Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/7 sah. 19—23
  • Isanyň göreldesine eýerip, mertlik bilen wagyz ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isanyň göreldesine eýerip, mertlik bilen wagyz ediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Duşmanlaryň öňünde mert bolmak
  • Söýgi Isany mertlik bilen wagyz etmäge höweslendirýärdi
  • Mukaddes ruh bize mertlik bilen wagyz etmäge kömek edýär
  • Şu günler mesihçiler mertlik bilen wagyz edýär
  • Hudaýyň Sözüni batyrgaýlyk bilen wagyz ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Hudaýyň sözüni batyrlyk bilen sözle
    Hudaýa gullugymyz — 2005
  • Batyrgaý boluň
    Adamlary söýüň, şägirt taýýarlaň
  • Şu soraglaryň jogabyny biliň
    2018/2019 Etrap kongresiniň meýilnamasy — Etrap gözegçisiniň gatnaşmagynda
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/7 sah. 19—23

Isanyň göreldesine eýerip, mertlik bilen wagyz ediň

«Hoş Habary size wagyz etmek üçin Hudaý bize gaýrat berdi» (1 SEL. 2:2).

1. Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habar näme üçin ýakymly?

HOŞ HABARY eşitmek nähili ýakymly! Ähli habardan iň şatlykly habar — bu Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habardyr. Hoş habar bizi horluklaryň, keselçiligiň, agyrynyň, gam-gussanyň we ölümiň bolmajakdygyna ynandyrýar. Ol bize ebedi ýaşaýşa umyt berýär we Hudaýyň niýetini aýan edip, Hudaý bilen nädip ýakyn gatnaşykda bolmalydygyny görkezýär. Isanyň aýdan hoş habary ähli adamlary begendirmelidi. Emma adamlaryň ählisi oňa begenmedi.

2. Isanyň «aýyrmaga geldim» diýen sözleriniň manysyny düşündiriň.

2 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Meni ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýtmäň; Men parahatlyk däl-de, gylyç getirmäge geldim. Çünki Men ogly atasyndan, gyzy enesinden, gelni gaýyn enesinden aýyrmaga geldim. Adamyň duşmany öz içerisindäkiler bolar» (Mat. 10:34—36). Adamlaryň köpüsi hoş habary kabul etmegiň deregine, ony ret edýärler. Käbir adamlar özüne wagyz eden adamlaryna, hatda dogan-garyndaşlaryna duşman boldular.

3. Wagyz eder ýaly bize näme gerek?

3 Biz Isanyň yglan eden hakykatyny aýdýarys. Şu günler hem adamlar hoş habara Isanyň döwründäki ýaly garaýarlar. Bu şeýle hem bolmalydy. Ol şägirtlerine: «Gul öz agasyndan uly däldir... Meni yzarlan bolsalar, onda sizi-de yzarlarlar» diýdi (Ýahýa 15:20). Ýurtlaryň köpüsinde bizi aç-açan yzarlamasalar-da, ýigrenýärler we hoş habara sowuk-sala garaýarlar. Şol sebäpli, biz hoş habary gaýduwsuzlyk we gaýrat bilen wagyz edip biler ýaly, bize iman hem mertlik gerek (2 Petrus 1:5—8-nji aýatlary okaň).

4. Näme üçin Pawlusa wagyz etmäge mertlik gerekdi?

4 Belki, käwagt size wagyz etmek kyn bolýandyr ýa-da wagzyň käbir görnüşlerine gatnaşmaga gorkýansyňyz. Şeýle duýgy her bir dogan-uýada bolýar. Pawlus resul hakykaty gowy bilip, batyrgaý wagyzçy bolsa-da, käte wagyz etmek oňa-da kyn bolýardy. Ol Selanikdäki mesihçilere şeýle ýazdy: «Biz öň Filipide horluk çekip, kemsidilmelere sezewar bolduk; ýöne uly garşylyk bolsa-da, Hudaýyň Hoş Habaryny size wagyz etmek üçin Hudaý bize gaýrat berdi» (1 Sel. 2:2). Filip şäheriniň häkimleri Pawlusy we onuň ýoldaşy Silasy «taýak bilen urmaly» diýip buýruk berdiler. Olary tussag edip, aýaklaryna künde bagladylar (Res. iş. 16:16—24). Emma şeýle ýagdaýlarda-da wagyz etmäge Pawlus bilen Silasa «gaýrat berildi». Biz hem mertlik bilen wagyz edip bilerismi? Bu soraga jogap bermezimizden öň, geliň, gadymy döwürde Hudaýyň gullukçylaryna Ýehowa barada hakykaty mertlik bilen aýtmaga näme kömek edendigine seredeliň. Şeýle-de olaryň göreldesine biziň nädip eýerip biljekdigimiz barada oýlanalyň.

Duşmanlaryň öňünde mert bolmak

5. Näme üçin Ýehowanyň wepaly gullukçylary hemişe mert bolmalydy?

5 Isa Mesih mert bolmagyň iň gowy göreldesini görkezdi. Bütin adamzat taryhynda Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň ählisine mertlik gerekdi. Näme üçin? Ýehowa Erem bagyndaky pitneden soň, Hudaýyň we Şeýtanyň gullukçylarynyň arasynda duşmançylygyň boljagyny aýtdy (Gel. çyk. 3:15). Bu duşmançylyk dogry bolan Habyly dogany öldürende aýan boldy. Soňra Tupandan öň ýaşan Hudaýa wepaly ýene-de bir adam, ýagny Hanoh bu duşmançylygy gördi. Hanoh iman etmeýän adamlary höküm etmäge Hudaýyň müňlerçe mukaddesi bilen geljekdigini pygamberlik etdi (Ýahuda 14, 15). Köp adamlar bu habary eşitmek islemedi. Adamlar Hanohy ýigrendi. Şol sebäpli, Ýehowa onuň ömrüni gysgaltmadyk bolsa, adamlar ony öldürerdi. Hanoh, gör, nähili batyrgaýdy! (Gel. çyk. 5:21—24).

6. Näme üçin Musa faraon bilen gepleşmek üçin batyrgaýlyk gerekdi?

6 Siz Musanyň faraon bilen gepleşende görkezen batyrlygy barada oýlanyp görüň. Faraon diňe bir ýalan taňrynyň wekili hasaplanman, eýsem, Ra Gün taňrysynyň ogly hasaplanýardy. Ol hem beýleki faraonlar ýaly, öz şekiline sežde eden bolmaly. Onuň her bir aýdan sözi kanundy we hökmürowanlygy çäklendirilmedikdi. Güýçli, tekepbir we keçjal faraon özüne görkezme berilse, halamaýardy. Şeýle adamyň ýanyna pesgöwünli çopan Musa birnäçe sapar bardy. Ony hiç kim çagyrmandy we onuň köşge gelenine-de hiç kim begenmedi. Musa faraona näme aýtdyka? Ol berilmeli jezalar barada aýdypdy. Musa näme talap etdi? Ol faraondan millionlarça gullary goýbermegini haýyş etdi! Şeýle ýagdaýlarda, Musa batyrgaýlyk gerek dälmidi näme?! (San. 12:3; Ýew. 11:27).

7, 8. a) Gadymy döwürde Hudaýyň wepaly gullukçylary nähili synaglara duçar boldy? b) Mesihçilerden öň ýaşan Hudaýyň gullukçylaryna hakyky sejdäni mertlik bilen goldamaga näme kömek etdi?

7 Soňky ýüzlerçe ýylyň dowamynda pygamberler we Hudaýyň başga wepaly gullukçylary hakyky seždäni mertlik bilen goldadylar. Şeýtanyň dünýäsi olara rehimsizlik etdi. Pawlus şeýle diýdi: «Olar daşlandylar, byçgylandylar, gynaldylar, gylyçdan geçirilip öldürildiler. Goýun derisini, geçi hamyny geýip sergezdançylyk çekdiler, mätäçlik, muşakgat, horluk gördüler» (Ýew. 11:37). Hudaýyň wepaly gullukçylaryna mert bolmaga näme kömek etdi? Pawlus ýokarda getirlen aýatlarda Habyla, Ybraýyma, Sara we Hudaýyň beýleki gullukçylaryna çydamly bolmaga nähili güýç gerekdigini aýtdy. Ol şeýle diýýär: «Wada edilenlere gowuşman, olary (iman bilen) uzakdan görüp, hoş garşyladylar» (Ýew. 11:13). Elbetde, arassa seždäni batyrgaýlyk bilen goldan Ylýas bilen Ýeremiýa ýaly pygamberler we mesihçilerden öň ýaşan Hudaýyň wepaly gullukçylary synaglarda Ýehowanyň beren wadasyna umyt edip, güýçlendiler (Titus 1:2).

8 Mesihçilerden öň ýaşan bu Hudaýyň wepaly gullukçylary ajaýyp gelejege umyt edýärdiler. Olar baş ruhany Isa Mesihiň we 144 müň ruhanynyň ýolbaşçylygy astynda direlip, «çüýreme gullugyndan azat ediler» (Rim. 8:21). Galyberse-de, Ýeremiýa we gadymy döwürde ýaşan Hudaýyň gullukçylaryna batyrgaý bolmaga Ýehowanyň Ýeremiýa beren wadasy kömek edýärdi. Ýehowa şeýle diýýär: «Olar seniň bilen göreşerler, emma ýeňmezler, sebäbi Ýehowa: «Seni halas etmek üçin, Men seniň bilendirin» diýýär» (Ýerem. 1:19). Şu günlerem biz Hudaýyň gelejek barada beren wadasy we ruhy taýdan gorajakdygy hakynda oýlanyp berkeýäris (Sül. tym. 2:7; 2 Korintoslylar 4:17, 18-nji aýatlary okaň).

Söýgi Isany mertlik bilen wagyz etmäge höweslendirýärdi

9, 10. a) Dini ýolbaşçylaryň öňünde, b) esgerleriň öňünde, ç) baş ruhanynyň öňünde, d) Pilatusyň öňünde — Isa mertligini nädip görkezdi?

9 Isa ähli zatda mert bolup, bize görelde galdyrdy. Mysal üçin, wezipeli adamlar ony ýigrenip, diňlemek islemese-de, ol Hudaýyň adamlara ýetirmek isleýän habaryny wagyz edýärdi. Ol ýalan taglymatlary öwredýän we özüni dogry hasaplaýan dini ýolbaşçylaryň ikiýüzlüligini mertlik bilen paş etdi. Olar höküm edilmäge mynasypdylar. Isa olary gös-göni we aç-açan ýazgardy. Bir sapar ol şeýle diýdi: «Waý günüňize eý kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz agardylyp, daşyndan owadan görünýän, ýöne içi ölüleriň süňkleri we her tüýsli murdarlykdan doly mazarlarsyňyz. Siz hem şeýle daşyňyzdan adamlara dogry adam ýaly görünýärsiňiz, ýöne içiňiz ikiýüzlülikden, erbetlikden doly» (Mat. 23:27, 28).

10 Esgerler Isany tussag etmek üçin Getsemani bagyna gelenlerinde, ol özüni mertlik bilen tanatdy (Ýahýa 18:3—8). Soňra ony mejlisde baş ruhany sorag etdi. Ol baş ruhanynyň öldürmäge sebäp gözleýändigini bilse-de, gorkman Mesihdigini we Hudaýyň Ogludygyny tassyklady. Şeýle-de Isa olara: «Hudaýyň sagynda oturjagymy, gögüň bulutlary bilen geljegimi görersiňiz!» diýdi (Mar. 14:53, 57—65). Şondan soňra Isany Pilatusyň ýanyna eltdiler, ol ony boşadyp bilýärdi. Isa özüne garşy aýdylan aýyplamalara hiç hili jogap bermedi (Mar. 15:1—5). Bularyň ählisine çydamak üçin mertlik gerekdi.

11. Mertligiň söýgi bilen nähili baglanyşygy bar?

11 Isa Pilatusa şeýle diýdi: «Men hakykata güwälik etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim» (Ýahýa 18:37). Ýehowa Isa hoş habary wagyz etmegi tabşyrdy we Isa ony şatlyk bilen ýerine ýetirdi, çünki ol gökdäki Atasyny söýýärdi (Luka 4:18, 19). Isa adamlary hem söýýärdi. Ol adamlaryň kyn durmuşda ýaşaýandygyny bilýärdi. Biz hem Ýehowany we goňşymyzy söýändigimiz üçin gorkman, mertlik bilen adamlara wagyz edýäris (Mat. 22:36—40).

Mukaddes ruh bize mertlik bilen wagyz etmäge kömek edýär

12. I asyrdaky şägirtler nämä begendiler?

12 Isa ölenden soň birnäçe hepde geçýär, şonda şägirtlerine şatlanmaga sebäp bolýar, çünki olar Ýehowanyň başga adamlary-da gutulyş ýoluna getirýändigini görýärler. Pentikost güni Iýerusalime köp ýurtlardan gelen üç müňe golaý ýewreýler we ýehudy dinine geçen adamlar çokundyryldy! Iýerusalimde bu waka barada, gör, näçe gürrüň edilen bolmaly! Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Hemmeleriň janyna gorky aralaşypdy; ressullar arkaly köp gudratlar, alamatlar görkezilýärdi» (Res. iş. 2:41, 43).

13. Näme üçin doganlar mertlik barada doga etdiler we onuň netijesi nähili boldy?

13 Gaty gaharly dini ýolbaşçylar Petrusy bilen Ýahýany tussag edip, Isa barada hiç zat aýtmazlygy tabşyrdylar. Olar tussaglykdan azat bolansoň, doganlara ähli zady gürrüň berdiler. Doganlaryň ählisi bilelikde Hudaýa doga etdiler we yzarlamalarda mert bolmak barada haýyş edip, şeýle diýdiler: «Ýa Reb... gullaryňa bütin batyrlyk bilen Öz sözüňi sözlemäge gaýrat ber». Munuň netijesi nähili boldy? «Hemmeler Mukaddes Ruh bilen dolup, Hudaýyň sözüni gaýratly sözlemäge başladylar» (Res. iş. 4:24—31).

14. Mukaddes ruh bize wagyzda nädip kömek berýär?

14 Üns beren bolsaňyz, Ýehowanyň güýçli mukaddes ruhy şägirtlere Hudaýyň sözüni mertlik bilen sözlemäge kömek berdi. Biz adamlara, hatda hoş habara garşy bolanlara hakykaty aýtmak üçin öz güýjümize daýanmaýarys. Biz Ýehowadan mukaddes ruhy dilesek, ol bize hömän berer. Biz Ýehowanyň kömegi bilen mert bolup, islendik synaglarda üstün çykyp bileris (Zebur 138:3-i okaň).

Şu günler mesihçiler mertlik bilen wagyz edýär

15. Şu günler hakykat adamlary nädip aýyrýar?

15 Geçmişde bolşy ýaly, şu günlerem hoş habar adamlary biri-birinden aýyrýar. Käbir adamlar hakykaty kabul edýär, käbirleri oňa düşünmän kabul etmeýär. Käbir adamlar bolsa, Isanyň pygamberlik edişi ýaly, bizi tankytlap, üstümizden gülýär, hatda bizi ýigrenýärler (Mat. 10:22). Käwagt habar beriş serişdeler arkaly biz barada nädogry maglumat berip, ýalan sözleýärler (Zeb. 109:1—3). Muňa garamazdan, şu günler Ýehowanyň halky bütin dünýäde hoş habary mertlik bilen yglan edýär.

16. Biziň mertligimiz adamlaryň garaýşyny üýtgedip bilýändigini haýsy mysal görkezýär?

16 Biziň mertligimiz adamlaryň hoş habara bolan garaýşyny üýtgedip bilýär. Gyrgyzstanda ýaşaýan bir uýa şeýle gürrüň berýär: «Öýden-öýe wagyz edenimde, bir adam maňa şeýle diýdi: «Men Hudaýa ynanýaryn, ýöne hristianlaryňka däl. Eger siz meniň öýüme ýene-de gelseňiz, men siziň üstüňize itimi goýbererin!» Onuň yzynda zynjyra baglanan ullakan it ýatyrdy. «Patyşalyk baradaky habar» No.37 seriýasyndan «Ýalan din tizden ýok ediler!» atly kitapça ýaýradylan döwri, men şol maşgalanyň başga bir agzasyna duşaryn öýdüp, ýene-de ol öýe barmagy ýüregime düwdüm. Emma men ol öýe baranymda gapyny ýene-de şol adam açdy. Men derrew Ýehowa doga etdim we ol adama şeýle diýdim: «Salam! Üç gün mundan öň siziň bilen eden gürrüňim meniň ýadymda, men siziň it barada aýdanlaryňyzy hem unutmadym. Ýöne men şu kitapçany size bermek üçin sowuldym. Sebäbi men hem siziň ýaly ýeke-täk hak Hudaýa ynanýaryn. Hudaý tizden Ona ysnat getirýän ýalan dinleri ýok eder. Muny okasaňyz, bu barada köp zatlary bilersiňiz». Geň galaýmaly, ol kitapçany aldy. Soňra men başga öýe gitdim. Birnäçe minutdan, onuň meniň ýanyma ylgap gelýänini gördüm, elinde bolsa, meniň beren kitapçam bardy. Ol şeýle diýdi: «Men muny okadym. Men näme etmeli? Hudaýyň gazabyna sezewar bolmaz ýaly näme etmeli?». Häzir ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýar.

17. Bir uýanyň mertligi Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän, ýöne ýygnak duşuşyklaryna barmaga gorkýan aýala mert bolmaga nädip kömek etdi?

17 Biziň mertligimiz başgalary hem mert bolmaga kömek edýär. Russiýada ýaşaýan uýa awtobusda bir aýala žurnal hödürleýär. Olaryň gapdalynda oturan adam ýerinden turup, uýanyň elindäki žurnaly kakyp alýar-da, mynjyradyp zyňyp goýberýär. Ol sesiniň badyna gygyryp, uýadan ýaşaýan ýeriniň salgysyny bermegi talap edýär. Şeýle-de obada wagyz etmezligi duýdurýar. Uýa Ýehowa doga edip kömek soranda, Isanyň: «Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň» diýen sözleri ýadyna düşýär (Mat. 10:28). Uýa ýerinden turup, rahatlyk bilen: «Men size ýaşaýan ýerimiň salgysyny bermerin we obada-da wagyz ederin» diýýär. Soňra uýa awtobusdan düşüp gidýär. Ol awtobusda uýa bilen öň Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçen bir aýal hem bardy. Emma uýa mundan bihabardy. Ol adamlardan gorkup, mesihçileriň ýygnak duşuşyklaryna barmaýardy. Ol uýamyzyň mertligini görüp, ýygnak duşuşyklaryna barmagy berk ýüregine düwdi.

18. Isa ýaly, size-de mertlik bilen wagyz etmäge näme kömek eder?

18 Hudaýdan daşlaşan zalym dünýäde adamlara wagyz etmek üçin biz hem Isa ýaly mert bolmaly. Size mertlik bilen wagyz etmäge näme kömek eder? Gelejege umyt baglaň. Hudaýa hem goňşyňyza bolan söýgiňizi ösdüriň. Ýehowa mertlik barada doga ediň. Isanyň siziň bilendigini hiç haçan unutmaň (Mat. 28:20). Şonda Mukaddes ruh sizi berkider. Ýehowa bolsa ak pata berip, sizi goldar. Geliň, mertlik bilen: «Reb meniň kömekçimdir, men gorkmaryn. Bendesi maňa näme edip biljek?» diýeliň (Ýew. 13:6).

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Näme üçin Hudaýyň gullukçylary mert bolmaly?

• Biz mertligi mesihçilerden öň ýaşan Hudaýyň wepaly gullukçylaryndan nädip öwrenip bileris?

• Biz mertligi Isadan nädip öwrenip bileris?

• Biz mertligi I asyrdaky mesihçilerden nädip öwrenip bileris?

• Biz mertligi şu günki imandaşlarymyzdan nädip öwrenip bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş