boldy», biz hem oýa bolup bileris.

a Ýeremiýa 8:21. Halkymyň gyzlary ýaralanany üçin ýüregim parçalanýar. Men sustupes, doňan ýaly boldum.

Ýeremiýa 9:1. Wah, meniň kelläm suw, gözüm — gözýaş çeşmesi bolsady! Şonda halkymyň gyzlarynyň öldürilen ogullary üçin gije-gündiz aglardym.

b Ýeremiýa 1:17. Biliňi guşap, dur-da, meniň ähli diýen zatlarymy olara aýt. Sen olardan gorkma, ýogsa men seni olaryň öňünde gorkuzaryn.

c Ýeremiýa 12:5. Pyýada ýöreýän adamlar bilen ylgap, ýadasaň, atlar bilen nädip bäsdeşlik etjek? Parahat ýerde özüňi rahat duýýarmyň? Onda sen Iordanyň boýunda gür jeňňellikde näme edersiň?

Ýadyňyzdamy?

• Ýeremiýa «oýa bolup», ýumşuny berjaý etmäge söýgi nädip ýardam etdi?

• Näme üçin biz Hudaýyň berýän batyrgaýlygyna mätäç?

• Ýeremiýa şatlykly gulluk etmäge näme kömek etdi?

• Sen näme üçin «oýa bolmak» isleýärsiň?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş