Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb20 Sentýabr sah. 7
  • Wagtyňyzy hem güýjüňizi gaýgyrmaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wagtyňyzy hem güýjüňizi gaýgyrmaň
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
  • Meňzeş maglumat
  • Guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşmak
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2022
  • Patyşalyk Zallaryny gurmak — Hudaýa gulluk etmek
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Ýehowany şöhratlandyrýan gurluşyk işleri
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
mwb20 Sentýabr sah. 7

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Wagtyňyzy hem güýjüňizi gaýgyrmaň

Dogan ýylgyryp, gurluşyk işinde zähmet çekýär.

Işaýa pygamberiň aýdyşy ýaly, Ýehowanyň guramasynyň ýerdäki böleginiň görlüp-eşidilmedik derejede öňe gidýändigini gözümiz bilen görýäris (Işa 54:2). Guramamyz günsaýyn ösýär, şol sebäpli täze Ýygnak jaýlary, Kongresler köşkleri we Beýtel jaýlary gerek bolýar. Şeýle binalar gurlandan soň hem gowy ýagdaýda saklamak üçin bejeriş işleri geçirilip durulýar, käbirlerini bolsa täzeden dikeltmeli bolýar. Biz gurluşyk işlerine gatnaşsak, Ýehowa üçin wagtymyzy hem güýjümizi gaýgyrmaýandygymyzy görkezeris.

  • Ýygnak jaýyny arassalamaga kömek edip bileris

  • Ýygnak jaýynyň bejeriş işlerini öwredýän sapaklara gatnaşyp bileris

  • Biz käte uzak ýerlerdäki ýa-da öýümiziň golaýyndaky gurluşyk işlerine gatnaşmak üçin arza ýazyp bileris. Biz ýerli meýletin gurluşykçy ýa-da wagtlaýyn gurluşykçy bolmak baradaky arzany (DC-50) dolduryp bileris

  • Biz Beýtelde we oňa degişli başga ýerlerde alnyp barylýan gurluşyk işine bir hepdelik ýa-da ondan köpräk gatnaşmak islesek, onda meýletinçiler üçin (A-19) arzany dolduryp bileris.

«TÄZE GURLUŞYK IŞI ÝOLA GOÝULDY» DIÝEN WIDEODAN BIR PARÇANY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • 2014-nji ýyldan bäri guramamyzyň çykarýan wideolary nähili ulanylýar?

  • Wideolary has köp çykarmak üçin nähili iş ýola goýulýar? Ol haçan başlanar we tamamlanar?

  • Şol gurluşyk işine meýletinçiler nähili kömek berip bilerler?

  • Biz Ramapodaky (Nýu-Ýork) gurluşyk işine gatnaşmak islesek, ýerli meýletin gurluşykçy ýa-da wagtlaýyn gurluşykçy bolmak baradaky arzany (DC-50) näme üçin doldurmaly?

  • Şol gurluşyk işine Ýehowanyň ýolbaşçylyk edýändigine näme üçin ynanýarys?

  • Gurluşyk işine gatnaşmaga mümkinçiligimiz bolmasa-da, ony nädip goldap bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş