Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 1/11 sah. 3—6
  • Maşgalalar üçin berlen sowgat

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maşgalalar üçin berlen sowgat
  • Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Siz maşgala okuwyny gyzykly geçirip bilermisiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Mesihçi maşgalalar, «taýýar boluň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Maşgala okuwy näme üçin geçirilýär?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
  • Näme üçin Mukaddes Ýazgylaryň şahsy we maşgala okuwyny geçirmek wajyp
    Hudaýa gullugymyz — 2008
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2011
km 1/11 sah. 3—6

Maşgalalar üçin berlen sowgat

1. Sabat güni gadymy ysraýylly maşgalalaryna nähili mümkinçilik berýärdi?

1 Sabat güni Ýehowanyň maşgalalar üçin beren ajaýyp çäresidi. Şol gün ysraýyllylar her günki işinden dynç alyp, Ýehowanyň edýän ýagşylygy we Onuň bilen aragatnaşygy hakynda oýlanýardylar. Ata-eneleriň çagalaryna Hudaýyň kanunyny öwretmäge mümkinçiligi bolýardy (Kan. tag. 6:6, 7). Sabat güni Ýehowanyň halkyna her hepde ünsüni ruhy zatlara gönükdirmäge ýardam edýärdi.

2. Sabat güni Ýehowa hakynda nämäni görkezýär?

2 Elbetde, Ýehowa indi maşgalalardan Sabat gününi bellemegi talap etmeýär. Ýöne bu kanun bize Hudaýyň hemişe öz gullukçylarynyň ruhy ýagdaýy bilen içgin gyzyklanandygyny aýan edýär (Iş. 48:17, 18). Şu günler hem Ýehowa maşgala okuwy arkaly aladamyzy edýändigini görkezýär.

3. Maşgala okuwy näme maksat bilen geçirilýär?

3 Maşgala okuwy näme maksat bilen geçirilýär? 2009-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap kitap öwrenilýän duşuşygy, teokratik gulluk mekdebi we gulluk duşuşygy bile geçirilip başlanyldy. Bu özgerişligiň esasy maksady her hepde maşgala okuwyny geçirip, maşgalalaryň Ýehowa bilen aragatnaşygyny berkitmekdi. Ähli maşgalalar kitap öwrenilýän duşuşygynyň ýerine, mümkin boldugyndan maşgala okuwyny geçirmäge höweslendirildi hem-de Mukaddes Ýazgylar esasynda gyssanman söhbetdeş bolup, ony maşgalanyň zerurlygyna görä geçirmäge çagyryldy.

4. Maşgala okuwyna hökman bir sagat sarp etmelimi? Düşündiriň.

4 Kitap öwrenilýän duşuşygyna barmak üçin, bize geýinmäge, ýola we başga-da käbir zatlara wagt gerek bolýardy. Şol duşuşyga baryp gaýtmak üçin, köpümiziň bir sagatdan hem köp wagtymyz gidýärdi. Duşuşyklaryň tertibi üýtgedilenden soň, şol wagtymyzy maşgala okuwyna sarp edip bilýäris. Diýmek, maşgala okuwyna bir sagatdan hem köp wagt bagyş etse bolýar. Maşgala okuwynyň näçe wagt dowam etmelidigini kesgitlemek üçin, maşgalamyzyň zerurlyklaryny we kynçylyklaryny göz öňüne tutmaly.

5. Maşgala okuwyny durşuna söhbetdeşlikde geçirmek hökmanmy? Düşündiriň.

5 Maşgala okuwyny durşuna söhbetdeşlikde geçirmek hökmanmy? Çagaly we çagasyz maşgalalar Mukaddes Ýazgylar esasynda söhbetdeş bolanda, biri-birni ruhlandyrýarlar (Rim. 1:12). Şeýdip, maşgala has agzybir bolýar. Şonuň üçin, maşgala okuwynda esasan Hudaýyň Sözüni öwrenmeli. Ýöne maşgalanyň her agzasy şahsy okuwyny hem geçirmeli. Meselem, edilen söhbetdeşlikden soň, maşgala agzalary bile galyp, her kim aýratynlykda ýygnak duşuşyklaryna taýýarlansa ýa-da žurnallary okasa bolýar. Käbir maşgalalar şol agşam telewizoryny asla işletmeýär.

6. Söhbetdeşligi nädip geçirse bolýar?

6 Söhbetdeşligi nädip geçirse bolar? Söhbetdeşligi hemişe sorag-jogap görnüşinde geçirmek hökman däl. Maşgala okuwyny gyzykly we täsirli geçirmek üçin, maşgalalaryň köpüsi ony ýygnak duşuşyklary ýaly geçirýär. Olar ony birnäçe bölüme bölüp, her dürli görnüşde geçirýärler. Mysal üçin, olar bile Mukaddes Ýazgylary okaýar, ýygnak duşuşyklaryň käbir bölümine taýýarlanýar we wagyzda ulanar ýaly sahna gurnaýar. Bu hakynda 6-njy sahypada käbir maslahatlar berilýär.

7. Ata-eneler maşgala okuwyny nähili äheňde geçirmeli?

7 Ata-eneler maşgala okuwyny nähili äheňde geçirmeli? Maşgala okuwyny asuda we mähirli äheňde geçirseň, seniň maşgalaň has gowy öwrener. Howa gowy bolsa, okuwy kämahal açyk howada geçirse bolar. Gerek wagty arakesme hem et. Käbir maşgalalar söhbetdeşlikden soň az-owlak garbanýarlar. Ata-eneler maşgala okuwynda çagalaryna käýäp, temmi bermese-de, olaryň käbir nädogry hereketine ýa-da kynçylyklaryna aýratyn üns bermeli. Ýöne çaganyň käbir şahsy meselelerini jigi-doganlaryndan utandyrmaz ýaly, ýekelikde ara alyp maslahatlaşylsa gowy bolar. Maşgala okuwy ýürekgysdyryjy geçmän, sežde edýän Hudaýymyzyň bagtlydygyny görkezmeli (1 Tim. 1:11).

8, 9. Maşgalabaşy maşgala okuwyna nädip taýýarlyk görmeli?

8 Maşgalabaşy nädip taýýarlansa bolar? Maşgalabaşy maşgala okuwynda näme hakda we ony nädip geçmelidigine öňünden taýýarlansa, bu has peýdaly bolar (Sül. tym. 21:5). Ol bu babatynda aýaly bilen maslahatlaşmaly (Sül. tym. 15:22). Atalar, siz kämahal näme geçmelidigi hakynda çagalaryňyzdan hem sorap bilerisiňiz. Şeýtseňiz, olary nämäniň gyzyklandyrýandygyna we nähili kynçylyklarynyň bardygyna bilersiňiz.

9 Maşgalabaşy her hepde maşgal okuwyna taýýarlyk görende, oňa çenden aşa köp wagt sarp etmeli däl. Belki-de, maşgala agzalary ony belli bir görnüşde geçmek isleýändir, şonuň üçin her gezek täze programma düzmegiň geregi hem bolmaz. Maşgalabaşy indiki maşgala okuwyna onuň yzyýany, ýagny maşgalanyň zerurlyklary ýadynda wagty taýýarlansa gowy bolar. Käbirleri maşgala okuwynyň gysgaça tertipnamasyny ýazyp, ony hemmeleriň görüp biljek ýerine, meselem, holodilnigiň gapysyna berkidýärler. Bu maşgala agzalaryny gyzyklandyrar we olar oňa taýýarlyk görmäge ýetişip biler.

10. Maşgalada Ýehowa ýeke gulluk edýän wagyzçylar näme etse bolýar?

10 Maşgalada Ýehowa ýeke gulluk edýän bolsam näme etmeli? Ýehowa ýeke gulluk edýänler maşgala okuwynyň ýerine şahsy okuwyny geçirse bolar. Gowy geçirilen şahsy okuwy Mukaddes Ýazgylary okamagy, ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmagy, «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryny öwrenmegi öz içine alýar. Käbir wagyzçylar şahsy okuwynda goşmaça barlag geçirýärler. Kämahal Ýazgylar esasynda ruhlandyryjy gürrüňdeşlik gurmak üçin başga wagyzçylary ýa-da maşgalany çagyrsa bolar.

11, 12. Yzygiderli maşgala okuwy nähili bereketler berýär?

11 Maşgala okuwyny yzygiderli geçirmegiň peýdasy. Ýehowa ýürekden sežde edýänler Oňa has ýakynlaşýar. Şeýle-de maşgala bolup bilelikde sežde edende, maşgala gatnaşyklary berkeýär. Bir är-aýal maşgala okuwyň beren peýdasy hakynda şeýle diýýär: «Çagasyz maşgala hökmünde, biz maşgala okuwyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Biz biri-birimize we gökdäki Atamyza has ýakynlaşýandygymyzy duýýarys. Maşgala okuwyny geçirmeli günümiz ertir bilen oýananymyzdan: «Şu gün näme bolmalydygyny bilýärmiň? Maşgala okuwy!» diýýäris».

12 Ýygnak duşuşyklaryň tertipnamasynda maşgala okuwy üçin edilen özgerişler wagt tapmasy kyn bolýan maşgalalara hem kömek edýär. Iki ogluny ýeke terbiýeleýän pioner uýa şeýle ýazýar: «Öň biziň maşgala okuwymyz gowy geçmeýärdi. Ýadawlygym sebäpli, ol ne yzygider, ne-de manyly bolýardy. Men ony geçirmek üçin nädip wagt tapjagymy bilmeýärdim. Şonuň üçin, maşgala okuwyny geçirer ýaly wagt bereniňize men köp minnetdarlyk aýdýaryn. Biz indi maşgala okuwyny yzygiderli geçirip, bereketler alýarys».

13. Maşgala okuwynyň berjek bereketleri nämä bagly?

13 Maşgala okuwy hem Sabat güni ýaly, gökdäki Atamyzyň maşgalalar üçin beren sowgadydyr (Ýakup 1:17). Ysraýylly maşgalalar Sabat gününi dogry ulananda, olaryň ruhy taýdan ösüşine täsir edýärdi. Şonuň ýaly-da, biziň maşgalamyzyň nähili bereketler aljakdygy, maşgala okuwy üçin berlen wagty nähili ulanjagymyza bagly (2 Kor. 9:6; Gal. 6:7, 8; Kol. 3:23, 24). Maşgala okuwy üçin berlen wagty dogry ulansaň, seniň maşgalaň mezmurçy ýaly: «Maňa bolsa Hudaýa ýakynlaşmak gowudyr... Men Reb Hudaýy özüme pena edindim» diýip biler (Zeb. 73:28).

[5 sahypadaky surat]

Maşgala okuwy ýürekgysdyryjy geçmän, sežde edýän Hudaýymyzyň bagtlydygyny görkezmeli

[6 sahypadaky surat]

SAKLAMALY

Maşgala okuwy üçin käbir maslahatlar

Mukaddes Ýazgylar:

• Mukaddes Ýazgylardan her hepde okamaly parçalary bile okaň. Eger okalýan waka hekaýa görnüşinde bolsa, biriňiz hekaýany gürrüň berýäniň sözlerini, başgalar ondaky adamlaryň sözlerini okap biler.

• Mukaddes Ýazgylardaky wakanyň bir bölegini sahnalaşdyryň.

• Maşgalaň her agzasyna Mukaddes Ýazgylardaky adamlar hakynda okamagy we okan wakasyna degişli birki sorag tapmagy öňünden ýumuş ber. Soňra şol soraglaryň jogabyny bilelikde gözläň.

• Her hepde Mukaddes Ýazgylardan täze ýazylyp alnan aýatly kartlar taýýarlap, olary ýatda saklamaga synanyş we ony düşündir. Kartlary ýygnap, her hepde olary gaýtala we Ýazgylardan näçe aýat bilýändigiňi barla.

• Mukaddes Ýazgylaryň ýazgysyny diňläp, ony kitapdan yzarla.

Ýygnak duşuşyklary:

• Ýygnak duşuşyklaryna bile taýýarlanyň.

• Geljek hepde aýdyljak Patyşalyk aýdymlaryny aýdyp, taýýarlyk görüň.

• Maşgalada biri Teokratik gulluk mekdebinde doklad (nutk) ýa-da Gulluk duşuşygynda sahna bilen çykyş etmeli bolsa, ony nädip ýerine ýetirmelidigini ara alyp maslahatlaşyň ýa-da maşgalanyň öňünde çykyş ediň.

Maşgalanyň zerurlyklary:

• «Ýaşlaryň sowallary» (rus.) ýa-da «Beýik Mugallymdan öwren» (rus.) atly kitaplardaky maglumata serediň.

• Mekdepde ýüze çykaýjak kyn ýagdaýlarda näme edip bolýandygyny sahnalaşdyryň.

• Ata-eneler çagalary bilen ornuny çalyşsyn. Çagalar bir tema esasynda ata-enesi bilen pikir alyşsyn.

Wagyzda:

• Wagyzda ediljek hödürleri sahnalaşdyryň.

• Maşgalaňyzyň Ýatlama agşamy döwründe ýa-da işden rugsat günleri wagza köpräk gatnaşmak üçin goýup biljek paýhasly maksatlary hakynda gürrüňdeş boluň.

• Wagyzda adamyň beräýjek kyn soraglaryna jogap berip biler ýaly maşgala agzalaryň her birine birki minut wagt ber-de, ony sahnalaşdyr.

Goşmaça maslahatlar:

• Täze žurnallardaky makalalary bile okaň.

• Maşgalanyň her agzasyny täze žurnallardan olary gyzyklandyrýan makalalaryny okamaga we ol hakynda gürrüň bermäge höweslendir.

• Maşgala okuwyna kämahal başga-da wagyzçyny ýa-da är-aýaly çagyryp, olardan wagyzda bolan wakalary ýa-da hakykaty nädip eşidendigini sorasa bolar.

• Guramanyň çykaran wideofilmini görüp, ol hakynda söhbetdeşlik gurna.

• «Oýanyň!» žurnalynyň «Ýaşlaryň sowallary» ýa-da «Maşgalalar üçin geçilenleri gaýtalamak» atly makalalary bilelikde ara alyp maslahatlaşyň.

• «Garawul diňi» žurnalynyň «Çagalaryňyza öwrediň» ýa-da «Ýaşlar üçin» atly makalalary bilelikde ara alyp maslahatlaşyň.

• «Ýyllyk kitabyny» ýa-da welaýat kongresinde çykan edebiýaty okap, söhbetdeş boluň.

• Kongresden soň, ondaky pikirleri ara alyp maslahatlaşyň.

• Ýehowanyň ýaradan zatlaryna üns berip, olardan Hudaý barada näme öwrenýändigiňizi gürrüň ediň.

• Maşgala bolup, bir zadyň nusgasyny ýasaň, ýurtlaryň kartasyny ýa-da tablisany öwreniň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş