Şu günler ýedi çopan we sekiz serdar kimleri aňladýar?
«Biz ýedi çopany, sekiz serdary olaryň garşysyna ibereris». MIKA 5:5
SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?
Hizkiýa, Işaýa, Mika we Iýerusalimiň serdarlary gowy çopandyklaryny nädip subut etdiler?
Şu günler ýedi çopan we sekiz serdar kimler? Olar Hudaýyň halkyna nädip kömek edýärler?
Siz gelejekdäki hüjüme taýyn bolar ýaly nähili iň wajyp ädim ätmeli?
1. Siriýa bilen Ysraýylyň maksady näme üçin başa barmady?
YSRAÝYLYŇ we Siriýanyň patyşalary b. e. öň 762-nji we 759-njy ýyllar aralygynda Ýahuda ýurduna garşy uruş yglan edýärler. Näme üçin? Olar Iýerusalimi basyp almak isleýärdiler. Şeýle-de Ahaz patyşany tagtdan düşürip, onuň ýerine Dawut patyşanyň neslinden bolmadyk başga bir adamy goýmakçydylar (Iş. 7:5, 6). Emma olaryň maksady başa barmady. Ýehowa Dawudyň neslinden bolan adamy Öz tagtynda hemişelik goýjakdygyny wada beripdi. Hudaýyň sözi bolsa ýerine ýetmän galmaýar (Ýeş. 23:14; 2 Şam. 7:16).
2—4. Işaýa 1:14, 16-njy aýatdaky sözleriň a) b. e. öň VIII asyrda b) Isanyň döwründe nädip ýerine ýetendigini düşündiriň.
2 Ilkibaşda, Siriýa bilen Ysraýyl uruşda ýeňiş gazanaýjak ýalydy. Ahaz patyşa birje söweşde 120 müň sany edermen esgerini ýitirdi! «Patyşanyň ogly» Magaseýa öldürildi (2 Ýyl. 28:6, 7). Emma Ýehowa ähli zady görýärdi. Ol Dawuda beren wadasyny unutmady. Şol sebäpli Ol Işaýa pygamberi örän ruhlandyryjy habar bilen ýollaýar.
3 Işaýa şeýle diýdi: «Ine, bir gyz göwreli bolup, ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakar... Ýöne oglanyň ýagşyny ýamandan saýgarmagy öwrenmezinden öň, seni gorka salan iki patyşanyň ýurdy (Siriýa bilen Ysraýyl) terk ediler» (Iş. 7:14, 16). Bu pygamberligiň birinji bölümi Mesihiň dogluşy bilen baglanyşykly (Mat. 1:23). Emma «iki patyşa», ýagny Siriýa bilen Ysraýyl patyşalary Isanyň döwründe Ýahuda ýurduna çozmady. Diýmek, Imanuwel hakyndaky pygamberlik, ilki bilen, Işaýanyň döwründe ýerine ýetmelidi.
4 Işaýa üýtgeşik habary yglan edenden soňra, onuň aýaly göwreli bolup bir ogul dogurýar. Onuň adyna Maher-şalal-haşbaz dakýarlar. Işaýa bu çaga «Imanuwel» hem diýýärdia. Gadymy döwürde çaga doglanda, oňa belli bir waka bilen bagly at dakýardylar. Ýöne ata-enesi we dogan-garyndaşlary oňa başga at bilen ýüzlenmekleri mümkindi (2 Şam. 12:24, 25). Emma bu Isa Mesihe Imanuwel adynyň dakylandygyny aňlatmaýar (Işaýa 7:14; 8:3, 4-nji aýatlary okaň)b.
5. Ahaz patyşa nähili akylsyz hereket etdi?
5 Ýahuda ýurduna Ysraýyl bilen Siriýadan başga, aşur halky-da göz gyzdyrýardy. Şol döwürde Aşur dünýä şalygy hasaplanýardy. Işaýa 8:3, 4-nji aýatlara görä, Aşur patyşalygy Ýahuda çozmazdan öň, Siriýany we Ysraýyly basyp almalydy. Imandan dänen Ahaz patyşa Işaýa pygamber arkaly Hudaýyň aýdan sözlerini unaman, gaýtam, aşurlylar bilen äht baglaşýar. Netijede, olar ýehudylary ezip başlaýarlar (2 Pat. 16:7—10). Ýahudanyň çopany Ahaz patyşa halkyň bar ynamyny puja çykardy! Şol sebäpli biz özümize şeýle sorag bersek gowy bolar: «Men wajyp karara gelmeli bolanymda, Hudaýa bil baglaýarynmy ýa-da adama?» (Sül. tym. 3:5, 6).
TÄZE ÇOPAN BAŞGAÇA HEREKET EDÝÄR
6. Hizkiýa Ahazdan nämede tapawutlanýardy?
6 B. e. öň 746-njy ýylda Ahaz aradan çykýar; onuň ogly Hizkiýa maddy we ruhy taýdan garyp galan Ýahuda ýurduny miras alýar. Tagta çykan ýaş patyşa ilki näme ederkä? Ol halky baýatmagyň ugruna çykarmy? Ýok. Hizkiýa ruhy taýdan ýetişen adamdy we halkyň mynasyp çopanydy. Ol, ilki bilen, arassa seždäni dikeltmegiň we halkyň Ýehowa bilen dostlugyny berkitmegiň aladasyny edýär. Hizkiýa Hudaýyň isleginiň nämeden ybaratdygyna düşünendigi sebäpli, ol aýgytly hereket edip başlaýar. Gör, nähili ajaýyp görelde! (2 Ýyl. 29:1—19).
7. Lewilere täze patyşanyň goltgy beriji sözleri näme üçin wajypdy?
7 Lewiler arassa seždäni dikeltmekde wajyp orun tutýardylar. Şol sebäpli Hizkiýa lewiler bilen duşuşyp, olary goldajakdygyny söz berýär. Duşuşyga gelen wepaly lewiler patyşanyň şu sözlerini eşidenlerinde, olaryň gözlerinden boýur-boýur ýaş akýar: «Reb sizi Öz huzurynda durup hyzmat etmegiňiz üçin... saýlady» (2 Ýyl. 29:11). Hawa, lewilere arassa seždäni dikeltmek babatda aýdyň görkezme berildi.
8. Hizkiýa halky ruhy taýdan dikeltmek üçin näme etdi we bu nähili netije berdi?
8 Hizkiýa bütin ýehudy we ysraýyl halkyny çagyryp, Pasha baýramyny, soňra ýedi günlük Petir baýramyny belleýär. Halk bu baýramçylyga şeýle begenýär welin, ol ýedi gündenem has köp uzaga çekýär. Mukaddes Ýazgylarda şeýle habar berilýär: «Iýerusalimde uly şatlyk boldy, çünki Ysraýyl patyşasy Dawudyň ogly Süleýmanyň döwründen bäri Iýerusalimde beýle baýram bolmandy» (2 Ýyl. 30:25, 26). Baýramçylyk bütin halky örän ruhlandyrýar. 2 Ýyl ýazgylary 31:1-de şeýle diýilýär: «Pesah (Pasha) baýramy tamamlanandan soň, ol ýerdäki bütin ysraýyl halky Ýahuda galalaryna gidip, dikme daşlary kül-owram edip, Aşera butlaryny kesdiler... sežde edilýän ýerleri we gurbanlyk sypalarynyň ählisini ýok etdiler». Olar täze güýç bilen Ýehowa gulluk edip başladylar. Halkyň ruhy taýdan arassalanmagy olary gelejekki kynçylyklara taýýarlamalydy.
PATYŞA ÝEHOWA BIL BAGLAÝAR
9. a) Ysraýylyň maksady nädip başa barmady? b) Sanherip Ýahudada ilki nähili üstünlik gazandy?
9 Işaýanyň aýdyşy ýaly, Aşur şalygy Ysraýylyň demirgazyk patyşalygyny basyp alýar. Onuň ýaşaýjylaryny bolsa, ýurtdan kowup çykarýar. Şeýdip, Ysraýylyň Dawudyň tagtyny eýelemek maksady amala aşmaýar. Emma Aşuryň maksady nämedi? Aşurlylar Ýahuda göz dikýärdiler. «Hizkiýa patyşanyň şalygynyň on dördünji ýylynda Aşur patyşasy Sanherip Ýahudanyň ähli galalaryna garşy hüjüm edip, olary basyp aldy». Habar berilmegine görä, Sanherip Ýahudanyň 46 şäherini basyp alýar. Eger siz şonda Iýerusalimde ýaşan bolsaňyz, özüňizi nähili duýardyňyz? Aşur goşuny Ýahudanyň şäherlerini birin-birin basyp alyp gelýärdi! (2 Pat. 18:13).
10. Mika 5:5, 6-daky sözler Hizkiýany näme üçin ruhlandyran bolmaly?
10 Elbetde, Hizkiýa howp abanýandygyna düşünýärdi. Ýöne ol imandan dänen atasy Ahaz ýaly kömek üçin butparaz halklara ýüz tutmaýar. Hizkiýa Ýehowa bil baglaýardy (2 Ýyl. 28:20, 21). Ol Mika pygamberiň Aşur barada aýdan şu weliligini bilýärdi: «Aşurlylara... biz ýedi çopany, sekiz serdary olaryň garşysyna ibereris. Olar Aşur ýurduny gylyç bilen... dolandyrarlar» (Mika 5:5, 6). Ýehowanyň sözleri Hizkiýany ruhlandyran bolmaly. Bu pygamberlik Ýehowanyň Aşur şalygyny ýok etmek üçin, täsin goşuny ulanyp biljekdigini görkezýärdi.
11. Ýedi çopan we sekiz serdar baradaky pygamberlik, esasan, haçan ýerine ýetmeli?
11 Ýedi çopan we sekiz serdar baradaky pygamberlik, esasan-da, Isa, ýagny «Ysraýylda... hökümdarlyk etjek» doglandan soň ýerine ýetdi; «onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr» (Mika 5:1, 2-nji aýatlary okaň)c. Bu pygamberlik gelejekde Ýehowanyň gullukçylaryna «Aşur» ýaly duşmanlar howp salanda ýerine ýetmeli. Şonda Ýehowa şöhratly Ogly arkaly duşmany ýok etmek üçin nähili güýç ulanar? Biz muny soňrak bileris. Häzir bolsa, geliň, Aşur tarapyndan howp astyna düşen Hizkiýanyň eden işlerinden näme öwrenip biljekdigimize seredeliň.
HIZKIÝA PAÝHASLY HEREKET EDÝÄR
12. Hudaýyň halkyny goramak üçin Hizkiýa we onuň adamlary näme etdiler?
12 Ýehowa bize kynçylyklarda kömek etmäge hemişe taýyn, ýöne Ol biziň elimizde baryny etmegimizi isleýär. Hizkiýa şeýle hem etdi. Ol «şäheriň daşyndaky çeşmeleriň suwuny bentlemek barada öz baştutanlary we batyr ýigitleri bilen maslahatlaşdy... Şeýdip, Hizkiýa kuwwatlanyp, diwaryň ähli ýykylan ýerlerini bejerip, onuň üstünde diňler düzetdi. Daşyndan ol ýene-de başga bir diwar gurdy... köp mukdarda ýaraglardyr galkanlar ýasatdy» (2 Ýyl. 32:2—5). Ýehowa birnäçe batyr adamlar, ýagny Hizkiýa, onuň serdarlary we ruhy taýdan berk pygamberler arkaly Öz halkyny gorady we aladasyny etdi.
13. Hizkiýa halky hüjüme taýýarlamak üçin nähili wajyp ädim ätdi? Düşündiriň.
13 Hizkiýanyň indiki eden ädimi suwy bentlemek ýa-da şäheriň diwaryny düzetmekden has wajypdy. Aladaçyl çopan Hizkiýa halky ýygnap, olara ruhlandyryjy sözleri aýtdy: «Dözümli we mert boluň. Aşur patyşasyndan gorkmaň, heder etmäň, çünki biziň bilen Bolýan onuň bilen bolýandan has güýçlüdir. Aşur patyşasy ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer». Hizkiýa halka Ýehowanyň kömek etjekdigini ýatlatdy. «Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy». Üns beren bolsaňyz, halkyň ýüregine «Hizkiýanyň sözleri» täsir etdi. Ýehowanyň pygamberlik edişi ýaly, Hizkiýa, onuň serdarlary, batyr ýigitler, şol sanda Mika we Işaýa pygamberler halkyň aladaçyl çopanlary boldular (2 Ýyl. 32:6—8; Mika 5:5, 6-njy aýatlary okaň)d.
14. Rabşak näme diýdi we halk özüni nähili alyp bardy?
14 Aşur patyşasy Iýerusalimiň günorta-gündogarynda ýerleşýän Lakyşda düşelge gurady. Ol şäheri boýun egdirmek üçin üç sany habarçy ýollaýar. Onuň Rabşak titully baş wekili dürli tilsimleri ulanýar. Ol halka ýewreý dilinde ýüzlenip, olary patyşa we aşur halkyna tabyn bolmaga çagyrýar, bu ýerden göçseler, gurply ýaşaýyşdan lezzet aljakdygy barada ýalan wadalary berýär (2 Pat. 18:31, 32). Soňra Rabşak özge milletleriň taňrylary öz gullukçylaryny gorap bilmeýşi ýaly, Ýehowanyň-da ýehudylary Aşuryň goly astyndan halas edip bilmejekdigini aýdýar. Halk ýalan sözlere jogap gaýtarman, akylly hereket edýär. Şu günler hem Ýehowanyň gullukçylary köplenç şeýle edýärler (2 Patyşalar 18:35, 36)e.
15. Iýerusalimiň ýaşaýjylaryndan näme talap edilýärdi we Ýehowa şäheri nädip halas etdi?
15 Hizkiýanyň tukat bolmagy düşnüklidi. Ýöne ol kömek üçin özge halka ýüzlenmän, Işaýa pygamberiň ýanyna gidýär. Işaýa Hizkiýa şeýle diýýär: «Ol (Sanherip) bu şähere girmez, ok atmaz, bu şäheriň garşysyna galkanly çykmaz» (2 Pat. 19:32). Iýerusalimiň ýaşaýjylarynyň bar etmeli işi — batyrgaý bolmalydylar. Ýahuda üçin Ýehowa söweşmelidi. Bu şeýle-de boldy! «Edil şol gije Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi» (2 Pat. 19:35). Ýahuda ýurdy Hizkiýanyň suwy bentländigi ýa-da şäheriň diwaryny düzedendigi üçin däl-de, Hudaýyň kömek edendigi üçin halas boldy!
BIZIŇ ÜÇIN SAPAK
16. Şu günler a) Iýerusalimiň ýaşaýjylary, b) «aşurlylar», ç) ýedi çopan we sekiz serdar kimleri aňladýar?
16 Ýedi çopan we sekiz serdar baradaky pygamberlik biziň günlerimizde has uly möçberde ýerine ýetýär. Gadymy Ysraýylyň ýaşaýjylaryna aşurlylar hüjüm edipdi. Ýakyn gelejekde bolsa, «Aşur» ýaly duşmanlar Ýehowanyň halkyny ýok etmek üçin, olara hüjüm eder. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda «Magok ýurdundaky... Gogyň», «demirgazyk patyşasynyň» we «dünýä patyşalarynyň» hüjüm etjekdigi barada aýdylýar (Ezek. 38:2, 10—13; Dan. 11:40, 44, 45; Ylh. 17:14; 19:19). Bu hüjümler biri-birinden tapawutlanýarmy? Biz muny anyk bilmeýäris. Mukaddes Ýazgylarda şeýle hüjümler dürli-dürli atlandyrylýar. Mikanyň pygamberligine görä, Ýehowa zalym duşmana, ýagny «aşurlylara» garşy nähili «gizlin ýarag» ulanar? Örän üýtgeşik ýarag — «ýedi çopan, sekiz serdar»! (Mika 5:5). Hawa, çopanlardyr serdarlardan ybarat bolan bu täsin goşun ýygnak ýaşulularydyr (1 Pet. 5:2). Şu günler Ýehowa ençeme wepaly ýygnak ýaşululary arkaly Öz halkyny geljekki «Aşuryň» etjek hüjümine taýýarlamak üçin, olary ruhy taýdan berkidýärf. Mikanyň pygamberligine görä, olar «Aşur ýurduny gylyç bilen... dolandyrarlar» (Mika 5:6). Hawa, siz bu ýaraglaryň arasyndan «Ruhuň gylyjyny», ýagny Hudaýyň Sözüni taparsyňyz (2 Kor. 10:4; Efes. 6:17).
17. Şu makaladan ýaşulular nähili dört sapak edinip bilerler?
17 Ýaşulular şu makaladan käbir peýdaly zatlary öwrenip bilerler. 1. «Aşuryň» geljekki hüjümine taýýarlanmak üçin Hudaýa bolan imanyňy berkitmeli we bu babatda dogan-uýalara-da kömek etmeli. 2. «Aşur» hüjüm edende, Ýehowanyň bizi halas etjekdigine ýaşulular doly ynamly bolmaly. 3. Şonda Ýehowanyň guramasyndan aljak görkezmämiz geň görünmegi mümkin. Emma biz berlen görkezme bilen razylaşmasak-da, ony kabul etmäge taýyn bolmaly, çünki bu bizi halas eder. 4. Eger kimdir biri dünýewi bilime, maddy zatlara ýa-da ynsan guramalaryna bil baglaýan bolsa, onda häzir pikiriňi üýtgetmegiň tüýs wagtydyr. Ýaşulular şeýle adamlara Ýehowa bil baglamaga kömek etmäge taýýar bolmaly.
18. Bize haýsy ýatlatma gelejekde kömek eder?
18 Hizkiýanyň döwründäki Iýerusalimiň ýaşaýjylary ýaly, biz hem gelejekde alaçsyz bolup görünmegimiz mümkin. Şol sebäpli, geliň, imanymyzy berkidýän Hizkiýanyň şu sözlerini unutmalyň: «Duşmanlarymyz ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer» (2 Ýyl. 32:8).
[Çykgytlar]
a Işaýa 7:14-däki «gyz» diýen ýewreý sözi durmuşa çykan aýaly-da aňladyp bilýär. Şol sebäpli bu söz Işaýanyň aýalyna we ýehudy gyzy Merýeme-de degişlidir.
b Işaýa 7:14 Rebbiň Özi size bir alamat berer. Ine, bir gyz göwreli bolup, ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakar. 8:3 Men pygamber aýala ýanaşdym. Ol göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Reb maňa: «Adyna Maher-şalal-haşbaz dak. 4 Çaga „kaka“, „eje“ diýmegi öwrenmezden öň, Damaskyň we Samarýanyň baýlygyny Aşur patyşasy olja alar» diýdi.
c Mika 5:1 Ysraýyl hökümdarynyň dulugyna taýak bilen urýarlar. 2 Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.
d Mika 5:5 Ol halkyna parahatçylyk getirer. Aşurlylar ýurdumyza gelip, köşgümizi basgylasalar, biz ýedi çopany, sekiz serdary olaryň garşysyna ibereris. 6 Olar Aşur ýurduny gylyç bilen, Nimrody alawly gylyç bilen dolandyrarlar. Serhedimizden geçip, ýurdumyza girjek bolýan aşurlylardan halas ederler bizi.
e 2 Patyşalar 18:35! „Rebbiň Iýerusalimi meniň elimden halas ederi ýaly, bu ähli hudaýlaryň arasyndan öz ýurtlaryny meniň elimden halas edeni barmy?“ 36 Emma halkdan ses çykmady, oňa jogap gaýtaran bolmady, çünki Hizkiýa patyşa adamlara: «Oňa hiç bir jogap gaýtarmaň» diýip tabşyrypdy.
f Mukaddes Ýazgylarda ýedi san köplenç dolulygy ýa-da gutarnyklylygy aňladýar. Sekiz san (ýediden bir san köp) käte bolçulygy aňladýar.
[16-njy sahypadaky surat]
[18-nji sahypadaky surat]
Halk Hizkiýanyň sözlerini ýürekden kabul etdi (12, 13-nji abzaslara serediň)