-
Patyşa ruhanylaryň adamzada berýän berekediGarawul diňi — 2012 | 15 ýanwar
-
-
1. Näme üçin «Rebbiň naharyna» Ýatlama agşamy hem diýilýär we ol näme maksat bilen bellenilýär?
BIZIŇ ERAMYZYŇ 33 ýylynyň 14-nji nisanynda agşam Isa 12 resuly bilen iň soňky gezek Pasha baýramyny belledi. Isa haýynlyk eden Iuda Iskarioty iberenden soň, «Rebbiň nahary» diýen täze baýramçylygy girizýär (1 Kor. 11:20). Isa iki sapar: «Muny meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi. Bu baýramçylyk bize Isanyň eden işlerini, esasanam, biziň üçin janyny gurban edendigini ýatladýar (1 Kor. 11:24, 25). Bütin dünýäde Ýehowanyň Güwäçileri bu tabşyryga gulak asyp, her ýyl Ýatlama agşamyny belleýärler. 2012-nji ýylda ýewreýleriň kalendary boýunça 14-nji nisanda, ýagny 5-nji aprelde, sişenbe güni gün batandan soň Ýatlama agşamy belleniler.
2. Isa çörek we şerap barada näme diýdi?
2 Isanyň şol gün aýdan sözlerini şägirdi Luka iki aýatda şeýle jemledi: «Çöregi aldy-da, şükür etdi, ony döwüp, şägirtlere berip: «Bu Meniň siziň üçin berlen bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi. Şonuň ýaly, agşamlyk naharyndan soň hem, bir käsäni alyp, şeýle diýdi: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülen ganym» (Luka 22:19, 20). Resullar Isanyň aýdan sözlerine nähili düşündi?
3. Isanyň çörek we gan barada aýdan sözlerine şägirtleri nähili düşündiler?
3 Resullar Iýerusalimdäki ybadathanada ruhanylaryň mal gurbanlaryny berýändigini bilýärdi. Şol gurbanlar Ýehowany razy etmek we günäleriň ötülmegi üçin berilýärdi (Lew. 1:4; 22:17—29). Şol sebäpli Isa bedenimi siziň üçin berýärin, ganymy siziň üçin dökýärin diýende, resullar onuň kämil janyny gurban berjekdigine düşünýärdi. Onuň gurbany mal gurbanlaryndan has gymmatlydy.
-
-
Maşgala agzalary aýry dine uýsalar-da, bagtly bolup bolýarGarawul diňi — 2012 | 15 fewral
-
-
Maşgala agzalary aýry dine uýsalar-da, bagtly bolup bolýar
«Sen (ýanýoldaşyňy) halas edip-etmejegiňi nireden bilýärsiň?» (1 KOR. 7:16).
1. Hoş habary biri kabul etse, onuň maşgalasyna nähili täsir edýär?
BIR gezek Isa öz resullaryna: «Barýarkaňyz Gökleriň Patyşalygynyň golaýdygyny wagyz ediň» diýdi (Mat. 10:1, 7). Bu hoş habary minnetdarlyk bilen kabul eden adamlar parahat we bagtly bolmalydylar. Ýöne Isa Patyşalyk baradaky wagyz işine köpleriň garşy çykjakdygyny resullaryna duýdurdy (Mat. 10:16—23). Esasanam, maşgala agzalaryň garşy bolsa, has hem agyr degýär (Matta 10:34—36-njy aýatlary okaň).
2. Näme üçin aýry dine uýýan maşgalada hem mesihçi bagtly bolup biler?
2 Bu aýry dine uýýan maşgalada mesihçiniň bagtly bolup bilmejekdigini aňladýarmy? Elbetde, ýok! Mesihçileriň hemmesi maşgalada zalym garşylyga duş gelmeýär. Onsoňam, şeýle garşylyk hemişe bolup durmaýar. Nähili ýagdaý bolaýanda-da, maşgala agzalarynyň garşylygyna ýa-da olaryň hakykata biperwaý garaýşyna dogry garasak, bagtly bolup bileris. Şeýle-de Ýehowa wepaly adamlara pata berýär we kynçylyklara garamazdan, şadyýan bolmaga kömek edýär. Mesihçi 1) öýde parahatçylygy saklamaga jan etse, 2) maşgala agzalaryna hakykaty kabul etmäge ýürekden kömek etse, bagtly bolup biler.
ÖÝDE PARAHATÇYLYGY SAKLAMAGA JAN EDIŇ
3. Maşgalada parahatlyk bolar ýaly, mesihçi näme üçin jan etmeli?
3 Maşgalada dogrulyk tohumy miwe berer ýaly, öýde parahatlyk bolmaly (Ýakup 3:18-i okaň). Hatda maşgala agzalary Ýehowa sežde etmeseler-de, öýde parahatlyk bolar ýaly, mesihçi ýürekden jan etmeli. Nädip?
4. Mesihçiler nädip kalbynda rahatlyk duýup biler?
4 Mesihçiler kalbynda rahatlygy saklamaly. Hiç zat bilen deňäp bolmaýan «Hudaýyň parahatçylygyny» dilemesek, kalbymyzda rahatlygy saklap bilmeris (Flp. 4:6, 7). Mundan başga-da, Ýehowa barada bilim almak we Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermek, parahatlyk berýär hem-de bagtly edýär (Iş. 54:13). Şeýle-de parahat we bagtly ýaşamak üçin, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaly we yhlasly wagyz etmeli. Aýry dine uýýan maşgalada ýaşasaň-da, wajyp işlere gatnaşmaga wagt tapsa bolýar. Ýanýoldaşy güýçli garşylyk görkezen, Enzanyňa mysalyna seredeliň. Ol öýünde hemme işlerini edenden soňra wagyz edýärdi. Enza şeýle gürrüň berýär: «Men her gezek adamlara hoş habary wagyz edenimde, Ýehowa bol bereket berýär». Şeýle bereketler Enzanyň kalbyna rahatlyk, kanagat we şatlyk berýär.
5. Mesihçiler aýry dine uýýan maşgalada köplenç nähili kynçylyga uçraýar we olara näme kömek eder?
5 Biz iman etmeýän maşgala agzalarymyz bilen agzybir ýaşamak üçin tagalla etmeli. Eger olar Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gelýän zady etdirmek isleseler, agzybirligi saklamak kyn bolýar. Biziň berk ynamymyz käbir maşgala agzalarymyzy gynandyrmagy mümkin. Emma biz Hudaýyň prinsiplerini bozmasak, wagtyň geçmegi bilen maşgalamyzda agzybirlik bolar. Elbetde, Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri bozulmadyk ýagdaýynda, eglişik etsek, onda gerekmejek düşünişmezlikden gaça durarys (Süleýmanyň tymsallary 16:7-ni okaň). Kynçylyklara uçranymyzda, sadyk we akylly hyzmatkäriň edebiýatlarynyň we ýaşulularyň maslahatlaryna eýermeli (Sül. tym. 11:14).
6, 7. a) Ýehowanyň Güwäçileri bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlanda, näme üçin käbir maşgala agzalary garşy bolýar? b) Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam ýa-da mesihçi maşgalasynyň garşylygyna nähili garamaly?
6 Öýde parahatlygy saklamak üçin jan edenimizde, Ýehowa bil baglamaly we maşgala agzalarymyzyň duýgularyna düşünmeli (Sül. tym. 16:20). Hatda Mukaddes Ýazgylary ýaňy öwrenip başlanlar hem muňa düşünmeli. Käbir är-aýallar ýanýoldaşynyň Mukaddes Ýazgylary öwrenmegine garşy bolaýar. Olar hatda munuň maşgala üçin peýdaly boljagyny hem bilýärler. Emma käbirleri zalymlyk bilen garşy bolýarlar. Ester uýa ýanýoldaşy mesihçiler bilen Mukaddes Ýazgylary okap başlanda, gahar-gazaba münendigini gürrüň berýär. Ester şeýle diýýär: «Men onuň edebiýatlaryny zyňýardym we ýakýardym». Aýaly Mukaddes Ýazgylary öwrenende, ilki başda garşy bolan Howard şeýle diýýär: «Köp ärler aýallaryny sekta çekýändirler öýdüp gorkýarlar. Şeýle howply ýagdaýda, olar näme etjegini bilmän, özüni zalym alyp barmagy mümkin».
7 Biz Mukaddes Ýazgylary öwrenýäniň ýanýoldaşy garşy bolanda, oňa okuwyny goýmaly däldigine düşünmäge kömek etmeli. Ýanýoldaşyň bilen özüňi ýumşak alyp baranyňda we oňa çuňňur hormat goýanyňda köplenç ýagdaý gowulanýar (1 Pet. 3:15). Howard şeýle diýýär: «Men aýalymyň özüne erk edip, rahat alyp barandygyna begenipdim!». Aýaly şeýle diýýär: «Howard meniň Mukaddes Ýazgylar okuwymy taşlamagymy talap etdi. Ol mesihçiler meni aldaýarlar öýdýärdi. Men onuň bilen jeddeleşmän, mümkin sen dogry pikir edýänsiň, ýöne men aldanýandyryn öýdemok diýip, oňa öz öwrenýän kitabymy okamaga berdim. Ol kitaby okap, ýazylan zatlar bilen ylalaşdy. Bu oňa örän gowy täsir etdi». Mesihçi ýygnaga ýa-da wagza gidende, ýanýoldaşynyň özüni taşlanan ýaly duýýandygyny we gorkýandygyny unutmaly däl. Emma ýanýoldaşyňa söýgiňi bildirseň, ol biynjalyk bolmaz.
OLARA HAKYKATY KABUL ETMÄGE KÖMEK EDIŇ
8. Pawlus resul iman etmeýän ýanýoldaşy bolan mesihçilere nähili maslahat berdi?
8 Pawlus resul mesihçilere ýanýoldaşynyň ýöne bir iman etmeýändigi üçin aýrylyşmagy maslahat bermedib (1 Korintoslylar 7:12—16-njy aýatlary okaň). Mesihçi iman etmeýän ýanýoldaşynyň hakykaty kabul etjekdigine umyt etse, bu oňa aýry dine uýýan maşgalada-da, şatlygyny ýitirmezlige kömek eder. Emma hakykat ýanýoldaşynyň ýüregine ýeter ýaly seresap bolmaly. Muny indiki mysallardan görse bolýar.
9. Iman etmeýän maşgala agzalaryna hakykaty gürrüň bereniňde, nämäni unutmaly däl?
9 Mukaddes Ýazgylar okuwynda täze öwrenen zatlaryny uly höwes bilen kabul edendigini ýatlap, Jeýson şeýle gürrüň berýär: «Meniň hemmelere bu barada aýdasym gelýärdi!». Öwrenýän adam hakykaty tapandygyna düşünende, ol muny şatlyk bilen durman gürrüň berýär. Belki, ol maşgalasynyň iman etmeýän agzalary hoş habary kabul eder öýdýär, ýöne bu başgaça bolup çykýar. Jeýsonyň hakykaty hyjuw bilen kabul edişi aýalyna nähili täsir etdikä? Aýaly: «Men, indi Jeýson hiç haçan wagyz etmegi bes etmez öýtdüm» diýýär. Ärinden soň 18 ýyldan hakykaty kabul eden bir aýal şeýle diýýär: «Men kem-kemden hemme zady aýyl-saýyl edýänçäm, wagt gerek boldy». Eger-de siz ýanýoldaşy hakykaty kabul etmek islemeýän biri bilen sapak geçýän bolsaňyz, onda oňa hoş habary ýanýoldaşyna sypaýyçylyk bilen aýtmagy düşündirseňiz gowy bolmazmy? Musa pygamber: «Taglymatym ýagyş deý ýagsyn, sözlerim çyg deý düşsün. Ýagsyn ot üstüne çisňeýän ýagmyr deý!» diýdi (Kan. tag. 32:2). Köplenç gerekli wagtda aýdylan az söz hem kän sözlemekden güýçli täsir edýär.
10—12. a) Petrus resul iman etmeýän ýanýoldaşy bolan mesihçilere nähili maslahat berdi? b) Bir aýala 1 Petrus 3:1, 2-däki maslahata eýermäge näme kömek etdi?
10 Petrus resul iman etmeýän ýanýoldaşy bolan mesihçi aýallara şeýle maslahat berdi: «Öz äriňize tabyn boluň. Şeýdip, eger käbirleri Hudaýyň sözüne boýun bolmaýan bolsa, siziň gorky içindäki päk edim-gylymyňyzy görüp, öz hatynynyň ýaşaýşy arkaly gürrüňsiz Mesihe gazanylsyn» (1 Pet. 3:1, 2). Hatda äri zalymlyk etse-de, aýaly kiçigöwünlilik bilen oňa çuňňur hormat goýsa, ol hakykaty kabul etmegi mümkin. Şonuň ýaly mesihçi dogan hem, iman etmeýän aýalynyň garşylygyna garamazdan, Hudaýyň isleýşi ýaly, mähirli maşgalabaşy hökmünde özüni alyp barmaly (1 Pet. 3:7—9).
11 Şu günler Petrusyň maslahatynyň peýdaladygy birnäçe mysallardan görünýär. Meselem, Selmanyň mysalyna sereliň. Haçanda ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlanda, bu adamsyna ýaramady. Ýanýoldaşy: «Men gaharlanýardym, gabanýardym we biynjalyk bolýardym» diýýär. Selma bolsa: «Men hakykaty bilmänkäm, Stiw bilen ýaşaşan günlerimi it görse, gözi agarar. Ol örän gaharjaňdy. Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlanymda, günüm öňküdenem beter boldy» diýýär. Selma näme kömek etdi?
12 Selma özi bilen sapak geçen uýanyň beren maslahatyny ýatlaýar: «Bir gezek men sapagymy goýjak boldum. Sebäbi bir gün öňünçä men bir zady düşündirjek bolanymda, Stiw meni urdy. Şonda meniň agym tutup, özüme haýpym geldi. Uýamyza bolan zady we duýgularym barada gürrüň berenimden soň, ol maňa 1 Korintoslylar 13:4—7-nji aýatlary okamagy haýyş etdi. Aýatlary okap, men: «Stiw meni hiç haçan beýle söýmändi» diýip, oýlandym. Emma uýamyz maňa bu ýagdaýa başgaça seretmäge kömek etdi. Ol: «Sen äriňe şeýle söýgüni bildirýärmiň?» diýdi. Men: «Ýok, onuň bilen ýaşamak kyn ahyryn» diýdim. Şonda uýa maňa mähirlilik bilen şeýle diýdi: «Selma, kimiň mesihçi bolasy gelýär? Seniňmi ýa Stiwiň?». Şonda men öz pikirimi üýtgetmelidigime düşündüm we Stiwi has söýer ýaly, Ýehowa doga edip başladym. Ýuwaş-ýuwaşdan ýagdaý üýtgäp başlady». 17 ýyldan soň Stiw hakykaty kabul etdi.
IMANDAŞLAR NÄDIP KÖMEK EDIP BILER?
13, 14. Aýry dine uýýan maşgalada ýaşaýan mesihçilere imandaşlary nädip kömek edip biler?
13 Ownuk ýagyş damjasynyň ýeri suwaryp, ösümlikleriň ösmegine ýardam edişi ýaly, ýygnakdaky dogan-uýalar aýry dine uýýan maşgaladaky mesihçilere şatlygyny ýitirmez ýaly kömek edip biler. Braziliýaly Elwina atly bir uýa şeýle diýýär: «Maňa dogan-uýalaryň söýgüsi hakykatda berk durmaga kömek etdi».
14 Ýygnakdaky dogan-uýalaryň mähir bilen alada edişi maşgaladaky iman etmeýän adamyň ýüregine täsir edýär. Aýalyndan 13 ýyl soň hakykaty kabul eden Nigeriýaly bir dogan şeýle diýýär: «Bir dogan bilen barýarkak, onuň maşyny döwüldi. Ol golaýdaky obadan Ýehowanyň Güwäçilerini tapdy, olar bolsa bizi ýatyrymlaýyn myhman aldy. Olar bizi çagalykdan tanaýan ýaly, aladamyzy etdiler. Men şonda mesihçileriň söýgüsini duýdum. Aýalym bu barada hemişe gürrüň berýärdi». Ärinden 18 ýyl soň hakykaty kabul eden angliýaly bir aýal şeýle ýatlaýar: «Ýehowanyň Güwäçileri biziň ikimizi-de myhmançylyga çagyrýardylar. Olar meni güler ýüz bilen garşy alýardylar». Birnäçe wagtdan Ýehowanyň Güwäçisi bolan angliýaly bir adam bolsa, şeýle diýýär: «Dogan-uýalar biziňkä gelýärdiler ýa-da bizi myhmançylyga çagyrýardylar. Men şonda olaryň aladaçyl adamlardygyna düşündim. Men aýratynam, keselhanada ýatanymda, muňa göz ýetirdim. Olaryň köpüsi meni görmäge gelýärdiler». Siz hem imandaşlaryňyzyň iman etmeýän maşgala agzalarynyň aladasyny edip bilermisiňiz?
15, 16. Maşgala agzalary hakykaty kabul etmese-de, mesihçi nädip bagtly bolup biler?
15 Elbetde, mesihçi ençeme ýyl özüni göreldeli alyp baryp, gowy güwälik etse-de, ähli iman etmeýän är-aýallar, şeýle-de çagalar we ata-eneler, başga-da garyndaşlar hakykaty kabul etmeýärler. Käbirleri bolsa, hakykat bilen gyzyklanmaýar ýa-da zalymlyk bilen garşy bolýar (Mat. 10:35—37). Emma mesihçi Hudaýa ýaraýan häsiýetleri bildirse, bu örän gowy netije berer. Aýalyndan soň hakykaty kabul eden bir adam şeýle diýýär: «Mesihçi är ýa-da aýal gowy häsiýetleri bildirende, iman etmeýän ýanýoldaşynyň aňyna we ýüregine munuň nähili täsir edýändigini bilmeýär. Şol sebäpli, iman etmeýän ýanýoldaşyňyz babatda hiç-haçan umydyňyzy üzmäň».
16 Ýanýoldaşy hakykaty kabul etmese-de, mesihçi bagtly bolup biler. Bir uýa 21 ýyllap ýanýoldaşyna güwälik etmek üçin jan etse-de, ol hoş habary kabul etmeýär. Uýa şeýle diýýär: «Men Ýehowa wepaly bolup, oňa ýaranmaga we onuň bilen gatnaşygymy berkitmäge jan edip, şatlygymy ýitirmeýärin. Şeýle-de men şahsy okuwymy geçirýärin, ýygnaklara gatnaşýaryn, wagyz edýärin we imandaşlarymyň aladasyny edýärin. Bu maňa Ýehowa ýakynlaşmaga we wepaly bolmaga ýardam edýär» (Sül. tym. 4:23).
RUHDAN DÜŞMÄŇ!
17, 18. Mesihçi aýry dine uýýan maşgalada ýaşasa-da, näme üçin umydyny üzmeli däl?
17 Eger-de sen Hudaýa wepaly bolup, aýry dine uýýan maşgalada ýaşaýan bolsaň, ruhdan düşme. «Ýehowa öz beýik adynyň hatyrasyna halkyny terk etmeýändigini» unutma (1 Sam. 12:22). Sen Ýehowa ýapyşsaň, ol seniň bilen bolar (2 Taryhlar 15:2-ni okaň)c. Şol sebäpli, «Rebde keýplen... ýoluňy Ýehowa tabşyr, Oňa bil bagla» (Zeb. 37:4, 5). Söýgüden doly Ýehowa atamyzyň ähli kynçylyklara döz gelmäge kömek etjekdigine ynanyň we «dogada erjellik ediň» (Rim. 12:12).
18 Öýüňde parahatlyk bolar ýaly, Ýehowadan mukaddes ruhy dile (Ýew. 12:14). Mümkin, wagtyň geçmegi bilen, edýän tagallalaryň bilen iman etmeýän maşgala agzalaryň ýüregine täsir edip bilersiň. Sen «baryny Hudaýyň şöhraty üçin» edip, kalbyňda rahatlyk duýarsyň (1 Kor. 10:31). Sen ýygnakdaky dogan-uýalaryň söýýändigine we goldajakdygyna ynanyp bilersiň!
a Atlary üýtgedilen.
b Pawlusyň maslahaty aýratyn ýagdaýlarda aýry ýaşamagy gadagan etmeýär. Bu meselä çynlakaý garap, özüň çözmeli. «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» kitabynyň 251—253-nji sahypalaryna serediň.
c 2 Taryhlar 15:2. «Ol Asanyň öňünden çykyp, şeýle diýdi: «Eý Asa, Ýahuda we Benýamin taýpalary, maňa gulak asyň! Siz Ýehowa bilen bolsaňyz, ol hem siziň bilen bolar. Eger ony gözleseňiz, ol özüni tapdyrar. Emma ony terk etseňiz, ol hem sizi terk eder».
[28-nji sahypadaky surat]
Dini garaýyşlaryňyzy düşündürmek üçin amatly wagt tapyň
[29-njy sahypadaky surat]
Iman etmeýän ýanýoldaşyňyzyň aladasyny ediň
-
-
Biri-biriňizi bagyşlaňGarawul diňi — 2012 | 15 noýabr
-
-
1, 2. Geçirimli bolmak barada näme üçin oýlanmaly?
MUKADDES ÝAZGYLARDA Ýehowanyň günä eden adamlara hem-de olaryň eden günäsine garaýşy gürrüň berilýär. Şeýle-de Hudaýyň geçirimlidigi barada aýdylýar. Geçen makalada biz Ýehowanyň näme üçin Dawudy we Manaşeni bagyşlandygyna seredipdik. Olar eden etmişini Ýehowanyň öňünde boýun alyp, köp ökündiler we soňra şol günäleri gaýtalamazlygy ýüregine düwdüler. Olar ýürekden toba edip, ýene-de Ýehowanyň razylygyny gazandylar.
2 Geliň, indi özümiz hem geçirimli bolmagy öwreneliň. Eger dogan-garyndaşlaryňdan biri Manaşe sebäpli aradan çykan bolsa, özüňi nähili duýardyň? Manaşeni bagyşlap bilerdiňmi? Bu örän ýerlikli soraglar, çünki biz zalym, rehimsiz hem nebsewür dünýäde ýaşaýarys. Biz näme üçin geçirimli bolmagy öwrenmeli? Eger saňa ýamanlyk eden bolsalar, onda saňa duýgularyňa erk edip, muňa Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaga we geçirimlilik etmäge näme kömek eder?
NÄME ÜÇIN GEÇIRIMLI BOLMALY?
3—5. a) Geçirimli bolmagyň ähmiýetini düşündirmek üçin Isa nähili mysal getirdi? b) Isanyň Matta 18:21—35-nji aýatlarda aýdan mysalyndan näme sapak edinýäris?
3 Biziň göwnümize degen mesihçi bolsa-da, bolmasa-da, biz hemişe bagyşlamaly. Şeýtsek, onda maşgala agzalarymyz, dost-ýarlarymyz, başga adamlar hem-de Ýehowa bilen agzybirligi saklarys. Mukaddes Ýazgylara laýyklykda, adamlar näçe sapar göwnümize degseler-de, olary bagyşlamak — her bir mesihçiniň borjy. Isa pygamber muny düşündirmek üçin bir bergidar hyzmatkär barada mysal getirýär.
-