Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan... goraň»
    Garawul diňi — 2012 | 15 maý
    • Emma Isa: «Olar edýän ähli zatlaryny göz üçin edýändirler. Doga gutularyny giňeldip, geýimleriniň pürçügini uzaldýandyrlar. Zyýapatlarda töri, sinagogalarda baş kürsüleri, bazar ýerinde salam almagy, adamlaryň özlerine „mugallym“ diýmegini söýýändirler» diýdi (Mat. 23:5—7). Fariseýleriň garaýşy bilen Isanyňkyny deňeşdiriň. Isa Hudaýyň kämil Ogly bolsa-da, pesgöwünlidi. Bir adam oňa «ýagşy» diýende, Isa oňa: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Bir Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir» diýip, jogap berdi (Mar. 10:18). Başga bir gezek, şägirtleriniň aýagyny ýuwup, olara kiçigöwünli bolmaklygyň wajypdygyny görkezdi (Ýahýa 13:1—15).

      Mesihçiler imandaşlaryna gulluk etmeli (Gal. 5:13). Aýratynam, bu ýygnakda gözegçi bolup gulluk etmek isleýänlere degişli. Elbetde, «gözegçi bolmaga jan çekmeli», ýöne olarda dogan-uýalara kömek etmek islegi bolmaly. Şeýle jogapkärlik abraýly we ygtyýarly bolmagy aňlatmaýar. Gözegçi bolup gulluk edýän doganlar Isa ýaly pesgöwünli bolmaly (1 Tim. 3:1, 6; Mat. 11:29).

      Oýlanmak üçin sowallar

      Men ýygnakda goşmaça jogapkärligi almak niýeti bilen, jogapkärli doganlara gowy görünjek bolýarynmy? Men, esasanam, sylag-hormata we öwgä mynasyp bolmak üçin, Hudaýa gulluk edýärinmi? Başgalardan tapawutlanjak bolýarynmy?

      3 Fariseýleriň düzgünleri we däp-dessurlary sebäpli, sada adamlara kanuny berjaý etmek kyn boldy.

      Musanyň kanunynda Ysraýyl halkynyň Ýehowa nähili sežde etmelidigi barada aýdyň düşündirilýärdi. Emma kanunda jikme-jiklikler

  • Sadalaşdyrylan «Garawul diňi» näme üçin çap edildi?
    Garawul diňi — 2012 | 15 dekabr
    • Sadalaşdyrylan «Garawul diňi» näme üçin çap edildi?

      ENÇEME ýyl bäri bütin dünýädäki adamlar «Garawul diňinden» peýdaly maglumatlary bilýärler. 2011-nji ýylyň iýul aýynda «Garawul diňiniň» iňlisçe sadalaşdyrylan sany çap edildi. Şol sanda şeýle diýlipdi: «Bu täze san bir ýylyň dowamynda synag hökmünde çap ediler. Eger dogan-uýalara has amatly bolsa, ony çykarmagy dowam ederis».

      Häzir bolsa, ony çap etjekdigimizi şatlyk bilen habar berýäris. Şeýle-de bu san fransuz, portugal we ispan dillerinde çap ediler.

      NÄME ÜÇIN KÖPLERE ÝARAÝAR?

      Ýuwaş okeanyň günortasynda ýaşaýan käbir dogan-uýalar sadalaşdyrylan sanynyň «Garawul diňine» örän gowy düşünmäge kömek edendigi barada ýazdylar. Başga ýurtdan bir uýa bolsa, özüniň hem maşgalasynyň öwrenilýän makalalardaky jümlelere düşüner ýaly sözleriň manysyny sözlükden tapmak üçin köp wagtynyň gidendigini aýdýar. Indi bolsa, olar köp wagtyny aýatlara we olaryň näme üçin makalada getirilýändigine düşünmäge sarp edýärler.

      «Indi olar sözleriň manysyny sözlükden tapmak üçin sarp eden wagtyny aýatlara we olaryň näme üçin makalada getirilýändigine düşünmäge sarp edýärler»

      Uniwersitetde okan ABŞ-ly bir uýa 18 ýyllap diňe ýokary bilim alan adamlaryň dilinde gepländigini we ýazandygyny aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Men has çylşyrymly dilde geplemegi we oýlanmagy endik edinipdim. Indi bolsa, oýlanyşymy we gepleýşimi düýbünden üýtgetmelidigime düşündim». Sadalaşdyrylan «Garawul diňi» bu uýa Mukaddes Ýazgylary adamlara has gowy öwretmäge kömek etdi. Şeýle-de ol bu sanyň sada dilde gürlemäge kömek edendigini aýdýar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş