55-NJI AÝDYM
Olardan gorkmaň!
1. Öňe git mähriban halkym,
Ýagşy habar ýaýrasyn.
Hiç zatdan heder etmäň,
Duşman howp salsa salsyn.
Isa dünýäniň Soltany,
Ýere zyňdy duşmany.
Tizden ýok eder Şeýtany,
Erbetligi goldany.
GAÝTALAMA:
Gorkma duşmanlardan halkym,
Menden güýçli barmy, heý?!
Goraryn wepaly halkym
Gözümiň göreji deý.
2. Daşyňyzy gabap duşman,
Hüjüm etse-de dynman,
Gurup her dürli hile,
Gülse-de ýaňsy bile,
Eý halkym, olardan gorkmaň,
Ýeňip bilmez hiç haçan.
Eger bolsaňyz wepaly,
Goraryn gala ýaly.
GAÝTALAMA:
Gorkma duşmanlardan halkym,
Menden güýçli barmy, heý?!
Goraryn wepaly halkym
Gözümiň göreji deý.
3. Hiç haçan bolmarsyň ýeke,
Berkider çäksiz güýjüm.
Ýeňjek bolsa-da ölüm,
Halas ederin Özüm.
Duşman öldürse-de teni,
Ýok edip bilmez jany.
Bererin wepaly bolsaň,
Gözel Jennet mekany.
GAÝTALAMA:
Gorkma duşmanlardan halkym,
Menden güýçli barmy, heý?!
Goraryn wepaly halkym
Gözümiň göreji deý.
(Serediň: 5 Mus. 32:10; Neh. 4:14; Zeb. 59:1; 83:2, 3)