Okyjylaryň sowallary
Harunyň ogullary Nadap bilen Abyhu ölenden soň, Musa olaryň dogany Elgazar bilen Itamara näme üçin gaharlanýar we onuň gahary nädip ýatyşýar? (Lew. 10:16—20).
Çadyrda ruhanylaryň etmeli borjy ýola goýlandan soň, Nadap bilen Abyhu Ýehowanyň huzuryna «mukaddes däl» ody eltýärler. Şol sebäpli-de, Ýehowa olary heläk edýär (Lew. 10:1, 2). Musa Harunyň ogullaryna ölen doganlarynyň ýasyny tutmazlygy buýurýar. Emma biraz wagtdan Musa Elgazar bilen Itamara gaharlanýar, sebäbi olar günä üçin gurban berlen erkejiň etinden iýmeýärler (Lew. 9:3). Näme üçin Musanyň olara gahary gelýär?
Ýehowanyň Musa beren kanunyna laýyklykda, günä gurbanlygyny hödür eden ruhany berlen gurbanyň bir bölegini Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýmelidi. Şonda gurban getiren adamlar günäden saplanýardy. Emma gurban berlen malyň gany Rebbe ýüz tutulýan çadyryň mukaddes otagyna eltilse, onuň eti iýilmän, otda ýakylmalydy (Lew. 6:24—26, 30).
Şol pajygaly gün Musa Ýehowanyň ähli buýruklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini isleýär. Günä gurbanlygy üçin berlen erkejiň gany Ýehowanyň huzuryna mukaddes otaga eltilmese-de, Elgazar bilen Itamar ony otda ýakýarlar. Musa muny bilip, olara gahary gelýär we olardan erkejiň etini näme üçin iýmändiklerini soraýar (Lew. 10:17, 18).
Oňa Harun jogap berýär, sebäbi Elgazar bilen Itamar Harunyň razylygy boýunça gurbanlygy otda ýakan bolmaly. Megerem, Harun iki oglunyň ölendigi sebäpli, beýleki ruhanylaryň gurban berlen eti päk ynsap bilen iýip bilmez diýip pikir edendir. Olar Nadap bilen Abyhu ýaly günä etmeseler-de, Harun şol gurbanyň eti iýilse, Ýehowa halamaz öýdendir (Lew. 10:19).
Harunyň ogullary ruhanylyk borjuny ilkinji sapar berjaý edýärdiler. Harun Ýehowany razy etmek üçin, ogullary ujypsyz zatlarada has dykgatly bolmaly diýip pikir edýärdi. Ýöne Nadap bilen Abyhu Ýehowanyň adyna ysnat getirip, Hudaýy gaharlandyrdylar. Harunyň iki ogly agyr günä etse-de, ol beýleki ogullarynyň hem mukaddes gurbandan iýmegini mynasyp gören däldir.
Dogany Harunyň beren jogaby Musanyň göwnüne ýaran bolmaly, sebäbi şol waka şeýle tamamlanýar: «Muny eşiden Musa onuň bilen razylaşdy» (Lew. 10:20). Harunyň beren jogaby Ýehowa hem ýaran bolmaly.