Siz adamlaryň ejizliklerine Ýehowa ýaly garaýarmysyňyz?
«Teniň ejiz görünýän agzalary has köp gereklidir». 1 KOR. 12:22
1, 2. Pawlus ejizlere näme üçin duýgudaşlyk bildirýärdi?
BIZIŇ ählimiz käte ejizleýäris. Dümewlemek ýa-da başga bir kesel sebäpli gündeki işleriňi etmek kyn bolýar. Aýdaly, siz birki hepde däl-de, birnäçe aýdan bäri ýaramaýarsyňyz. Şeýle ýagdaýda adamlar size duýgudaşlyk bildirseler minnetdar bolarsyňyz gerek?
2 Pawlus resul ejizligiň nämedigini gowy bilýärdi, çünki ol imandaşlary we başga adamlar tarapyndan köp kynçylyklar çekipdi. Hatda ol birnäçe gezek diri galmakdan umydyny hem üzüpdi (2 Kor. 1:8; 7:5). Şol sebäpli Pawlus resul: «Kim ejizläp, men ejizlemeýärin?» diýdi (2 Kor. 11:29). Ol mesihçiler ýygnagynyň agzalaryny ynsan bedeniniň agzalary bilen deňeşdirip, «teniň ejiz görünýän agzalarynyň has köp gereklidigini» aýtdy (1 Kor. 12:22). Ol nämäni göz öňünde tutdy? Biz ejizlere näme üçin Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaly? Munuň bize nähili peýdasy bar?
ÝEHOWA ADAMLARYŇ EJIZLIKLERINE NÄHILI GARAÝAR?
3. Kömege mätäç adamlara bolan garaýşymyza nämäniň täsir etmegi mümkin?
3 Bäsdeşlik etmäge iterýän dünýäde ýaşlar we güýçli adamlar öwlüp arşa çykarylýar. Şeýle garaýyş köp adamlara täsir edýär we olar ejizleriň üstünden gülýärler. Biz olaryň täsirine düşmejek bolsak-da, kömege mätäç adamlary görenimizde, hatda olar biziň imandaşlarymyz bolsa-da, olara nädogry garap başlamagymyz mümkin. Biz nädip Hudaýyň garaýşy ýaly garap bileris?
4, 5. a) Pawlusyň getiren mysaly Ýehowanyň ejiz adamlara bolan garaýşyna düşünmäge nädip kömek edýär? b) Ejizlere kömek etmegiň nähili peýdasy bar?
4 Geliň, Pawlusyň Korintoslylara ýazan birinji hatyndaky mysala seredeliň. Ol bize Ýehowanyň ejiz adamlara bolan garaýşyna düşünmäge kömek edýär. Pawlus 12-nji bapda ynsan bedeniniň hormatsyz görülýän, ýagny has ejiz agzalarynyň hem işleýändigini aýdýar (1 Korintoslylar 12:12, 18, 21—23-nji aýatlary okaň). Käbir ewolýusionistlere beden agzalarynyň aýratynlyklaryna düşünmek kyn bolýar. Emma alymlar adamyň bedenini çuňňur öwrenip, öň gerekmejek hasaplanylýan agzalarynyň örän möhüm işleri ýerine ýetirýändigini anykladylara. Meselem, olaryň käbiri aýagyň kiçijik barmagyny zerur däl hasaplaýardylar. Emma häzir olar bu barmagyň bütin bedene deňagramlylygy saklamaga kömek edýändigine göz ýetirdiler.
5 Pawlusyň getiren deňeşdirmesi mesihçiler ýygnagynyň ähli agzalarynyň wajypdygyny görkezýär. Şeýtan adamyň mertebesini peseldýär. Emma Ýehowa ähli gullukçylaryny, şol sanda ejiz görünýänleri-de «gerekli» hasaplaýar (Eýýup 4:18, 19). Diýmek, biz öz ýygnagymyzda we Hudaýyň bütin halkynyň arasynda özümizi gerekli duýup bileris. Siz gartaşan imandaşyňyza kömek bereniňizi ýadyňyza salyň. Bu siziň özüňize-de peýda getiren bolsa gerek? Hawa, mätäçlere ýardam edeniňde köp şatlyk tapýarsyň. Şeýle-de bu bize sabyrlylygy, söýgini artdyrmaga we ýetişen mesihçi bolmaga ýardam edýär (Efes. 4:15, 16). Ýehowa biziň biri-birimizi, hatda ejiz görünýänleri-de gymmat saýmagymyzy isleýär. Şeýle garaýyş bize dogan-uýalarymyzdan köp zada garaşmaly däldigine düşünmäge we ýygnakda söýginiň artmagyna ýardam edýär.
6. Pawlus «ejiz» we «güýçli» sözlerini näme üçin ulandy?
6 Pawlus ýygnagyň käbir agzalary barada gürrüň edende, «ejiz» we «ejizlik» sözlerini ulandy. Sebäbi Ýehowa iman etmeýän adamlar mesihçilere şeýle garaýardylar. Käte Pawlus özüni-de ejiz saýýardy (1 Kor. 1:26, 27; 2:3). Pawlus Korintoslylara ýazan hatynda «güýçli» mesihçileri hem agzady. Ýöne Pawlus olaryň beýleki mesihçilerden özlerini ýokary tutmalydygyny aýtmady (Rim. 15:1). Ol tejribeli mesihçileriň ruhy taýdan gowşaklara sabyrly bolmalydygyny ündedi.
BIZ GARAÝŞYMYZY ÜÝTGETMELIMI?
7. Bizi mätäçlere kömek etmekden näme saklap biler?
7 Biz «garyplara», ýagny ejizlere kömek edenimizde, diňe bir Ýehowanyň göreldesine eýermän, eýsem, onuň razylygyny hem gazanýarys (Zeb. 41:1; Efes. 5:1). Eger biz mätäçlere nädogry garaýyşda bolsak, olara kömek edip bilmeris. Ýa-da olara kömek etmek üçin näme diýmelidigini bilmesek, özümizi olardan çetde tutmagymyz mümkin. Sintiýab atly uýamyzy ýanýoldaşy taşlap gidýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Eger dogan-uýalar senden gaça dursalar ýa-da dostlarça saňa kömek etmeseler, bu gaty agyr degýän eken. Kynçylyga uçranyňda ýakyn adamlaryň ýanyňda bolmagyny isleýärsiň». Gartaşan Dawut patyşa-da terk edilmegiň nämedigine gowy düşünýärdi (Zeb. 31:12).
8. Kömege mätäçlere duýgudaşlyk bildirmäge näme kömek eder?
8 Eger biz käbir dogan-uýalarymyzyň ýarawsyzlygy, Ýehowa iman etmeýän maşgalada ýaşaýandygy ýa-da göwnüçökgünlige düşendigi sebäpli ejir çekip, ejizleýändigini unutmasak, olara duýgudaşlyk bildirip bileris. Elbetde, biziň hem şeýle ýagdaýlara düşmegimiz mümkin. Meselem, ysraýyllylar Müsürde köp ejir çekdiler. Emma Wada edilen diýara girmezden öňürti Ýehowa olara «doňýürek bolmazlygy» ündedi. Hawa, Ýehowa olaryň garyp we ejiz doganlaryna kömek etmeklerini isleýärdi (Kan. tag. 15:7, 11; Lew. 25:35—38).
9. Kynçylyga uçran adamlara, ilki bilen, nähili kömegi bermeli? Mysal getiriň.
9 Kynçylyga uçran adamlary günäkärlemegiň we olara şübheli garamagyň deregine, ruhy taýdan teselli bermäge çalyşmaly (Eýýup 33:6, 7; Mat. 7:1). Geliň, bir mysala seredeliň. Ýol heläkçiligine uçran sürüjini keselhana getirýärler. Lukmanlar onuň günäkärdigini ýa-da däldigini anyklajak bolarlarmy? Elbetde, ýok! Olar ýaralanan adama haýal etmän kömek edip başlaýarlar. Şonuň ýaly biz hem kynçylyklar sebäpli «ejizlän» imandaşymyza, ilki bilen, ruhy taýdan kömek etjek bolmaly (1 Selanikliler 5:14-i okaň).
10. Ejiz görünýän dogan-uýalar «imana baýdyklaryny» nädip görkezýärler?
10 Eger biz dogan-uýalarymyzyň ýagdaýlary barada oýlansak, olaryň «ejizliklerine» dogry garamagy öwreneris. Maşgala agzalary tarapyndan ençeme ýyldan bäri garşylyklara duş gelýän uýalar barada oýlanyp göreliň. Ähtimal, olaryň käbiri daşyndan sada we gowşak bolup görünýändir, emma olar imanda berk durup, çydamlylyk görkezmeýärlermi? Çagalaryny ýeke terbiýeleýän uýamyzyň ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gelýändigini göreniňizde, onuň imany we dogumlylygy sizi ruhlandyrmaýarmy? Ýa-da mekdepde deň-duşlarynyň erbet täsirine garamazdan, imanda berk durýan ýetginjekler barada hem oýlanyp görüň. Şeýle imandaşlarymyz, göräýmäge, ejiz görünse-de, olaryň beýleki dogan-uýalar ýaly «imana baýdygyna» göz ýetirip bileris (Ýakup 2:5).
ÝEHOWA ÝALY GARAŇ
11, 12. a) Adamyň ejizliklerine dogry garaýyşda bolmaga näme kömek eder? b) Ýehowa Haruny näme üçin bagyşlady we biz mundan näme öwrenýäris?
11 Biz Ýehowanyň käbir gullukçylaryna nähili garaýyşda bolandygyny bilsek, adamlaryň ejizliklerine dogry garamaga kömek eder (Zebur 130:3-i okaň). Aýdaly, siz Musanyň ýanynda durup, Harunyň altyn göläni näme üçin ýasandygyny gürrüň berşini diňleýärsiňiz. Şonda siz Haruna nähili garardyňyz? (Müs. çyk. 32:21—24). Ýa-da Harunyň öz aýal dogany Merýemiň täsirine düşüp, özge milletli aýala öýlenendigi üçin Musany ýazgarandygyna nähili garardyňyz? (San. 12:1, 2). Meribada gudrat bilen suw beren Ýehowany däl-de, özlerini şöhratlandyran Harun bilen Musa barada näme pikir ederdiňiz? (San. 20:10—13).
12 Şol wakalaryň hiç birinde-de Ýehowa Haruna temmi bermedi. Sebäbi ol Haruny agyr günä eden ýa-da erbet adam hasaplamady. Elbetde, Harun başgalaryň täsirine düşüp, dogry ýoldan sowuldy. Emma ol eden ýalňyşlyklaryna düşünende, Ýehowanyň çykaran hökümini ak ýürekden goldady (Müs. çyk. 32:26; San. 12:11; 20:23—27). Ýehowa Harunyň imanyny we ýürekden toba edýändigini görüp, ony bagyşlady. Mukaddes Ýazgylarda Harun we onuň nesilleri Ýehowanyň wepaly gullukçylary hökmünde agzalýar (Zeb. 115:10—12; 135:19, 20).
13. Biz ejizlere bolan garaýşymyzy nädip barlap bileris?
13 Biz Ýehowanyň garaýşyna eýermek üçin, ejizlere bolan garaýşymyzy barlamaly (1 Şam. 16:7). Meselem, ýetginjek doganymyzyň göwün açmak üçin oýlanyşyksyz ýa-da akylsyz hereket edendigine nähili gararsyňyz? Ony ýazgarman, gaýtam, ruhy taýdan ösmäge kömek edip bilermisiňiz? Eger biz mätäçlere kömek etmäge jan etsek, olaryň ýagdaýyna has gowy düşünip, söýgimizi artdyrarys.
14, 15. a) Ylýasyň gorka düşmegi Ýehowa nähili täsir etdi? b) Biz Ylýas bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?
14 Ýehowa göwnüçökgünlige düşen gullukçylaryna nähili garaýar? Geliň, onuň ruhdan düşen gullukçysy Ylýas bilen bolan waka seredeliň. Ol Bagalyň 450 sany pygamberini batyrgaýlyk bilen öldürýär. Emma Ylýas Izabeliň öldürjekdigini eşidende, janyny gutarmak üçin gaçyp gidýär. Ylýas Beýerşeba çenli 150 km aralygy pyýada ýöräp, soňra çölüň içi bilen gidýär. Günüň yssysyndan halys bolan pygamber bir agajyň aşagynda oturyp, «öz ölümini dileýär» (1 Pat. 18:19; 19:1—4).
Ýehowa Ylýasyň ýagdaýyny göz öňünde tutup, ony ruhlandyrmak üçin perişdesini ýollady (14, 15-nji abzaslara serediň)
15 Ýehowa wepaly pygamberiniň ruhdan düşendigini görüp, özüni nähili duýduka? Ol az wagtlyk göwnüçökgünlige we gorka düşen gullukçysyny ýazgardymy? Elbetde, ýok! Ýehowa Ylýasyň ýagdaýlarynyň çäklidigini göz öňünde tutup, onuň ýanyna perişdesini ýollady. Perişde Ylýas pygamberi iki gezek ruhlandyrdy we oňa iýere zat berdi. Sebäbi onuň ýöremeli ýoly «gaty uzakdy» (1 Patyşalar 19:5—8-nji aýatlary okaň)c. Hawa, Ýehowa pygamberine görkezme bermezden öň, ony diňledi we gerekli zatlary berip, aladasyny etdi.
16, 17. Biz Ýehowanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalaryň aladasyny nädip edip bileris?
16 Biz aladaçyl Hudaýymyzyň göreldesine nädip eýerip bileris? Biz dogan-uýalara maslahat bermäge howlukmaly däl (Sül. tym. 18:13). Biz özüni «hormatsyzrak» görýän imandaşlarymyza, ilki bilen, duýgudaşlyk bildirip, olary diňlemeli (1 Kor. 12:23). Şonda biz olara gerekli kömegi berip bileris.
17 Geliň, makalanyň başynda agzalan Sintiýa barada gürrüň edeliň. Ýanýoldaşy ony we iki gyzyny taşlap gidýär. Şonda olar özlerini gaty ýeke duýdular. Dogan-uýalar olara nädip kömek edýärler? Sintiýa şeýle diýýär: «Biz bolan wakany imandaşlarymyza telefon arkaly gürrüň berenimizde, olar 45 minutdan öýümize geldiler. Olar biziň bilen bile aglaşdylar we iki-üç gün ýanymyzda boldular. Biz wagtynda iýip-içmändigimiz we gaty ruhdan düşendigimiz sebäpli, olar bizi öz öýlerine alyp gitdiler hem-de aladamyzy etdiler». Bu waka Ýakup şägirdiň şu sözlerini ýadyňa salýar: «Bir erkek dogan ýa bir aýal dogan ýalaňaç, gündelik iýmite zarka, siziň biriňiz olara: „Asuda gidiň-de, ýylynyň, doýuň“ diýse, ýöne bedene gerekli zatlary bermeseňiz, näme peýdasy bar? Şeýle, iman-da amallary ýok bolsa, öz-özünden ölüdir» (Ýakup 2:15—17). Sintiýa we onuň gyzlary dogan-uýalaryň beren kömegine minnetdar boldular. Bu wakadan bary-ýogy alty aý geçenden soň, olar kömekçi pioner gullugyna başladylar (2 Kor. 12:10).
BU HEMMELERE PEÝDALY BOLAR
18, 19. a) Ejizlän dogan-uýalara nädip kömek etse bolar? b) Ejizlere kömek etmegiň nähili peýdasy bar?
18 Siz syrkawlykdan açylyp, soňra täzeden ysgyna gelmek üçin wagt gerek bolýandygyny bilýänsiňiz. Şonuň ýaly-da, agyr kynçylyklar sebäpli ejizlän imandaşlarymyza ruhy taýdan berkemek üçin wagt gerek. Elbetde, olaryň özleri şahsy okuwyny geçirip, doga edip we başga-da ruhy çärelere gatnaşyp, imanyny berkitmeli. Emma olar ruhy taýdan berkeýänçä, biz sabyrly bolarysmy we söýgimizi bildirerismi? Biz olara özlerini gerekli we ýygnagyň hormatlanýan agzasy ýaly duýmaga kömek ederismi? (2 Kor. 8:8).
19 Dogan-uýalara kömek etmegiň şatlyk getirýändigini unutmalyň. Bu bize duýgudaşlyk bildirmäge we sabyrly bolmaga kömek eder. Munuň köp bereketler getirýändigine özüňiz hem göz ýetiren bolsaňyz gerek. Bu ýygnagyň ähli agzalaryna biri-birini söýmäge we mähirli bolmaga ýardam edýär. Galyberse-de, biz her bir adamy gymmat saýýan Ýehowanyň göreldesine eýerýäris. Dogrudan-da, «ejizleri goldamaga» bizde degerli sebäpler bar (Res. iş. 20:35).
a Çarlz Darwin «Ynsanyň gelip çykyşy» atly kitabynda bedeniň käbir agzalarynyň «peýdasyzdygyny» aýtdy. Başga ewolýusionistler hem bedeniň köriçege we alkym çişme mäzi (zob) ýaly käbir agzalaryny gerekmejek hasaplaýardylar.
b Ady üýtgedildi.
c 1 Patyşalar 19:5 Soňra ol gyrymsy sübse agajynyň aşagynda ýatdy-da, uka gitdi. Ine, birdenkä bir perişde Ylýasy yrap: «Tur-da, iýip-iç» diýdi. 6 Ylýas pygamber töweregine garanjaklady. Ine, görse, onuň başujunda gyzgyn daşyň üstünde bişirilen çörek bilen bir küýze suw bardy. Ol iýip-içip, ýene-de ýatdy. 7 Rebbiň perişdesi ikinji gezek gelip, ony yrap: «Tur-da, iýip-iç, ýogsam bu syýahat gaty uzak we kyn bolar» diýdi. 8 Ylýas pygamber turup iýip-içdi. Onsoň ol naharyň güýjüne kyrk gije-gündizläp ýol ýöräp, Hudaýyň dagy Horeba geldi.