Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w19 Iýun sah. 1—32
  • Başgalara kyn gününde kömek ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Başgalara kyn gününde kömek ediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SABYRLY BOLUŇ
  • DUÝGUDAŞ BOLUŇ
  • TESELLI BERIŇ
  • «Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Rut we Naomi
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Birek-birege wepaly söýgini bildireliň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Lutuň aýaly yzyna seretdi
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
w19 Iýun sah. 1—32

ÖWRENILÝÄN MAKALA 26

Başgalara kyn gününde kömek ediň

«Ähliňiz pikirdeş, duýgudaş, rehimdar, pesgöwünli boluň we biri-biriňize doganlyk söýgiňiz bolsun» (1 Pet. 3:8).

50-NJI AÝDYM Hudaýyň söýgüsinden görelde alyň

MAKALANYŇ MAZMUNYa

1. Biz gökdäki Atamyzyň göreldesine nädip eýerip bileris?

ÝEHOWA bizi gaty güýçli söýýär (Ýah. 3:16). Biz gökdäki söýgüden doly Atamyzyň göreldesine eýermek isleýäris. Şol sebäpli hemme adamlara, esasan-da, «imandaşlarymyza» duýgudaş, rehimdar bolmaga we doganlyk söýgüsini» bildirmäge çalyşýarys (1 Pet. 3:8; Gal. 6:10). Dogan-uýalar kyn güne düşende hem olara kömek etmek isleýäris.

2. Şu makalada nämä serederis?

2 Ýehowa gulluk etmek isleýän her bir adam kynçylyklara duçar bolup biler (Mar. 10:29, 30). Şeýtanyň zalym dünýäsiniň soňy golaýlap gelýändigi üçin, kynçylyklar has-da köpelmegi mümkin. Kyn günümizde biri-birimizi nädip goldap bileris? Geliň, Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Lut, Eýýup we Nagomy bilen bolan waka seredeliň. Şeýle-de şu günler kynçylyklara uçraýan käbir dogan-uýalar we olara nädip kömek edip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.

SABYRLY BOLUŇ

3. 2 Petrus 2:7, 8-nji aýatlara görä, Lutuň gelen karary näme üçin nädogrudy we bu nämä eltdi?

3 Lut ahlaksyzlykdan doly Sodom şäherini saýlap, gaty nädogry karara geldi (2 Petrus 2:7, 8-nji aýatlary okaň). Sodom ösen şäher bolsa-da, Lut şol ýere göçendigine soňra ökünen bolsa gerek (Gel. çyk. 13:8—13; 14:12). Lutuň aýaly ol ýeriň ýaşaýşyna we adamlaryna şeýle bir öwrenişýär welin, hatda Ýehowanyň duýduryşyna-da gulak asmaýar. Hudaý ol ýeri ot hem kükürt bilen ýok edende, Lutuň aýaly heläk bolýar. Şeýle-de Lutuň gyzlary barada oýlanyp görüň. Gyzlarynyň ikisiniň hem geljekki ýanýoldaşy Sodom şäheri ýok edilende heläk bolýar. Lut öýüni, emlägini, iň erbedi bolsa, aýalyny hem ýitirýär (Gel. çyk. 19:12—14, 17, 26). Şeýle kyn gününde Ýehowa Lutdan ýüz öwürdimi?

Perişdeler Luty we onuň maşgalasyny Sodomdon çykarýar

Ýehowa Luty we onuň maşgalasyny halas etmek üçin perişdelerini iberdi; şeýdip, ol aladaçyl Hudaýdygyny görkezdi (4-nji abzasyna serediň)

4. Ýehowa Luta nädip sabyrlylygyny bildirdi? (Daşky sahypadaky surata serediň).

4 Lutuň özi Sodom şäherini saýlasa-da, Ýehowa oňa rehimdarlyk bildirip, ony we maşgalasyny halas etmek üçin perişdelerini iberdi. Emma Lut perişdelere gulak asyp, Sodomdan dessine çykmagyň deregine, haýal-ýagallyk edýär. Şonda perişdeler onuň we maşgala agzalarynyň elinden tutup, şäherden alyp çykýarlar (Gel. çyk. 19:15, 16). Soňra perişdeler Luta daga gaçmagy tabşyrýarlar. Ýöne ol bu gezek hem Ýehowa gulak asmagyň deregine, ondan golaýdaky şähere gaçmagy haýyş edýär (Gel. çyk. 19:17—20). Ýehowa Luty sabyrlylyk bilen diňläp, oňa soran şäherine gitmäge rugsat berýär. Soňra Lut baran şäherinde ýaşamaga gorkup, Ýehowanyň başda aýdan daglyk ýerine gidýär (Gel. çyk. 19:30). Ýehowa Luta çäksiz sabyrlylygyny bildirdi. Biz Ýehowadan nädip görelde alyp bileris?

5, 6. 1 Selanikliler 5:14-däki sözlere we Ýehowanyň göreldesine nädip eýerip bileris?

5 Şu günler hem Lut ýaly käbir mesihçiler gelen nädogry karary sebäpli köp kynçylyklara uçrap biler. Şeýle ýagdaýda biz näme ederis? Biz: «Adam näme ekse, şony hem orýar-da» diýmegimiz mümkin (Gal. 6:7). Belki, biziň aýdýanymyzyň jany bardyr. Ýöne şeýle ýagdaýda Ýehowanyň Luta kömek edişi ýaly, imandaşymyza kömek etsek, gowy bolar. Ýöne muny nädip etmeli?

6 Ýehowa perişdelerini Lutuň ýanyna diňe bir howp barada duýdurmak üçin däl-de, şäheriň üstüne injek betbagtçylykdan halas bolmaga kömek etmek üçin iberipdi. Şonuň ýaly biz hem dogan ýa-da uýa kynçylyga eltjek nädogry karara gelende, diňe bir munuň nämä eltjekdigini duýdurman, oňa kömek etmäge-de taýyn bolmaly. Hatda imandaşymyz Mukaddes Ýazgylaryň esasynda berýän maslahatymyza birbada seslenmese-de, sabyrlylyk bilen oňa kömek etmeli. Oňa kömek etmek üçin edýän tagallaňyz biderekdir öýtmäň we oňa düzelmejek adam hökmünde garamaň. Perişdeleriň Luta nädip kömek edendigini ýadyňyza salyň (1 Ýah. 3:18). Imandaşyňyzyň göçme manyda elinden tutup, Hudaýyň Sözündäki duýduryşa seslenmäge kömek ediň (1 Selanikliler 5:14-i okaň).

7. Ýehowanyň Luta bolan garaýşyndan nädip görelde alyp bileris?

7 Ýehowa Lutuň kemçiliklerine üns berip bilerdi. Emma ol beýle etmedi, gaýtam, Petrus resuly Luty dogry adam hökmünde agzap geçmäge höweslendirdi. Ýehowanyň günälerimizi hasaba almaýandygy bizi diýseň begendirýär! (Zeb. 130:3). Ýehowanyň Luta bolan garaýşyndan nädip görelde alyp bileris? Dogan-uýalaryň gowy häsiýetlerine üns bersek, sabyrly bolmak aňsat bolar. Olara bolsa, berýän kömegimizi kabul etmek ýeňil düşer.

DUÝGUDAŞ BOLUŇ

8. Duýgudaşlyk bildirmäge näme kömek eder?

8 Lutdan tapawutlylykda, Eýýup pygamber nädogry karara gelmedi. Emma ol şonda-da köp kynçylyklary başdan geçirdi. Eýýup baýlygyny, abraýyny we saglygyny ýitirdi. Mundan başga-da ol hemme çagasyndan mahrum boldy. Dosty hasaplap ýören adamlary ony ýazgardy. Olar näme üçin Eýýuba duýgudaşlyk bildirmedikä? Munuň bir sebäbi, olar Eýýubyň ýagdaýyna düşünmeýärdiler. Şol sebäpli derrew nädogry netijä gelip, Eýýuby ýazgardylar. Eýýubyň üç dostunyň ýalňyşyny gaýtalamaz ýaly näme edip bileris? Kyn güne düşen adamyň ýagdaýyna diňe Ýehowanyň doly düşünýändigini unutmaň. Şonuň üçin ondan görelde alyp, imandaşyňyzy sabyrlylyk bilen diňläň. Onuň duýgularyna düşünjek boluň. Şonda siz kyn güne düşen imandaşyňyza ýürekden duýgudaşlyk bildirip bilersiňiz.

9. Duýgudaş bolsak näme etmekden gaça durarys we näme üçin?

9 Duýgudaş bolsak, imandaşymyzyň kynçylygy barada başgalara gürrüň berip, gybat etmeris. Sebäbi gybat agzybirligimizi berkitmän, gaýtam, ony ýumurýar (Sül. tym. 20:19; Rim. 14:19). Gybat edýän adam oýlanyşyksyz sözleri aýdyp, kynçylykdan ejir çekýän imandaşynyň ýarasynyň üstüne duz sepýär (Sül. tym. 12:18; Efes. 4:31, 32). Geliň, dogan-uýalaryň gowy häsiýetlerine üns bereliň we olara kyn gününde kömek etmek üçin elimizde baryny edeliň!

Ýaşuly biynjalyk bolup, oýlanyşyksyz gürleýän dogany sabyrly diňleýär we onuň bilen gürleşer ýaly amatly wagt tapýar

Imandaşymyz biynjalyk edýän zadyny aýdanda, ony sabyrly diňläň we onuň bilen gürleşer ýaly amatly wagt tapyň (10, 11-nji abzaslara serediň)d

10. Eýýup 6:2, 3-nji aýatlardan näme öwrenýäris?

10 Eýýup 6:2, 3-nji aýatlary okaňb. Eýýup pygamber käte «oýlanyşyksyz» sözleri aýdýardy. Emma soňra ol muňa ökündi (Eýp. 42:6). Şu günler hem Eýýup pygamber ýaly imandaşlarymyz soňra ökündirjek sözleri aýtmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda biz näme ederis? Olary tankytlamagyň deregine, duýgudaşlyk bildirsek, gowy bolar. Ýehowanyň bizi kynçylyk hem görgi görmek üçin ýaratmandygyny unutmalyň. Ine, şonuň üçin hem Ýehowanyň wepaly gullukçylary hem käte oýlanyşyksyz sözleri aýdýar. Olar hatda Ýehowa ýa-da bize garşy oýlanyşyksyz zatlary aýdyp biler. Şeýle ýagdaýda gaharlanmalyň ýa-da aýdýan sözleri üçin olary ýazgarmalyň (Sül. tym. 19:11).

11. Ýaşulular maslahat berende, Elihudan nädip görelde alyp biler?

11 Käwagt kynçylyga düşen adam maslahata ýa-da düzedişe mätäç bolýar (Gal. 6:1). Şeýle ýagdaýda ýaşulular nädip kömek edip biler? Olar Eýýuby ünsli diňläp, oňa duýgudaşlyk bildiren Elihudan görelde alyp biler (Eýp. 33:6, 7). Elihu Eýýubyň garaýşyna doly düşünenden soň, oňa maslahat berdi. Ýaşulular hem Elihunyň göreldesine eýerip, dogan-uýalary ünsli diňlemeli we olaryň ýagdaýyna düşünjek bolmaly. Şonda olaryň berýän maslahaty imandaşlarynyň ýüregine täsir eder.

TESELLI BERIŇ

12. Ýanýoldaşynyň we iki oglunyň ölümi Nagoma nähili täsir etdi?

12 Nagomy Ýehowa wepaly gulluk edýärdi we ony ýürekden söýýärdi. Emma ýanýoldaşy we iki ogly aradan çykanda, ol: «Maňa Nagomy diýmäň, Mara diýiň» diýýär. «Mara» ajy diýmegi aňladýar (Rut 1:3, 5, 20, 21). Nagomynyň gelni Rut ähli kynçylyklarynda oňa goldaw bolupdy. Rut gaýynenesine diňe bir kömek etmän, sözleri bilen teselli hem berýärdi. Rutuň ýönekeýje, ýöne ýürekden aýdýan sözleri Nagoma güýçli täsir etdi we gelniniň ony söýýändigine hem-de hiç haçan taşlamajakdygyna ynamyny berkitdi (Rut 1:16, 17).

13. Ýanýoldaşyny ýitiren imandaşlarymyz näme üçin biziň goldawymyza mätäç bolýar?

13 Imandaşlarymyzyň biri ýanýoldaşyny ýitirende, biziň kömegimize has-da mätäç bolýar. Är-aýaly bir ýerde ösüp duran iki sany agaja meňzetse bolýar. Ýyllar geçdigi saýyn, şol agaçlaryň kökleri biri-birine çyrmaşyp başlaýar. Eger olaryň biri gurasa, beýlekisine-de güýçli zyýan ýetýär. Şonuň ýaly, ýanýoldaşy aradan çykan adam hem uzak wagtlap ejir çekmegi mümkin. Adamsy tarpa-taýyn ýogalan Paulac uýa şeýle diýýär: «Durmuşym bir salymyň içinde çepbe çöwrülen ýaly boldy. Elim-aýagym baglanan ýalydy. Men iň ýakyn adamymy ýitiripdim. Oňa bar zady gürrüň berýärdim. Biz şatlygymyzy hem gaýgymyzy deň paýlaşýardyk. Onuň ýanynda aglap hem bilýärdim. Ol ýogalanda, bir ýerim kesilip aýrylan ýaly boldy».

Ýakynda aýaly aýrylan dogan bir är-aýal bilen gepleşýär we aýaly bilen düşen suratlaryny görüp, ruhlanýar

Ýanýoldaşyny ýitiren imandaşymyzy nädip goldap bileris? (14, 15-nji abzaslara serediň)e

14, 15. Ýanýoldaşy aradan çykan imandaşymyza nädip teselli berip bileris?

14 Biz ýakynyny ýitiren dogan-uýalara nädip kömek edip bileris? Ilki bilen, özüňizi oňaýsyz duýsaňyz-da ýa-da näme diýjekdigiňizi bilmeseňiz-de, olar bilen gepleşjek boluň. Ýokarda agzalan Paula şeýle diýýär: «Adamlar köplenç ýakyny aýrylan adama teselli bermek üçin näme diýjegini bilmeýärler. Olar aýtmasyz bir zat aýdaýmaýyn diýip gorkýarlar. Ýöne göwünlik bermäge gelen adam dymyp oturanyndan, bir zatlar diýse gowy bolýar». Hasrat çekýän adam bizden üýtgeşik bir zat aýtmagymyza garaşmaýar. Paula sözüni şeýle dowam edýär: «Maňa dost-ýarlarymyň „eşidip, gaty gynanaýdym“ diýen sözleri hem ýeterlikdi».

15 Birnäçe ýyl mundan öň aýaly aradan çykan Wilýam dogan şeýle diýýär: «Dogan-uýalar aýalym hakda ýakymly zatlary aýdanlarynda, gaty begenýärin. Bu olaryň aýalyma hormat goýup, gowy görendiklerine hasam ynamymy artdyrýar. Men aýalymy gaty gowy görýärdim. Şonuň üçin imandaşlarymyň ol hakda aýdýan zatlary meni hasam ruhlandyrýar». Adamsy aradan çykan Biýanka uýa bolsa şeýle diýýär: «Başgalar meniň bilen doga edenlerinde, Mukaddes Ýazgylardan birki aýat okanlarynda, ýoldaşym bilen bolan gyzykly wakalary ýatlanlarynda ýa-da özüm gürrüň beren wagtym ünsli diňlänlerinde, hasam göwnüm göterilýär».

16. a) Ýanýoldaşyny ýitiren imandaşymyzy nädip goldap bileris? b) Ýakup 1:27-ä görä, biziň nähili jogapkärçiligimiz bar?

16 Rutuň Nagomyny elmydama goldaýşy ýaly, bizem ýakynyny ýitiren dogan-uýalary goldap durmaly. Ýokarda agzalan Paula şeýle diýýär: «Ýoldaşym aradan çykanda, dogan-uýalaryň hemmesi ýanyma gelip, maňa teselli berýärdi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, her kim öz işi bilen gümra bolup başlady. Meniň bolsa, hiç zada elim barmaýardy. Ýakynyň aýrylanda, sen bir aý ýa-da bir ýyl däl-de, ençeme ýyllap tesellä mätäç bolýan ekeniň. Başgalar hem muňa düşünse gowy bolardy». Elbetde, hemmäniň ýagdaýy birmeňzeş bolmaýar. Käbirleri bolan zatlary derrew ýadyndan çykarsa, başgalar muny uzak wagtlap ýatdan çykaryp bilmeýär. Ýakynynyň ölümi her kime her hili täsir edýär. Ýehowanyň bize ýanýoldaşyny ýitiren adamlar hakda alada etmegi tabşyrandygyny unutmalyň. Bu uly hormat we jogapkärçilik (Ýakup 1:27-ni okaň).

17. Ýanýoldaşy taşlan imandaşlarymyzy goldamak näme üçin wajyp?

17 Esasanam, ýanýoldaşy taşlan imandaşlarymyz özlerini gaty erbet duýýar. Ýanýoldaşy başga aýala öýlenen Joýs uýa şeýle diýýär: «Eger adamym ölen bolsa, şeýle gynanmazdym. Adam kesel ýa-da betbagtçylyk sebäpli aradan çyksa, başga gürrüň. Sebäbi ol hiç zady üýtgedip bilmeýär, ýöne ýoldaşymyň saýlamaga mümkinçiligi bardy. Ol meni taşlamanam bilerdi. Meniň mertebäm depelenen ýaly boldy».

18. Ýanýoldaşyny ýitiren dogan-uýalary nädip goldap bileris?

18 Ýanýoldaşyny ýitiren dogan-uýalara hatda ujypsyz bolsa-da ýagşylyk etsek, söýgimizi duýmaga kömek ederis. Olar hasam teselli berjek dosta mätäç bolýar (Sül. tym. 17:17). Biz olar üçin nädip gowy dost bolup bileris? Mysal üçin, olary nahara, bir ýerik dynç almaga, wagza ýa-da maşgala okuwyna çagyryp bileris. Şeýtsek, Ýehowany hem begendireris, sebäbi Ol «göwni synyklara ýakyn» we «dul hatynlaryň» aladasyny edýär (Zeb. 34:18; 68:5).

19. 1 Petrus 3:8-däki sözler bizi näme etmäge höweslendirýär?

19 Tizden Hudaýyň Patyşalygy bütin ýeriň üstünden höküm sürer. Şonda häzirki çekýän «hasratlarymyzyň» bary hemişelik unudylar. Biz «öňki zatlaryň ýatlanmajak, ýada düşmejek» wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys (Iş. 65:16, 17). Şol döwür gelýänçä, geliň, birek-biregi goldamagymyzy dowam edeliň. Sözlerimiz we işlerimiz bilen bir-birimiziň ýürekden aladamyzy edeliň (1 Petrus 3:8-i okaň).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Ýehowanyň Luta we Eýýuba kömek edişinden näme öwrenip bileris?

  • Biz Nagomy bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

  • Ýanýoldaşyny ýitiren dogan-uýalary nädip goldap bileris?

152-NJI AÝDYM Güýjüm, umydym hem daýanjym

a Ýehowanyň wepaly gullukçylary Lut, Eýýup we Nagomy kyn günleri başdan geçiripdi. Şu makalada olardan näme öwrenip biljekdigimize serederis. Şeýle-de kyn güne düşen imandaşlarymyza teselli berenimizde, sabyrly hem duýgudaş bolmagyň näme üçin wajypdygyny bileris.

b Eýýup 6:2 Wah, derdim ölçelsedi, betbagtlygym terezide çekilsedi! 3 Deňiz çägelerindenem agyr çykardy, şonuň üçin men oýlanyşyksyz gepledim.

c Käbir atlar üýtgedildi.

d SURATLAR: Dogan «oýlanyşyksyz» geplese-de, ýaşuly ony sabyrly diňleýär. Soňra dogan biraz köşeşende, ýaşuly ýumşaklyk bilen oňa maslahat berýär.

e SURATLAR: Bir är-aýal ýakynda aýaly aýrylan dogan bilen gepleşýär. Olar aradan çykan uýanyň suratlaryny görýärler.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş