Sadalaşdyrylan «Garawul diňi» näme üçin çap edildi?
ENÇEME ýyl bäri bütin dünýädäki adamlar «Garawul diňinden» peýdaly maglumatlary bilýärler. 2011-nji ýylyň iýul aýynda «Garawul diňiniň» iňlisçe sadalaşdyrylan sany çap edildi. Şol sanda şeýle diýlipdi: «Bu täze san bir ýylyň dowamynda synag hökmünde çap ediler. Eger dogan-uýalara has amatly bolsa, ony çykarmagy dowam ederis».
Häzir bolsa, ony çap etjekdigimizi şatlyk bilen habar berýäris. Şeýle-de bu san fransuz, portugal we ispan dillerinde çap ediler.
NÄME ÜÇIN KÖPLERE ÝARAÝAR?
Ýuwaş okeanyň günortasynda ýaşaýan käbir dogan-uýalar sadalaşdyrylan sanynyň «Garawul diňine» örän gowy düşünmäge kömek edendigi barada ýazdylar. Başga ýurtdan bir uýa bolsa, özüniň hem maşgalasynyň öwrenilýän makalalardaky jümlelere düşüner ýaly sözleriň manysyny sözlükden tapmak üçin köp wagtynyň gidendigini aýdýar. Indi bolsa, olar köp wagtyny aýatlara we olaryň näme üçin makalada getirilýändigine düşünmäge sarp edýärler.
«Indi olar sözleriň manysyny sözlükden tapmak üçin sarp eden wagtyny aýatlara we olaryň näme üçin makalada getirilýändigine düşünmäge sarp edýärler»
Uniwersitetde okan ABŞ-ly bir uýa 18 ýyllap diňe ýokary bilim alan adamlaryň dilinde gepländigini we ýazandygyny aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Men has çylşyrymly dilde geplemegi we oýlanmagy endik edinipdim. Indi bolsa, oýlanyşymy we gepleýşimi düýbünden üýtgetmelidigime düşündim». Sadalaşdyrylan «Garawul diňi» bu uýa Mukaddes Ýazgylary adamlara has gowy öwretmäge kömek etdi. Şeýle-de ol bu sanyň sada dilde gürlemäge kömek edendigini aýdýar.
1972-nji ýylda suwda çokundyrylan angliýaly bir uýa sadalaşdyrylan «Garawul diňiniň» birinji sany barada şeýle ýazýar: «Men ony okanymda, Ýehowanyň ýanymda bile oturyp, gujaklap okaýan ýaly duýdum. Bu atanyň çagasyna ýatmazdan öň hekaýa okap berişi ýalydy».
ABŞ-nyň Beýtelinde gulluk edýän we 40 ýyl mundan öň suwda çokundyrylan uýa sadalaşdyrylan sanyň Mukaddes Ýazgylara has gowy düşünmäge kömek edendigini aýdýar. Meselem, 2011-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykan sanynda «Käbir jümleleriň düşündirilişi» diýen bukjada Ýewreýler 12:1-de «uly güwäler buludynyň» manysy düşündirilýär. Onda: «Güwäleriň sanardan kän bolandygyny aňladýar» diýilýär. Uýanyň aýtmagyna görä, bu aýada has gowy düşünmäge kömek etdi. Şeýle-de ol her hepde «Garawul diňi» öwrenilýän duşuşyk barada ýazdy. Uýa şeýle diýýär: «Çaga sadalaşdyrylan sandan okap jogap berse-de, onuň sözleri beýleki sanyňkydan tapawutlanýar. Şonuň üçin ähli dogan-uýalar höwes bilen diňleýär».
Beýtelde gulluk edýän başga bir uýa indi ýygnakdaky çagalaryň berýän jogaplaryna has begenýändigini ýazýar. Sadalaşdyrylan «Garawul diňi» olara ýürekden jogap bermäge kömek edýär. Uýa: «Men olaryň berýän jogaplaryndan ruhlanýaryn» diýýär.
1984-nji ýylda suwda çokundyrylan uýa sadalaşdyrylan san üçin şeýle minnetdarlyk bildirýär: «Bu meniň üçin ýazylan ýaly. Men okan zatlaryma gowy düşünip, indi «Garawul diňi» öwrenilýän duşuşygynda ynamly jogap berýärin».
ATA-ENELERE ULY KÖMEK
Ýedi ýaşly ogly bolan bir ene şeýle diýýär: «Garawul diňi» öwrenilýän duşuşygyna oglum bilen taýýarlanmak kyndy, sebäbi sözlemleriň manysyny düşündirmek üçin köp wagtym gidýärdi». Sadalaşdyrylan san oňa nädip kömek etdi? Ejesi şeýle diýýär: «Oglumyň abzaslary gowy okap, düşünýändigine haýran galýaryn. Ol sözlemleriň gysga hem düşnükli bolany üçin düşünip begenýär. Oglum ýygnak duşuşyklaryna özbaşdak taýýarlanýar we ýygnakda žurnaldan ünsli yzarlaýar».
«Oglumyň abzaslary gowy okap, düşünýändigine haýran galýaryn»
Dokuz ýaşly gyzy bolan ene şeýle ýazýar: «Men öň gyzyma ýygnakda jogap berer ýaly kömek edýärdim. Indi bolsa, gyzym özbaşdak taýýarlanýar». Enesi gyzynyň özi düşünýändigi üçin, öňküsi ýaly düşündirmeýär. Gyzy «Garawul diňi» öwrenilýän duşuşygyndan has köp lezzet alýar.
ÇAGALAR NÄME DIÝÝÄR?
Çagalaryň köpüsi sadalaşdyrylan «Garawul diňiniň» olar üçin ýazylandygyna göz ýetirdiler. 12 ýaşly Rebeka şeýle ýazýar: «Täze sany mundan beýläk hem çap etmegiňizi haýyş edýärin! Men «Käbir jümleleriň düşündirilişi» diýen bukjany gowy görýärin. Ol çagalara örän düşnükli».
Ýedi ýaşly Nikolet uýa hem şeýle diýýär: «Maňa beýleki «Garawul diňine» düşünmek kyndy. Indi bolsa, men ýygnakda köp jogap berip bilýärin». Dokuz ýaşly Emma uýa şeýle diýýär: «Žurnalyň bu sany maňa we alty ýaşly oglan jigime örän kömek edýär. Biz indi has gowy düşünýäris. Taňryýalkasyn!»
Diýmek, dogan-uýalaryň köpüsine «Garawul diňiniň» bu sanyndaky sada sözlere we sözlemlere düşünmek aňsat bolandygy üçin peýdaly boldy. Şol sebäpli, ony 1879-njy ýyldan bäri çap edilýän «Garawul diňiniň» beýleki sany bilen bilelikde çap ederis.