Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Guran injir agajy arkaly berlen öwüt
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isa şägirlerine injir agajynyň mysaly arkaly iman hakda öwüt berýär

      105-NJI BAP

      Guran injir agajy arkaly berlen öwüt

      MATTA 21:19—27; MARKUS 11:19—33; LUKA 20:1—8

      • ISA INJIR AGAJYNYŇ MYSALY ARKALY IMAN HAKDA ÖWÜT BERÝÄR

      • ISANYŇ YGTYÝARYNY ŞÜBHÄ GOÝÝARLAR

      Isa duşenbe güni öýlän Iýerusalimden gaýdyp, Zeýtun dagynyň gündogar eňňidinde ýerleşýän Betaniýa dolanyp gelýär. Ol gijäni dostlary Lazar, Merýem we Martanyň öýünde geçiren bolmaly.

      Nisan aýynyň 11-ine irden Isa şägirtleri bilen ýene-de ýola düşýär. Ol şu gün ybadathana iň soňky gezek baryp, märekäniň öňünde tälim berer. Pasha baýramyny belläp, Ýatlama agşamyny girizenden soň bolsa, ol agyr synaglara uçrap öldüriler.

      Zeýtun dagyndan düşüp, Betaniýadan Iýerusalime barýarkalar, Petrus Isanyň düýn irden näletlän injir agajyna üns berýär. Ol: «Mugallym, seret! Seniň näletlän injir agajyň gurapdyr» diýýär (Markus 11:21).

      Eýsem, Isa bu agajy näme üçin näletledikä? Ol munuň sebäbini şeýle düşündirýär: «Size dogrusyny aýdýaryn, eger siz iman etseňiz we hiç hili şübhäňiz bolmasa, diňe muny däl, eýsem, şu daga: „Ýeriňden gal-da, özüňi deňze zyň“ diýseňiz, bu hökman bolar. Şeýle-de iman bilen dilän ähli zadyňyzy alarsyňyz» (Matta 21:21, 22). Şeýdip, Isa dagy ýerinden gozgap bilýän iman hakda aýdan sözlerini gaýtalaýar (Matta 17:20).

      Üns beren bolsaňyz, Isa guran agajyň mysaly arkaly Hudaýa iman etmegiň wajypdygyny görkezýär. Ol: «Doga edip, dileýän ähli zatlaryňyzy aljakdygyňyza iman etseňiz, olary hökman alarsyňyz» diýýär (Markus 11:24). Şägirtler üçin, gör, nähili wajyp sapak! Bu, esasan-da, tizden agyr synaglara uçrajak resullara degişlidi. Emma Isa guran injir agajy we iman, has dogrusy, gowşak iman bilen bagly başga-da bir zady aýtjak bolýar.

      Ysraýyl halky injir agajy ýaly daşyndan gowy görünýärdi. Bu halk Hudaý bilen äht baglaşypdy we göräýmäge, Hudaýyň Kanunyny berjaý edýän ýalydy. Emma olar imanyny ýitiripdiler we gowy miwe getirmeýärdiler. Olar hatda Hudaýyň Oglundan hem ýüz öwürdiler! Şeýdip, Isa guran injir agajy arkaly miwe getirmeýän imansyz halka näme boljakdygyny görkezýär.

      Biraz wagtdan Isa şägirtleri bilen Iýerusalime baryp ýetýär. Ol endigine görä ybadathana girip, adamlara tälim berip başlaýar. Şonda uly ruhanylar we halkyň ýaşululary gelip, Isadan: «Sen bu zatlary kimiň güýji bilen edýärsiň? Saňa bulary etmäge kim ygtyýar berdi?» diýip soraýarlar (Markus 11:28). Olar muny Isanyň bir gün öň pul çalyşýanlary kowandygyny göz öňünde tutup aýdan bolmaly.

      Isa şeýle jogap berýär: «Menem size bir sorag berjek. Oňa jogap berseňiz, men bu zatlary kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýdaýyn. Ýahýa suwa çümdürmek ygtyýaryny Hudaýdan aldymy ýa-da adamlardan? Hany, jogap beriň». Duşmanlar çykgynsyz ýagdaýa düşýärler. Ruhanylar we ýaşulular öz aralarynda şeýle maslahatlaşýarlar: «Eger „Hudaýdan“ diýsek, ol bize „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“ diýer. Emma biz nädip „adamlardan“ diýip bileris?» (Markus 11:29—32).

      Isanyň duşmanlary näme diýjegini bilmän: «Biz bilmeýäris» diýip jogap berýärler. Isa hem olara: «Onda menem bu zatlary kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýtmaryn» diýýär (Markus 11:33).

      • Nisan aýynyň 11-i näme üçin wajyp gün hasaplanýar?

      • Isa guran injir agajy arkaly nähili sapak berýär?

      • Isanyň ygtyýary hakda sorag beren adamlar nähili çykgynsyz ýagdaýa düşýärler?

  • Üzümçilik baradaky mysallar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Iki ogul baradaky mysal

      106-NJY BAP

      Üzümçilik baradaky mysallar

      MATTA 21:28—46; MARKUS 12:1—12; LUKA 20:9—19

      • IKI OGUL BARADAKY MYSAL

      • ÜZÜMÇILIGIŇ BAGBANLARY HAKDAKY MYSAL

      Isa ýaňyja ybadathanada ygtyýaryny şübhä goýan uly ruhanylary we halkyň ýaşulularyny çykgynsyz ýagdaýa saldy. Olar oňa aýdara söz tapmadylar. Soňra Isa olaryň nähili adamdygyny görkezmek üçin bir hekaýa gürrüň berýär:

      «Bir adamyň iki çagasy bardy. Ol birinjisine: „Balam, şu gün gidip üzümçilikde işle“ diýýär. Ol bolsa: „Ýok, gitjek däl“ diýýär. Ýöne soňra aýdanyna ökünip, işlemäge gidýär. Ol adam ikinji çagasynyň hem ýanyna baryp, şol sözleri aýdýar. Ol bolsa: „Bolýar, hojaýyn“ diýýär-de, ýöne gitmeýär. Bu iki çaganyň haýsysy atasynyň diýenini etdi?» (Matta 21:28—31). Elbetde, birinji ogly.

      Şonda Isa özüne garşy çykýan adamlara: «Size dogrusyny aýdýaryn, salgytçylar we bozuk aýallar Hudaýyň Patyşalygyna sizden öňürti girerler» diýýär. Salgytçylar we ahlaksyz adamlar başda Hudaýa gulluk etmek islemeýärdiler. Emma soň hekaýadaky birinji ogul ýaly toba edip, Hudaýa gulluk edip başlaýarlar. Dini ýolbaşçylar bolsa ikinji ogla meňzäp, başda Hudaýa gulluk etseler-de, soň etmän başlaýarlar. Isa bu hakda şeýle diýýär: «Ýahýa gelip, size dogry ýoly görkezdi, ýöne siz oňa ynanmadyňyz. Emma salgytçylar we bozuk aýallar ynandylar. Siz muny görüp-de, oňa ynanmak üçin edýän işleriňize ökünmediňiz» (Matta 21:31, 32).

      Soňra Isa başga bir hekaýany gürrüň berýär. Bu hekaýa dini ýolbaşçylaryň diňe bir Hudaýa gulluk etmekden boýun gaçyrman, eýsem, olaryň zalym adamdygyny hem görkezer. Isa şeýle gürrüň berip başlaýar: «Bir adam ekin meýdanynda üzüm agaçlaryny oturdyp, olaryň daşyna haýat aýlaýar we üzüm sykylýan ýer taýýarlap, gözegçilik etmek üçin bir diň gurýar. Soňra üzümçiligini bagbanlara kärendesine berýär-de, özi başga ýurda gidýär. Hasyl döwri gelende, ol öz üzümçiliginden biraz miwe almak üçin bagbanlaryň ýanyna guluny iberýär. Emma olar guly urup, oňa hiç zat bermän goýberýärler. Soňra hojaýyn başga bir guluny iberýär, bagbanlar onuň kellesine urup kemsidýärler. Ol ýene-de birini ugradýar, bagbanlar ony öldürýärler. Olar hojaýynyň başga-da iberen ençeme gullarynyň käbirini urup, käbirini öldürýärler» (Markus 12:1—5).

      Diňleýjiler hekaýanyň manysyna düşündilermikä? Belki-de, Hudaýyň Işaýa arkaly aýdan şu sözleri olaryň ýadyna düşendir: «Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi Ysraýylyň nesilleridir, hoş görýän bagy-da, ýahuda halkydyr. Ol adalata garaşdy, ýöne zulum gördi; dogrulyga garaşdy, ýöne dady-perýat eşitdi» (Işaýa 5:7). Isanyň gürrüň beren hekaýasy-da şoňa meňzeýär. Ýer eýesi Ýehowa, üzümçilik bolsa ysraýyl halkyny aňladýar. Hudaýyň Kanuny ysraýyllylary haýat ýaly goraýardy. Ýehowa pygamberlerini iberip, halkyna görkezme berýärdi we olara gowy miwe getirmäge kömek edýärdi.

      Emma «bagbanlar» iberilen «gullary» urup, öldürýärdiler. Isa sözüni şeýle dowam edýär: «Hojaýynyň söýgüli ogly bardy. Ahyrynda, ol ony iberip: „Oglumy-ha sylarlar“ diýip pikir edýär. Emma bagbanlar öz aralarynda „Bu üzümçiligiň mirasdüşeri. Geliň, ony öldürip, ekin meýdanyny özümize alalyň!“ diýýärler. Şeýdip, olar ony alyp, öldürýärler-de, üzümçilikden çykaryp zyňýarlar» (Markus 12:6—8).

      Isa diňleýjilerinden: «Üzümçiligiň eýesi näme eder?» diýip soraýar (Markus 12:9). Dini ýolbaşçylar: «Üzümçiligiň eýesi bagbanlaryň zalymlyk edendigi üçin olary öldürer. Üzümçiligi bolsa miwesini wagtynda ýygnap berjek bagbanlara tabşyrar» diýip jogap berýärler (Matta 21:41).

      Şeýdip, olar bilmän özlerine höküm çykarýarlar. Sebäbi olar hem Ýehowanyň «üzümçiligine», ýagny halkyna iberen «bagbanlaryň» arasyndadylar. Ýehowanyň bagbanlardan miwä garaşmagy ýerliklidi, ýagny olar onuň Ogly Mesihe iman etmelidiler. Isa göni dini ýolbaşçylara ýüzlenip: «Siz Ýazgylarda: „Gurluşykçylaryň gerek däl diýip zyňan daşy iň wajyp daş boldy. Muny Ýehowa etdi, bu biziň üçin örän geňdir“ diýleni asla okamadyňyzmy?» diýýär (Markus 12:10, 11). Soňra Isa aýdan sözlerini şeýle düşündirýär: «Şol sebäpli size diýýärin, Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, miwesini öndürjek halka berler» (Matta 21:43).

      Kanunçylar we uly ruhanylar «mysalyň özleri hakda aýdylandygyna düşündiler» (Luka 20:19). Iň erbedi bolsa, olar Isany, ýagny «mirasdüşeri» öldürmek isleýärler. Emma olar märekeden gorkýarlar, sebäbi olar Isany pygamber hasaplaýardy. Şonuň üçin olar Isany tussag etmekden az salym el çekýärler.

      • Isanyň gürrüň beren hekaýasyndaky iki ogul kimleri aňladýar?

      • Ikinji hekaýadaky «üzümçiligiň eýesi», «üzümçilik», «bagbanlar», «gullar» we «mirasdüşer» kimleri aňladýar?

      • «Bagbanlara» gelejekde näme bolar?

  • Patyşa çagyrylan myhmanlara toýa gelmegi haýyş edýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Patyşa çagyrylan myhmanlara toýa gelmegi haýyş edýär

      107-NJI BAP

      Patyşa çagyrylan myhmanlara toýa gelmegi haýyş edýär

      MATTA 22:1—14

      • TOÝ DABARASY BARADAKY MYSAL

      Isanyň ýer ýüzündäki gullugy tamamlanyp gelýärdi. Ol kanunçylary we uly ruhanylary mysallar arkaly paş etmegini bes etmeýär. Şol sebäpli olar Isany öldürmek üçin oda-köze düşýärler (Luka 20:19). Emma Isa şonda-da olary paş etmegini dowam edip, ýene bir hekaýany gürrüň berýär:

      «Gökdäki Patyşalygy ogluny öýerip, toý tutýan patyşa meňzetse bolar. Ol gullaryny iberip, toý dabarasyna adamlary çagyrdy, ýöne çagyrylanlar gelmek islemedi» (Matta 22:2, 3). Üns beren bolsaňyz, Isa giriş sözlerini «Gökdäki Patyşalyk» diýip başlaýar. Diýmek, «patyşa» Ýehowa Hudaýy aňladýar. Onda patyşanyň ogly we toýa çagyrylan myhmanlar kimkä? Elbetde, Ýehowanyň Oglunyň kimdigini bilmek kyn däl. Şeýle-de onuň Ogly bilen gökdäki Patyşalykda höküm sürmäge kimleriň çagyrylandygyny bilmek hem aňsat.

      Emma toýa ilkinji bolup çagyrylanlar kim? Isa we onuň resullary Patyşalyk baradaky habary kimlere wagyz etdiler? Elbetde, ýehudylara (Matta 10:6, 7; 15:24). B. e. öň 1513-nji ýylda Hudaý olar bilen Kanun ähtini baglaşypdy. Diýmek, «patyşalyk ruhanylaryň» agzalary başda ysraýyl halkyndan saýlandy (Müsürden çykyş 19:5—8, TD). Ýöne olar «toý dabarasyna» haçan çagyryldy? B. e. 29-njy ýylynda, şonda Isa gökdäki Patyşalyk hakda wagyz edip başlapdy.

      Olar çakylyga nähili seslendiler? Isanyň aýtmagyna görä, «çagyrylanlar mynasyp bolmady». Dini ýolbaşçylar we halkyň aglabasy Isany Mesih hem-de Hudaýyň bellän Patyşasy hökmünde kabul etmedi.

      Muňa garamazdan, Isa ýehudylaryň ikilenç çagyrylandygyny aýdýar. Ol muny şeýle gürrüň berýär: «Şonda ol (patyşa) başga gullaryny iberip: „Çagyrylanlara aýdyň: Ine, men günortanlyk nahary taýýarladym, öküzler we iň gowy mallar soýuldy, hemme zat taýyn. Toýa geliň“ diýdi. Emma olar muňa biperwaý garap, biri öz mellegine, beýlekisi söwda-satyk işlerine gitdi. Galanlary bolsa gullary ýenjip öldürdiler» (Matta 22:4—6). Bu sözler mesihçiler ýygnagy dörände berjaý bolmalydy. Sebäbi şol wagt Patyşalyga girmäge diňe ýehudylarda mümkinçilik bardy. Ýöne şonda-da köpüsi çakylygy kabul etmezler, hatda «patyşanyň gullaryny» hem kemsiderler (Resullaryň işleri 4:13—18; 7:54, 58).

      Munuň netijesi nähili bolar? Isa şeýle diýýär: «Patyşanyň muňa juda gahary geldi. Ol goşunyny iberip, olary öldürdi we şäherini otlady» (Matta 22:7). B. e. 70-nji ýylynda rimliler «olaryň... şäherini», ýagny Iýerusalimi derbi-dagyn edende, ýehudylar şu zatlary başdan geçirerler.

      Eger çagyrylanlar patyşanyň çakylygyny kabul etmedik bolsalar, onda toýa başga hiç kim çagyrylmazmy? Isa bu babatda şeýle diýýär: «Soňra ol (patyşa) gullaryna şeýle diýdi: „Toý taýýar, emma çagyrylanlar mynasyp bolmady. Şonuň üçin gidiň-de, şäheriň uly ýollaryna çykyp, hemmeleri toýa çagyryň“. Olar hem uly ýollara çykyp, erbet diýmän, ýagşy diýmän, adamlaryň baryny çagyrdylar. Şeýdip, toý jaýy myhmandan doldy» (Matta 22:8—10).

      Birnäçe wagtdan Petrus resul özge milletden bolan adamlara, ýagny ýehudy bolmadyk ýa-da ýehudy dinini kabul etmedik adamlara mesihçi bolmaga kömek edip başlar. B. e. 36-njy ýylynda Rim goşunynyň ýolbaşçysy Korneliýe we onuň öý-içersine Hudaýyň mukaddes ruhy indi. Şonda olar gökdäki Patyşalykda Isa bilen höküm sürjekleriň arasyna saýlandylar (Resullaryň işleri 10:1, 34—48).

      Isa hekaýasynda toýa gelen myhmanlaryň ählisiniň «patyşanyň» göwnünden turmajakdygyny aýdýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Patyşa gelip, myhmanlara syn edende, olaryň arasynda toý eşigini geýmedik bir adamy gördi. Şonda ol: „Dostum, sen bu ýere toý eşigini geýmän nädip girip bildiň?“ diýip sorady. Ol hiç zat jogap bermedi. Soňra patyşa hyzmatkärlerine: „Munuň el-aýagyny daňyp, garaňkylyga taşlaň. Ol ýerde gözýaş döküp, alaçsyzlykdan ýaňa dişini gyjar“ diýdi. Hawa, çagyrylanlar köp, saýlananlar azdyr» (Matta 22:11—14).

      Isany diňläp oturan dini ýolbaşçylar onuň aýdýanlarynyň manysyna doly düşünmedik bolsalar gerek. Muňa garamazdan, eşidýän zatlary olaryň gulagyna ýakmaýar. Şonuň üçin olaryň bu zatlary gürrüň beren adamy öldürmek islegi has-da güýjeýär.

      • Hekaýadaky «patyşa», «onuň ogly» we toýa ilkinji bolup çagyrylanlar kimleri aňladýar?

      • Ýehudylar ilkinji bolup haçan çagyryldylar, olardan soň kimler çagyrylýar?

      • «Çagyrylanlar köp, saýlananlar azdyr» diýen jümle nämäni aňladýar?

  • Dini ýolbaşçylaryň synanyşygy başa barmaýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isa fariseýlere ökdelik bilen jogap berýär

      108-NJI BAP

      Dini ýolbaşçylaryň synanyşygy başa barmaýar

      MATTA 22:15—40; MARKUS 12:13—34; LUKA 20:20—40

      • «PATYŞANYŇKYNY PATYŞA... BERIŇ»

      • DIRELIŞ WE NIKA

      • IŇ ULY TABŞYRYK

      Isanyň dini duşmanlarynyň keýpi ýokdy. Sebäbi Isa ýaňyja bir hekaýany gürrüň berip, olaryň zalymdygyny görkezipdi. Şonuň üçin fariseýler ony duzaga düşürmek üçin dil düwüşýärler. Olar Rim häkimi Isany tussag eder ýaly, oňa garşy bir zatlary aýtdyrjak bolýarlar. Fariseýler öz şägirtlerini satyn alyp, şolar arkaly Isany tora salmakçydylar (Luka 6:7).

      Olar gelip: «Mugallym, biz seniň dogry sözläp öwredýändigiňi we ikiýüzlülik etmän, Hudaýyň ýoluny hakykata laýyk öwredýändigiňi bilýäris. Bize aýt, patyşa salgyt tölemek dogrumy ýa-da ýok?» diýýärler (Luka 20:21, 22). Isa bu ikiýüzli we mekir adamlaryň toruna düşer ýaly akylsyz däldi. Eger ol «Salgyt tölemek nädogry» diýse, onda Rim hökümetine garşy gozgalaň turzardy. Eger-de ol «Salgyt töläň» diýse, onda halk Isanyň sözlerine ters düşünip, onuň özüne garşy hüjüm etmekleri mümkindi. Isa näme jogap bererkä?

      Ol: «Eý ikiýüzlüler, siz näme üçin meni synaýarsyňyz? Hany, maňa bir dinar görkeziň» diýýär. Olar bir dinar getirip berende, Isa olardan: «Munuň ýüzünde kimiň suratyny we adyny görýärsiňiz?» diýip soraýar. Olar hem: «Patyşanyň» diýip jogap berýärler. Şonda Isa: «Onda patyşanyňkyny patyşa, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýip, gaty gowy görkezme berýär (Matta 22:18—21).

      Olar Isanyň sözlerine haýran galýarlar. Isanyň ökdelik bilen beren jogabyny eşidip, olar näme diýjeklerini bilmän, ol ýerden gaýdýarlar. Gün heniz tamamlanmandy, olaram niýetinden el çekmekçi däldiler. Görşümiz ýaly, Isany tora salmak başartmaýar. Şonuň üçin fariseýleriň ýerine dini ýolbaşçylaryň başga topary, ýagny saddukeýler gelýär.

      Saddukeýler direlişe ynanmaýardylar. Olar şu meseläni gozgap, bir aýala öýlenen doganlar hakda şeýle sorag berýärler: «Mugallym, Musanyň aýtmagyna görä, „Eger bir adamyň çagalary bolman dünýäden ötse, dogany onuň aýalyna öýlenip, neslini dowam etmeli“. Biziň aramyzda ýedi dogan bardy. Olaryň birinjisi öýlenip, nesil galdyrman aradan çykdy. Soňra onuň aýalyna dogany öýlendi. Ol hem aradan çykdy, soňra onuň üçünji we ähli ýedi dogany bilen hem şeýle boldy. Ahyrynda, ol aýal hem aradan çykdy. Doganlaryň ýedisi-de oňa öýlenipdi. Indi direlişde ol haýsysynyň aýaly bolar?» (Matta 22:24—28).

      Saddukeýler Musanyň ýazanlary bilen ylalaşýardylar. Şol sebäpli Isa onuň sözlerine salgylanyp, şeýle jogap berýär: «Siz Ýazgylara-da düşünmeýärsiňiz, Hudaýyň güýjüni-de bilmeýärsiňiz. Ine, şonuň üçinem ýalňyşýarsyňyz. Olar direlende ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar gökdäki perişdeler ýaly bolarlar. Siz Musanyň kitabynda ýanyp duran gyrymsy agaç barada okamadyňyzmy? Hudaý ölüleriň direljekdigi hakda aýdanda, ol Musa şeýle diýipdi: „Men Ybraýymyň Hudaýy, Yshagyň Hudaýy we Ýakubyň Hudaýy“. Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr. Siz juda ýalňyşýarsyňyz» (Markus 12:24—27; Müsürden çykyş 3:1—6). Isanyň beren jogabyny eşiden märeke haýran galýar.

      Hawa, Isa fariseýleri-de, saddukeýleri-de geplemez ýaly edýär. Indi olar bileleşip, Isany synamakçy bolýarlar. Bir kanunçy ondan: «Mugallym, Musanyň kanunynda iň wajyp tabşyryk haýsy?» diýip soraýar (Matta 22:36).

      Isa şeýle jogap berýär: «„Eý Ysraýyl, diňle, biziň Hudaýymyz Ýehowa — ýeke-täk Ýehowa Hudaýdyr. Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin aň-düşünjäň we bütin güýjüň bilen söý“. Ikinji tabşyryk hem şudur: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“. Şu iki tabşyrykdan uly tabşyryk ýokdur» (Markus 12:29—31).

      Kanunçy Isanyň jogabyny eşidip: «Mugallym, sen hakykata laýyk, dogry aýtdyň, „Hudaý ýeke-täkdir, ondan başga hudaý ýokdur“. Ony bütin ýüregiň, bütin aň-düşünjäň, bütin güýjüň bilen söýmeli, ýakynyňy-da özüňi söýşüň ýaly söýmeli. Bular ähli berilýän gurbanlardan has wajypdyr» diýýär. Isa onuň paýhasly jogap berşini görüp: «Sen Hudaýyň Patyşalygyna girmekden uzakda dälsiň» diýýär (Markus 12:32—34).

      Isa adamlara üç günläp (9—11-nji nisan) ybadathanada tälim berýär. Käbirler, şol sanda ýaňky kanunçy ýaly adamlar Isany höwes bilen diňleýärler. Emma oňa «sorag bermäge milt edip bilmeýän» dini ýolbaşçylar hakda beýle diýip bolmaz.

      • Fariseýler Isany nädip sözünde tutjak bolýarlar, emma bu nähili netije berýär?

      • Isa saddukeýleriň niýetini nädip puja çykarýar?

      • Isa kanunça nämä salgylanyp jogap berýär?

  • Isa dini duşmanlary ýazgarýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isa dini duşmanlary ýazgarýar

      109-NJY BAP

      Isa dini duşmanlary ýazgarýar

      MATTA 22:41—23:24; MARKUS 12:35—40; LUKA 20:41—47

      • MESIH «KIMIŇ OGLY»?

      • ISA IKIÝÜZLI DUŞMANLARYNY PAŞ EDÝÄR

      Isany rimlileriň eline tabşyrmak üçin, dini ýolbaşçylaryň eden tagallasy başa barmaýar (Luka 20:20). Häzir nisan aýynyň 11-i, Isa henizem ybadathanadady. Indi bolsa Isa olara sorag berip, özüniň kimdigini aýan edýär. Ol: «Siz Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň ogly?» diýip soraýar (Matta 22:42). Mesihiň Dawudyň neslinden gelmelidigi hemmelere mälimdi. Şonuň üçin olar: «Dawudyň ogly» diýip jogap berýärler (Matta 9:27; 12:23; Ýahýa 7:42).

      Şonda Isa: «Onda näme üçin Dawut mukaddes ruhuň täsiri bilen oňa „Halypam“ diýdi? Ol şeýle ýazypdy: „Ýehowa meniň Halypama: „Duşmanlaryňy aýaklaryň astynda goýýançam, sag tarapymda otur“ diýdi“. Eger Dawut Mesihe Halypam diýen bolsa, onda ol nädip onuň ogly bolýar?» diýip soraýar (Matta 22:43—45).

      Fariseýler näme diýjegini bilmeýärler. Olar Dawudyň neslinden bir adam gelip, bizi rimlileriň süteminden azat eder diýip umyt edýärdiler. Ýöne Isa Dawudyň Zebur 110:1, 2-nji aýatlardaky sözlerine salgylanyp, Mesihiň ynsan hökümdaryndan-da uly boljakdygyny görkezýär. Mesihe Dawudyň Halypasy diýilýär. Ol Hudaýyň sag tarapynda oturar we birnäçe wagtdan höküm sürüp başlar. Isanyň duşmanlary aýdara söz tapmaýarlar.

      Bu gürrüňi şägirtler we başga-da köp adamlar diňläp durdy. Isa olara ýüzlenip, kanunçylar we fariseýler babatda duýduryş berýär. Bu adamlar «Musanyň ornunda oturyp», Hudaýyň Kanunyny öwredýärdiler. Isa diňleýjilerine maslahat berip: «Olaryň ähli aýdýanlaryny ediň, ýöne edýän işlerini etmäň. Sebäbi olar aýdýan zatlaryny özleri etmeýärler» diýýär (Matta 23:2, 3).

      Isa olaryň ikiýüzlüligini görkezip: «Ýazgylardan alnan aýatlary gutujyklara salyp, olary erbetlikden goranmak üçin... dakýarlar» diýýär. Ýehudylaryň käbiri Kanundan alnan kiçijik parçalary gutujyklara salyp, maňlaýyna we ellerine dakýardylar. Fariseýler bolsa özlerini Kanuna has berlen adam edip görkezjek bolup, şol gutujyklary ulaldýardylar. Şeýle-de olar «donlarynyň seçeklerini uzaldýardylar». Ysraýyllylar geýimleriniň etegine gotazjyk, ýagny seçek tikmelidiler, ýöne fariseýler olary has-da uzyn edýärdiler (Sanlar 15:38—40). Bularyň bary «göz üçindi» (Matta 23:5).

      Isanyň şägirtleri-de başgalardan tapawutlanjak bolup, olaryň täsirine düşmekleri mümkindi. Şonuň üçin ol şägirtlerine şeýle maslahat berýär: «Siz özüňize „Mugallym“ diýdirmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Mugallymyňyz bar. Siziň baryňyz bolsa dogansyňyz. Şeýle-de ýer ýüzünde hiç kime „ata“ diýmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Ataňyz bar, Ol gökdedir. Özüňize „ýolbaşçy“ diýdirmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Ýolbaşçyňyz bar, ol Mesihdir». Onda şägirtler özlerini nähili alyp barmalydylar? Isa olara: «Araňyzda iň ulyňyz size hyzmatkär bolsun. Özüni beýgeldýän adam kiçeldiler, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler» diýýär (Matta 23:8—12).

      Soňra Isa ikiýüzli kanunçylara we fariseýlere ýüzlenip, şeýle diýýär: «Waý günüňize, eý kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Siz gökdäki Patyşalygyň gapysyny ýapyp, ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjek adamlara ýol berýärsiňiz» (Matta 23:13).

      Şeýle-de Isa olara Hudaýyň nazarynda nämäniň wajypdygyna düşünmeýändikleri üçin käýeýär. Meselem, olar: «Kim ybadathanadan ant içse, ol jogapkärçilik çekmez; ýöne kim ybadathananyň altynyndan ant içse, ol jogapkärçilik çeker» diýýärdiler. Dogrudan-da, olar Ýehowa sežde edilýän we oňa ýakynlaşmaga kömek edýän ybadathana däl-de, onuň altyndan ýasalan zatlaryna üns berip, özleriniň ruhy taýdan kördügini tassyklaýardylar. Hawa, olar «Kanunyň has wajyp tabşyryklaryna, ýagny adalatlylyga, rehimdarlyga, wepalylyga sowuk-sala garaýardylar» (Matta 23:16, 23; Luka 11:42).

      Isa fariseýlere: «Kör ýolbaşçylar, siz çybyny süzüp aýyrýarsyňyz, düýäni bolsa ýuwudýarsyňyz!» diýýär (Matta 23:24). Olar haram hasaplanýandygy üçin çybyny şerapdan süzüp aýyrýardylar. Düýäni bolsa ýuwudýardylar, ýagny Kanunyň wajyp tabşyryklaryna üns bermeýärdiler. Düýe hem çybyn ýaly haram hasaplanýardy, ýöne ondan has uludy (Lewiler 11:4, 21—24).

      • Isa Dawudyň sözlerine salgylanyp sorag berende, fariseýler näme üçin aýdara söz tapmaýarlar?

      • Fariseýler näme üçin maňlaýyna we ellerine dakylýan gutujyklary ulaldyp, donlarynyň seçeklerini uzaldýardylar?

      • Isa şägirtlerine nähili maslahat berýär?

  • Isanyň ybadathanadaky iň soňky güni
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isanyň ybadathanadaky iň soňky güni. Garyp dul aýal iki teňňe atýar

      110-NJY BAP

      Isanyň ybadathanadaky iň soňky güni

      MATTA 23:25—24:2; MARKUS 12:41—13:2; LUKA 21:1—6

      • ISA ÝENE-DE DINI ÝOLBAŞÇYLARY ÝAZGARÝAR

      • YBADATHANA WEÝRAN EDILER

      • GARYP DUL AÝAL IKI TEŇŇE ATÝAR

      Isa ybadathanada bolan iň soňky güni ýene-de ikiýüzli kanunçylary we fariseýleri ýazgarýar. Olaryň nähili adamdygyny görkezmek üçin, Isa şeýle mysal getirýär: «Siz gap-çanaklaryň daşyny arassalaýarsyňyz, emma olaryň içi açgözlükden we erbet höweslerden doludyr. Eý kör fariseý, ilki gap-çanagyň içini arassala, şonda onuň daşy-da arassa bolar» (Matta 23:25, 26). Fariseýler haram hasaplanmajak bolup, iýip-içýän zatlaryna we geýýän eşiklerine köp üns berýärdiler, ýöne içki dünýäsine ähmiýet bermeýärdiler, göçme manydaky ýüregini hem arassalamaýardylar.

      Olaryň ikiýüzlüdigini pygamberler üçin mazarlar gurup, olaryň daşyny bezeýändiklerinden hem bilse bolýardy. Aslynda bolsa, olar Isanyň aýdyşy ýaly, «pygamberleri öldüren adamlaryň ogullarydyr» (Matta 23:31). Sebäbi olar Isany öldürmek üçin köpden bäri der dökýärler (Ýahýa 5:18; 7:1, 25).

      Eger dini ýolbaşçylar toba etmeseler, olara näme bolar? Isa: «Eý ýylanlar, alahöwrenler nesli, siz Jähennemiň höküminden gaçyp gutularmysyňyz?» diýýär (Matta 23:33). Iýerusalimiň golaýyndaky zir-zibil ýakylýan Hinnom jülgesine Jähennem diýilýärdi. Bu jülge zalym kanunçylaryň we fariseýleriň hemişelik ýok ediljekdiginiň nyşany bolup durýar.

      Isanyň şägirtleri «pygamberler, akyldarlar we terbiýeçiler» bolarlar. Adamlar olara nähili gararka? Isa dini ýolbaşçylara ýüzlenip, şeýle diýýär: «Siz olaryň (meniň şägirtlerimiň) käbirini öldürersiňiz, pürse çüýlärsiňiz, käbirini bolsa sinagogalarda ýenjersiňiz, olary şäherden-şähere yzarlarsyňyz. Siz Habyldan başlap tä ybadathananyň mukaddes ýeri bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda öldürilen Barakiýanyň ogly Zekeriýa çenli... dökülen gana günäkärsiňiz». Soňra Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu nesil şol zatlaryň ählisi üçin jogap berer» diýip, olara duýduryş berýär (Matta 23:34—36). Bu sözler b. e. 70-nji ýylynda Rim goşuny gelip, Iýerusalimi weýran edende we müňlerçe ýehudylary öldürende berjaý bolýar.

      Bu zatlary göz öňüne getirende, Isa gaty gynanýar. Ol: «Eý Iýerusalim, pygamberleri öldürýän we Hudaýyň iberen adamlaryny daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, men hem seniň çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum! Ýöne sen muny islemediň. Ine, Hudaý seniň öýüňi terk edýär» diýýär (Matta 23:37, 38).

      Soňra Isa: «Size diýýärin, indi siz „Ýehowanyň adyndan gelýäne şöhrat!“ diýýänçäňiz, meni asla görmersiňiz» diýýär (Matta 23:39). Ol Zebur 118:26-daky: «Rebbiň adyndan gelýän mübärek bolsun; biz size Rebbiň öýünden alkyş okarys» diýen pygamberlik sözlerini aýdýar. Ybadathana weýran bolanda, elbetde, adamlar bu ýere gelip, Hudaýa sežde etmezler.

      Şondan soň Isa ybadathananyň pul atylýan gutularynyň (surnaýa meňzeş) durýan ýerine barýar. Olaryň ýokarsynda pul atmak üçin kiçijik deşigi bolýardy. Isa ýehudylaryň pul atyşyna syn edende, «ençeme baýlaryň köp teňňe atýandyklaryny görýär». Soňra ol bir garyp dul aýalyň «gelip, ikije teňňe atyşyny» görýär (Markus 12:41, 42). Dul aýalyň beren sowgady Hudaýyň göwnünden turandygyna Isa asla şübhelenmeýärdi.

      Şonda Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul aýal pul atan adamlaryň hemmesinden hem köp atdy» diýýär. Näme üçin? Ol muny şeýle düşündirýär: «Sebäbi hemmeler özlerinden artanyny atdylar, emma ol mätäçlik çekýänem bolsa, barja zadyny atdy» (Markus 12:43, 44). Hawa, bu aýal bilen dini ýolbaşçylaryň pikiriniň we edýän işleriniň tapawudy ýer bilen gök ýalydy!

      Heniz 11-nji nisan tamamlanmandy. Isa ybadathanadan gidýär, indi ol bu ýere hiç haçan dolanyp gelmez. Ybadathanadan çykyp gelýärkä, şägirtleriniň biri: «Mugallym, daşlaryň we binalaryň owadanlygyna seret!» diýýär (Markus 13:1). Dogrudan-da, ybadathananyň käbir daşlary şeýle uludy welin, biri «ol weýran bolar» diýse, ynanasyň gelmez. Şonuň üçin Isanyň häzirki aýtjak sözleri geň galdyrsa gerek: «Siz binalaryň beýikligine bir serediň! Bu ýerde daş üstünde daş galmaz, ählisi ýumrular» (Markus 13:2).

      Şu sözlerden soň Isa resullary bilen Kidron jülgesinden geçip, Zeýtun dagyna çykýar. Ol birnäçe wagtlap dört şägirdi, ýagny Petrus, Andreas, Ýakup we Ýahýa bilen ýekelikde galýar. Olaryň oturan ýerinden owadan ybadathana gaty gowy görünýärdi.

      • Isa ybadathanada bolan iň soňky güni näme edýär?

      • Isa ybadathana hakda näme pygamberlik edýär?

      • Isa näme üçin dul aýal baýlardan hem köp pul atdy diýýär?

  • Resullar alamat hakda soraýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Resullar Isadan alamat hakda soraýar

      111-NJI BAP

      Resullar alamat hakda soraýar

      MATTA 24:3—51; MARKUS 13:3—37; LUKA 21:7—38

      • DÖRT ŞÄGIRT ALAMAT HAKDA SORAÝAR

      • PYGAMBERLIGIŇ I ASYRDA WE ŞONDAN SOŇ ÝERINE ÝETMEGI

      • BIZ HÜŞGÄR BOLMALY

      Sişenbe güni öýlän çagydy; 11-nji nisan tamamlanyp gelýärdi. Isanyň ýer ýüzündäki güýçli depginde alyp baran gullugy hem ahyrlap barýardy. Ol gündizine ybadathanada tälim berýärdi, gijesini bolsa şäheriň daşynda ýerleşýän bir öýde geçirýärdi. «Hemmeler ir bilen ybadathana gelip, ony diňlärdi» (Luka 21:37, 38). Häzir ol dört şägirdi, ýagny Petrus, Andreas, Ýakup we Ýahýa bilen Zeýtun dagynda otyr.

      Bu dört şägirt ýekelikde Isanyň ýanyna gelýär. Onuň «daş üstünde daş galmaz, ählisi ýumrular» diýip, ybadathana hakda aýdan sözleri olary biynjalyk edýärdi. Emma olary alada goýýan başga zatlaram bardy. Isa: «Siz hem taýyn boluň, sebäbi Ynsan ogly siziň garaşmaýan sagadyňyzda geler» diýipdi (Luka 12:40). Şeýle-de ol «Ynsan oglunyň aýan boljak güni» hakda hem aýdypdy (Luka 17:30). Bularyň Isanyň ybadathana barada aýdan sözleri bilen nähili baglanyşygy barka? Ine, şu zatlar hem resullary gyzyklandyrýardy. Olar: «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar, seniň gelendigiňi we şu dünýäniň soňuny görkezýän alamat nähili bolar?» diýip soraýarlar (Matta 24:3).

      Şägirtler ybadathananyň birnäçe ýyldan weýran ediljekdigini göz öňünde tutýan bolmaly. Olar Ynsan oglunyň gelmegi hakda-da soraýarlar. Sebäbi Isanyň «abraýly maşgaladan bir adamyň patyşalyk ygtyýaryny almaga... gidendigi» baradaky mysaly olaryň ýadynda bolmaly (Luka 19:11, 12). Ahyrynda bolsa, «dünýäniň soňy» barada soraýarlar.

      Isa olaryň soragyna jikme-jik jogap berende, Iýerusalim bilen ybadathananyň haçan weýran boljakdygyny görkezýän alamat berýär. Emma ol başga-da zatlary gürrüň berýär. Bu alamat soňky günlerde ýaşajak mesihçilere Isanyň «gelendigini» we dünýäniň soňunyň golaýlandygyny bilmäge kömek eder.

      Ýyllar geçdigi saýyn, resullar Isanyň pygamberliginiň ýerine ýetişini görerler. Hawa, onuň gürrüň beren zatlarynyň köpüsi şol döwürde amala aşyp başlar. Şeýlelikde, 37 ýyl geçenden soň, b. e. 70-nji ýylynda Iýerusalim we onuň ybadathanasy ýok edilmeli bolanda, hüşgärligi elden bermedik mesihçiler gapyl galmazlar. Şonda Isa diňe bir b. e. 70-nji ýylynda boljak wakalar hakda aýtmady. Onda Isanyň Patyşalykda höküm sürüp başlanyny nämeden bilse bolar? Ol resullaryň bu soragyna jogap berýär.

      Isa «uruş sesleriniň we uruş baradaky habarlaryň eşidiljekdigi... millet millete, patyşalyk hem patyşalyga garşy çykjakdygy» hakda pygamberlik edýär (Matta 24:6, 7). Şeýle-de ol: «Güýçli ýertitremeler, dürli-dürli ýerlerde açlyk we gyrgynçylyk bolar» diýýär (Luka 21:11). Ol şägirtlerini: «Adamlar sizi tutarlar, yzarlarlar» diýip duýdurýar (Luka 21:12). Ýalan pygamberler döräp, köpleri aldarlar. Erbet işleriň köpeldigiçe, adamlaryň hem bir-birine bolan söýgüsi sowar. Mundan başga-da ol: «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler, soňra dünýäniň ahyry geler» diýýär (Matta 24:14).

      Isanyň käbir pygamberligi Iýerusalim rimliler tarapyndan weýran edilmezden öň we şol döwür ýerine ýetdi. Ýöne onuň aýdanlary soňky döwürlerde has uly möçberde ýerine ýetmelidi. Eýsem, siz bu ägirt uly pygamberligiň şu günler ýerine ýetişini görýärsiňizmi?

      Isanyň «gelmeli» döwründe bolmaly alamata «weýrançylyk getirýän ýigrenji zat» hem degişlidir (Matta 24:15). B. e. 66-njy ýylynda bu ýigrenji zat «rim goşuny» hökmünde peýda bolýar, sebäbi olar öz butlary, ýagny tuglary bilen gelýärler. Şonda rimliler Iýerusalimi gabap, şäheriň diwarlarynyň aşagyny gazyp başlaýarlar (Luka 21:20). Şeýlelikde, «ýigrenji zat» durmaly däl ýerde, ýagny ýehudylaryň mukaddes hasaplaýan ýerinde durýar.

      Isa pygamberligini şeýle sözler bilen dowam edýär: «Şonda şeýle bir agyr muşakgat bolar welin, ol dünýäniň başlangyjyndan tä şu günlere çenli ne bolandyr, ne-de bolar». B. e. 70-nji ýylynda rimliler Iýerusalimi derbi-dagyn edýärler. Ýehudylaryň mukaddes şäheriniň we ybadathananyň basylyp alynmagyna, müňlerçe-müňlerçe adamlaryň öldürilmegine, dogrudan-da, agyr muşakgat diýse bolar (Matta 4:5; 24:21). Bu Iýerusalim şäheriniň we ýehudylaryň taryhynda bolan iň pajygaly wakady. Sebäbi şonda ençeme asyr bäri dowam edip gelýän ýehudylaryň guramaçylykly seždesi bes edilýär. Diýmek, bu pygamberlik soňky döwürlerde uly möçberde ýerine ýetende has-da pajygaly bolar.

      SOŇKY GÜNLERDE GELEJEGE BOLAN YNAM

      Isa özüniň Patyşalykda höküm sürüp başlajak wagty we dünýäniň ahyry baradaky alamat hakda entek hemme zatlary aýtmandy. Ol «ýalan Mesihleriň we ýalan pygamberleriň dörejekdigi» barada duýdurýar. Olar «hatda saýlananlary hem aldajak» bolarlar (Matta 24:24). Emma saýlananlar aldanmaz. Sebäbi ýalan mesihler göze görnüp gelerler, Isa Patyşalykda höküm sürüp başlanda bolsa, muny hiç kim görmez.

      Isa dünýäniň ahyrynda başlanjak agyr döwür barada şeýle diýýär: «Gün garalar, Aý ýagtylyk bermez, gökden ýyldyzlar gaçar we gök gudratlary titrär» (Matta 24:29). Resullar bu elhenç sözleriň nädip ýerine ýetjekdigini anyk bilmeseler-de, agyr döwrüň örän gorkunç boljakdygyna düşünýärler.

      Bu gorkuly wakalar adamlara nähili täsir ederkä? Isa: «Adamlar ýer ýüzüne injek betbagtçylyklara garaşyp, gorkudan ýaňa özüni ýitirerler, çünki gök gudratlary titrär» diýýär (Luka 21:26). Şeýdip, Isa adamzat taryhynda boljak iň gorkuly döwri agzap geçýär.

      Emma Isa resullaryna «Ynsan ogly gökdäki bulutlarda gudrat we uly şöhrat bilen gelende», hemmeleriň ah çekmejekdigini aýdýar (Matta 24:30). Sebäbi ol Hudaýyň öz «saýlanlary üçin, ol günleri gysgaltjakdygy» hakda aýdypdy (Matta 24:22). Şol elhenç günler başlanda, Isanyň şägirtleri muňa nähili garamaly? Isa şeýle ruhlandyryjy sözleri aýdýar: «Bu zatlar başlanda, dikeliň-de, başyňyzy galdyryň, sebäbi gutulyşyňyz golaýlandyr» (Luka 21:28).

      Eýsem, bu pygamberligiň ýerine ýetýän döwründe ýaşajak şägirtler dünýäniň soňunyň golaýlandygyny nädip bilerler? Isa injir agajyny mysal getirip, şeýle diýýär: «Onuň şahalary pyntyklap, ýaprak çykaryp başlanda, tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz. Şonuň ýaly-da bularyň baryny göreniňizde, Ynsan oglunyň golaýdygyny, gapynyň agzyndadygyny biliň. Size dogrusyny aýdýaryn, şu nesil dünýäden ötmänkä, bu zatlaryň ählisi bolar» (Matta 24:32—34).

      Diýmek, şägirtler Isanyň aýdan alamatynyň dürli aýratynlyklarynyň ýerine ýetişini görenlerinde, dünýäniň soňunyň golaýlandygyny bilmelidiler. Isa şol üýtgeşik döwürde ýaşajak şägirtlerine şeýle duýduryş berýär:

      «Şol güni we sagady hiç kim, gökdäki perişdeler-de, Ogul-da bilýän däldir, muny diňe Ata bilýändir. Nuhuň günleri nähili bolan bolsa, Ynsan oglunyň gelşi-de şeýle bolar. Tupandan öň adamlar Nuhuň gämä giren gününe çenli iýip-içip, öýlenip, durmuşa çykýardylar. Tupan turup, adamlaryň ählisini syryp äkidýänçä, olar hiç zada üns bermediler. Ynsan oglunyň gelşi-de şeýle bolar» (Matta 24:36—39). Isa Nuhuň günlerinde bolan bütindünýä Tupanyny mysal getirip, gelejekde-de tutuş dünýä täsir etjek weýrançylygyň boljakdygyny aýdýar.

      Zeýtun dagynda Isany diňläp oturan resullar hüşgär bolmagyň möhümdigine mese-mälim düşünen bolsalar gerek. Isa şeýle diýýär: «Özüňize ünsli boluň. Horanlyk, serhoşlyk we ýaşaýşyň aladalary ýüregiňize ýük bolup, şol gün duýdansyz üstüňize abanaýmasyn. Ýogsam, haýwanyň gapana düşüşi ýaly bolarsyňyz. Sebäbi şol gün ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň üstüne geler. Şonuň üçin oýa boluň, boljak zatlaryň ählisinden gaçyp gutular ýaly we Ynsan oglunyň öňünde durup biler ýaly, elmydama Hudaýa ýalbaryp doga ediň» (Luka 21:34—36).

      Görşümiz ýaly, Isa diňe bir şol döwürde boljak zatlary aýtmaýandygyny ýene-de nygtaýar. Sebäbi ol bary-ýogy birnäçe ýyldan boljak we diňe Iýerusalime hem-de ýehudy halkyna täsir etjek zatlar barada pygamberlik etmeýär. Hawa, ol «ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň üstüne geljek» wakalar barada aýdýardy.

      Ol şägirtlerine hüşgär, oýa we tabyn bolmagyň wajypdygyny aýdýar. Ol muny şeýle mysal arkaly düşündirýär: «Bir zady biliň: eger öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljekdigini bilse, oýa bolardy we öýüni talamaga ýol bermezdi. Şonuň üçin siz hem taýyn boluň, sebäbi Ynsan ogly siziň garaşmaýan sagadyňyzda geler» (Matta 24:43, 44).

      Isa şägirtlerine ýagty gelejege umydyny ýitirmeli däldigini aýdýar. Sebäbi pygamberlik ýerine ýetip başlanda, hüşgär we işini yhlasly ýerine ýetirýän «hyzmatkäriň» ýa-da «guluň» boljakdygyna ynandyrýar. Isanyň häzirki aýtjak mysalyny resullar aňsatlyk bilen göz öňüne getirip bilerler: «Öýdäki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bermek üçin, hojaýynyň bellän wepaly we paýhasly hyzmatkäri kim? Hojaýyny gaýdyp gelende, hyzmatkäriniň aýdylan zatlary edip ýörendigini görse, ol hyzmatkär nähili bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyn ony bütin emläginiň üstünden bellär». Eger «gul» zalymlyk edip, başgalara ýowuz daraşsa, onda hojaýyn oňa «agyr jeza berer» (Matta 24:45—51; Luka 12:45, 46-njy aýatlary deňeşdiriň).

      Isa bu sözleri aýdanda, gula degişli şägirtler erbet garaýşyny ösdürer diýjek bolmady. Onda şägirtler bu sözlere nähili düşünmeli? Isa şägirtleriniň hüşgär we yhlasly bolmagyny isleýär. Ol muny başga bir mysal arkaly düşündirer.

      • Resullary gelejekde boljak wakalar babatda soramaga näme höweslendirýär, emma olar ýene nämeleri göz öňünde tutýardy?

      • Isanyň pygamberligi haçan we nädip ýerine ýetip başlaýar?

      • Mesihiň «gelşini» näme arkaly bilse bolýar?

      • «Ýigrenji zat» nädip peýda bolýar we şondan soň nähili wakalar bolmaly?

      • Isanyň pygamberliginiň ýerine ýetmegi adamlara nähili täsir eder?

      • Şägirtlere dünýäniň ahyrynyň golaýlandygyny bilmäge näme kömek eder?

      • Isanyň pygamberliginiň uly möçberde ýerine ýetjekdigini haýsy waka görkezýär?

      • Isa soňky günlerde ýaşajak şägirtlerine nähili duýduryş berýär?

  • Isa on gyz mysaly arkaly oýa bolmagy öwredýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Bäş gyz we çyralar

      112-NJI BAP

      Isa on gyz mysaly arkaly oýa bolmagy öwredýär

      MATTA 25:1—13

      • ISA ON GYZ BARADAKY MYSALY GÜRRÜŇ BERÝÄR

      Isa ýaňyja özüniň «gelmegi» we dünýäniň soňy hakdaky alamat barada resullaryň soragyna jogap berdi. Şuny göz öňünde tutup, ol ýene bir mysal arkaly resullaryna duýduryş bermekçi bolýar. Bu mysalyň ýerine ýetişini Isanyň Patyşalykda höküm sürjek döwründe ýaşajak şägirtler görer.

      Isa mysalyny şeýle sözler bilen başlaýar: «Gökdäki Patyşalygy çyralaryny alyp, öýlenýän ýigidi garşylamaga çykan on gyza meňzetse bolar. Olaryň bäşisi akylsyz, bäşisi bolsa paýhaslydy» (Matta 25:1, 2).

      Isa gökdäki Patyşalygy miras aljak şägirtleriň käbiri paýhasly, käbiri bolsa akylsyz diýjek bolmaýar. Gaýtam, ol her bir şägirdiň saýlamaga mümkinçiliginiň bardygyny görkezjek bolýar: olar Patyşalygy göz öňünde tutup, oýa bolarmy ýa-da başga zatlara ünsüni sowup, Patyşalygy gözden salar? Muňa garamazdan, Isa her bir gullukçysynyň wepaly galyp, Atasynyň berekedini alyp biljekdigine şübhelenmeýärdi.

      Isanyň gürrüň berşi ýaly, on gyzyň ählisi öýlenýän ýigidi garşylap, toý dabarasyna gatnaşmaga çykýarlar. Olar öýlenýän ýigit gelende, çyralary bilen ýoly ýagtyldyp, oňa hormat goýýandygyny görkezmelidiler. Ýigit hem gelnini özleri üçin taýýarlanan jaýa alyp barmalydy. Emma näme bolýar?

      Isa şeýle düşündirýär: «Akylsyz gyzlar çyralaryny alsalar-da, ýeterlik ýag almandyrlar. Paýhasly gyzlar bolsa çyralary üçin gaplarynda ýag hem aldylar. Öýlenýän ýigidiň eglenýändigi sebäpli, olaryň ählisi irkilip, uklap galdylar» (Matta 25:3—5). Hawa, ýigit wagtynda gelmeýär. Gyzlar hem garaşmakdan halys bolup, ahyry uklap galýarlar. Şonda Isanyň «abraýly maşgaladan bir adamyň... uzak ýurda gidip», «ahyrsoňy patyşalyk ygtyýaryny alyp, yzyna dolanyp gelendigi» baradaky mysaly resullaryň ýadyna düşen bolmaly (Luka 19:11—15).

      Isa öýlenýän ýigit gelende näme bolandygyny şeýle gürrüň berýär: «Ýarygije: „Öýlenýän ýigit gelýär! Ony garşylamaga çykyň“ diýen ses eşidildi» (Matta 25:6). Eýsem, gyzlar ýigidi garşylamaga taýýarmydylar, olar oýa boldularmy?

      Isa şeýle dowam edýär: «Şonda gyzlaryň hemmesi turup, çyralaryny taýýarladylar. Akylsyz gyzlar paýhasly gyzlara: „Çyralarymyz sönüp barýar, bize biraz ýag beräýiň“ diýdiler. Paýhasly gyzlar olara: „Bu ýagyň hemmämize ýetmezligi mümkin. Şonuň üçin gidiň-de, satyjylardan özüňiz üçin ýag alyň“ diýdiler» (Matta 25:7—9).

      Bäş akylsyz gyz oýa bolmadylar we ýigidi garşylamaga taýýar däldiler. Olaryň çyralaryndaky ýag gutaryp barýardy, şonuň üçin ony satyn almaga gidýärler. Isa şeýle diýýär: «Olar ýag satyn almaga gidenlerinde, öýlenýän ýigit geldi. Taýýar duran gyzlar onuň bilen toý jaýyna girenlerinde, gapy ýapyldy. Soňra beýleki bäş gyz hem geldi. Olar: „Agam, agam, gapyny açaý!“ diýdiler. Öýlenýän ýigit olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, men sizi tanamaýaryn“ diýip jogap berdi» (Matta 25:10—12). Gyzlaryň taýýarlyksyzdygy we oýa bolmandyklary diýseň gynandyrýar!

      Resullar öýlenýän ýigidiň Isany aňladýandygyna düşünendirler. Sebäbi ol öňem özüni öýlenýän ýigit bilen deňeşdiripdi (Luka 5:34, 35). Onda paýhasly gyzlar kimi aňladýar? Isa Patyşalygy aljak «kiçi süri» hakda aýdanda: «Egin-eşigiňiz geýilgi, özüňiz hem taýyn boluň, çyraňyz ýakylgy bolsun» diýipdi (Luka 12:32, 35). Hawa, resullar on gyz baradaky mysalda Isanyň özleri we «kiçi sürä» degişli şägirtler hakda aýdandygyna düşünýärler. Ýöne Isa şu mysal arkaly nämäni nygtajak bolýar?

      Isa resullaryň özi akyl ýetirsin diýmeýär. Ol mysaly şeýle sözler bilen jemleýär: «Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi siz onuň haýsy gün ýa-da haýsy sagat boljakdygyny bilmeýärsiňiz» (Matta 25:13).

      Diýmek, Isanyň Patyşalykda höküm sürjek döwründe ýaşajak wepaly mesihçilere «oýa bolmak» wajypdyr. Ol gelende, şägirtler bäş paýhasly gyz ýaly umydyny ýitirmän we aljak sylagyny gözden salman taýyn hem-de oýa bolup durmaly.

      • Oýa we taýyn bolmak babatda bäş paýhasly gyz bäş akylsyz gyzdan nädip tapawutlanýar?

      • Öýlenýän ýigit we gyzlar kimleri aňladýar?

      • Isa on gyz baradaky mysal arkaly nämäni öwredýär?

  • Isa talantlar baradaky mysal arkaly yhlasly bolmagy öwredýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isanyň talantlar baradaky mysaly

      113-NJI BAP

      Isa talantlar baradaky mysal arkaly yhlasly bolmagy öwredýär

      MATTA 25:14—30

      • ISA TALANTLAR HAKDAKY MYSALY GÜRRÜŇ BERÝÄR

      Isa dört resuly bilen Zeýtun dagynda otyrka, olara ýene-de bir mysaly gürrüň berýär. Birnäçe gün mundan öň ol Erihada wagty şägirtlerine Patyşalygyň uzak gelejekde höküm sürüp başlajakdygyny görkezýän kümüş hakdaky mysaly gürrüň beripdi. Onuň häzirki aýtjak mysaly-da gelejekde boljak wakalar bilen baglanyşykly. Resullar Isanyň «gelmegi» we dünýäniň soňy barada beren soragyna goşmaça jogap alarlar. Şeýle-de bu mysal olara ynanylan işe yhlasly ýapyşmalydygyny görkezer.

      Isa şeýle gürrüň berip başlaýar: «Gökdäki Patyşalygy gullaryny çagyran we olara emlägini ynanyp, başga ýurda giden adama meňzetse bolýar» (Matta 25:14). Isa öň özüni «patyşalyk ygtyýaryny almak üçin» başga ýurda giden adam bilen deňeşdiripdi. Şonuň üçin häzir resullara mysaldaky «adamyň» Isadygyna düşünmek kyn däldi (Luka 19:12).

      Ol «adam» başga ýurda gitmezden öň, gullaryna gymmatly emlägini ynanýar. Isa üç ýarym ýyl gulluk eden döwri Hudaýyň Patyşalygy hakdaky hoş habary wagyz etmäge we bu işe şägirtlerini taýýarlamaga bar ünsüni beripdi. Häzir bolsa ol gidip barýar, sebäbi şägirtleriniň öwreden zatlaryny etjekdigine doly ynanýardy (Matta 10:7; Luka 10:1, 8, 9; Ýahýa 4:38 we 14:12-nji aýatlary deňeşdiriň).

      Mysaldaky adam emlägini nädip paýlaýar? Isa şeýle gürrüň berýär: «Ol her gulunyň ukybyny göz öňünde tutup, birine bäş talant, beýlekisine iki, üçünjisine bir talant berip, başga ýurda gitdi» (Matta 25:15). Gullar ynanylan emlägi näme ederler? Hojaýynyň bähbidi üçin yhlasly zähmet çekerlermi? Isa bu babatda şeýle diýýär:

      «Bäş talant alan gul şol bada gidip, söwda etdi-de, ýene bäş talant gazandy. Iki talant alan gul hem gitdi-de, ýene iki talant gazandy. Emma bir talant alan gul gidip, hojaýynynyň beren puluny ýere gömüp goýdy» (Matta 25:16—18). Hojaýyn dolanyp gelende näme bolar?

      Isa gürrüňini dowam edip: «Uzak wagtdan soňra hojaýyny dolanyp geldi we gullaryndan hasabat sorady» diýýär (Matta 25:19). Iki gul «ukybyny göz öňünde tutup», elinde baryny edýär. Olaryň hersi yhlas bilen zähmet çekip, ynanylan emlägi köpeldýär. Bäş talant alan gul ony iki esse köpeldýär; iki talant alan gul hakda-da şeýle diýse bolýar. (Şol döwürde bir talant gazanmak üçin 19 ýyl işlemelidi). Hojaýyn olaryň hersini öwüp: «Berekella, wepaly hem ýagşy gul! Sen az zatda wepaly bolduň, şonuň üçin men seni köp zatlara gözegçilik etmäge belleýärin. Gel-de, hojaýynyň bilen bile şatlan» diýýär (Matta 25:21).

      Isanyň talantlar baradaky mysaly

      Emma bir talant alan gul başgaça hereket edýär. Isa muny şeýle gürrüň berýär: «Hojaýyn, men seniň talapkär adamdygyňy, ekmedik ýeriňden orup, harman sowurmadyk ýeriňden galla alýandygyňy bilýärin. Şol sebäpli senden gorkup, beren talantyňy gizledim. Ine seniň bir talantyň» (Matta 25:24, 25). Ol hatda puly söwdagärlere-de bermeýär, sebäbi bu näme-de bolsa biraz girdeji berip, hojaýynyň emlägini köpelderdi. Aslyýetine seredeniňde, ol hojaýynyna zyýan ýetirýär.

      Şonuň üçin hem oňa «zalym hem ýalta gul» diýilmegi örän ýerliklidi. Onuň elindäki pul alnyp, yhlasly zähmet çeken gula berilýär. Soňra hojaýyn: «Kimde bar bolsa, oňa has köp berler we onuň zady bol bolar. Emma kimde ýok bolsa, onuň barja zady hem elinden alnar» diýýär (Matta 25:26, 29).

      Isanyň talantlar baradaky mysaly

      Hawa, şägirtlere oýlanara zat kändi, çünki şu mysalyň özi-de köp zatlary düşündirýär. Olar Isanyň özlerine gymmatly zady ynanandygyna, ýagny şägirt taýýarlamak işiniň wajypdygyna göz ýetirýärler. Isa olaryň bu işi örän yhlasly ýerine ýetirjekdigine umyt edýärdi. Mysaldan görnüşi ýaly, her şägirt öz «ukybyny göz öňünde tutup», elinde baryny etmeli. Emma kimdir biri ýaltalyk edip, Hojaýynyň emlägini köpeltmese, Isa ondan razy bolmaz.

      Resullar «kimde bar bolsa, oňa has köp berler» diýen sözleri eşidende, gör, nähili begenendirler!

      • Talant hakdaky mysalda hojaýyn we gullar kimleri aňladýar?

      • Isa şu mysal arkaly şägirtlerine nähili sapak berýär?

  • Mesih gelende, goýunlary geçilerden saýlar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isa goýunlar we geçiler hakdaky mysaly gürrüň berýär

      114-NJI BAP

      Mesih gelende, goýunlary geçilerden saýlar

      MATTA 25:31—46

      • ISA GOÝUNLAR WE GEÇILER HAKDAKY MYSALY GÜRRÜŇ BERÝÄR

      Isa ýaňyja Zeýtun dagynda on gyz we talantlar hakdaky mysallaryny gürrüň bermegini tamamlady. Ol resullaryň Mesihiň «gelmegi» we dünýäniň soňy baradaky soragyna jogap berende, sözüni jemlemek üçin goýunlar bilen geçiler baradaky iň soňky mysaly gürrüň berýär.

      Başda Isa wakanyň nähili ýagdaýda bolup geçjekdigini suratlandyrýar. Ol: «Ynsan oglu-da ähli perişdeleri we uly ygtyýar bilen gelende, şöhratly tagtynda oturar» diýýär (Matta 25:31). Esasy orny tutýan adamyň Isadygyny bilmek kyn däl, sebäbi ol köplenç özüne «Ynsan ogly» diýýärdi (Matta 8:20; 9:6; 20:18, 28).

      Isa goýunlar we geçiler hakdaky mysaly gürrüň berýär

      Mysalda beýan edilýän waka haçan ýerine ýeter? Isa «ähli perişdeleri... bilen gelip, şöhratly tagtynda oturanda» ýerine ýeter. Ol öň «Ynsan oglunyň gökdäki bulutlarda gudrat we uly şöhrat» hem-de perişdeleri bilen geljekdigini aýdypdy. Bu haçan bolmaly? «Agyr muşakgatyň yzyýany» (Matta 24:29—31; Markus 13:26, 27; Luka 21:27). Hawa, mysalda gürrüň berilýän waka gelejekde, ýagny Isa öz şöhraty bilen gelende ýerine ýeter. Şonda ol näme eder?

      Isa şeýle düşündirýär: «Ynsan ogly... gelende... ähli halklar onuň öňüne ýygnalar, şonda çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, ol hem adamlary iki topara böler. Ol goýunlary sag tarapynda, geçileri bolsa çep tarapynda goýar» (Matta 25:31—33).

      Eýsem, goýunlara näme bolar? Isa: «Soňra Patyşa sagynda duranlara şeýle diýer: „Atamyň ýalkan adamlary, geliň, dünýäniň başlangyjyndan bäri siziň üçin taýýarlanylan Patyşalygy miras alyň“» diýýär (Matta 25:34). Goýunlara näme üçin şeýle bereket eçiler?

      Patyşa muny şeýle düşündirýär: «Men açdym, naharladyňyz; suwsapdym, suw berdiňiz. Men ýolagçydym, myhman aldyňyz; geýere eşigim ýokdy, geýindirdiňiz. Syrkawdym, aladamy etdiňiz, tussaglykdadym, habarymy aldyňyz». Goýunlar, ýagny «dogry adamlar» Patyşadan haçan şeýle ýagşy işleri edendiklerini soranda, ol: «Iň kiçi doganlaryma eden zatlaryňyzy maňa etdigiňizdir» diýip jogap berýär (Matta 25:35, 36, 40, 46). Olar bu ýagşy işleri gökde etmeýärler, sebäbi ol ýerde keselçilik ýa-da açlyk bolmaýar. Diýmek, bu aýatlarda ýer ýüzünde Mesihiň doganlary üçin edilýän işler göz öňünde tutulýar.

      Isa goýunlar we geçiler hakdaky mysaly gürrüň berýär

      Eýsem, geçiler babatda näme diýse bolar? Isa: «Patyşa çep tarapyndakylara şeýle diýer: „Eý nälet siňenler, ýanymdan aýrylyň-da, Iblis we onuň perişdeleri üçin taýýarlanylan ebedi oda gidiň. Sebäbi men açdym, naharlamadyňyz; suwsapdym, suw bermediňiz. Ýolagçydym, myhman almadyňyz; geýere eşigim ýokdy, geýindirmediňiz; syrkawdym we tussaglykdadym, aladamy etmediňiz“» diýýär (Matta 25:41—43). Geçiler muňa mynasyp, sebäbi olar Mesihiň ýer ýüzündäki doganlaryna etmeli ýagşylykdan el çekýärler.

      Resullar çykarylan hökümiň üýtgemejekdigine we onuň hemişelikdigine düşünýärdiler. Isa olara: «Ol (Patyşa) hem: „Size dogursyny aýdýaryn, iň kiçi doganlaryma etmedik zatlaryňyzy maňa-da etmedigiňizdir“ diýip jogap berer. Bular ebedilik kesilip taşlanar, dogry adamlar bolsa ebedi ýaşaýşa gowşar» diýýär (Matta 25:45, 46).

      Isanyň resullaryna beren jogaby ähli şägirtlere oýlanmaga we garaýyşlaryny hem-de edýän işlerini barlamaga kömek edýär.

      • Isanyň goýunlar we geçiler mysalyndaky «Patyşa» kimi aňladýar we ondaky waka haçan ýerine ýetmelidi?

      • Goýunlar nädip Isanyň razylygyny gazanar?

      • Näme üçin käbir adamlar geçilere çykarylan höküme sezewar bolar we gelejekde goýunlar bilen geçilere näme garaşýar?

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş