Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 15/7 sah. 14—19
  • Hüňürdemekden gaça duruň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hüňürdemekden gaça duruň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Zalym jemagat Ýehowa garşy hüňürdeýär
  • Birinji asyrdaky hüňürdi
  • Heläkçilige eltýän hüňürdiden seresap bol
  • Hemme zada Ýehowanyň garaýşy ýaly gara
  • Geçirimlilik agzybir bolmaga ýardam edýär
  • Ýehowanyň guramasyndaky ýagşy zatlary unutmaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Ýygnakda abatlaýjy ruhy saklaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 15/7 sah. 14—19

Hüňürdemekden gaça duruň

«Ähli zady hüňürdisiz... ediň» (FILIPILILER 2:15).

1, 2. Pawlus rusul Filipidäki we Korintosdaky mesihçilere näme maslahat berdi we näme üçin?

B. E. I ASYRYNDA Pawlus resul Filipidäki mesihçilere Hudaýyň ylhamy bilen ýazan hatynda köp öwgüli sözleri aýtdy. Ol imandaşlaryny rehimdarlygy we yhlasly ruhy üçin öwüp, olaryň edýän ýagşylyklaryna guwanjyny bildirdi. Emma muňa garamazdan, Pawlus «ähli zady hüňürdisiz... etmegi» ýatlatdy (Filipililer 2:15). Ol näme üçin beýle maslahat berdikä?

2 Pawlus hüňürdiniň gowulyga eltmejegini bilýärdi. Birnäçe ýyl mundan öň, ol Korintosdaky ýygnaga hüňürdiniň heläkçilige eltýändigini ýatladypdy. Pawlus ysraýyllylar çöldekä Ýehowanyň öwran-öwran gaharyny getirendiklerini aýdýar. Nädip? Olar erbet işlere höweslenip, butparazlyk we zynahorlyk edip, hüňürdäp Ýehowany synadylar. Pawlus Filipidäki mesihçileri korintoslylardan sapak almaga çagyrdy. Ol: «Käýinmäň, çünki olaryň käbirleri käýinip, ölüm perişdesi elinden heläk boldular» diýip ýazdy (1 Korintoslylar 10:6—11).

3. Näme üçin şu günler hüňürdi baradaky tema bizi gyzyklandyrmaly?

3 Ýehowanyň häzirki gullukçylary hem Filipidäki mesihçiler ýaly yhlasly gulluk edýärler. Olar adamlary söýüp, ýagşy işleri höwes bilen edýärler (Ýahýa 13:34, 35). Eger geçmişde Hudaýyň halkynyň hüňürdäni üçin ejir çekendigini göz öňünde tutsak: «Ähli zady hüňürdisiz... ediň» diýen maslahata eýermäge bizde degerli sebäp bar. Geliň, ilki bilen Ýazgylardaky hüňürdänleriň mysalyna seredeliň. Soňra şu günler hüňürdiniň ýetirýän zyýanynyň öňüni almak üçin näme etmelidigi barada gürrüň ederis.

Zalym jemagat Ýehowa garşy hüňürdeýär

4. Ysraýyllylar çölde nädip hüňürdediler?

4 Mukaddes Ýazgylardaky «hüňürdemek, igenmek, iňirdemek ýa-da hyňranmak» diýen ýewreý sözleri ysraýyllylaryň 40 ýyl çölde gezen wagty bilen bagly wakalarda ulanylýar. Ysraýyllylar hemişe diýen ýaly durmuşyna zeýrenip hüňürdeýärdiler. Meselem, ysraýyllylaryň Müsür gulçulygyndan azat bolanyna bary-ýogy birnäçe hepde geçensoň, «Ysraýyl ogullarynyň bütin jemagaty Musa we Haruna garşy hüňürdäp başladylar». Ysraýyllylar iýmite närazy bolup, şeýle diýdiler: «Biz Müsürde etli gazanlaryň başynda oturyp, doýýançak çörek iýip, Ýehowanyň elinden ölenimiz gowudy, çünki siz bütin jemagaty açlykdan öldürmek üçin bizi çöle getirdiňiz» (Çykyş 16:1—3).

5. Aslynda ysraýyllylar kime hüňürdediler?

5 Ysraýyllylar çöldekä Ýehowa söýgi bilen olaryň aladasyny edip, iýmit we suw bilen üpjün edipdi. Olara hiç haçan açlykdan ýaňa ölüm howpy abanmandy. Muňa garamazdan, olar ýagdaýy bolşundanam beter çişirip, hüňürdäp başladylar. Olar Musa bilen Harunyň ýolbaşçylygyna nägilelik bildirip hüňürdeseler-de, Ýehowa muny özüne aýdyldygy hasaplady. Musa ysraýyllylara şeýle diýdi: «Siziň hüňürdiňizi Ýehowa eşitdi. Bize hüňürdär ýaly, biz kim? Siz bize däl, Ýehowa hüňürdeýärsiňiz?» (Çykyş 16:4—8).

6, 7. Sanlar 14:1—3-e görä, ysraýyllylaryň garaýşy nädip üýtgedi?

6 Aradan biraz wagt geçip-geçmänkä, ysraýyllylar ýene-de iňirdäp başladylar. Musa pygamber Wada edilen diýara 12 sany içaly ýollady. Olaryň 10-sy erbet habar bilen gaýdyp geldiler. Bu ysraýyllylara nähili täsir etdikä? «Ysraýyl ogullarynyň hemmesi Musa bilen Haruna hüňürdäp başladylar we bütin halk olara: «Biziň Müsür ýurdunda ölenimizem gowudy! Ýehowa bizi gylyçdan geçiriljek ýurda [Kengan] näme üçin alyp barýarka? Biziň aýallarymyz, çagalarymyz olara olja bolar. Müsüre dolansak, gowy bolmazmy?» diýişdiler» (Sanlar 14:1—3).

7 Ysraýyllylaryň garaýşy gör, nädip üýtgedi! Ilkibaşda, olar Müsürden azat bolanyna minnetdardylar, Gyzyl deňzinden geçip halas bolany üçin Ýehowany şöhratlandyryp aýdym hem aýdypdylar (Çykyş 15:1—21). Emma indi Hudaýyň minnetdar halky, çölüň oňaýsyz ýagdaýyna düşüp hem-de kenganlardan gorkusyna nalap başlady. Olar azat bolandygy üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirmäge derek, gaýtam, bar zatdan bizi mahrum etdi diýip, ony nähak ýere günäkärlediler. Olar iňirdäp, Ýehowanyň eden ýagşylygynyň gadyryny bilmeýändigini görkezdiler. Şonuň üçin Ýehowanyň şeýle sözleri aýdandygy geň däl: «Bu zalym jemagat ýene näçe wagtlap maňa hüňürdärkä?» (Sanlar 14:27; 21:5).

Birinji asyrdaky hüňürdi

8, 9. Injilden hüňürdän adamlaryň mysallaryny getir.

8 Ýokarda agzalan mysalda ysraýyllylar hemmeleriň öňünde açyk hüňürdäpdiler. B. e. 32-nji ýylynyň Çatma-telär baýramynda bolsa, Isa Mesih Iýerusalimde mahaly «halaýygyň arasynda Ol hakda köp gürrüň boldy» (Ýahýa 7:12, 13, 32). Olaryň käbirleri oňa gowy adam diýse, başgalary erbet adam diýip pyşyrdaşýardylar.

9 Bir sapar Isa şägirtleri bilen Lewiniň, ýagny Matta atly salgytçynyň öýünde myhmançylykdaka, «fariseýler bilen olaryň kanunçylary Onuň şägirtlerine: «Näme üçin salgytçylardyr günäkärler bilen bile iýip-içýärsiňiz?» diýip hüňürdeşdiler» (Luka 5:27—30). Birnäçe wagtdan soň, Jelilede: «Onuň [Isanyň] «Gökden inen çörek Men» diýeni üçin ýehudylar garşy çykyp, hüňürdeşdiler». Hatda Isanyň käbir şägirtleri-de gaharlanyp, hüňürdeşip başladylar (Ýahýa 6:41, 60, 61).

10, 11. Grekçe gepleşýän ýehudylar näme üçin nägile boldular we resullaryň kynçylygy çözüşinden şu günki mesihçi ýaşulular näme öwrenip biler?

10 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününiň yzysüresi bolsa, gowy netije beren nägilelik bilen bagly bir waka boldy. Ysraýylyň başga şäherlerinden gelen täze şägirtler ýehudy imandaşlarynyň myhmançylygyny kabul etdiler, ýöne olaryň arasynda nägilelik döredi. Bu babatda şeýle diýilýär: «Grekçe gepleşýän ýehudylar tarapyndan ýerli halka garşy nägilelik döredi, çünki gündelik üpjünlikde olaryň dul hatynlary gözden salynýardy» (Resullaryň işleri 6:1).

11 Bu nägilelik ysraýyllylaryň çöldäki nägileligi ýaly däldi. Grekçe gepleşýän ýehudylar öz nebsi üçin nägilelik bildirmediler. Olar käbir dul hatynlaryň zerurlygy barada alada edilmeýändigine üns berdiler. Onsoňam, olar agzybirligi bozmadylar, Ýehowa-da nägilelik bildirmediler. Olar resullara ýüz tutdular, olaram bu işiň ugruna tiz çykdylar, sebäbi bildirilen nägilelik delillidi. Şu günki mesihçi ýaşulular üçin resullar gör, nähili gowy görelde galdyrdy! Bu ruhy çopanlar «garybyň perýadyna gulak asmaga» çalyşýarlar (Süleýmanyň tymsallary 21:13; Resullaryň işleri 6:2—6).

Heläkçilige eltýän hüňürdiden seresap bol

12, 13. a) Hüňürdiniň täsiri barada mysal getiriň. b) Hüňürdemäge näme iterip biler?

12 Ýazgylardaky seredilen mysallaryň köpüsi hüňürdiniň geçmişde Hudaýyň halkyna köp zyýan berendigini görkezýär. Şonuň üçin şu günler bizem onuň heläkçilige eltip biljekdigini ýatdan çykarmaly däl. Munuň üçin bir mysala seredeliň. Metalyň kän görnüşleri köplenç poslagan bolýar. Eger ýaňy döräp başlan posuň öňüni almasaň, onda ony uzak wagt ulanyp bilmersiň. Köp maşynlary bozulandygy üçin däl-de, posdan ýaňa sürmek howply bolandygy üçin hapa dökülýän ýere taşlaýarlar. Bu mysalyň hüňürdi bilen näme baglanyşygy bar?

13 Metalyň poslagan bolşy ýaly, bikämil adam hem nalanjaň bolýar. Biz nalanjaňlygyň alamatyny öňünden duýjak bolmaly. Çygly hem-de duzly howada metalyň çalt poslaýşy ýaly, erbet täsir edýän ýagdaý hem bizi igenmäge iterip biler. Adam duýgy sarsgyn (stres) ýagdaýa düşende, sähel zada gaharlanyp uly nägilelik bildirmegi mümkin. Şu soňky günlerde ýagdaý gitdigiçe kynlaşýandygy üçin, nägililek bildirmäge sebäp köpelip ugrar (2 Timoteos 3:1—5). Şonuň üçin Ýehowanyň bir gullukçysy, mümkin, başga birine garşy hüňürdäp başlar. Muňa ujypsyz zatlaram, meselem, kimdir biriniň gowşaklygy, ukyplylygy, ýygnakda ýa-da Hudaýa gullukda aýratyn mümkinçiligi sebäp bolup biler.

14, 15. Näme üçin nägilelige ýol bermeli däl?

14 Närazylyk bildirmäge nähili sebäp bolsa-da, nägilelige ýol bersek, özümizde igenç ruhuny döredip, hüňürdemegi endik ederis. Hawa, hüňürdi poslaýyş ýaly bize doly zyýan ýetirer. Ysraýyllylar çöldekä, durmuşyna şeýle zeýrendiler welin, hatda Ýehowany-da günäkärlediler (Çykyş 16:8). Biz bir hiç haçan şeýtmäliň!

15 Eger metalyň poslan ýerini şol bada arassalap, soňra poslatmaýan boýag bilen reňklesek, onuň poslamagyny peselderis. Şonuň ýaly-da, närazylyk ýüze çykyp başlandan derrew doga arkaly bu meseläni çözsek, onuň öňüni alarys. Nädip?

Hemme zada Ýehowanyň garaýşy ýaly gara

16. Nägilelik bildirmek islegini nädip ýeňip bileris?

16 Biz nägilelik bildirmek bilen diňe özümiz we öz aladalarymyz barada oýlanýarys. Hatda Ýehowanyň Güwäçisi hökmünde alýan bereketlerimiziň hem gadyryny bilmeýäris. Nägilelik bildirmek islegini ýeňmek üçin alýan bereketleriňi hemişe özüňe ýatladyp durmaly. Meselem, biziň her birimiz üçin Ýehowanyň adyny götermek uly hormat (Işaýa 43:10). Biz oňa ýakynlaşyp hem-de «Dogalary eşidýäne» islendik wagt ýüzlenip bilýäris (Zebur 65:2; Ýakup 4:8). Biziň durmuşymyz manyly, sebäbi älemdäki hökümdarlyk baradaky jedelli mesälä we Hudaýyň öňünde aýypsyz galyp biljekdigimize düşünýäris (Süleýmanyň tymsallary 27:11). Patyşalyk baradaky hoş habary yzygiderli wagyz edip bilýäris (Matta 24:14). Şeýle-de Isa Mesihiň töleg gurbanyna bolan iman päk ynsap berýär (Ýahýa 3:16). Nähili synagymyz bolsa-da, bu bereketleriň baryny alyp bilýäris.

17. Nägilämize sebäp bolsa-da, näme üçin ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaly?

17 Geliň, ähli zada öz garaýşymyz ýaly däl-de, Ýehowanyň garaýşy ýaly garalyň. Dawut mezmurçy: «Ýa Reb, ýollaryňy maňa salgy ber, ýodalaryňy maňa öwret» diýip, nagma aýtdy (Zebur 25:4). Eger biziň nägilämize sebäp bolsa, Ýehowa ony ünssüz goýmaz. Ol beýle meseläni derrew çözer. Ýöne ol näme üçin erbet täsir edýän ýagdaýa ýol berýärkä? Bu ýagdaýlar bize sabyrly, çydamly, iman etmäge we köp çydamly bolmaga kömek edýär (Ýakup 1:2—4).

18, 19. Oňaýsyz ýagdaýda nägilelik bildirmän çydasak, nähili netije berjekdigi barada mysal getir.

18 Bizi ynjalyksyzlandyrýan zatlara nägilelik bildirmän çydasak, diňe bir häsiýetimizi gowulandyrman, eýsem bizi synlaýan adamlara-da gowy täsir eder. 2003-nji ýylda Germaniýadaky Ýehowanyň Güwäçileri topar bolup awtobusly Wengriýa kongresa gitdiler. Awtobusyň sürüjisi Ýehowanyň Güwäçisi däldi we on günläp olar bilen bolmak islemändi. Emma olar bilen syýahat edensoň, ol garaýşyny düýpgöter üýtgetdi. Näme üçinkä?

19 Ýolda birnäçe kyn ýagdaýlar boldy. Emma Ýehowanyň Güwäçileri nägilelik bildirmediler. Sürüji: «Beýle oňat ýolagçylara men entek duşmandym!» diýdi. Ol hatda indiki gezek Güwäçiler öýüne gelende, olary diňlejekdigine söz berdi. Ýolagçylaryň «ähli zatda hüňürdemändigi» gör, nähili gowy netije berdi!

Geçirimlilik agzybir bolmaga ýardam edýär

20. Biz näme üçin birek-birege geçirimli bolmaly?

20 Imandaşymyzdan nägile bolsak näme? Eger mesele agyr bolsa, onda Matta 18:15—17-nji aýatlardaky Isanyň prinsiplerini ulanmaly. Muny hemişe ulanmak gerek bolmaz, sebäbi biz köplenç ujypsyz zada nägilelik bildirýäris. Belki-de, bu ýagdaýa geçirimli bolmaga mümkinçilik hökmünde gararsyň? Pawlus şeýle ýazdy: «Biri-biriňize sabyr-takatly boluň. Birew birewden kineli bolsa, Mesihiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem birek-biregi bagyşlaň. Bularyň hemmesiniň üstünden-de kämil birligiň bagy bolan söýgini geýniň» (Koloseliler 3:13, 14). Azajygam bolsa biziň ýüregimizde geçirimlilige ýer tapylmazmyka? Eýsem, bizden nägile bolmaga Ýehowada sebäp ýokmy näme? Şonda-da, Ýehowa telim gezek bize duýgudaşlyk bildirýär we geçirimlik edýär.

21. Hüňürdi beýleki adamlara nähili täsir eder?

21 Nämeden nägile bolsagam, hüňürdi bilen kynçylygy çözmeris. «Hüňürdi» diýen söz ýewreý dilinde «hyňranmagy» hem aňladýar. Bu örän gowy aýdylan, sebäbi biri hemişe hüňürdäp ýörese biz halamaýarys, hatda beýle adamyň ýanyna ýanaşasymyzam gelmez. Eger biz hüňürdesek ýa-da hyňransak, başgalaram özüni şeýle duýar. Hawa, olar özüni oňaýsyz duýup, biziň bilen ýakyn gatnaşyk saklasy gelmez! Hyňranyp kimdir biriniň ünsüni çekmegimiz mümkin, ýöne bu olarda elbetde, gowy täsir galdyrmaz.

22. Bir gyz Ýehowanyň Güwäçileri barada näme diýdi?

22 Geçirimlilik agzybir bolmaga ýardam edýär, çünki bu Ýehowanyň halky üçin ähmiýetli (Zebur 133:1—3). Ýewropa ýurtlarynyň birinde ýaşaýan 17 ýaşly katolik bir gyz, Ýehowanyň Güwäçileriniň galdyran ajaýyp täsirini bildirip, olaryň filialyna hat ýazdy. Ol şeýle diýýär: «Men ýigrençlik, betnebislik, çydamsyzlyk, diňe özüňi bilmeklik ýa-da agzalalyk ýaly häsiýetleri diňe siziň guramaňyzda görmedim».

23. Indiki makalada nämä serederis?

23 Hak Hudaý Ýehowanyň gullukçylary hökmünde alýan ähli ruhy bereketler üçin biz minnetdar, bu bize agzybir bolmaga we şahsy meselede başgalara hüňürdemekden gaça durmaga kömek eder. Indiki makalada Hudaýa ýaraýan häsiýetleriň bizi has howply hüňürdiden, ýagny Ýehowanyň ýer ýüzündäki guramasyna garşy hüňürdiden gorajakdygyna serederis.

Ýadyňyzdamy?

• Hüňürdi näme?

• Hüňürdiniň täsiri barada mysal getiriň.

• Hüňürdemizlige bize näme kömek eder?

• Geçirimlilik hüňürdiden gaça durmaga nädip ýardam eder?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş