SAPAK 12
Mähir we duýgy bilen gepläň
1 Selanikliler 2:7, 8
BELLIK: Aýdýan sözleriňizden duýgularyňyz we diňleýjileriň aladasyny edýändigiňiz görünmeli.
NÄDIP ETMELI?
Diňleýjiler hakda oýlanyň. Diňleýjileriň uçraýan kynçylyklaryna özüňiziňki ýaly garap, ýüregiňizi taýýarlaň. Olaryň başdan geçirýän duýgularyny göz öňüne getirjek boluň.
Aýtjak sözleriňizi ünsli saýlaň. Diňleýjileri ruhlandyrmaga, teselli bermäge we berkitmäge çalşyň. Göwne degiji sözleri aýtmakdan gaça duruň. Ýehowa iman etmeýän adamlar we olaryň ynançlary hakda kemsidiji zatlary aýtmaň.
Gyzyklanýandygyňyzy görkeziň. Sesiňiziň äheňinden we hereketiňizden diňleýjileriň ýürekden aladasyny edýändigiňiz görünsin. Gepläniňizde, ýylgyrmagy hem ýatdan çykarmaň.