Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/1 sah. 28—32
  • Ýehowa iň gowy Hökümdar!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa iň gowy Hökümdar!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý Ysraýylyň üstünden hökümdarlyk edýär
  • Ynsan hökümetiniň ajy miweleri
  • Hudaý täze halka hökümdarlyk edýär
  • Ýehowa häzir hem hökümdarlyk edýär
  • Ýehowanyň hökümdarlygy üstün çykdy
  • Şeýtanyň hökümdarlygy şowsuzlyga uçrar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Hudaýyň Patyşalygy näme?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Hudaýyň Patyşalygy bize nädip kömek eder?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2020
  • Hudaýyň Patyşalygy näme?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/1 sah. 28—32

Ýehowa iň gowy Hökümdar!

«Hemmelerden Beýik ynsan patyşalyklarynyň Hökümdarydyr». (DAN. 4:17)

1, 2. Ynsan hökümeti näme üçin üstünlik gazanmady?

YNSAN hökümeti üstünlik gazanmady! Munuň şeýledigine hiç hili şübhe ýok, çünki ynsana akyldarlyk ýetmeýär. Şol sebäpli olar üstünlikli hökümdarlyk edip bilmediler. Munuň esasy sebäpleriniň biri: olaryň hökümdarlarynyň köpüsi «özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, küpür gürleýji, ene-ata boýun egmeýän, gadyr bilmez, mukaddeslikden mahrum, doňýürek, barlyşyksyz, myjabatçy, nebsine buýurmazak, zalym we ýagşylyga duşman... dönük, ätiýaçsyz, gopbamsy» (2 Tim. 3:2—4).

2 Biziň nesilbaşymyz bolan Adam ata bilen How ene özbaşdak bolarys öýdüp, Hudaýyň hökümdarlygyny inkär etdiler. Şeýdip, olar Şeýtanyň hökümdarlygyna tabyn boldular. Alty müň ýyldan bäri adamlaryň «bu dünýäniň hökümdary» Şeýtanyň güýçli täsiri bilen nädogry höküm sürmegi agyr ýagdaýa düşürdi (Ýahýa 12:31). Bir kitapda kämil dünýä garaşmagyň peýdasyzlygy barada aýdylýar we adamlaryň şu günki ýagdaýy şeýle beýan edilýär: «Olaryň edýän tagallalary, gaýtam, betbagtçylyga, sütemkeşlige we iň erbet uruşlara getirdi» (The Oxford Historu of the Twentieth). Görşümiz ýaly, adamlar ynsan hökümetiniň üstünlik gazanmandygyny açyk boýun alýar.

3. Adam ata bilen How ene günä etmedik bolsa, Hudaý nädip höküm sürerdi?

3 Adam ata bilen How ene ýeke-täk gowy häkimiýeti — Hudaýyň häkimiýetini inkär edip, gör, nähili heläkçilik getirdi! Eger-de olar Ýehowa wepaly galsa, biz Onuň ýer ýüzünde nähili hökümet döretjekdigini bilmeýäris. Emma olar Hudaýyň hökümdarlygyny kabul eden bolsalar, onda ähli ynsan söýgüden doly we ala tutmaýan hökümdarlygyň astynda ýaşardylar (Res. iş. 10:34; 1 Ýahýa 4:8). Şeýle-de biz Hudaýyň deňsiz-taýsyz akyldarlygyny göz öňünde tutsak we adamlar Ýehowanyň häkimiýetine boýun bolsa, ynsan hökümetiniň getiren ähli ýalňyşlygyndan gaça durardyk. Hudaý «ähli dirileri islegleri boýunça doýrup» üstünlikli höküm sürerdi (Zeb. 145:16). Umuman aýdanyňda, kämil hökümet bolardy (Kan. tag. 32:4). Emma adamlar şeýle hökümeti inkär edip, gör, nähili heläkçilige uçradylar!

4. Şeýtana hökümdarlyk etmäge näme üçin ýol berildi?

4 Ýehowa adamlara hökümdarlyk etmäge ýol berse-de, Ol ýaradanlarynyň üstünden hemişe özi höküm sürýär. Hatda Babylyň güýçli patyşasy-da, Ýehowanyň «Hemmelerden Beýik ynsan patyşalyklarynyň Hökümdarydygyny» boýun aldy (Dan. 4:17). Gelejekde gökdäki Patyşalyk Ýehowanyň islegini amala aşyrar (Mat. 6:10). Ýehowa orta atylan jedelli meseläni gutarnykly çözmek üçin, wagtlaýynça Şeýtana «bu dünýäniň taňrysy» bolmaga ýol berdi (2 Kor. 4:4; 1 Ýahýa 5:19). Ýehowa ýol bermese, Şeýtan hiç bir zat edip bilmez (2 Tar. 20:6; Eýýup 1:11, 12; 2:3—6-njy aýatlary deňeşdiriň). Hatda dünýäniň üstünden Hudaýyň zalym duşmany hökümdarlyk etse-de, Hudaýa tabyn bolmagy saýlan adamlar hemişe-de bardy.

Hudaý Ysraýylyň üstünden hökümdarlyk edýär

5. Ysraýyl halky Hudaýa näme barada kasam etdi?

5 Habylyň döwründen başlap, tä ysraýyl halkyna çenli Ýehowa sežde eden we tabşyryklaryny ýerine ýetiren köp wepaly adamlar bardy (Ýew. 11:3—22). Musanyň döwründe Ýehowa Ýakubyň nesilleri bilen äht baglaşdy we olar ysraýyl halky boldy. B. e. öň 1513-nji ýylda ysraýyllylar nesilleri we özi üçin kasam edip: «Biz Rebbiň aýdanlarynyň barysyny ýerine ýetireris» diýip, Ýehowany hökümdary hökmünde kabul etdiler (Müs. çyk. 19:8).

6, 7. Hudaý ysraýyl halkyna nädip hökümdarlyk etdi?

6 Ýehowa belli bir maksat bilen, ysraýyllylary öz halky edip saýlady (Kanun taglymaty 7:7, 8-nji aýatlary okaň). Muňa diňe bir ysraýyllylaryň abadançylygy däl, eýsem, Hudaýyň ady we häkimiýeti-de degişlidi, çünki bu has ähmiýetlidi. Ysraýyllylar Ýehowanyň ýeke-täk hak Hudaýdygyna güwälik etmelidiler (Iş. 43:10; 44:6—8). Şol sebäpli, Ýehowa olar barada şeýle diýdi: «Siz Hudaýymyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Reb Özüniň gymmatly halky bolmagymyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň içinden sizi saýlady» (Kan. tag. 14:2).

7 Hudaýyň hökümdarlygy ysraýyllylaryň bikämilligini göz öňünde tutýardy. Muňa garamazdan, onuň beren kanuny kämildi we ony Bereniň häsiýetlerini aýan edýärdi. Ýehowanyň Musa arkaly beren tabşyryklary Onuň mukaddesdigini, adalatlylygy söýýändigini, geçirimlidigini we sabyrlydygyny aýdyň görkezýär. Ýeşuwyň we onuň nesilleriniň döwründe, ysraýyllylar Ýehowanyň tabşyryklaryna gulak asyp, ruhy bereketleri alyp, parahatlykda ýaşaýardylar (Ýeşuw 24:21, 22, 31). Şol döwürde ysraýyllylar Ýehowanyň üstünlikli hökümdarlyk edýändigini görkezdiler.

Ynsan hökümetiniň ajy miweleri

8, 9. Ysraýyl nähili akylsyz hereket etdi we onuň netijesi nähili boldy?

8 Emma wagtyň geçmegi bilen, ysraýyllylar Hudaýyň hökümdarlygyndan ýüz öwürdiler, Onuň goragyndan mahrum bolany üçin horluk çekidiler. Netijede, olar Samuel pygamber arkaly Ýehowadan adamlardan patyşa bellemegi talap etdiler. Ýehowa Samuele olaryň talabyny berjaý etmegi tabşyryp, şeýle diýdi: «Olar seni ret edenok, üstlerinden meniň höküm sürmegimi ret edýär» (1 Sam. 8:7, MKS). Ýehowa ysraýyl halkynyň üstünden ynsan patyşasynyň höküm sürmegine ýol berse-de, onuň berjek ajy miwelerini hem duýdurdy (1 Samuel 8:9, 11, 13, 18-nji aýatlary okaň)a.

9 Taryh Ýehowanyň sözleriniň dogrudygyny subut etdi. Ysraýyl halky ynsan hökümeti zerarly, ylaýta-da, Hudaýa biwepa adamlar höküm sürende, agyr kynçylyklara duçar boldular. Ysraýyllylar bilen bolan wakany göz öňüne tutsak, Ýehowany tanamaýan adamlar höküm sürende, hiç haçan gowy netije bermändigi geň galdyrmaýar. Hawa, käbir syýasatçylar Hudaýa parahatlyk we howpsuzlyk barada dileg edýär, ýöne Hudaý hökümdarlygyna tabyn bolmaýan adama bereket berermi? (Zeb. 2:10—12).

Hudaý täze halka hökümdarlyk edýär

10. Hudaý näme üçin ysraýyla derek başga halk saýlady?

10 Ysraýyl halky Ýehowa wepaly gulluk etmedi. Olar Hudaýyň Mesihini ret edendigi üçin, Ýehowa olary inkär etdi we olaryň ýerine täze halk saýlady. B. e. 33-nji ýylynda Ýehowa gulluk edýän mesh edilen mesihçiler ýygnagy döredi. Ýehowa bu täze halka hökümdarlyk edip başlady. Pawlus olara «Hudaýyň Ysraýyly» diýdi (Gal. 6:16).

11, 12. Gadymy ysraýyl bilen «Hudaýyň Ysraýylynyň» näme meňzeşligi bar?

11 Ysraýyl halky bilen täze dörän «Hudaýyň Ysraýylynyň» tapawudy-da, meňzeşligi-de bar. Meselem, gadymy Ysraýyldan tapawutlylykda, mesihçiler ýygnagynda patyşa bellenilmeýär we olaryň günäleri üçin mal gurbanlary berilmeýär. Emma ysraýyl halkynda bolşy ýaly, mesihçiler ýygnagynda-da ýaşulular bar (Müs. çyk. 19:3—8). Olar sürä agalyk etmän, gaýtam ýygnaga gözegçilik edip, güýjüni gaýgyrman Hudaýa gulluk edýärler. Olar ýygnagyň her bir agzasy barada söýgi bilen alada edip, mertebesine hormat goýýarlar (2 Kor. 1:24; 1 Pet. 5:2, 3).

12 «Hudaýyň Ysraýyly» hem-de «başga goýunlary» gadymy ysraýyl halky bilen Hudaýyň nähili eden gatnaşygy barada oýlanyp, olar bile işleşýärler we Ýehowa, Onuň hökümdarlygyna minnetdarlygyny artdyrýarlar (Ýahýa 10:16). Meselem, taryha ser salsak, Ysraýyl patyşalary raýatlaryna ýa gowy ýa-da erbet täsir edipdiler. Emma mesihçiler ýygnagyna gözegçilik edýän doganlar gadymky patyşalar ýaly, imandaşlarynyň üstünden hökümdarlyk etmeseler-de, berk imany bilen hemişe gowy görelde görkezmeli (Ýew. 13:7).

Ýehowa häzir hem hökümdarlyk edýär

13. 1914-nji ýylda nähili ähmiýetli waka boldy?

13 Şu günler mesihçiler ynsan hökümetiniň tizden ýok boljakdygy barada wagyz edýärler. 1914-nji ýylda Ýehowa Isa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda gökde Patyşalyk berkarar etdi. Ol Isa «ýeňsin diýip, ýeňip çykmaga» ygtyýar berdi (Ylh. 6:2). Ýehowa bellän Patyşasyna: «Duşmanlaryň ortasynda höküm sür» diýdi (Zeb. 110:2). Gynansak-da, halklar Ýehowanyň hökümdarlygyna boýun bolmak islemeýärler. Olar özüni «Hudaý ýok» ýaly alyp barýarlar (Zeb. 14:1).

14, 15. a) Hudaýyň Patyşalygy bize nädip hökümdarlyk edýär we şunuň bilen bagly özümize nähili soraglar bermeli? b) Hudaýyň hökümdarlygynyň iň gowy hökümetdigi nämeden görünýär?

14 Mesh edilen «Hudaýyň Ysraýylynyň» käbir agzalary häzir hem bar, olar Isanyň doganlary hökmünde, «Mesihiň ilçileri» bolup gulluk edýärler (2 Kor. 5:20). Olar «sadyk hem akylly hyzmatkär» hökmünde, mesh edilenleri hem-de ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän we gün-günden sany artýan mesihçileri ruhy iýmit bilen üpjün edýärler (Mat. 24:45—47; Ylh. 7:9—15). Hudaýyň hakyky gullukçylarynyň şu günki ruhy abadançylygy Ýehowanyň bereket berýändigini aýdyň görkezýär.

15 Biziň her birimiz özümize şeýle sowallary bersek gowy bolar: «Men mesihçiler ýygnagy bilen eginme-egin gulluk etmek jogapkärçiligimi duýýarynmy? Ýehowanyň hökümdarlygyny dogry goldaýarynmy? Ýehowanyň Patyşalygynyň raýatydygyma guwanýarynmy? Başardygymdan Hudaýyň Patyşalygy barada adamlara gürrüň bermegi ýüregime düwdümmi?» Biz Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesine höwes bilen tabyn bolarys we ýygnagyň ýaşululary bilen işleşeris. Şeýlelikde, biz Hudaýyň hökümdarlygyny kabul edýäris (Ýewreýler 13:17-ni okaň). Ak ýürekden tabyn bolmaklyk agzala dünýäde agzybir bolmaga kömek edýär. Şeýle-de parahatlykda we halal ýaşamaklyk Ýehowany şöhratlandyrýar hem-de Onuň hökümdarlygynyň iň gowy hökümetdigini subut edýär.

Ýehowanyň hökümdarlygy üstün çykdy

16. Her bir adam nähili karara gelmeli?

16 Erem bagynda orta atylan jedelli mesele tizden çözüler. Şol sebäpli häzir adamlar belli bir karara gelmeli. Her bir adam özüne şeýle sorag bermeli: «Men Ýehowanyň hökümdarlygyny kabul ederinmi ýa-da ynsan hökümetini?» Biz ýumşak adamlara dogry karara gelmäge kömek etmeli. Tizden Armageddonda Ýehowanyň hökümdarlygy Şeýtanyň täsiri bilen höküm sürýän ynsan hökümetlerini hemişelik ýok eder (Dan. 2:44; Ylh. 16:16). Ynsan hökümetleriniň soňy geler, Hudaýyň Patyşalygy bolsa, ýer ýüzüne hökümdarlyk eder. Netijede, Ýehowanyň hökümdarlygy doly aklanar (Ylham 21:3—5-nji aýatlary okaň).

17. Ýumşak adamlara hökümdarlyk babatda dogry karara gelmäge näme kömek eder?

17 Belli bir karara gelmedik adamlar Ýehowa doga edip, Onuň hökümdarlygynyň adamlara berjek peýdasy barada oýlanmaly. Ynsan hökümeti jenaýatçylyk we terrorçylyk ýaly kynçylyklary çözüp bilmeýär. Hudaýyň hökümdarlygy bolsa, ýer ýüzündäki ähli erbetligi ýok eder (Zeb. 37:1, 2, 9). Adamlaryň hökümdarlygy astynda, uruşlar dyngysyz dowam edýär, Hudaý bolsa «ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadar» (Zeb. 46:9). Hatda Hudaýyň hökümdarlygy adamlar bilen haýwanlaryň arasynda-da parahatlyk dikelder! (Iş. 11:6—9). Ynsan hökümetinde garyplyk we açlyk höküm sürýär, Hudaýyň hökümeti bolsa, ony bütinleý ýok eder (Iş. 65:21). Adamzat hökümetiniň ýagşy niýeti bolsa-da, keselçiligi hem ölümi ýok etmäge güýji ýetmeýär, Hudaýyň hökümeti bolsa, garrylara we kesellilere juwanlyk ýaşyny gaýtaryp berer (Eýýup 33:25; Iş. 35:5, 6). Hawa, bütin ýer ýüzi Jennete öwrüler, hatda ölen adamlar hem direler (Luka 23:43; Res. iş. 24:15).

18. Hudaýyň iň gowy hökümdardygyna iman edýändigimizi nädip görkezip bileris?

18 Hawa, Adam ata bilen How ene Şeýtanyň täsiri astynda, öz Ýaradyjysyny inkär edipdi, Hudaýyň hökümdarlygy onuň ýetiren ähli zyýanyny ýok eder. Şeýtan takmynan alty müň ýyldan bäri zyýan ýetirýär, Hudaý bolsa, Mesih arkaly bary-ýogy müň ýylyň dowamynda ähli ýetirilen zyýandan ýer ýüzüni arassalar! Bu Hudaýyň hökümdarlygynyň iň gowy hökümetdigini subut eder! Hudaýyň Güwäçileri hökmünde, biz Ony öz Hökümdarymyz edip kabul edýäris. Şol sebäpli, geliň, her gün, hatda her sagat öz durmuşymyz bilen Ýehowanyň gullukçysydygymyzy we Patyşalygyna tabyn bolup, Onuň Güwäçisidigimizi subut edeliň. Şeýle-de Ýehowanyň iň gowy hökümdardygyny eşitmek isleýän adamlara wagyz etmek üçin ähli mümkinçilikden peýdalanalyň.

a 1 Samuel 8:9 Şindi olaryň sözüne gulak as, ýöne üstlerinden patyşalyk etjek häkimlik bähbitlerini olara berk duýdur. 11 ...ol siziň ogullaryňyzy alyp, käbirini arabaçy, çapyksuwar eder, käbirini bolsa arabasynyň öňünden ylgadar. 13 Ol siziň gyzlaryňyzy alar, olar atyr ysly ýaglary taýýarlar, nahar bişirip, çörek ýaparlar. 18 Şol gün siz saýlan patyşaňyzdan ýaňa perýat edersiňiz, emma Ýehowa size jogap bermez.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Kanun taglymaty 7:7, 8-nji aýatlara görä, Hudaý näme üçin ysraýyl halkyny saýlady?

• 1 Samuel 8:9—18-nji aýatlarda Ýehowa ysraýyllylaryň adamlardan patyşa saýlamagy nämä elter diýdi?

• Ýewreýler 13:17-ä laýyklykda, Hudaýyň hökümdarlygyny kabul edýändigimizi nädip görkezip bileris?

• Ylham 21:3—5-nji aýatlar Hudaýyň iň gowy Hökümdardygyny nädip görkezýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş